23:06 Gündeligimde galan setirler | |
GÜNDELIGIMDE GALAN SETIRLER
Sözler
Eşidýärkäk düşünmeli, görýärkäk akyl ýetirmeli, duýýarkak seljermeli. * * * Ýaşaýyş hereketdir we onuň bizden edýän talaby hem hereketlilikdir. Hereketsizlik bolsa islendik wagt ykbalyň durmuşdan hem ýaşaýyşdan üzňeleşmegine sebäp bolup biler. * * * Manyly ömrüň her pursady sowulmaz toýa barabardyr. * * * Unudylmazlyga — özüniň däl-de, özgäniň bagty üçin göreşmegi başaranlar mynasypdyr. * * * Ýürekden hem-de hakydadan öçürilmek iň agyr jeza sezewar bolmakdyr. * * * Dünýä synag, ýaşaýyş bolsa mümkinçilikdir. * * * Dostluk ebedilige garylanda hakyky dostlukdyr. * * * Gülerýüzlüligiň aňyrsynda ýaşyrylan hyýanatdan gork. * * * Haýsydyr bir wakany suratlandyryp oňman, onuň döreme sebäpleri we netijesi hakynda hem pikir ýöretmegi öwrenmeli. * * * Durmuşda ilkinji söýgi üçin dälde, hakyky söýgi üçin ýaşamaly. * * * Bagtymyza şäriklige mynasyplar bizi söýenler we biziň söýenlerimizdir. * * * Kynçylyksyz ýetilen sepgit — daragtyny görmän hem tanaman iýilýän miwä meňzeýär. * * * Söýmän söýgä, ekmän miwä garaşma. * * * Her bir büdrän ädimiňi ýoluň sürçekliginden däl-de, özüňiň seresapsyzlygyňdan görmeli. * * * Dünýäniň gijelerden hem-de gündizlerden düzülişi ýaly, ömrüň hem ýagtylyklardan we garaňkylyklardan durjagyny boýun almaly. * * * Gudrata ynanan keramaty tapar. * * * Her pursatdan dogry çykalga gözlemegi başarmaly. * * * Derdini özgä duýdurman ýeňýän beýikdir. Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |