KÖÑÜL SYRY
Durmuşda ynsanlar ýaly, islendik zadyň hem öz ykbaly boljak eken. Gülmahymyň gül den näzik arzuwlaryny nagyşlaryna siňdirip, ýaz ýaly lowurdap barýan kürtesine haýran galmakdan agyzlaryndan ýaşmagyny gaçyran küňreliniň gelingyzlary, dogrusy, her nämä garaşsalaram bu kürtäniň nesibesiniň şeýle boljagyna garaşmandylar. Emma bendesi niň isleginiň dälde, iki barmak maňlaýynyň rüstem gelýäni üçin hem pany diýilýän dünýesiniň oýunlaryda mahmal kürtäniň kysmatynyň sagyndan dälde, çepinden örledi. Gadymy Buhara mahmalynyň ýüzüne inçelik bilen sünnälenen keşdeleriň köpüsiniň heniz bu jelegaýlarda görünmändigi üçin hem Gülmahymyň kürtesini gözellikde ýeke täk hasaplan zenanlar bu kürte hakynda rowaýatpisint gürrüňlerem döretdiler. Kimler: «Kürtäniň nagyşlaryny gyza birçaklar dünýeden öten tebip mamasy düýşünde salgy berýärmiş» diýse, ýüreginde yşk ody köräp ugran ulugyzlaryň köpüsi: «Gülmahym kürtede Annaoraza öz söýgüsini nagyş bilen beýan edenmiş» diýen gürrüňlerem tapdy lar. Emma aýdylanlaryň haýsy çyn, haý sy ýalandygy welin, gyzyň özi bilen bir Ýaradana aýan bolaýmasa, bu gürrüňler hakynda Gülmahym hiç zady aýanlajak hem bolmady. Obadaşlarynyň kürtäniň syry hakda tapan dürli gürrüňleriniň soňy aýlanypöwrülip ýeketäk bir hakykata — Annaorazlaryň saçagynyň açylyp, Gülmahymyň toý sähediniň bellenendigi hakyndaky hakykata baryp direlýärdi. Tarypy uludan ýetirilýän kürte hakynda öz gelinlerinden islese islemese eşitmeli bolýan ýigitlerem: «Muny hökman söýgi etdirýän bolmaly» diýip oýlaýyşlaryna, Annaorazy tüýs bagty gelen hasaplardylar. Obanyň başy boglan zenanlary şeýle ajaýyp kürte öz nesibelerinde bolmasada, gyzlaryna nesip etmegini dileg etseler, ulugyzlar bahymrak kürte bitse, birçak biçdirip goýan kürtelerine hut şol nagyşlary salmagyñ höwesinde ýaşaýardylar. Gülmahymyň özi hem kürtesiniň bahymrak biterini isleýärdi, göwnüne bolmasa, işi doly iňňeden çyksa toý sähedi hem öňe süýşüp gelşine öz mähribanyna çaltrak gowşaýjak ýalydy. Annaorazyň syrdamdan eginlek syratyny göz öňüne getirip, iňňesini mahmalyň içinden çaltlyk bilen ýüzdürýän gyz käteler ýürek syry dünýä peçan bolan ýaly utanjyna nar deý gyzaryp, ýygrylardy. Şonsu zam käbir agzyboşlaryň kürte hakynda çar tarapdan osmakladýan syrly gürrüňlerinden bez bolan gözel toý sähedi ýakynlaşdygyça içdedaşda göze ilenden, öýüň bir böwrüne çöküp, işini öndürenini kem görmedi. Iň soňky gezek Annaoraz bilen ene ýabyň boýundaky goja tuduň aşagynda görşenlerinde hem ýigidiň şol täsin kürte hakynda bilesigelijilik bilen söhbe de başlamagyda ýygra eginlerine dag bolup çö küşine, ýaňaklaryny gyzgylt reňke boýady. Eli çeper magşugynyň kürtesi bilen bütin obadaşlarynyň gözi gidýän ýigidine öwrülen Annaoraz hem her näçe özelensede, ol nagyşlaryň syryndan habarsyz galdy. Toýy güni Gülmahymyň başynda görjek kürtesi niň müňbir öwüşginli keşbini göz öňüne getirmäge synanýan Annaoraz gyzy gürletjek bolup kellesiniň gyzgynyna: «Eger birden men şol kürtäni görüp bilmän gidäýsem, şondada aýtjak dälmi?!» diýen mojuk sowaly bilen gyzy tisgindirdi. Jogaba derek ýaňaklardan togala nyp gaýdan gözýaşlar Gülmahymy hyrra yzyna aýlady. Öýe tarap ädimini gataldan gyzyň yzyndan ylgaýşyna soňuny saýman aýdyp goýberen sowalyna bütin düýrmegi bilen ökünen ýigit öz ýalňyşy üçin özelenip ötünç sorap barşyna, tä Gülmahymlaryň mal ýatagynyň ýeňsesine çenli gyza ýoldaş boldy. Soňra gataňsy barmaklary bilen gyzyň ýaňakla ryna hünji kimin düzülen damjalary sylybam, «Sen diňe me niňki bolarsyň, gülüm!» diýip, gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Pişik basyşyny edip otagyna sümülen gyz gijäniň birçene barandygyna seretmezden, usullyk bilen pelteli çyranyň yşygyna ýenede şol owadan kürtäni eline aldy. Annaorazy bagyşlan hem bolsa, onuň sözleriniň entegem ýüregini goz gap durandanmy nämemi, ilkinji gezek mahmal kürtä ýüzüni basyşyna, hiç kese bildirmän, hatda näme üçin aglaýan dygyna hem düşünmän, sojapsojap aglady. Şol oturyşyna hem uklap galan gyz daň tilkiguýruk bolanda öz gören düýşünden tisginip oýandy. Düýşünde Annaoraz ol kürtäni Gül mahymyň başyna atjak bolanda: «Bu siziňki däl» diýip, başyndan silkip alan hyrsyz bir zenan ony özge bir ýigidiň eline berýärde, gözleri gülüp duran owadan bir gyzyň başyna atyp goýberýär. Kürtesini almak üçin öňe topulan gyz birde nem bu ýerden daşlaşyp barýan Annaorazyň kemkemden salgyma öwrülip barşyny görüp, çar ýana elewresede, ýigidiň yzyndan ýetip bilmeýär. «Düýş göreniňki dälde, ýoranyňky bolarmyş» diýip, ähli zadyň gowulyk boljakdygyna özüni ynandyrmaga synanýan gyz henizlerem bu zatlaryň düýşde bolandygyna ynanyp bilmeýän ýaly, esli salym sandyrap oturdy. Sowujak suwa elýüzüni ýuwup, ertirligiň ugruna çykdy. Eýýäm toýa dört gün galandygyny hakydasynda aýlap ýörşünede kürtäni ýetişdirmäge gyssandy. Hemişeler sülük ýaly barmaklarynda iňňäni çalasyn oýnadyp bilýän gyzyň dagynyk pikirlerinden kä sapagy üzüldi, kätede reňklerini bulaşdyrdy. Zolzol hem eline iňňesini çümdürip, ençe gezek tisginen gyz özüni kemkemden dürsedi. Şol oturyşynada tä garaňky gatlyşyp, agşam çaýyna ejesi zordan alyp gidýänçä, galman işledi. Uzakly gün nagyş çekip oturyşyna, aýaklarynyň gurşup gideninem duýmandygyna özem haý ran galdy. Işiniň hem öňkülere görä has öndümli bolandygynyda şonda bilip galdy, ýenede bir garyş ýalyjak ýeri sünnäläp bilse, mahmal kürte başa atylmaga doly taýýar boljakdy. Nagyşlarynyň gözelligine göwni galkynyp giden gyz Annaorazlaryň gapysyndan mahmal kürtäniň aşagynda dähedemdessemläp barşyny göz öňüne getirişine ilkinji gezek çyny bilen ýylgyrdy. Ertesidir, birigünem basa oturyp keşde çeken gyz toýa iki gün galanda mahmal kürtäni boldum edip, sandygyň üstünde eplenip goýlan toý ýorganlarynyň üstüne galdyrdy. Kürtäniň biterine özünden beter garaşan ulugyzlaram keşdelerini göçürmek höwesi bilen Gülmahym lara gelip, ýylanyň agzyndan çykan ýaly işe seredipsere dip, doýup bilmediler. Emma hasap edeniň dälde, nesip edeni bolýar diýilýäni çyn. Gülmahymlaryň toý şatlygy bilen açylmaly gapylary açylman galdy, gije daýy ugrunyň obasyna sil gelendigi üçin kömege diýip giden ýigit kiçijik ýe gençesini bu apatdan halas eýlesede, özi welin, haýbatly akymyň penjesinden gutulyp bilmedi. Ýazgyt Annaoraz bi len Gülmahymyň nesibesini bir ojaga ýazmadykdan eken. Mundan soň ady dillere dessan bolan ol owadan kürte hakynda gaýdyp dil ýarmaga hiç kes het edip bilmedi. Ähli zada hut şol kürte günäkär ýaly, ony sandygyň düýbüne bu kan Gülmahym şondan soň gaýdyp durmuş gurmak hakyndaky hiç bir teklibede, töwellada baş galdyrman ýörşüne, şar gara saçlarynyň duw ak bolanynam duýmady. Kürte hakyndaky wakalaram kemkemden ýatdan çykyşdy gitdi. Onuň ýalňyzlygyna dözmedik jigisi ogly Sanjary oňa kiçijikliginden perzentlige berdi, Gülmahymam bir zenanyň durup biljek ýerinde durup ony edepli, ekramly, bilimli perzent edip ýetişdirdi.
Ýokary okuw jaýynyň soňky ýylynda okaýan Sanjar bir gezek yzyna garagözelek gyzy tirkäp gelşine, herçaklar ejesiniň sandygynda görýän şol gadymy kürtesini görkezmegini haýyş etdi. Üstünden ençeme ýyllar geçen hem bolsa, şol kürte hakda gürrüň gozgalsa şindem tisginip gidýän Gülmahym eje hünäri boýunça taryh mugallymy boljak gyza ol kürtäni görkezjeginigörkezmejegini bilmän, elewredi. Ahyram ýüregini bire baglap, köne sandygyň gapagyny galdyran eller ýaz ýaly lowurdap duran kürtäni orta ýazdy. Hut hazyna tapan ýaly, höwes bilen mahmal kürtäniň nagyşlaryny synlap, olaryň taryhy bilen gyzyklanyp oturan gyzyň birmahallar düýşüne giren, öz kürtesi başyna atylan şol owadan gyza meňzeşdigi garryny haýran galdyrdy, onuň dili tutuldy. Iň geň galdyran ýeri bolsa, tiz wagtdan obalaryndaky mekdebe mugallym bolup işe gelen gyzyň olaryň bosagasyndan gelin bolup ätländigi hakyndaky hakykat boldy. Şonda Gülmahym ejäniň gelniniň başyna atan şol gadymy mahmal kürtesiniň gözelligine onuň taryhyny bilýänleriňem, bilmeýänleriňem gözleri gamaşdy.
Dogrudanam, edil adamlar ýaly ähli zadyňda ykbal, nesibesi bolar eken...
Aknur ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.
Hekaýalar