15:11 Halallyk hikmetleri | |
HALALLYK HIKMETLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
■ Kümüş gupba Obamyzyň ýaşulularynyň tomus gijeleri uzaga çekýän söhbetdeşlikleriniň birinde ömrüni çölde mal yzynda geçiren garry çopan şeýleräk bir wakany gürrüň beripdi. Aýtmaklaryna görä, ol birmahallar haýsydyr bir sebäbe görä göçülip gidilen uzak oýlaryň birinde mal yzynda gezip ýörkä ojak ornu-da mesaňa bildirip duran ýerde üstüni gum gömüp giden owadan kümüş gupba tapýar. Sünnälenip bejerilen, üstünden näçe ýyllar geçenem bolsa henizlerem nepisligi öçmedik, eliňe-de eslije agram berip duran gupbany oba gidemde kümüşçi ussa görkezerin diýip horjunyna atan çopan oba gitmek üçinem kän garaşmaly bolmaýar. Uluja oglunyň duýdansyz tapynan derdiniň barha beterleýändigi hakyndaky habary eşidip, tiz oba dolanan çopan jigerbendiniň dermanyny tapman alakjap ýörkä, gelninem ýylan çakyp, ýanyny ýere berýär. Haýsysyna ýanjagyny bilmän alňasaýan çopan bir ýuwdum suwa taýyp elini tirseginden döwdüren gyzjagazyny hem göterip hassahananyň gapysyndan barmaly bolýar. Bir günem hassalarynyň halyny sorap gelip-gidip duran obadaşlarynyň arasynda ýaňky kümüşçi ussa hem gelýär. Çopanyň ýadyna birdenem ýaňky gumdan tapan gupbasy düşýär. «Ussa aga, size pylan oýdan tapylan kümüş gupba görkezjekdim welin» diýeninden, ussa görgüli: «Eý, ho ogul, oňarmansyň, ganym gylyjyndan gyrylan bendeleriň zadyna el uzadyp düşen günüňmidi şu?! «Goýmadygyňy göterme» diýmänmidir ata-babalar, kümüşine gyzyp alan hem bolsaň bahym alan ýeriňe goý gupbany, şehit düşülen ýerlerdir ol ýerler...» diýip, al petinden alýar. Ussanyň maslahaty bilen hassalaryny goňşy-golamyna tabşyryp, içinden müň keren toba eden çopan obanyň köpügören gojalaryndan hem iki sanysyny alyp, şol oýa tarap ýola düşýär. Çen bilenräk alan ýerinde gupbany emaý bilen goýan çopan ýaşulularyň eden aýat-töwürinden soň, gije düýşünde yzanda-çuwanlygyň yzynda gaçyp barýan başy kümüş gupbaly, gözi ýaşly gyzjagazy we onuň gupbasyna uzalan zalym penjäni görüp galýar. «Asyl eýesinden zor bilen alnan halal zat üstünden ençeme ýyllar ötse-de özgä-de miýesser etmeýän eken» diýen garry çopan şondan soň, hassalarynyň hem bahym aýaga galyp gidendiklerini ýatlapdy. ■ Halallyk haýyr getir Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlar hem hil-hil bolýar diýleni. Bir gezek kakadan ir galan çülpejelerini aýaga galdyrmak üçin gapydaky ýekeje ala sygrynyň süýdüni gapy-gapy aýlanyp satmaly bolan garryja ene şeýleräk wakany gürrüň berdi. Aýtmagyna görä, süýtli meşijigi bilen yssyda-sowukda her gapynyň öňüne gaýmagy paşyrdap duran süýdüni öý bikelerine hödürläp, çagalarynyň egnine-agzyna ýetişjek bolýan görgüliden bir bezemen zenan hem süýt alýar-da, puluny soň berjek bahanasy bilen bermeýär. Tä ala sygyr süýtden çykyşýança ýaňky zenana hem süýtli kürüşgesini uzatman geçmedik ene görgüli ahyry eslije boluberen algysyny almak üçin ýaňkynyň gapysyndan barýar. Emma hakyny bermek küje, zat küje, zenan tüýs degimsiziň biri bolup çykýar. «Sen ýalaka näme bergim bolup biler, waýeý toba, munuň diýýäni nämedir?!» diýip, uly-ili bilen gykylyklan şermendeden başyny gutarsa razy bolan süýtçi görgüli «garagöz çagajyklaryň hakydy-da» diýip, içinden ah çekse-de, çäresiz yzyna dolanýar. Başarsa şol gapy däl, eýsem, şol köçeden hem geçmezlige synanybam ykbalyň emrine kaýyl bolup, çülpejeleriniň rysgyny gara zähmetden agtaryp geziberýär. Şeýde-şeýde çagalaryny ile deňlejek bolup ylgaşlap ýörkä ykbalyň bir öwrüminde ýene-de süýtli gabyny alyp, alyjylaryna süýt paýlamak üçin barýarka ony çümre atylan ýaglygyň aşagyndan ýüzi-gözi oňly görünmeýän bir zenan saklaýar. Ilkibada ol zenanyň kimdigini aňşyrmadyk ene siňe bakanda onuň ýüzi-gözi ýanygyň yzyndan ýaňa mürşüp, garalyp giden öz bergidarydygyny görüp haýran bolýar. Özüni bergisini bermek üçin kän agtarandygyny aýdan zenan oňa duýdansyz öýlerinde çykan ýangyndan ölümiň bäri ýanyndan dönendigini aýdyp, barmagyndaky gyzyl ýüzügini çykarýar-da bergileri üçin razy bolmagyny soraýar. Iliň hakyna göz dikmedik süýtçi görgüli öz bergisinden ýüzügiň has artykdygyny aýdanda ýaňky zenan: «Meni mundan artyk bir wyždan azabynda goýmaweri» diýip zarynlaýar. Ahyry bolmajagyny bilip ýüzügi alan ene tä şol ýüzügiň bahasyny üzlüşýänçä ýaňky zenana süýt gatnadandygyny aýdypdy. Aknur ROZYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||