17:32 Serçe näme üçin kiçijik?! | |
SERÇE NÄME ÜÇIN KIÇIJIK?!
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Muny maňa bir wagtlar ejem aýdyp beripdi, ejeme-de garry mamam aýdan ekeni, menem size gürrüň bereýin diýdim. Örän gadym zamanlarda haýsydyr bir ýerlerde baýlygy ýere-göge sygmaýan bir adam ýaşaýar eken. Giň sährany dolduryp, agyp-dönüp ýören sürüler, bosagasy altyndan öýüň törüne düşelen haly-parçalardyr hazynasyndaky tylla-kümüşler görenem, eşidenem haýrana goýupdyr. Saçagynyň üstünde mydama dürli-dümen iýmişlerdir şerbetler dolup duran kişiniň husytlygy welin, aýdyp-diýer ýaly bolmandyr. Ol hatda özüne nahar bişirýän aşpezlerine çenli ýekeje lukmany hem öz agzyna ataýmasyn diýen niýet bilen peýläp ýörer eken. Hut şonuň üçin hem onuň öýüniň golaýyna gelmäge hiç kim het edip bilmändir. Ony tanaýanlar, başarsalar, bu husyt baýyň oturan syrgynyndan hem geçmezlige çalşypdyrlar. Emma günleriň birinde ýetim galan oglanjyklaryň biri azaşyp, baýyň howlusyna gelipdir. Hut şol wagt hem ody belentden ýakylan ojakda baý üçin uly gazanda ýaňyja soýlan öwejiň etinden şorja gowurma gowrulýar eken. Naharyň ýakymly ysy bütin dünýäni tutup, çagajygyň agzyny şeýle bir suwardypdyr welin, ol nädip gazanyň başynda peýda bolanynam bilmändir. Açlykdan hem-de ýadawlykdan gözleri ýaşaran oglanjyk nahardan ýekeje dogramçajyk bermegini haýyş edip, şeýle bir özelenipdir welin, husyt baýdan gorksa-da, aşpez nädip iki bölejik dogramçany oglana uzadanyny duýman galypdyr. Hut şol wagt hem bulary synlap duran husyt aňyrdan ylgap gelşine oglanjygyň elindäki kiçijik dogramçany kakyp alýar-da, özüni hem honda zyňyp goýberýär. Aşpezini bolsa özi üçin bişirilýän nahardan başgalara berýändigi üçin ýepbeklemäge başlapdyr. Husyt baýyň gazabyndan gorkup, bir gysym bolan aşpeziň özi üçin ýenjilýändigine çydamadyk oglanjyk ylgap baryp, ony gujaklapdyr-da baýa garap: «Hernä bar dogramçalaryň özüňe-de ýetdirmeýän bolaýady-da» diýip gygyrypdyr. Hut şol pursat hem gapagy açyk gazandaky ähli dogramçalar kiçijik serçejiklere öwrülip, güsürdeşip, uçup gidiberipdirler. Bu ahwalata haýran galan baý: «Wah-wah-wah-eý, meniň gowurdagymyň şorja dogramçajyklary» diýip, ellerini kelemenledip, hernäçe ylgaşlasa-da, olaryň yzyndan ýetip bilmändir. Çalasynlyk bilen gözden ýiten serçelere, birem boşan gazanyna seredip galan kişi öz husytlygyndan özi utanypdyr. Kiçijik oglanjygyň elinden tutup, howludan daşlaşyp barýan eli süýji aşpeziniň yzyndan «Meni bagyşlaň!» diýip gygyran baý gaýdyp hiç haçan husyt bolmazlyga äht edipdir. Tüýs ýürekden tobasyna daýanan hojaýynyna dözmedik aşpez oglanjygy hem alyp, yzyna ojak başyna dolanyp gelipdir. Aç oglanjyk ymsynmak bilen gazana seredeninde, ýekeje çemçe çorbajygyň galanyny görüpdir-de ony çörek bilen hezil edip iýipdir. «Birje çemje şorja serçe çorbasy» diýen ýaňyltmaç hem şondan galanmyş diýýärler. Aknur ROZYÝEWA. | |
|