21:25 Alawylara ýeñillik | |
ALAWYLARA ÝEÑILLIK
Publisistika
AKP hökümetini tanamak üçin belli-belli adaldalar bar. “Imtiýaz” (ýeñillik - прерогатива) bulardan biri… Sözlükde “aýratynlyk, artykmaçlyk” manysyny berýär. Köplük sanda imtiýazat (ýeñillikler). Osmanlyda “imtiýaz” - ýörite rugsat bilen daşary ýurtla, klana, gurama ýa-da (ilki-ilkiler Wenesiýa, Genuýa, Florensiýa ve daha sonra Portugaliýa, Ispaniýa, Angliýa, Fransiýa, Gollandiýa, Russiýa) döwletlere berilen käbir ykdysady hak-hukuklary we aýratynlyklary añladýardy. Osmanlyda ýeñillikleriñ möhleti dört aýdan bir ýyla çenli, emma aýratyn ýagdaýlarda on ýyla çenli uzaltdyryp bolýardy. AKP häkimiýetinde aýratynam söwda ýeñilliginiñ möhleti ýok... Galyberse-de, AKP häkimiýetinde islendik iş hiç bir hukuga esaslanmazdan ýeñillik bilen berilýär... Galyberde-de, AKP häkimiýetinde ýeñillik özünden bolanlara "altyn käsede" berilýär... Tarapgöý (ýandaş) sözüniñ düşündirişi - bir taraply erada-Erdogana bagly aýratyn ýeñillige eýe diýmekdir aslynda! Islänini edýän islän zadyny edinýän tarapgöý diasporany gönendirýän bu ýeñillikler masgaraçylykly formada şa serpaýy paýlanýar nijeme ýyldan bäri... Bu aýratynlykly düzgünde dogruçyllyga, dürslüge seredilenok, sistemanyñ gollanýan ýeke-täk çeşmesi bar - olam, tarapgöý bolmak! Şol sebäpli-de iş başarjaga, tejribelisine, hünärmenine, mynasybyna däl-de, diñe tarapgöýe ýeñillik berilýär... Ýöne. Bir zady bilenoklar: Berilen ýeñillikler Osmanlynyñ soñuny getiren iñ möhüm faktorlardan biridir. AKP häkimiýetini berýän ýeñillilleri ýykar... Hem pikir edýändirler: ýeñillik paýlap, berip, islänimizi edip gezeris! • ALIÝEW DOSTLUGY Bu girişi etmegimiziñ sebäbini düşündirjek, emma şuny belläp geçsem gowy bolar: Azerbaýjanyñ Ýaragly Güýçleri 2020-nji ýylyñ 17-nji oktýabrynda Daglyk Garabagdaky Fuzuli şäherini azat etdi. Prezident Ilham Aliýew 2021-nji ýylyñ 15-nji ýanwarynda şäherde halkara howa menziliniñ düýbüni tutdy. Howa menzili 2021-nji ýylyñ 26-njy oktýabrynda Aliýew we Erdogan tarapyndan açyldy. Dabaraly açylyşyñ teleýaýlymdaky görkezilişine tomaşa edip otyrkam, Aliýew bilen Erdoganyñ arasyndaky mähirli gatnaşykdan diýseñ täsirlendim. Olaryñ arasynda bireýýämden bäri ýakyn dostlugyñ bardygy gizlin däl. Nähili gowy zat! Nireden nirä... Ýadyñyza salyñ: Ermenistan Daglyk Garabag raýonyny basyp alyp, böreñ-böreñ gan akdyranda, halk Türkiýeden haraý isläpdi, şonda Prezident Turgut Özal şeýle diýipdi: "- Olar şaýy, biz sünni!" Türküñ agzybirligi asyrlar boýy "mezhep pyçagy" arkaly şol tetelli pikirlenýän kelleleriñ günäsi bilen kesildi. Özal munuñ diñe daşky ýüze çykyşynyñ ýekeje mysalydy! Türkiýe-Azerbaýjan gury ýer çäkleşmesini ýok etmek üçin Ermenistanyñ Daglyk Garabaga sokulanyny Özal görmek islemedi. Hemişe şeýle boldy. Mysal üçin, Birinji jahan urşunda soýuzdaşymyz Germaniýa hem aramyza Ermenistany sokjak boldy. Türk goşunynyñ özlerinden bidin Azerbaýjana girmegi nemeslere ýaramady! Uzatmaýyn, bular aýry ýazgynyñ temasy... Aliýew bilen Erdoganyñ mähirli gatnaşygyndan hoş boldum. Diýmegiñiz mümkin, munuñ ýeñillige näme dahyly bar? Bar, özem kän bar… • “UZAK ÝAŞA, PATYŞAHYM” “Sünni” Erdogan “şaýy” Aliýew bilen şeýle ýakynlyk saklap bilýän bolsa, ýurdundaky alawylara näme üçin sowuk? Nämüçin alawy ýeke ministr ýok? Nämüçin alawy ýeke häkim ýok? Nämüçin alawy ýeke polisiýa bölüminiñ başlygy ýok? Nämüçin täsirli wezipeleriñ birinde ýeke alawy býurokrat ýok? Öñler witrina bir-iki sany alawy halk deputatyny çykarardy, indi onam edenok! AKP-den alawy munisipial sowetiñ başlygy barmy, bardyr öýdemok! Diýmek: AKP-niñ gözünde iş bajarjak ýeke alawy ýok bolýar-da bu 85 million ilatly ýurtda?! Hany deñ hukukly ýurtdaşlyk? Hany konstitusion hak-hukuklar? Gereksiz soraglar dälmi; ýigrimi ýylda eden işlerini gördük! Ine... Şeýle düşünjä eýe AKP şu günlerde näme edesi gelýärmiş: 58 etrapdaky 1585 jemöýüne (alawylaryñ üýşüp dini rituallary we namaz-ybadatlary ýerine ýetirýän metjit kysmy ybadathanalary) baryp, beýanat taýýarlanmyş: alawylara ýeñillik berjekmiş! Hamana, jemöýlerinde hyzmat edýän alawy dädelerine hak-heşdek berjekmiş… Hamana jemöýleriniñ tok-suw töleglerini döwlet tölejekmiş... Nämäniñ deregine: bu ýerlere "jemöýi" däl-de, "medeniýet merkezi" diýmelimiş! Alawynyñ hakyny alawa bermek şolar ýaly kynmyka? Bu mejburylyk nämäniñ hatyrasyna? Serediñ: Jemöýi - alawynyñ ybadathanasy. Başganyñ mukaddesligine öz ynanjyñyzy dakyp bilmersiñiz. AKP müñlerçe ýyllap ne horluklara döş geren alawynyñ üç teññelik ýeñillige boýun egjegini pikir edýärlermikä? Haýp, AKP özüçe berendensireýän ýeñillik bilen alawyny özüne tarapgöý ederin öýdýärmikä? Hawa, bar bilýän zatlary şu; serpaý paýlap tarapgöý etmek! “Uzak ýaşa, patyşahym!" diýip bogazyna sygdygyndan zowladyp ýörenler bilen bulaşdyrdylar öýdýän alawylary! Alawylar ýeñillik islänok, alawylar hak-hukugyny talap edýär! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |