ÝAGŞY NIÝET
Dünýäde dertleriň içinde iň çökderi, megerem, ýagty jahanda adamzadyň yzsyz-sorsuz ýitip gitmegi bolsa gerek. Şonuň üçin hem Akmaral ejäniň otursa-tursa: «Kiriň kirliksiz bolmasyn, saçagyň çöreksiz» diýen dilegi dilleriniň senasyna öwrülip gidipdi. Obadaşlarynyň köpüsi dili dogaly garrynyň hut şu dilegi üçin hem özleriniň törüne gülki ýaýrap, gujagy dolan hasaplaýardylar. Emma käte uly ile umyt bereniň özüne umyt tapmaýan pursatlarynyň bolşy ýaly, körpesi Ýazla gezek gelende islenilen sallançagyň töründe gurnalybermezligi garryny soňky günler has-da egbarladýardy. Säher şapakdan öň örleýşine dileg edip göge el serýän Akmaral eje ogludyr gelnine dil ýarmasa-da, eýýäm perzent küýselen günleriň bir müçä ýeteňkirläp barşyna halys ýüregi bilen elenýärdi. Ojagynyň oduny ynanmaly körpesiniň hem wagtynda ile deňleşerini isleýşine, ogryn-dogryn kä öwlüýa ýykylyp gözlerini ýaşlasa, käte-de nirede bir ýerde tebip barmyş diýen habary eşitse, körpesidir gelninem alyp eýdip-beýdip şol gapa aşardy. Lukmandyr tebibe ýüz tuta-tuta halys paltasy daşa degen Ýazlam halys umydyny ýitirensoň ejesiniň göwnüni ýykmajak bolup gidäýmese, çäresizlikden tas düňlä dönüpdi. Gelni Näzigem alaçsyz eginlerini ýygyryşyna soňky günler sähel zady özüne çekip, ýüregini suw eýläp gözünden akdyryp duruberýärdi.
Soňky gezek köýtenli tebibiňkiden gelişlerine onuň umytsyzlyk bilen ilkinji gezek Ýazlynyň ýüzüne gelip: «Kysmatdyr, bolmasa bagtyňy ýaňadan synaý, senden razydyryn...» diýen agy gatyşykly sözleri ýigidi tas däliredipdi. «Perzentsizlik maňlaýymda bolsa görerin, emma sensiz ýaşamaga razy bolup bilmerin» diýip, saçlaryny penjeläp öýden çykyp gidişine ümdüzine tutduran Ýazlyny saklajak bolanam, nirä barýaň diýenem bolmady. Dünýä sygmajak derdiniň howruna çydaman, akylyndan azaşan ýaly düwdenekläp barýan ýigit haçandyr birwagt şeýle habary eşitmeli boljakdygyny bilýän hem bolsa, pälwansypat gerdenleriniň ony götererden ejiz geljekdigini bilmeýärdi. Ol obanyň gutaran ýerinden başlanýan gum etekden depe-depe aşyp entirekläp barşyna, hiç ýerde durasy gelmeýän, özüni dünýäniň ol çetine çenli alyp gider öýden aýaklarynyň bireýýäm ysgynynyň gaçanynam Söýün aganyň sürüsine ýakynlaberende duýdy.
Agşamyň alagaraňkysynda salgym ýaly bolup, gumuň içine süsdürilip gelýän pyýadany garry çopandan öň ilki bolup aňlan Akguşuň göni üstüne okdurylyp gaýtmagy başga wagt bolanlygynda zähresini ýarardy, emma häzir welin oňa bary birdi. Emma garşysyndakynyň kalbyna sygman, düze çykaran derdine düşünýän ýaly Akguş hyňranyp duranam bolsa, Ýazlyny hiç gorkuzaýyn diýmedi. Onuň göreçleri gözýaşlary birçak kepän göreçlere dikilip duruberdi. Aňyrdan haş-haşlap gelen Söýün aga saglyk-amanlykdan soň, ony gara taňkanyň çaýynyň söhbedine çagyrdy. Ýadawlykdan endam-jany sökülere gelen ýigit özüni lampa aşak goýberdi. Birmahallar gözlerinden uçan kyblasyna içini döken deý müň ýerde dişini gysdyran derdini aýdyp oturyşyna, birhili dünýäsine birazajyk hem bolsa teselli aralaşan ýaly ýeňillik bilen dem aldy. Ýüregiň derdi çökder bolmasa, düze çykylmajagyny öňden hem bilýän garry çopan entekler ýigide hemsyrdaş, eslije wagt derdini unutdyrmaga ýetjek paýhasly söhbetleriň gerekdigini çenledi. «Heý, dünýe» diýip, sojap ýerinden galan Söýün aga Ýazla «entekler otur» diýen yşaraty etdi.
Çekenäni Akguşuň öňüne salyp, oba tarap ugradyp durşuna hut ynsan bilen gepleşýän ýaly: «Amanatlary sag-aman elteweri, wepadarym!» diýip pyşyrdady. Garry çopanyň giň göwrümlilige salmasyna müýnürgäp, ornundan gozganjyran Ýazly: «Söýün aga, nädýäň-aý, heý, item sürini oba gowşyrmy? Size-de dert bolaýdym öýdýän, ýörüň, oba bileje gaýdalyň» diýende gözleri Söýün aganyň nägile nazarlary bilen çaknyşdy. «Akguşa it diýseň senden öýkelemeli bor, köşek, ol it dagy däldir, tüýs wepadar dostdur ol, dost. Onsoňam ýüregiň beýle çökder derdine bu guba çägeleň arasynda taňka çaýyny iki-üç gezek boşatman derman tapaýmarsyň asyl, hany, otur ýeriňde» diýşine Akguşuň yzyndan begençli nazar aýlan çopan, ylla, sürini çolugyna tabşyran deýin arkaýynlyk bilen gelip, Ýazlynyň ýanynda çökdi. Bütin obanyň çekenesini öňüne salyp tümlüge siňip barýan köpegiň kem-kemden gözden ýitip barýan suduryna haýrangalyjylyk bilen aňalyp galan ýigide, Akguşuň akyllylygyndan başlap, synagly dünýäniň sylagyna eltjek paýhas ýollary hakynda gürrüň beren garry çopan onuň sönen umytlaryna kem-kemden şem ýakyp barýardy.
Gojanyň pentlerini diňledigiçe, dermansyz derdiň ýokdugyna bütin düýrmegi bilen ynanan Ýazly gumuň salkyn gijesinde ýyldyraşýan közjagazlara elini çoýup, asmandaky peträp duran ýyldyzlaryň pikir edişi ýaly beýle bir uzagam däldigini görüp galdy. Bu ýerleriň howasyny teşnelik bilen demine dartyp oturyşyna Söýün aganyň: «Ýogsa-da, men saňa bir tohum güjüjek sowgat edeýin, itiň dilegi gut getirmiş, oglum. Şonuň üçin itiň dilegi gowy diýilýändir. Janawar: «Eýämiň kän ogly-gyzy bolsa, hersi bir süňk gemrip zyňsa-da, garnym doýardy diýermiş» diýende göz öňüne kiçijik güjüjegi kowalap ýören naşyja çagalaryň keşbi geldi. Näme üçindir bu dilegiň hökman hasyl boljakdygyna ynandy, hut şonuň üçin hem hamana soň goja çopany tapmajak ýaly gumdan oba girenlerinden soň hem öýlerine däl-de, Söýün aganyň sowgat berjek güjügini almaga gyssandy.
Wagt tas ýarygijä ýeteňkirläberende eli ýumajyk ýaly kiçijik güjüjekli öýe dolanan ýigidiň keýpiniň topugyndandygyny gören gaýyn-gelin ýeňillik bilen dem aldylar. «Eje jan, itiň dilegi gowy bolarmyş» diýen oglunyň ýagşy niýetiniň yrylmazlygyny tüýs ýürekden dileg eden Akmaral eje: «Ylaýym, şeýle bolawersin, balam» diýip pyşyrdady. Näzigiň gözýaşa ezilen aladaçyl gözleri naşyja güjüjege begençli bakdy. Hut şol gün tüýs ýürekden edilen arzuwlar hasyl boldumy ýa-da gumda sataşan Söýün aga däl-de, Hydyr atadymy, belli däl, emma togalanyp ýören güjüjek bir ýaşy arka atyp-atmanka törde gurnalan sallançaga Näzik gelniň ogul bäbek getirip, Akmaral ejäniň begençli hüwdüläni, bu habary buşlamak üçin Ýazlynyň Söýün aganyň ýanyna guma gitmeli bolany-ha çyn. Güjüklikden daýaw köpege öwrülýänçä omaçadan mazaly doýmak üçin Akbilegem tüýs ýürekden dileg etdimi, nämemi, çülpejeleriň özleri indi itiň dileginiň gowy bolýandygy hakynda kakalaryndan eşidenlerini bir-birine gürrüň berýärler.
Aknur ROZYÝEWA.
Hekaýalar