09:54 Gel, Täze ýyl, kalplaň päkligi bilen! | |
GEL, TÄZE ÝYL, KALPLAÑ PÄKLIGI BILEN!
Edebi makalalar
Ine, ýene-de her gezek adatylyga sygyp aýlanyp duran günlere nähilidir bir üýtgeşik şatlyk eçilip, Täze ýyl gelýär. Bu baýram maňa tutawajyna gollarymyzy ýetirip, emma entek bosagasyndan içeri ätlemedik gapymyzy ýatladýar. Bu gapynyň adaty gapylardan üýtgeşikligi aňyrsyndaky nämälimlikleriň bütin adamzadyň ykbalyna dahyllylygyndadyr. Nesip bolsa, bu ýylda-da birek-birege meňzemeýän her bir täze gün ynsan ykballaryna parhly-parhly pursatlary bagyş eder. Günler bir-birine meňzemese-de, Täze ýylyň gujagyna monjuk-monjuk bolup döküljek günlerde adamzadyň gowulyga bolan yşky hem-de her bir täze günden haýsydyr bir ajaýyplyga, gowulyga garaşyp ýaşamak endigi dowam eder. Dünýäniň çar künjüne ýaýran ynsan kowmy bu ýyl hem dürli-dürli dillerde gürläp, töweregi dürli reňkli gözlerde synlasa-da, «Bagt», «Gowulyk» we «Söýgi» diýen düşünjelere aşyklygyna galar. Hut dek düýn goljagazymyzdan tutup, Aýazbabanyň ýanyna goşgymyzy aýtdyrmaga Täze ýyl dabarasyna alyp giden ejemiziň geçen ýolundan bu gün özümiziň gulpaklyja gyzlarymyzyň kiçijik elinden gysymlap, haýdap barşymyza «Her bir täze zat könäniň gaýtalanmasydyr» diýenleri bilen ylalaşýarys. Kiçijikkäk bütin ýyl Aýazbabadan has gowy sowgady almak üçin «akyllyja gyz» ýa «oglanjyk» bolup, yhlas bilen garaşylan günleriň ýakymy bilen ýaşaýyşdan nämedir bir täzelige, ýagşylyga garaşmaga bolan endigiň kemala gelendigine ynanýarys. Müçe hasabynyň başyny çekip gelýän syçanyň birmahallar mamamyň aýdyşy ýaly, öňdäki orunlary eýelemek üçin «Täze ýyly öň görmeşek» ýaryşynda sygryň şahyna münüp gelen ugurtapyjylygynyň soňlanmadyk arzuwlara, bitirilmedik tutumlara wysal boljakdygyna ýürekden ynanyp, gowy dilegde bolarys. Bu ýyl, hakykatdan-da, arzuwlardan zyýada ýyla öwrülişine çyn ýürekden edilen dilegleri Arşa göterjek, ojaklara diňe gowulyklary getirjek, didelerden bagt ýaşy bolup döküljek, toýlaryň tutumy uludan tutuljak ýyl bolup, toýlary toýa, ýeňişleri ýeňişlere seplär! Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ak ýyllaryň ganatynda mertebeli menzillere barýan eziz Watanymyzyň dünýä dolan şany her bir watandaşymyzyň köňlüne ganat, ýüregine ylham, işlerine rowaçlyk bersin! Soňsuz arzuwlaryň wysaly bolup, Gel, Täze ýyl, kalplaň päkligi bilen! Giň dünýäň goýnuna nur bolup dolup, Gel, çüwen ykballaň şatlygy bilen! Guýup ýüreklere söýginiň meýin, Aşyklara giňden tutduryp toýun, Buşlugna öwrülip her ojak-öýüň, Gel, gaýgy-gussanyň ýatlygy bilen! Gujak-gujak gül bolup gel düzlere, Buýsanç ýaşyn çaýyp mährem gözlere, Alkyş goşup, dileg goşup sözlere, Gel, bu gyşlaň köňül aklygy bilen! Ýumşak sallançaklaň dönüp badyna, Öwrülip gowulaň göwün şadyna, Esasy zat giň dünýede adama, Gel, sen yşkyň baky bagtdygy bilen! Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |