22:45

Alamberdar rowaýaty / hekaýa

Taryhy proza
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 535 | Добавил: Serkerde | Теги: Aknur Rozyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Hä, ine ahyry, internetde dörüp-dörüp, bu hekaýanyň astynda haýsy rowaýatyň ýatandygyny tapdym:
ALAMBERDARYŇ TÜRBESI (XI asyr) Atamyrat (Kerki) şäherinden 12 kilometrlikde Muitasiriň türbesi ýerleşýär. Ýerli ilat ony Alamberdaryň ýa-da Alamdar tugçynyň - “baýdak göterijiniň” mazary diýip atlandyrýar. Rowaýata görä ol halyf Alynyň harby serkerdesi bolupdyr.

Taryhy çeşmeler orta asyrlarda Zemm etrabynda 1004-1005-nji ýyllarda Samany hökümdary Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriň öldürilendigine we şu ýerde jaýlanandygyna şaýatlyk edýär. Alamberdaryň mawzoleýi Türkmenistanda XI asyr migmarlygynyň (arhitekturasynyň) iň oňat nusgalaryndan biridir. Planynda inedördül (10,35 metr) bolan bu uly jaý arka paruslarynyň üstünden gümmez bilen örtülen otaglydyr. Inedördül (27 × 27 × 4,5 sm) bişen kerpiçden we figuraly kerpiçden nagyşalanypdyr. Örüm bilen edilen öň ýüzüniň timarlanyşy aýratyn gyzyklydyr. Çüňkleri sekiz gyraňly sütünler bilen berkidilipdir. Girelgesi çaklaňrak peştag (portal) bilen, onuň taraplary bolsa üsti arkaly nagyşly örülen tagçalar bilen haşamlanypdyr.
“Bir gezek Alamberdaryň nökerleri çölde suwsuzlykdan horlanypdyr. Alamberdar guýy gözlemäge ugrapdyr hem-de özi azaşmaz ýaly esgerlerinden gije ot ýakmagy haýyş edipdir. Suw tapyp Alamberdar ýalňyşlyk bilen duşmanlaryň oduna barypdyr we olar tarapyndan öldürilipdir”. Arslan Alaýew
Salgysy: https://u.to/OY_NGQ

0
2 Bagabat  
43
Ýöne, bu taryhy rowaýatyň öz içinde ýalňyşlyk bar. Eger-de bu kümmet, Zemm etrabynda 1004-1005-nji ýyllarda öldürilen Samany hökümdary Abu Ybraýym Ysmaýyl Muntasiriňki bolsa, onda ol dört çaryýarlaryň biri, dördünji halypa, Şiri-Huda, Hezreti Abu Hasan Aly ibn Abu Talib al Kuraýşynyň serkerdesi Muntasyryňky bolup bilmez. Sebäbi olaryň ikisiniň döwrüniň arasynda 350 ýyldan gowrak döwür ýatyr. Çünki Hezreti Aly, milady ýyl hasaby boýunça 599-661-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Kümmet bolsa 11-nji asyra degişli diýip arheologlar ykrar edýärler...

0
3 Hаwеrаn  
245
"Gökdepe, Bähre il, Ürgençdir ýurdum,
Bamydyr leňňerim, arslanym-şirim,
Hoja Alamberdar — bir gözli pirim,
Gum ýassanyp anda ýatanym galdy."
Gurbanaly MAGRUPY.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]