00:19 Alawy identiçnosty | |
ALAWY IDENTIÇNOSTY
Publisistika
Taryh durmuşyñ tutarygydyr. Taryh adamzadyñ hakydasydyr. Geçmişi kemter ýazmak, beýan etmek ertirki günüñ perswektiwasynda ýalñyşlyga getirer. Kärdeşimiz Ali Ekber Ertürki ýitirdik... Kärdeşlerimiz onuñ gallaw, batyrgaý žurnalistdigini açyp görkezýän ýazgylary ýazdy. Emma: Ali Ekberiñ diñe ýazan zatlary ýok, zähmet karýerasynda-da başyndan geçirenleri bar. Muny görmezden Ali Ekberi doly tanadyp bilmeris... Soñky günlerde Kylyçdaroglynyñ alawy identiçnosty (kimligi) syýasy jedeliñ meselesi boldy. "Yeniçağ" gazetinden Seljan Taşçynyñ iki gün öñ ýazan ýazgysynyñ sözbaşysy taryhy hakykata çyra tutdy: "Alawydan näme bolar? Näme bolmaz?" “Kemal Kylyçdarogly prezidentlige kandidaturasyny goýarmy-goýmaz, goýsa saýlanarmy... bu eýýäm aýry jedelli gürrüñiñ temasy, jedelleşeliñ ýöne... Kylyçdarogly adynyñ garşylygy näçe kişide hakykatdan-da hemme zatdan ötri diñe onuñ alawylygy! Haý, edeniñ bar bol-a, edeniñ bar bol-a diýleni bize!" Kärdeşim Taşçy ýazgysyny şeýle sözler bilen jemläpdir: "Türkiýe respublikasynda alawydan hemme zat bolar!" Meselem, alawydan žurnalist bolarmy? Bolar gerek? Ýöne nygtalan pikirleriñ arasynda garşydaşlygy añladýan "emma" sözüni goşmaly bolýarys. Alawy žurnalisti Ali Ekber Ertürküñ geçen zähmet ýolunda duşan diskriminasiýasy muña mysaldyr. Bu ajy hakykat ýazylmasa taryh kemter bolar. Ýazaýyn: • AKP-niñ BOLŞY Gazetiñ 2014-nji ýylyñ 3-nji dekabryndaky sanynda Ali Ekber Ertürküñ täze çapdan çykan "Howply korrespondentiñ ýatlamalary" (“Tehlikeli Bir Muhabirin Anıları”) atly kitabyndan sitatalar getiripdim. "- AKP gurulanda "Star" gazetinde işleýärdim. Ilkibaşlarda bile işleşip ýören AKP-lileriñ maña seredişlerinde üýtgeşiklik duýmaga başladym. Muny gazetde çykan habarlara ýorýardym. Emma bir gün partiýanyñ başlygynyñ kömekçisi bolan Ali Joşkun maña şeýle bir zat aýtdy welin, añk bolup galdym. Ol: "Seret, Ali Ekber! Bularyñ saña gezek gelende kürtdürip durmalary bar" diýdi. "Nämüçin?" diýip soradym. "MKÝK toplanşygynda adyñ tutuldy. Adyny berip durmaýyn, biri şeý diýdi: "Ol alawy. Bize eýerjek bolup durmasyn, partiýa-da girmesin..." Geñ galypdym..." (77-nji sah.) "- 2002-nji ýylyñ ýanwar aýy. Taýýip Erdogan bilen ABŞ-na gitmelidi. "Star" gazetiniñ redaksiýasy resmi sapara gatnaşmagymy isledi... Gerekli resminamalarymy we wiza işlerini düzetmäge duranymdanam, AKP-niñ merkezi edarasy baş redaktorymyz Fatih Çekirgä jañ edip: "Ali Ekberi resmi sapara gidýän žurnalistleriñ arasynda görmek islämzok. Başga korrespondent ugradyñ" diýipdir..." (84-nji sah.) "- Bir gün Taýýip Erdoganyñ habar beriş serişdelerine açyk çykyşyny diñlemek üçin fotohabarçymyz bilen partiýanyñ merkezi edarasyna gitdim. Hemişe arkaýyn girip-çykýan partiýanyñ binasynda bu gezek gorag gullugynyñ işgäri ýolumy kesdi. "Eýgilikmi, näme boldy?" diýsem, "Saña girmek bolanok" diýdi. Geñ galyp "Näme sebäpli?" diýip soradym. Gorag gullugynyñ işgäri "Murat (Merjan) beýiñ görkezmesi şeýle" diýip jogap berdi. Menem "Ýeri, bu görkezme hemmeler üçinmi ýa diñe mañamy?" diýsem, "diñe sen girmeli däl" diýdi..." (88-nji sah.) Gutarmady: • BURAK AKBAÝ Uzanyñ "Star" gazetine el uruldy, Ali Ekberiñ goşy gapynyñ agzyna zyñyldy. Dokuz aý işsiz galdy. Karamehmediñ "Akşam" gazetine el uruldy, Ali Ekberiñ goşy ýene gapynyñ agzyna zyñyldy. "- Ýene iş gözlemäge başladym. Ýüz tutan ýerlerimiñ birem "Milliyet" gazetidi... "Milliyet" gazetiniñ redaksiýasyndan "Duşenbe güni işe başlaýmagyñ gaty mümkin" sözüni alyp çykyp gaýtdym... Duşenbe gelip ýetdi, ses-selem, habar-hatyr ýok. Sişenbe, çarşenbe, penşenbe... Indiki duşenbede-de ses-üýn ýok! Durup bilmän jañ etdim. "Ali Ekber, ol iş-ä bolmady" diýdiler. "Nämüçin?" diýip sorasam, AKP-lileriñ ýetmedik ýeri ýok. Olar seniñ bärde işlemegiñi islänoklar" jogabyny berdiler... (148-149-njy sah.) On sekiz aýlap işsiz galdy. Ali Ekberiñ başyna gelenleri şu sahypada ýazypdym. Şondan bir hepde geçensoñ 2014-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda JHP-niñ halk deputaty Aýşe Nedret Akowa meseläni Ýokary Mejlisiñ seretmegine goýdy. Şeýle-de: Burak Akbaý ara girdi: kynçylykly geçen aýlaryñ yzyndan Ali Ekber 2015-nji ýylyñ 3-nji fewralynda "Sözcü" gazetinde işlemäge başlady… Hawa, "Türkiýe respublikasynda alawydan hemme zat bolar!" diýmek, diñe ýagşy niýetli pikirdir. Şu ýerde AKP-niñ býurokrat kadrlarynyñ saýlawy hakda aýdyp durmaýyn. Hemmeler hakykaty bilýär: Babyalynyñ (Hökümet binasy) gapysy Hezreti Alyny (r.a) söýüjilere ýapykdyr! Ýagny, gadyrdanlar... Ali Ekber hakykaty doly bilinsin, taryhyñ bir sahypasy kemter galmasyn... Galyberse-de: Düwnük (rak) keseliniñ sebäpleriniñ birem adamyñ içine düşürilen ruhy lapykeçligi dälmi? Elbet bir gün, taryh Ali Ekberiñ "gandaryny-da" ýazjakdyr... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |