10:20 Halallyk hikmetleri | |
HALALLYK HIKMETLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
■ Özgäniň haky Arada tanyş zenanlarymyzyň biri şeýleräk bir wakany gürrüň berdi. Ýagny işdeş ýoldaşlarynyň biriniň doglan gününe sowgat almak üçin pul jemlenişip, ony almagy-da ýaňky zenanyň özüne ynanýarlar. Ol hem günortanlyk arakesmede diýlen sowgady alýar-da, ondan artan 10 manat töweregi puly 20 sany işdeşine gaýtaryp bermegiň zerurlygam ýok diýip hasaplaýar. Şeýlelikde, sowgatdan artan puly gapjygyna oklap goýberen gelin işdeş jorasyna şirin nan kesişip durka barmagyndaky nika ýüzüginiň ýokdugyny görüp allaniçigsi bolýar. Iş otagynda bellenilýän kiçiräjik baýramçylygyň hözirini duýmadyk zenan aljyrap öten-geçen ýerlerinden öňe-yza ýöräp, ýüzügini gözläp alakjaýar. Şu ömrüne barmagyndan sypmadyk ýüzüginiň gel-gel şu gün ýitäýşine düşünmän, serimsal bolup ýörşüne, birdenem ýaňky sowgatdan artan pul ýadyna düşýär. Göýä ynsabynyň bosagasyndan bagtyna çykalga tapan ýaly begenen gelin hyrra yzyna öwrülişine: «Ýaňy artan puly bermegi unudypdyryn» diýäge-de, orta 10 manady oklap-oklamanka, tam süpüriji zenanyň: «Ýüzük ýitireniňiz barmy?» diýip, gapydan girip gelşini görüp doňup galýar. Dogrudanam ählimizem haýran galdyran ol waka iliň hakynyň ýekeje teňňesiniň hem bu gün nika ýüzüginiň ýitmegine sebäp bolan bolsa, ertirki gün has agyrrak netijelere getirip biljekdiginiň alamatyna meňzedi. ■ Bergi Garry mamamyň gürrüň bermegine görä, obamyzda juda döwletmen bir adam ýaşan eken. Ähli ýerde hem sarpasy belent bolan kişi ýeke dikraryny gum içindäki obalardan bir menikli maşgala öýerýär. Tutumy uludan tutulan toýuň sebäpkäri bolan gelin gapydan bagt bolup ätlese-de, agtyk küýsän kişiniň törüne sallançak gurnalybermeýär. Birhili mal-döwletiniň hem mazasy gaçan ýaly bolýar. Şeýlelikde, ynsanyň arz-halyny diňläp durmaýan ýyllaryň tas 15-si yzly-yzyna kerwen gurup geçip gidiberýär. Perzentsizlik derdine teselli gözlenip barylmadyk gapy, görülmedik tebip galmaýar. Ählisiniň hem diýýäni şol bir söz: «Biz-ä perzent bolmaz ýaly üýtgeşik dert göremzok bularda». Ähli ýerde hem üýtgeşik dertleriniň ýokdugy aýdylyp durlandan soň, döwletmen kişiniň ile-güne dolup-daşyp berýän sadakalarynyň sany-sajagy ýitýär. Emma hiç bir zat üýtgäbermeýär. Ine-de, günleriň bir güni «Hüw Hak» diýip, dünýäniň uzyn ýollaryny söküp ýören derwüşiň gadamy bularyň ojagyna düşýär, döwletmen kişiniň yzynyň ýitjekdigi hakyndaky zeýrenjini diňlän görgüliň aýdanam ähli derdiň emi-ýomy bolýar duruberýär. Onuň dogaly diliniň «Siz kimdir biriniň hakyny iýip, üstüňizde bende hakyny göterýän bolaýmaň?» diýen sowaly döwletmen kişiniň ýadyna süýt haky üçin eltilen mallaryň biriniň kem sanalyp barlandygy üçin soň bererin bilen gudasynyň öňünde unudyp goýberen bergisini salýar. Şol dessine atyň öňüne bir tokla derek on sany semiz goýny salyp baran kişi gudasyndan razylyk alyp, hakyny halallap yzyna dolanýar. Şondan soň Ýaradanyň emri bilen ýyla ýetmän töründe gurlan sallançagyň bady «bolsady ekilen ýaly» diýdiren agtyjaklarynyň hataryny kerwen eýläp, döwletmen öýüň törüne dolduryp goýberýär. Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |