ALDARKÖSE WE EPENDI
Söwdagärlik edip, peýda gazanmak hemme zamanda-da ýörgünli bolupdyr. Bu işde hatda Aldarköse we Ependi ýaly özboluşly häsiýetleri bilen meşhurlyk gazanan şahsyýetler hem baş goşmaga synanyşypdyrlar.
Günlerde bir gün Aldarköse irden Ependiniň ýanyna gelipdir. Ependi ony görenden "Bä, bu deýýus gel-gel indi meni aldawa salmakçymyka?" diýip içini gepledip, kän bir ýüz bermändir. Şonda-da Aldarköse mylaýym ýylgyryp:
- Gadyrdan Ependi - diýip, söze başlaýar. -Senem bir garyp, menem, bir garyp, bu garyplykdan gutulmagyň ýoluny men tapdym, senem tapsaň bolmaýamy?
Ependi onuň sen ýok, men ýok, geläga-da, aýdan bu sözüne geň galyp:
- Haý Aldarköse, men şu garyplykdan gutulmagyň ýoluny bilýän bolsam, münüp ýören garry eşegim ata öwrülmezmidi?
- Eger sen meniň aýdanym bilen bolsaň, eşegiňem men diýen bedew ata öwrüler, beýleki zatlaram bolar.
-Bä, sen-ä meniň agzymy süýjedip başladyň, hany aýt nätmeli?
- Iller-ä söwdägärlik edip, weşeň-weşeň pul gazanyp ýör, biziň näme olardan kem ýerimiz barmy?
- Söwdägärlik etmek üçin hem pul gerek, ahyryn, ony men nirden alaýyn?
- Aý Ependi, puly nirden alaýyn diýip geziberseň, ömrüň garyplykda öter. Puluň bolmasa eşegiň bar-a, ony girewe goýup, karzyna pul alaýarlar.
- Haý Aldarköse, sen meni ýekeje eşegimdenem dyndyrjag-ow.
- Eşegiň ata öwrülse ondan dynanyňda näme? Ony girewine goýup pul alsaň, ikimiz bileje işe başlarys.
- Bu garry eşegi girewine alyp, kim maňa pul berer?
- Dogry. Ýöne işi bile etmeli bolsak men bereýin, mende ikimize ýeter ýaly pul bar.
- Bäh! Ýaňy ikimizem garyp, diýmediňmi? Puly nireden aldyň? Ýa birini çürkäýdiňmi?
- Aý, ýok-la. Ýörgünli adym Aldarköse bolsa-da, kişini çürkemek ýaly gylygym ýok. Aldasam, degişme üçin aldaýan-how.
- Al, onda. Şu garyplykdan gutuljagym çyn bolsa, seniň aýdanyň bilen bolaýyn. Ýeri, aýt eşegimi girewe goýsam, näçe berjek? Onsoň näme alyp satýas?
Mende ýüz teňňe pul bar. Saňa şonuň kyrk teňňesini berýän. Özümde altmyşy galýa. Men golaýda Garamanly obasyna baryp gaýtdym. Şol ýerde goýnyň derisi, baganasy kän ekeni. Arzanjak alarys, getirip bazarda gymmat satarys.
Ependi kän bir oýlanyp hem durman razylaşdy. Eşegini girewine goýup,
Aldarköseden kyrk teňňäni alyp jübüsine saldy. Şeýdip, Aldarköse eşekli, Ependi pyýada Garamanly obasyna ugradylar. Irden ýola çykan Ependi bilen Aldarköse günorta golaý aýdylan oba ýetip bardylar. Aldarköse öň baryp, nirede näme baryny görüp gaýdan ekeni, Ependini obanyň deri ýok ýerine ugradyp, özi bar tarapyna gitdi. Olar harydyny alyp bolanlaryndan soň şu aýrylyşan ýerlerinde duşuşyp, şähere bile gaýtmaly etdiler.
Ependi öýläne çenli aýlanyp, hiç zat tapman geldi. Aldarköse bolsa bir gap deridir baganany eşege ýükläp getirdi.
- Ahaw, Aldarköse, men-ä öý-öý girip çykdym, deri satjak diýen adam ýog-a.
- Bä! Ol-a bolmandyr. Onda sen puluňa haryt alyp bilmänsiň-ow. Onuň ýaly bolsa, sen pulyňy maňa beräý, girewine ine şu bir gap derini al, özem silkme possuna-da, silkme telpege-de ýaraýan deriler. Içinde men diýen bäş-alty bagana-da bar. Näme oýlanýaň, meň saňa kyrk teňňäniň girewine altmyş teňňelik deri berýän-ä!
Ependi nälaç razy bolan boldy. Kyrk teňňäni berip bir gap derini aldy.
- Al indi Ependi sen gidiber, ertir irden bazarda duşarys. Men giçlige çenli aýlanyp, şu kyrk teňňä-de haryt aljak.
Ependi bu teklibe-de razy boldy. Bir gap derini arkalap, şähere ugrady. Aldarköse bolsa haryt almak üçin eşekli oba aýlanmaga gitdi.
Ertesi olar bazarda duşdylar. Ependi haltany arkalap, gijiräk bardy.
Aldarkösäniň, irden söwdasy oňan bolmaga çemeli, diýseň keýpi kökdi.
- Hä, gadyrdan Ependi, geldiňmi. Men-ä senden alan kyrk teňňäme düýn deri aldym. Irdenem söwda etdim. Meniň derilerimi bäri al.
Eşegiňem, hol gawunçynyñ arabasyna daňyp goýdum. Saña girewine beren kyrk teňňämem özümde, indi eşek seniňki, münüp gidiber.
Ependi ýeserlik bilen ýylgyrdy.
- Bä, Aldarköse! Sen adamlary degişme üçin aldaýan diýseñem, meni bu aldanyň çyna meñzeýär-ä!
- Ýok, gadyrdan Ependi, men seni degişmedenem, çyndanam aldamadym. Hemmesi kada boýunça. Girewine eşegiñi berip, kyrk teňňe aldyňmy, aldyň. Menem girewine deri berip, senden kyrk teňňe aldymmy, aldym. Düzgün boýunça girewine goýlan zatlar puly gaýtarylandan soň eýesine gaýdyp berilýär. Bizem edil şeýle etdik. Hany bu ýerde aldaw?
- Eý, Aldarköse, hany aýt, seniňçe men näme peýda etdim. Saňa eşegi berip oba özüm pyýada baranymmy, munuň üstesine seniň bir gap deriňi arkalap şähere ýene pyýada gelenimmi? Eden peýdam şumy?
Ýok, gadyrdan Aldarköse, men seniň pirimleriňi turuwbaşdan bilýädim. Saña öñden gepleşip goýan zatlaryñy alyp gaýtmak üçin ulag gerekdi. Ýogsa-da sen on teňňä durmaýan garry eşegi girewine alyp kyrk teňňe berermidiň. Menem "Hä, bolýa-da kim kimi aldarka?" diýip seniň ähli aýdanyňa razy bolupdym. Maňa berip, ýene gaýdyp aljak kyrk teňňäň özüňde durubersin. Ol garry eşegem seniňki. Düýn menem gara dere batyp göterip gaýdan altmyş teňňelik derileri satyp, irden mal bazaryna bardym-da bir alaşa aldym. Bu gapdakylar seniň derileriň däl, şol atyň eýer, ýapynjalary.
- Eý, Ependi, aýdýanyň näme?!
- Aýdanym eşideniň. Özüň başda, meniň aýdanym bilen bolsaň eşegiň ata öwrüler diýmediňmi? Aýdyşyň ýalam boldy. Sag bol.
Aldarköse gaharynamy, aljyranynamy, eňegindäki dört tar seýrek sakgalyny ýolup başlady.
Reýimbaý SABYROW.
Satiriki hekaýalar