00:01 Rowaýatly daglaryñ gerçekleri | |
ROWAÝATLY DAGLARYÑ GERÇEKLERI
Ýol ýazgylary
Rowaýata öwrülen daglaryň kyssalaryny diňläp, merdana serhetçilerimiziň gulluk ýerlerine sary alyp gitjek serhet ýodalaryny yzarlap gitmek üçin nirdesiň gadymy Köýten diýip baranymyzda, Günüň tylla şöhlesi ýerden ýaňy ýokary saýlanypdy. Syrly jülgeleri, çeşmeleridir zawlaryndan başlap, otuna-çöpüne çenli rowaýata öwrülen bu ýerlere ýetmäge howlugyp, ulaga ornaşanymyzda sürüji esger çylşyrymly eňňitleridir belentlikleri, öwrümleri bilen öň ençe ýola ýolagçysy bolan bolsaň-da howuňy basyp biljek bu täsin ýollar hakda duýdurdy. Döredijilik toparymyzyň ýanyna ýolbelet hökmünde goşulan serkerdäniň, bu syrly ýollaryň ençe sagatlyk menzillerinde nazarlarymyzyň diňe serhet tabşyrygyna barýan ýa-da gelýän esgerlerimizden başga kişä düşmejegi hakynda aýdanlary bize has-da täsin eşidildi. Ilkibaşda bu aýdylanlary degişme ýaly kabul eden hem bolsak, kem-kemden dagyň daşly, eňňitli ýollaryna dyrmaşyp ugran ulagymyz dag gözellikleriniň içinde ýüzüp barşyna bizi kä bulutlaryň deňine göterip, käte-de çuň jülgeleriň sowujak çeşmeleri goýnunda bygyrdap duran düýbüne çenli alyp gelýärdi. Dogrudanam bu ýollar barmaly menzillerimize sary uzaldygyça bize her ýerde diýen ýaly atly serhet tabşyrygyna barýan ýa-da tabşyrykdan yzyna öwrülip gelýän serhetçi esgerlerdir olaryň wepaly kömekçileri bolan mähnet alabaýlardan özge sataşan bolmady. Dag ýollarynyň biraz çylşyrymlylygy ýüregiňi ersdirýän hem bolsa serkerdäniň: «Hanha, Aýrybaba gerşi görünýär» diýip, depesinde Günüň tylla ýagtysynyň ýaldyrap duran beýikligi görkezmegi ünsümizi dag täsinliklerine sowdy. Köýtenlileriň uzak ýaşy hakynda gürrüň açan serkerde bu ýerde dermanlyk ot-çöpleriň barmak büküp sanardan juda-juda kändigi, esasan hem harsaň-harsaň daşlary ýaryp gögerýän yrgaý hakynda: Agajyň gowusy yrgaý, Her kim nesibesin görgeý, Asmandaky mollatorgaý, Ýary gördüňmi, gördüňmi?! - diýilýändigini aýdyp, bu täsin agajyň kyssasy hakynda ýerli ýaşaýjylaryň dilinden eşidenlerini gürrüň berdi. Keremli daglaryň goýnundaky hiç bir otuň bu ýerleri mesgen tutany melhemsiz goýmajakdygyny, hol belent gaýalardan alynýan dag mumyýasynyň bolsa aýagy döwlen towugy ýokary oklap gapýançaň seýik bolýandygyny ynam bilen aýdan serkerde hyýalymyzda bu ýerlere keramat diýdirdi. Eýsem ählisi kybla bakan arnap tokaýlygyna, belent ýapgytlyga möhürlenen dinozawrlaryň mähnet yzlaryna, janyndan geçse-de ar-namysyndan geçmedik kyrk gyzyň daga siňip giden ýerlerine, özüniň derman suwy bilen ir döwürlerden bäri meşhur Gaýnarbaba çeşmesine keramat diýmän näme diýersiň?! Ýolboýy şeýle gözellikler, täsinlikler hakyndaky gyzykly söhbetleri diňläp barşymyza serhet galasyna sary gaýdýan ýodalaryň bizi «Tersakan çeşme» ady bilen tanalýan pesden beýiklige sary akýan täsin çeşmäniň üstünden getirmegi, hut şol çeşmäniň ýakasynda äpet daşy iki bölüp ösen agajyň berdaşly keşbi bilen haýran etdi. Göýä dünýäniň epgegi bu ýerlere gelmäge het edip bilmedik ýaly buz ýaly suwy bilen dişleriňi gagşadyp barýan çeşmäniň boýuna atlaryny suwa ýakmaga inen esgerler harby salamdan soň, bu ýerlerde şeýle täsinlikleriň biziň çakymyzdan has kändigi hakynda tolgunma bilen gürrüň berdiler. Serhetçi esgerler bilen gürrüňdeşlikde olaryň atlarynyň hem endamynyň ýalpyldap duran çeýeligini synlap, bu ýerleriň jana tenekar howasyndan diňe bir ynsanlaryň däl, eýsem, janly-jandarlaryň hem binesip galmandyklaryny ykrarlamak bilen, serhet galasyna tarap ýönelýäris. Ýurt goragynyň başlanýan ýeri bolan mukaddes künjege gadam goýanymyzda Muhtar atly yzçalyjy iti bilen türgenleşik geçýän esgeriň ýanynda Eminejigiň hem oňa ezberlik bilen buýruk berşi ählimizi ýylgyrtdy. Doganynyň berekellasyny ýetirenimizde çaga basdaşlygy bilen özüniň hem geljekde serhetçi serkerde boljakdygy, eýýäm harby salamdan başlap, esgerleriň edýän ähli emellerini gaýtalap bilýändigini aýdan Allaberdi hol depelerde dag goçlarynyň hem görünýändigini we ýyndamlyk bilen gaçyp gidýändiklerini çaga höwesi bilen gürrüň berdi. Dag başyna gonan akja bulut deý lowurdap duran serhet galasynda esgerleriň gulluk alyp baryşlary, medeniýetli dynç alyşlarydyr geçýän türgenleşikleri we merdana serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan tanyşanymyzdan soň, serhet galanyň goraýan çägine göz aýlamak üçin ýene-de ýola düşdük. Bütin töweregi etekläp ýabany hozlaryň, almalaryň, böwürslendir itburunlaryň sallanyşyp duran daşly ýodajygyny yzarlap barşymyza täsin şaglawugyň ýanynda tabşyrykda duran esgerleriň armasyny ýetirip, kert hem ýylçyr gaýalaryň kyssasy hakda soradyk. Bu ýerleriň juda mukaddesdigini aýdan serhet galanyň terbiýeçi serkerdesi mukaddes Käbeden öz topragynyň yşkyny yzarlap gelen il arasynda Hoja Sypat baba ady bilen meşhur bolan belent gaýalykdaky täsin taryhy ýer, tas ýarym tonnadan gowrak daşy depesine götermegiň hötdesinden gelen Meşan pälwan hakynda gürrüň berdi. Haçanda dinozawrlaryň yzlarynyň galan ýapgyt tekizligine galanymyzda bolsa gunduz ýaly ap-ak köpekleri Akguş bilen gulluk alyp barýan esgerler bize çalasudur bolup görünýän täsin ýazgyny görkezdiler. Dogrudanam zordan saýgardýan ýazgylaryň haýsy döwre degişlidigi, öwrenilip ýa-da öwrenilmändigi bize mälim bolmasa-da, bu ajaýyp künjekleriň bize belli bolan syrlaryndan heniz üsti açylmadyk mukaddeslikleriniň kändigi hakynda oýlanýarys. Dagda gulluk alnyp barlyşynyň özboluşly syrlaryny öwrenip ýörşümize ilkinji gezek belent gaýalyklardan şapagyň batyşyny synlap, yzymyza dolandyk. Ýolda ulagymyzyň yşygyna ýene-de bize diňe tabşyryga barýan esgerler gabat geldi. Meniň bolsa hut şol pursat nämüçindir olary wagt sagadynyň uklamaýan dillerine meňzedesim geldi... Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |