18:22 Alasarmyk dünýä / hekaýa | |
ALASARMYK DÜNÝÄ
Hekaýalar
...Kafeniň içi täsin bezelipdir. Diwarlary edil, orta asyrlardaky pereň juwanamerkleriniň gödeňsiz-lokga daşlardan salnan galalaryna çalym edýär. Ýüzüne düşýän ýumşaksy, älemgoşarreňk, körek yşyga, tagaşyksyz örülene öýkünilip berçinlenen ol daşlaryň ýylmanak böwri birgeňsi ýyldyraýar. Kafeniň içiniň ýakymly-mahmal alagaraňkylygyny, niredendir bir ýerden eşidilýän pessaýja sazdyr-aýdymyň owazy huwwalaýar. Besame... Besamo muçço, besame... Çilimkeş zenanyň gyryksy sesi bilen assaja saza görä hiňlenilýän bu gussaly aýdym näme hakda? Tapawudy ýok. Näme hakda bolsa-da, gamgyn bir zat barada zarynlajak bolýandygy aýdylyşyndan bildirip dursa-da, ol bu wagt gynandyrmaýar. Gaýta, ýüregiňi nähilidir birhili mylaýym mähirden, razylykdan doldurýar. Adamyň mahsuslygy – ol hiç haçan özüni edil keseki birini gören ýaly görüp bilmeýär. Aýnada, suwda, suratda, wideoda, halys bolmasa, özüni eý görýäniň gözleriniň ýylpyldysynda görüp bilýär, emma öz-özüni keseden özi welin, hiç wagt. Şonuň üçin, olam şu pursat özüni görüp bilmese-de, özüniň oturgyçda oturandygyny bilýär. Öňünde iki adamlyk, çaklaňja stoljuk. Üstünde iki sany, köne dilde “ebgine” diýilýän, hrustal bulgur bilen bir çüýşe-de gymmatbahaly pereň şeraby dur. Onsoňam iki adamlyk gap-gaç. Birek-biregiň üstüne goýlan ýalpak tabajyklar, çemçe, çarşak, pyçajyk, süpürgi. Stoljugyň ortasynda bolsa iki-üç sany ýasama gül dürtülen güldan. Bolany. Başga hiç zat. Tagamlar bolsa entek saýlanmadyk. Gatynyň açylaryna garaşýan tagamnama-da, oturanyň elýeterinde goňrarlyp ýatyr. Özüni görmese-de özüniň oturandygyny bilýän ol, ýene-de özüniň kimdir birine garaşýandygynam bilýär. Ýöne, şol bir wagtda-da onuň göwnüne bolmasa, ol hiç kime garaşmaýanam ýaly. Diňe, täk-tenha özi, şu çola, göýä, dürli öwüşginli şemleriň yşky bilen ýagtyltmaga çalşylýana çalymdaş, ýarymtün kafede, näbelli bir ýerden eşidilýän gamgynam bolsa, kalbyňy hasrat bilen ezmeýän, düşnüksiz sözlerden eýlenen aýdymy diňläp otursa... Bu ýuwaşja mukamam, aýdymam hiç haçan gutarmasa... Besame... Besamo muçço, besame... Birdenem ol girýär. Yşyklar näçe körek bolsa-da ol ony bada-bat tanaýar. Şeýlebir owadan ol. Şeýlebir näzenin... Welin, onuň gözelligidir-nepisliginden ýaňa onuň gyjynyp, jebis gysylan dişleri döwlüp gelýär. Şol bir wagtda-da ol özüniň ony görüp begenmeýändigini duýýar. Gyjynýar. Ýöne, şatlyk ýok. Aýdym henizem, şol bir äheňde üýtgewsiz hiňlenjirelip duranam bolsa, ýaňky mylaýym mähirem onuň gursagyndan bir demde zym-zyýat bolupdyr. Näzenin bolsa, misli gözlerini içeriň alagaraňkylygyna öwrenişdirmek zerurlygy ýok ýaly, giren ýerinden oňa tarap dikanlaýar-da, ylla bir, hatda özi üçinem duýdansyz gazygyndan boşanan, entek baş öwredilmedik gunan baýtal kimin, gümmezekläp duran sagrysyn-a yza, tözlenip duran göwüslerinem öňe tümmerdip, keýerjekläp durýar. Bu görnüşe “şyt” edýär-de, onuň dahan içre alyn azysynyň ujy uçýar. Näzenin oňa tarap ýönelýär. Ol galanynam owum-döwüm edäýjek bolup, dişlerini gyjyrdadýar-da, özüne zor salyp, äwmän-alňasaman örboýuna galýar. Oturan ýerinden bir ädim gapdala süýşüp, endikli hereket bilen ýakyn gelen näzenine oturgyjyny süýşürip berýär. Şol hereketi edip durşuna-da öz bolşuna özüniň haýran galýandygyny durky-düýrmegi bilen syzýar. Hamana: “Beh, men nire, munuň ýaly barypýatan aňrybaşy jentlmenlik nire?!” diýýän ýaly... Dogrudanam, aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän çägeligi etekläp oturan obada önüp-ösen sähraýy oglan nire, Londonyň iň gowy öýlerinde tälim alan salyhatly-galantlyk nire?! Emma, näzenin özüne edilýän hyzmata minnetdarlyk hökmünde çala baş atyp, oturmakçy bolanda, ýukajyk, juw-ak köýnegiň içinde gülgüne öwsüp, owsunýan kaddy-kamata gözi düşýär-de, onuň aňyndan diňe bu pikiri däl, eýsem hemme oý-pikirleri gürüm-jürüm bolýar. Hasam, ak köýnegiň içinde mese-mälim saýgardýan gyrmyzy içki geýimleriň sudury, onuň hakydasyna tagma bolup basylýar. Ol gurap hepbige dönen agzynyň içinde äňine ýelmeşen dilini zordanjyk aýlap, ýuwdunýar-da, bary-ýogy iki-üç sekuntlyk dowam eden doňňara-daşlygyndan açylýar. “Dym-gyzyl eken-aý! Sagrydakam “mersedes” ekeni!” diýip ol, näme üçindir özüne-de düşnüksiz ägirt uly guwanç bilen oýlanýar. Dessine-de onuň gowuz ýerine köz basylana dönen hyýaly, şol “dym-gyzyl” içki geýimleriň ýygşyrýan ajaýyplyklaryny ýeke pursatda ähli jikme-jikligi bilen 3D formatda oýlap tapýar-da, onuň gözüniň öňünde janlandyrýar. Agzy hyllykdan dolýar. Şol pille-de, öz jalbarynyň gasygynyň umytsyza dünýe kimin darlyk edýändigini iň zerur synasy bilen syzýar. Oslagsyz başyndan inen oňaýsyz ýagdaýyny oturdaşyndan ýaşyrmak üçin ol, haýsydyr bir kitapda okan usuly – Faradeýiň teoremasyny ýadyna salmaga çytraşýar. Başaranok. Kim ol, bende? Bilenok. Hernä, Hudaý diýen ýeri, ýene-de henizem endigan aýdylyp duran aýdym dadyna ýetişäýýär. Besame... Besamo muçço, besame... Bu sözler gulagyna ilýär-de, göz açyp-ýumasy salymlyk ünsüni sowýar. Gasygyny gysymyna gysan dünýe, dessine biraz giňeýär. Jany aram tapýar. Ol köşeşenden soň, munuň ýaly jenanlar bilen beýdip agaç ýuwdan dek lal açyp oturmagyň uslyp däldigini ýadyna salýar-da, oňa lak atmaga çemelenýär. Şol pille-de nazar-nazara sataşýar. Onuň elheder almakdan ýaňa ini tikenekläp gidýär. Bir demde depe saçy syh-syh bolup, şagga der basýar. Çünki özüne garaýan bu tüm-garaňky gözlerde ynsan bakyşyndan nam-nyşan ýok. Mährewsiz tümlük çyrpynýan ol gözler ejizje awuny maýajyna alan kepjebaşyňky ýaly. On iki süňňüni gaplan wehime bäs gelip bilmän, onuň zyňlyp ýerinden galaga-da, wägirip, bu taýdan gaçasy gelýär. Emma, deramaty giden aýaklary diýen etmän, ol hatda ýerinden mizäbem bilmeýär. Haçan-da, garşysynda oturyşyna gözüniň alnynda ýüzi ýylanyň kellesine, derisem şamaryň ýyldyrawuk, teňňe-teňňe hamyna öwrülip barýan jandar, entegem özüneçekiji pökgüjeligidir-gyrmyzylygyny ýitirmedik, pisse dodaklaryny çalaja açyp, gülgüne diljagazyny çykaranda bolsa, gorkudan ýaňa onuň heýýaty başyndan uçýar. Çünki orta dilik ol goşadil aralaryndaky stoljugyň üstünden oňa tarap süýnýär-de, onuň ýaňaklaryny, burnuny, gabaklaryny ýalamaga başlaýar. Soňam biriniň uj-a sümlüp gulagyna girýär. Beýlekisem, hötjet erjellik bilen onuň pugta gysan dodaklaryny iteläp-iteläp açýar-da, owum-döwüm bolan dişleriniň arasyndanam geçip, owurdynda towlanjyrap ugraýar. Bogazyna ötjek bolup, agzynyň içinde urunýan gülgüne diliň daşyndaky şepbeşik sülekeý onuň ýüregini bulaýar. Ögeýär. Şol müddetem allaniçigsi bolup ukudan oýanýar. Henizem özüniň oýadygyny ýa-da däldigini bilmän, sermisal ýatyşyna ol astyndaky düşeginiň derden ýaňa öl-myžžyk bolandygyny duýýar. Ýogsa, onuň ýatan otagy, iň soňkusynda goýlup işledilen sowadyjynyň “üffüldisine” salkynjak. Birsellem, şeýdip mejalsyz halda ýatandan soň ol biraz özüni dürsedi. “Hyk-çoklap” ýerinden turdy-da, daşaryk çykdy. Endam-jany soka salnan ýaly. Owum-döwüm. Hamana, ýaňyja ýatyp-turman, çagalygynyň uruşly kinolaryndaky dek faşistleň konslagerinde, sütem edilip, uzakly gün gujagy bilen harsaň daşadylana çalym edýär. Şol ýegşerilip barşyny üýtgetmän, özüne zoraýakdan erk edip, aýakýoluna gidip geldi. Köçäň grandyna gidip, islemezlik bilen ýuwundy. Gädiklerindäki şatuduň goýy kölegesine geçip oturdy. Iňkise gitdi. Beh, oňa näme bolýarka-raý?! Soňky birki hepde bäri, gije bolsun, gündiz bolsun, ýatdygy hökman gara basýa ýa-da düşnüksiz, alasarmyk düýşler alarladyp başlaýa... “Bir zatdan gorkandyr” diýseňem-ä, o däl. Sähel-mähel gorkup-üýşenenne gara basyp başagaý bolup ýörer ýaly, ol henizem “garaňky jaýdaky babaýdan” ýa-da “köçeden geçip barýarka ýüzugruna çagalary haltasyna salyp, ogurlap gidýän lüli kempirden” tisginip, jalbaryny ölläberýän balajyk däl ahyry. Ýigrimi alty ýaşady. Okady. Gulluk etdi. Özem öň özi çaga bolan bolsa, indi özi mekdepde çaga terbiýeleýär. Üstesine-de golaý-goltumda beýle gaty gorkany özüniň-ä ýadyna düşmeýär. “Bilmän gorkandyryn” diýse-de, iküç gün mundan ozal, ejesiniň igenjine çydaman, ilerki köçedäki tebip ýaşula gorky damarynam-a gaýym owkaladyp gaýtdy. Ýa, ony alasarmyk ýagdaýa salýan bu düýşleň başga bir nämälim sebäbi barmyka?! Ol çommalyp oturyşyna, aýaklary gurşup gozganjyrady-da, uludan demini aldy. Aňynda gaýmalaklaýan oýlanmasynyň yzyny dowam etdi. Iň düşnüksiz hem-de howatyrlandyrýan ýerem, köplenç düýşünde gören zatlar-a birki gün yz ýany huşunda gaýtalanýar, huşunda gören zatlaram düýşünde... Ine, mysal üçin, geçen hepdäň duşenbe güni, gije daşardaky sekide ýatyrka, bolgusyzdan gelen bir, barypýatan manysyz düýş gördi. Hamana, niredenem bolsa bir ýerden, ojakdan çykanpisint hüýt-gara pişik “myr-myrlap” gelýär-de, assyrynlyk bilen onuň depesine münýär. Onuň adaty durmuşda hemişe kelte deňlenilen, gytyk saçam, şo pille sübselik deýin ösgün, seçelenip dur. Onsoň pişigem onuň hüžžük saçyny höwürtge edinip birsellem ýatýar-da, birdenem abşarylyp, süýrdepesine buşugmaga başlaýar. Zähresi ýarylan ýaly bolup gözüni açsa, başujunda ýaňky düýşündäki gören şar-gara pişigi dur. Özem bogazynda gaýnadyp “myr-myrlap”, nähilidir birhili hokga goparmaga çemelenýäne çalym edýär. Entegem özüni ukudadyryn öýdüp ol, şonda hasam beter aljyrap, oýaka oýanmaga dyrjaşyp, gaty heläk bolupdy. Oýalygyndan oýanyp bilmänem tas ýüregi agzyndan çykýardy. Hernä, onuň oýananyna tebil tapan allajy pişik, “mýaw” edip, hol beýläk zyňlyp düşäkge, o taýdan zym-zyýat bolaýypdy. Özem, täsin zat, ol şondan öňem-soňam, şo gara zaluwady öz howlularynda-ha beýle-de dursun, hatda köçelerinde-de görmändi. Ýa-da şoň birki gün yz ýany ýene-de bir düýşünde ol dostunyň ulagynda iki bolup, haýsydyr bir derýaň üstündäki köprüden geçip barýarlar. Ol köprem dosty ulagyny hernäçe gaty sürse-de hiç gutarmaýar, gutarmaýar...Dosty gara der bolup, ulagyň destine ýapyşyp, şol ulagyna zor salyp barýar. Täzeje “toýota-kemrem” gursagyndaky güýjüne bäs gelip bilmän, “hüňläp” demirden “göwresini” ýyrtaga-da öňlügine çykyp gidäýjek bolýar. Emma, köpri welin, barybir tamamlanmaýar... Onsoň olam uzakly gije gitseler-de, şol köpriň aňyrsyna çykyp bilmän gara dere batyp oýanypdy. Ertesi gün bolsa, şol dosty bilen beýleki bir ýoldaşlarynyň aýdylan janlysyna barýarkalar, edil şol düýşünde göreni ýaly Murgabyň üstünden geçirilen beton köprüden ötmeli boldular. Köprä golaýlanlaryndan düýşünde geçen ýerlerini tanan ony duýdansyz der basypdy. Kükregem elden-aýakdan çykaryp barýan düşnüksiz hem sebäpsiz wehimden dolupdy. Tasdanam süňňüni dolduran gorkyny jylawlap bilmän, gapdalynda göwnübirlik bilen ulagyny dolandyryp barýan dostuna: “Ulagy saklap, meni şu taýda düşüräýsene!” diýýärdi. Ýöne, dostunyň oňa tarap gözüniň gyýtagyny aýlap: “Näme-how, drug, kansaner iň soňkusynda işläp barsa-da, ýaman der basýaň-la?! Ýa nä, zakguntäç boljak bolup ýatyňmy?” diýip degişmesi, onuň biraz nepesini durlaýdy. Emma, şonda-da, tä dostunyň ulagy köprä münüp, ondan geçýänçä, demini alman diýen ýaly oturdy. Ulag gidip barşyna, sähel salymlyk dowam eden şol geçişde-de ol, akyp duran bulanyk suwly derýanyňam, onuň kenarlarynyňam, hol allaowarrada hellewläp görünýän obaçylygyňam, şol gören düýşündäkä birme-bir meňzeşdigini aňşyryp ýetişdi... ...Enesi aýatda bar adamyň hemmesiniňem ilkinji gaçybatalgasy – ejesine bu zatlar hakda gürrüň berse, gaýta, olam ese-boýa galdyran oglunyň bolşundan elheder alyp: “Toba-toba, daş edewersin, ölmeseň her zat eşidiljek!” diýip, jowranjyrap, ýetişibildiginden ýakasyna tüfleýär. “Oglum, bir mundam säginmän, bejit gidip molla okadaly! Gaýraky obadaky gözi gyşyk mollaň demi düşgürmiş! Okap-okap çüf-çüf etdigi, ölinem direldäýjegi gümanamyş!” diýip ýalbaryp başlaýar. “Ýak, eje, nädiberýäň-aýt! Men nä, haýal etmän, bejit okadyp-çüfledip başlar ýaly, turşusy depesine urup, ýeldirgänmi näme?!” diýip, ol närazylyk gaşyny çytsa-da, ýene-de ejesi görgüliniň garabagyrlygy. “Onna, mollany istemeseň, gidip alynky obadaky tebip daýza çöp çekdireli. Ömürboýy babasilden ejir çekip ýörennirler welin, şoňa çöp çekdirip gaýdanlarynnan soňa, eddiljek ýöne el bilen syrylyp aýrylan ýaly, dynaýýamyşlar!” diýip janygýar. Ýeri, muňa näme diýip näme goýarsyň?! Ýigrimi birinji asyryň ikinji onýyllygy ötüp geçdi. Dünýäde emeli paýhas, başga saýýaralarda adamzat ýaşaýyşyny ýola goýmak, andron kollaýderi, kwarklaryň gurluşy, ýadro energiýasynyň sowuk sintezi, biokompýuter tehnologiýalary, nanomedisina ýaly müňlerçe ugurlar boýunça ylmy seljermeler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bärde bolsa, “düşnüksiz gara basýa” diýip zeýrenseň, babasiliňi aýyrmak üçin “alynky obada ýaşaýan tebip gelnejä çöp çekdirmäge” gitmegi teklip edýärler. Göwne-de degesiň gelenok. Sebäp diýseň mähriban adamyň... Äý-ý-ý... Bolýa-da... Onsoň olam: “Şü türkmeniň “äý bolýa-dasy” bilen müň Käbe ýykylar” diýen aýtgyny içinden gaýtalady-da, käbesini köşeşdirmekden ötri: “Bor-la, eje. Alada etme. Öz-özündenem aýrylar gider. Işde ýadaýandyryn-da” diýmek bilen çäklendi. Emma, çagasyna bir zat bolsa, kalbynda ary ketegi gorjalana dönýän eje köşeşjekmi, bujagaz sözlere?! Gaýta, örç alyp galdy. “Onna, molla-tebibi oňlamaýan bolsaň, dugtora görneli!” diýip jibrinmäge durdy: “Onnoňam, men saňa öň aýtdym-a: “Şü haçan görseň kitap gujaklap, okap ýatma!” diýip! Aýt hany, aýtdymmy-aýtmadym? “Beýdip, ýagty ýalançydan namut halda, kitap gemrip ýatsaň, ahyr bir gün ylym urar senem!” diýdimmi-diýmedim?!”... Garaz, oňa şol gün ejesini köşeşdirmek iş boldy. Zordan, bir sagatlap gep ogurlap, gürrüňi başga ýana sowup, ýaňybir köşeşdirdim edende-de, ol öz akmaklygy zerarly, birdenkä Magtymgulydan ýadyna düşen setirleri, özüçe üýtgedip, daşyndan pyşyrdaýmazmy: Han oguljyk, dünýe düýşdür, Düýşüň bolsa düýbi hiçdir, Bu jahanda ýaman işdir, Gury gelip boş gitmek... Onuň pyşyrdap sanan bu setirlerem ejesiniň gulagyna ildi. Öňem ogluny alada edip, saly suw üstündäki görgüliniň, täzeden hinine suw gitdi. Ol nämedir bir zat diýjek bolup, ýöne näme geplejegini bilmeýän dek, dodagyny kümşüldedip, gabak astyndan ogluna seretdi-seretdi-de, birdenem uludan demini alyp, dikeldi. Öýüne garşy mytdyldap barşyna-da, yzyndan garap oturan ogluna eşitdiribräk hüňürdedi: -Gitmeseň-gitmän geç, häzirjik gidip, owaly bilen-ä sadagasy boldugym hojam agalardan dem salnan duz alyp gaýtjak. Soňam suratyňy ýanböwür obadaky, üçem dograndan soň üzül-kesil bilgiç bolup açylan gelne pal atdyrmaga äkitjek. Kim bilýä gyz, bü zamanyň garaýürekli, betniýet albassylarynyň nätüýslidigini! Belkäm biri, allanäme çagajygymy görüp bilmän, ýaşyrynlykda doga-beýleki edäýen bolsa nätjek! Oň ýaly bolsa, onna muňky dugtorlyk dä bolýa! Demi düşgür birine okadyp ýa-da dem saldyryp açdyraýmasaň, müň ýyllap kol etseňem ýa-da köriçegesini aperassa etdirseňem açylmyýa!... Onsoň ejesiniň hüý-häsiýetine belet bolandygy sebäpli, olam özüniň bu gürrüňi gozganyna näçe ökünse-de, mähribanyny hasam möwç aldyrmazlyk üçin: “Äý, eje, näme etseň özüň bil!” diýýän dek, sesini çykarman oňdy. Elbetde, soňam, şu geçen günlerde, onuň ukulykda göreni bilen oýalygynyň gabat gelen ýerleri birnäçe gezek boldy. Bu gümürtik hadysa-da onuň hasam ünjüsini artdyrdy. Göwnüne güman aralaşyp, öz seriniň durulygyna müňkürlik döräp ugrady... Ol misli özüni biynjalyk edýän pikirlerini silkeläp kellesinden gaçyrmak isleýän dek, başyny nägile silkdi-de, sogduryp, gaýgyly dem aldy. Emma, kelleçanagynyň içinde garynja deýin ýörmül-ýörmül edip ýören pikirleriň, onuň burnuna gurçuk düşen serheň dek başyny talawlatmasam, naýynjar dem almasam piňine däldi. Olar şol bir ýüregedüşgünç irginsizlik bilen onuň beýnisinde iki ýana gybyrdyklaşmalaryny bes etmeýärdiler... Ýeri bolýa, huşundakyň düýşünde gaýtalanýan-a düşnükli diýersiň. Sebäp diýseň, argyn beýni, gündizki toplan artykmaç maglumatlaryny gije düýşleriň üsti bilen “zibil sebede zyňyp”, “ýüküni ýeňledýändigi” hakyndaky çaklamany, müň ýyl mundan ozal okapdy. Şoň şeýledigine ynanýaram. Ýöne, düýşündäkiň soňky günler aglaba köp ýagdaýda-ha belli bir derejede bulam-bujarrak, käbir halatlarda-da ähli jikme-jikligi bilen huşunda gaýtalanmasyna näme diýjek?! Ýa, näme olam indi, weli, palçy ýa-da bilgiç boljak bolup ýatyrmyka?! Hymh... Ol öz pikirine özi seňrigini ýygryp, göwnüýetmezçilik bilen ýüzüni turşartdy. Bolduň meň başyma! Grekleň Delfiý Orakuly ýa-da Matrisadaky Pifiýa! Wah, seňem bir günüňe ýanaýyn, ýuwunny! Bolanyna görä, Nostradamus ýa-da Wanga-da diýsene özüňe! Ýeri bolýa, menden ýaňky aýdýanlammyň hiçisem çykmajagy düşnükli diýeli. Onda bu düýşler näme?! Ýa, kelle üýtgejek bolup ýörmükä?! Freýdi okasaň-a, düýşleň barysynam, olarda görülýän zatlaň hemmejiginem satanarasy bilen sazlap taşlaýa. Düýşüňde diň gördüňmi – ujyt. Çukur gördüňmi – aýalyň jyns agzasy. Gülläp oturan bagy synlap, guwanýaňmy – sen onda gizlin mekgar! Akja owlajyk bilen sonarlykda kowalaşdy oýnaýaňmy – deýýus! Soňky psihologlaň düýşler hakda barça bilen-biteni ýazýanam, durmuşyňda, adamlara, daşky gurşawa bolan ruhy gatnaşygyňda nähilidir birhili näsazlyk bolup, aňastyaňyň şol näsazlyk barada saňa düýşleňdir, biygtyýar döreýän duýgulaň üsti bilen habar bermäge çytraşýamyşdyk. Wernadskiýniň “noosfera” diýýäni barada soňky ýyllar ýazylan zatlary ýadyňa salsaň, onna, Zemin janlymyş, onuň jany – bioenergiýanyň näbelli görnüşinden kuwwat alyp, Ýer döräpdir, hemişelik ýaşaýan göze görünmeýän Maglumat meýdanymyş. Şol Maglumat meýdanam Ýer togalagynyň daşyny dolap durmuş. Şonuň gurluşynda-da, biziň şu saýýaramyz döräp, onda dirilik emele geleli bäri, ýaşap öten her bir ösümligiňem, janly-jandaryňam ruhunyň, oý-pikirleriniň, duýgularynyň maglumat düzümi barmyş. Onsoň şol Maglumat meýdanam adamlara düýşleriňdir, intuisiýa, dežawýu ýaly esassyz duýgularyň kömegi bilen boljak hadysalar hakynda duýduryş berýämişdik. Hakyky palçylar, bilgiçler, orakullar, geniýler, welilerdir pirler bolsa, Zeminiň Maglumat meýdany bilen has içgin aragatnaşyga girmäge tebigat tarapyndan ukyply edilip ýaradylan bendelermiş. A düýşler barada dinimiz näme diýýä? Dinimize görä, düýşler üç hili bolýarmyş. Birinjisi, Allatagaladan gelýän düýşler – oraşan. Olara “mübärek düýşler” diýilýär. Beýle düýşleri Haktagala bendesini bela-beterlerden, imanyna zyýan ýetmeginden hem-de Şeýtanyň alyna gitmekden goramak üçin berýär. Mübärek düýş göreninden soň ynsan bendesiniň kalby rahatlykdyr-umytdan dolýarmyş. Onsoň hökmany ýagdaýda şeýle düýş göreniňden soň Hakyň adyna üç mertebe alkyş aýdyp, “Aýatyl-kürsüni” gaýra okap, mübärek düýşüň aýatda ýagşylyk bilen kabul bolmagyny dilemelimiş. Ikinjisi – Aş-Şeýtany diýilýän, Azazyl Al-Lagnatynyňdyr onuň meslekdeşleriniň gara jadysy bilen musulman bendeleri gorky, göwnüçökgünlik, tukatlyk, ynamsyzlyk, howsala, müňkürlik ýaly imana zeper ýetirýän duýgulara imrikdirmek üçin garabasma görnüşinde gelýärmiş. Beýle düýşleri göreniňde, hökmany ýagdaýda ýedi mertebe “estagpurulla” aýdyp, üç gezek “Aýatyl-kürsüni” we “Ismi-agzam” dogasyny okap, Päk Perwerdigäriň özüňi Şeýtanyň şerinden, Ýalançynyň görüner-görünmez belalaryndan goramagyny dilemelimiş. Düýşleriň üçünji görnüşi – An-Nafsah diýilýän, adaty-dünýewi düýşlermiş. Olar adamyň gündiz oýalykda gören zatlarynyň ukudaka düýşüne girmesimiş. Beýle düýşleriň ynsan üçin zyýanam-peýdasam ýokmuş... -Bäh!-diýip, ol nädip daşyndan sesleninem duýman, dikeldi-de, granda baryp, suw içdi. Soňam howlularyna girip, üzüm dalbarynyň astyndaky sekiniň gün düşmeýän ýerine geçip oturdy. Ýene-de biygtyýar içini hümletmäge başlady. Şü “köp okan köp biler” diýip, hamana köp bilmek görlüp-eşidilmedik ajaýyp bir zat ýaly hernäçe hetjikleselerem, şu mahalky bolup oturyşyna seredeniňd-ä köp okamagam, köp bilmegem beýlebir gowy zadam däl ýaly. Gaýta, kelläňi bulaşdyrýar. Ine, onuň özi. Düýş barada birtopar zatlary okady, eşitdi, öwrendi, emma öz ýagdaýynyň näme üçin şeýledigine düşünmäge welin, şol bilýän zatlarynyň jinnek ýalam peýdasy ýok. Tersine, her bir bilýän maglumaty çaklamasyny köpeldip, beýnisini garjaşdyrýar. Ýa, hakykatdanam, “Däliň müň gepi telek bir gepi gerek” diýlişi ýaly, düýşler barada hemme aýdylanlar bir ýana, Zigmund dädäňem aýdany beýleki ýana bolup, iki hepde bäri ony horlaýan ähli derdi-belalaň gözbaşy onuň şunça ýaşasa-da henizem öýlenmedik bolup, gezip ýörenindenmikä?! Aňynda dörän bu pikire ol kinaýaly gülümsiräninem duýman galdy. Äý, hawa-da, “Dünýe sözi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa” diýleni-dä. Orus alymlarynyň näme oýlap tapsalaram, näme ýasasalaram, iň soňunda tank ýa-da kalaşnikowyň awtomaty bolup çykyşy ýaly, erkek göbeklem näme hakda kelle döwse-de, gybat etse-de, ahyrynda onuň oý-pikirem, gepi-gürrüňem hökmany ýagdaýda heleýe ýazýar oturyberýär-dä... Ýöne, ol öz ýanyndan çensiz-çaksyz parasatlysyrap, öz üstünden gülmäge şunça çytraşsa-da, aňynda emele gelen ýaňky pikiri ony gününe goýmady. Özüni heläk edýän alasarmykmy ýa-da oraşanmy düýşleri hakda her dürli pikir etse-de, özüniň üznüksiz düýş görüp ýörmeginiň esasy sebäbiniň ýaňky oýlanan zadydygy baradaky çaklama, beýnisiniň bir ýerlerini şol gorjalady durdy. Birdenkä-de ol, ýaňy özüniň gara basyp oýananda gören düýşündäki näzeniniň kime meňzeýändigine düşündi. Birwagtyň özünde, düýşündäki gyzyň keşbi bilen şol hyýaly perizada meňzeýän gyzyň durmuşdaky didary onuň gözüniň öňünde emele geldi-de, dem salym biri-birine dodaklaryny çöwren bolup durdylar-da, soňam sepleşäkge bir bütewi şekili döretdiler oturyberdiler. Goňşy mekdepdäki kitaphanaçy gyz! Öz öňünde duýdansyz açylan bu hakykata ol edil kellesine ýekedaban bilen urlan dek seňseledi. Wäh! Iki hepde bäri, şu giden başagaýlyk, ine şuň üçinmi?! Hä?! Onuň şol pille ýerinden tarsa turakga kimdir biriniň elinden onuň üçin gaty gymmatly, apalanyp saklanýan nämedir bir zady gaňryp alyp, ony ýere pylçap urasy geldi. Pylçap urup, kül-uşak edenden soňam, onuň üstünde kapasadan gaçan maýmyn deýin bökjekläp, ony mazaly depgilemek islegi kalbynda däli deňiz deýin çyrpynyp, möwç urdy. “Wah seniňem bir Freýd kaka! Gör-ä muny, asyl seňem peýdaň degjek ýeri bar eken-ä!” diýip ol, içinden öz-özünemi ýa-da “Freýd kaka” diýýäninemi käýinip, içerik haýdady. Ýöne, birki ädim ädip-ätmän, kürtdürdi. A onda, onuň ýaňky düýşündäki Hutdy-Humaramy ýa-da Meduza Gorgonamy öwrülýän keşbi näme? Birdenkä oňa şol düýşüň üsti bilen aňastyaňy: “Ser-e-e-e-t! Halyp-p-a! Hergiz ýalňyşaýjy bolaýmagyl-l-l! Birdenkä jenanyň ýylana öwrülämesin-n-n!!!” diýip, duýduryş berýän bolaýsa nätjek?! Ol duran ýerinden gozganman birsalym oýurganyp durdy. Birdenem: -Äý-ý-ý! “Bir başa bir ölüm” diýipdirler, jähennem-le! Men-ä ýylanam bolsa şony boýnuma orajak!-diýip elini silkäkge pyşyrdady-da, täzeden bat aldy. Gidip barşyna-da: -Ej-ä!-diýip gygyrdy. Işige ýetip barýarka-da ejesiniň öýde ýoklugy ýadyna düşüp, aýak çekdi. Kisesinden çykaran eltelefonyna ýapyşdy. Jaň etmäge durdy. Birki gezekki “guguldydan” soň, ejesi: -Alýo,-diýen badyna-da, oňa geplemäge maý bermän, suňşuryp ugrady: -Eje, bilgijiňem gerekgä, çöp çekýäniňem. Gaýt öýe-de, üýşür gelnejelemmi. Bü birdenkä, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden güpür-tapyr alasarmyk bolup galan dünýäni derrew düzetmek üçin gaty bahym näme etmelidigini eýýäm bildim... | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |