01:30 Aktokaýda | |
AKTOKAÝDA
Goşgular
Bu ýerlere sežde bolup pelekden, Şapaklañ batasy gelmeýän eken! Takdyra seýilden seýilbaz ýelleñ, Alysa gidesi gelmeýän eken! San ýetmez ýollary ýelen söýgüleñ, Başga ýan uçasy gelmeýän eken! Dünýäñ didesinde gizlenen syrlañ, Asla hiç ötesi gelmeýän eken! Ömri gidip barmyş ötegçi demleñ, Düýş kibi ýitesi gelmeýän eken! Hakykata tebsiregen duýgulañ, Bu ýerden göçesi gelmeýän eken! Toba bolup, ýüzi hyýrsyz şerleñem, Göwni hiç ýykasy gelmeýän eken! Öz-özüñe dolan ädimleriñem, Alysa çapasy gelmeýän eken! Owazdan älemiñe sesleriniñem, Özge ýan akasy gelmeýän eken! Aknur ROZYÝEWA. | |
|
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aýandyr bary / Goşgular - 17.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |