05:49 Ar alyş / hekaýa | |
AR ALYŞ
Hekaýalar
Hekaýa Köçe tarapky otagyň penjiresi şakyrdap açylanda Gaýyp oýa ýatyrdy. “Şirmyrat gelendir” diýip, ol ýatan ýerinden çak urdy. Durşy bilen gulaga öwrülip, goňşy otaga diň saldy. Birazdan aýalynyň ýarym pyşyrdy bilen gepleýän sesi eşidildi. - Ýuwaşrak. Gaýyp ýatyr-a. Oýanaýmasyn. - Oýananda näme?! Gaýyp ýalňyşmandyr. Pejiň turbasyndan çykýan ýaly güňleç ses penjireden geleniň Şirmyratdygyny tassyk etdi. - Şonda-da gowy däl-dä… Men beýleki äpişgäni açyp goýdum ahyryn. Şakyrdadyp ýörmän, şondan giräýmeli ekeniň… Köwşüňi nirede goýduň? - diýip, Gaýybyň aýaly gepleýärdi. Onsoň hiç zat eşidilmedi. Gaýybyň aýaly Zylyha myhman-mediwan gelende bolaýmasa, köplenç başga otaga geçip, ärinden aýra ýatardy. Telim gün bäri bolsa mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Şirmyrat giçden soň penjireden girip, Zylyhanyň ýanyna gelýär. Bigäne erkek kişiniň il ýatansoň bukdaklap, kesekiniň nikaly aýalynyň ýanyna näme iş bilen gelýändigine Gaýybyň akyly kesýär. Birki gije ýatman, ukyny harama çykaryp, olaryň gürrüňini-de diňledi. Oýnaş bilen ograşyň arasynda, elbetde, döwletli gürrüň bolup bilmez. Şirmyrat bilen Zylyhanyň ukudan galyp diňläniňe degmeýän gürrüňlerini Gaýyp halamady. Eýsem, indi Gayýp nätmeli? Dogrusy, ol aýaly bilen Şirmyradyň bu bolup ýörüşlerini oňlanok. Ýöne seniň öz ýanyňdan oňlap-oňlamazlygyň, bu başyna gidenlere jinnek ýaly kär etmese nä. “Şulaň şu bolup ýörüşleri bolanok. Men şony oňlamak” diýeniň bilen ýagdaý üýtgänok. Nätmeli? Gaýybyň kellesine bir pikir geldi. Äpişgelere gözenek goýdurmaly! Ynha, erte-birigün aýlyk berilýär. Zylyha aýtman, bazar çykaga-da demir gözenek satyn alsaň! Aý, ýok, ol bolmaýar. Zylyha ony etdirmeýär. “Gözenekleri sat-da, aýlygyňy elime getirip ber” diýip galmagal eder. Eýdip-beýdip, gözenek goýaýaňda hem “Penjire bolmasa, gapy bar-a” diýip, Şirmyrat işikden giriberse nätjek. Bar, işigem içinden kiltläp ýatdyň-da, heleýiňi nädip saklajak? Ýok, başga bir ýol tapmaly. Edil häzir üstlerine giribem Gaýybyň utjak zady ýok. “Halypa, heleýyiň özi göwneýä” diýip, Şirmyrat hakykaty wazladyp, ýüzüňe basaýsa, nädersiň?! Zylyha-da onuňka galat diýmese, gaýta “Hawa, özüm göwneýän. Edibiljek zadyň barmy?” diýäýse, heý, boldugymy? Garaz, ýatanyň üstüne turan giren halaty gowulyk bolmaýar. Zylyhanyň talagyny bermek baradaky pikir hem dürs däl. Sebäbi otuz ýaşap, aýaly bilen aýrylyşsa, Gaýybyň il içinde galanja abraýy-da döküljek. Bir oňatja maşgala tapyp, ikinji gezek öýlenmek baradaky gury hyýaldan hem daş durmaly. Ýogsa, iki aşdan galan bolarsyň. Çünki, senden çaga ýüzi düşmejegini bilse, kim saňa heleý bolsun?! “Aslynda saňa heleý nämä gerek? Seň özüň heleý-ä. Erkek eşigini geýen heleý!” diýip, Gaýyp özüni günärtledi. Şirmyrat bilen bolsa bellisini edip boljak däl. Çola ýerde pyçakly-paltaly topulsaň, bu günüňi özüňe köp gördügiň bor. Meselem, aýagyňy sallap, türmä gidersiň! Pyçakly-paltaly topulmaga sende gaýrat bir barmy, Gaýyp? Gaýyp ýerden ýeke çykan däl. Agalaryna, inilerine duýduraýmaly. Şeýtse emele gelen ýagdaý azda-kände oňyn çözüljek. Emma sen ertir iliň-güňüň ýüzüne nädip seredersiň? Belanyň körügi seniň özüňde ahyryn. Eýse, nätjek, ä? Gara başyňy alyp, ümdüziňe gaçyp gitjekmi? Ýa utanman, hökümede ýüz tutjakmy? Gowusy, hol bassyrmanyň agajyndan asylyp, öl! “Ýataýyn. Ertirem daň bilen işe gitmelidirin” diýip, Gaýyp pallady. Birazdan uka gitdi. * * * Zylyhanyň pikiriçe, zenan gözelligini duýmak erkek kişiniň borjy. Erkek kişi aýalynyň göwnüni tapmalydyr, oňa hoş söz aýtmalydyr, mylakatly garamalydyr. Şeýtse, aýal ondan mährini gysganmaz. Gerek bolsa, nogta saçlaryny sübse edip, äriniň ýörejek ýollaryny sübselär. Şunlukda är-aýal söýenişer-de, dünýäniň ähli zadyny ýeňip bilýän ägirt güýje öwrüler. Niçikmi, äriň aýal diýlen jynsyň dünýesine düşünmeýärmi, sen dünýäň bar eşretinden mahrum. Aýal mährini bilmeýän erkek kişi nadandyr. Ynha, meselem, Gaýyp! Heý, şuňa erkek diýip bormy? Zenan görende ýüregi gobsunmasa, ol-a Zylyha ekeni, peri-peýker bolaňda nä peýda! Gelin bolup gelen mahallary Zylyha muňa kän yhlas etdi. Zylyhanyň maslahaty bilen Gaýybyň özem lukmana telim gatnady. Tebibe-de bardy. Em aldy. Ýöne Gaýybyň aýala bolan garaýyşy üýtgemedi. Bu ýagdaý Zylyhany örtese-de, Gaýybyň göwni bir ýaly, düňderilip ýor. Ir bilen işine gidýär. Agşamlyk gelýär. Nahar edinip ýatýar. Ertesi ýene işe gidýär. Onuň şäheriň haýsy edarasynda näme iş edýänini Zylyha, dogrusy, bilenok. Bir gün Zylyha onuň göni bäbenegine seredip: “Sen erkek däl!” diýibem gördi. Gaýyp nätsin? Ýüzüni sallap otyr. Mahal-mahal Zylyha oňa paýyş sözler bilen sögýär. Gaýyp sesini çykaranok. Başyny aşak salyp, dymýar. Şonda ol Zylyhanyň gözüne nähak şarpyk iýen neresse çaga bolup görünýär. Gaýyp gaty gahary gelende: “Boldy et, how indi! Masgara etdiň” diýip gaýtargy berýär. Şol wagt Zylyha onuň gözlerinde ärine mahsus bolmadyk dogum görýär. Zylyha bireýýäm Gayýp bilen aýrylyşjakdy. Başga äre gitjekdi. Ýöne o diýeni hiç ugruna bolmazdy. Çünki ikisiniň ejesi dogandy. Aýrylyp gitjek ýeriň nire?! Aýrylyp gidäýeniňde kime barjak? Boý oglan-a tapdyrmaýa. Tapdyraýanda-da onuň başyny aýlamaga Zylyhanyň güýji ýetmez. Hany indi öňki Zylyha barmy? Hawa, telpegagan kändir. Ýöne seniň maňlaýyňdan kim çykjak? Ana, şo näbelli. Barybir perzent küýsegi Zylyhany biparh goýanok. Eýsem-de, dünýeden zürýatsyz ötmek duýgusy Gaýyba ezýet bermeýärmi? Bir gezek ol Zylyhanyň ýanynda şu hakda agzady. Hossarlarynyň birinden ogullyk perzent almak pikiriniň bardygyny, beýleki önelgesiz adamlaryň-da şeýdýändigini ýaňzytdy. Zylyha göwnemedi. “Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýdi. Gaýybyň, bilýäňizmi, nämä güýji ýetýär? Diline. Onuň keýpine adamlary aldamakdan, ýalan sözlemekden, kezzapçylyk etmekden başga oňarýan zady ýok. Ýalan sözlemäge-de bijaý ökde. Sepini bildirenok. Özem aldanan adamlaryň bolşundan keýp alýar. Işi tükenen wagty o deýýus Zylyhany-da it oýnan ýaly oýnap ýör. Ýogsa, kän gezekler uçugyny hem aldy. Ine, Gaýyp şeýle adam! * * * “Şularyň şu bolup ýörüşleri hiç bir kowahata syganok” diýip, Gaýýp öz ýanyndan Zylyha bilen Şirmyrady ýazgarýardy. “Zylyha-ha arli heleý. Şirmyradam heleýli-zatly. Birgidenem çagasy bar. Bular şagal, ýaly uzak gije ýatman beýdişip ýörseler, men bilmediksirän bolup gezsemem, bu gün bolmasa, ertir üsti açylar. Daban ussanyň heleýi Miwe ýaly öň etegini dişläp, gep gözläp ýöreniň biri görse-hä bar onsoň, şo gijäň özünde ymmata bellentgi borsuň. Şeýdibem ikarada men biabraý, masgara bolaryn. Onsoň öňýetenem giçden soň it örüzip, köçe tarapky äpişgäňi kakar durar. Aý, ýok, mundan-a mydar bolmaz. Näme-de bolsa, bir zat etmeli!” Öýünde dörän adatdan daşary ýagdaý, ynha, indi telim gün bäri Gaýyba ynjalyk berenok. “Bulara al-hile salyp, emel bilen kär edip bolmazmyka?” diýip, ol pikirlenýärdi. Gaýybyň ýanynda ýalan söz gyt däl. “Ejeň ýaranok diýdiler. Iki gün bäri ýüregini tutup ýatyrmyş. Git-de, sorap gel” diýäge-de, Zylyhany aldap, atasy öýüne iberäýmeli. Ýöne munuň soňy puç. Zylyha irden gider-de, günortana yzyna geler. “Nä oýnatgyň barmy, ýerçeken?” diýip, galmagal eder. Onda Şirmyrada bir emel etmeli. Meselem, Şirmyrat işde wagty göni aýalynyň ýanyna baryp, “Äriň gijesine nirä gidýänini, näme edýänini bilýäňmi?” diýmeli. “Pylanylarda üýşüp, kart oýnaýarlar” diýip, bir kartkeşiň adyny tutaýmaly. “Ähli ýygnanjaňy bir gün karta goýar. Jaýyňyzam utdyr” diýibem gorkuzmaly. Ýa-da Şirmyrat her gün gije tirýek çekýä. Ynha, bir gün tutulyp, işden kowular. Işden kowulany bilen sypmaz. Çagalaryny döküp, türmä-de gider. Ahmal bolma!” diýmeli. Göwnüne güman gitmez ýaly “Tirýekilerdir, kartkeşleri çemine garap, tutup, türmä dykyp ýören birki sany tanşym bar. Ana, hol pylany bilen pylanyny gümgidene ýollanam şolar. Eýýämden ugruna çykyp, Şirmyrat dagynam gözastyna alypdyrlar. Biziňk-ä bir duýdurmak” diýäýmeli. Onsoň Şirmyrat kim aýtdy diýip aýalyny gyssar. Aýalam Gaýyp aýtdy diýer. Onsoň Şirmyrat öňküsi ýaly penjireden gelmez. Göni işikden girer. Gaýyba-da “Halypa, men-ä seň heleýiň ýanyna geldim. Senem meň heleýimiň ýanyna baryp, “Şirmyra-da meň heýelim bilen ýatyr” diý-de aýdaý” diýer. “Kart oýnaýa, tirýek çekýä diýip töhmet atypsyň. Meň günümi bulajak bolupsyň. Şuň üçin seni türmede çüýrederin” diýip haýbat atar. Türmä basdyrmakdanam gaýtmaz. Gaýyp pylança ýyl alyp, türmä gidiberse, Şirmyrat üçinem kem bolmaz. Belki, Zylyha-da şony isleýändir. Gaýyp öýde wagty ymmata sygmajak wejeralyga baş goşup ýören Zylyha bilen Şirmyratdan her zat çykar. Gaýyp hopugyp, zöwwe ýerinden galdy. Näme etmeli? * * * Agşam Gaýyp ýatmady. Köçe tarapky otagyň gapysyna gulagyny goýup, Zylyha bilen Şirmyradyň gürrüňini diňledi. - Çaga galsa, aýyrtmaly borsuň - diýip, Şirmyrat maslahat berýärdi. - O nämüçin aýyrtmaly borun. Aýyrtmaryn - diýip, Zylyha ters gürrüň edýärdi. - Beh, beh, aýyrtman, nä, eýsem, şu ýaşdan soň doguraýjakmy? - diýip, Şirmyrat geň galýardy. Zylyha torsarylyp: - Hawa dogurjak. Nämä şu ýaşdan soň diýen bolup… Entek otuzam ýaşamok - diýýärdi. - Men saňa neme diýjek bolamok, garrapsyň diýjek bolamok. Ýöne şunça ýyl arli halyňa dogurman, indem çagalap-beyleki edip ýörseň, birhili bolmazmy?. - Nämesi birhili bolsun? Maňa nä çaga dogurmak gadaganmy? Ýa gysyr sygyr ýaly, topugyma gan degirmän, müjerret ötmelimi? Menem goltugyma çaga alyp, perzent söýmeli ahyryn. “Hudaýyň bermedik zadyny alyp bilmersiň” diýip, gapy diňläp duran Gaýyp öz ýanyndan akyl satdy. - Sen meni söý. Ine, men bar-a - diýip, Şirmyrat çyn gatyşykly degişdi. - Seň öz ýeriň bar, çagaň öz ýeri bar. Onsoň birsellem ikisindenem ses çykmady. - Beh, seň çynyňm-aý? - diýip, ahyry Şirmyrat dillendi. - Hä, saňa çaga dogurjak diýip, oýun etsem gowumy? - Aý, şu gürrüňi, how, oýun edibem aýtma. Birhili çyna meňzäp barýa. - Hm… Sen henizem maňa oýun edýändir öýdýäňmi? - Gepiň gysgasy, Zylyha, sen menden çaga dogurmarsyň! - Dogyraryn! - Dogurmarsyň! - Şirmyrat bular ýaly hökümli gepiňi git-de, öz heleýiň ýanynda aýt. “Hä-ä, häý, berekella! Sögüşäýbilsediler” diýip Gaýyp begendi. - Goýaly-la şu gürrüňi, Zylyha! - diýip, Şirmyrat Zylyhany öz ugruna kowdy. - Men-ä seň, ýanyňa ukudan galyp, dynç almaga gelýän. Sen bolsaň… - Dogdu-da. Käşgä öz adyňa geçiren heleýiň bolan bolsam… - Men seni nädip öz adyma geçireýin? Men heleýim bar. - Men sana heleýiňi kowup, meni al diýemok. - Onda näme? - Şirmyrat, men çaga dogurjak! - Bäh, nähili heleý eken-aý bi?! - Sen diňe öz işiň biterini bilýäň. - O-how, adam, sen boljak zadyň gürrüňini edeňoga. - Bolar. Näme bolman?! - Bolarmy, hä? Eýse, nädip bolsun? Şu wagt sen çaga dogursaň, ilin näme diýjegini bilýäňmi? - Ah, ildir-dä diýer-goýar. Asla il näme diýsin? Meň ärim bar, zadym bar. Iliň nä işi? - Il seň äriňi bilýän däldir-ow. - Hawa, bilýän däldir. Çagasy bolman-bolman bolýanam bar-a. - A sen öz äriňi nämetjek? - O nähili nämetjek? - Sen häzir çaga dogursaň, Gaýyp biler-ä, o çagaň özüniňki däldigini. - Bilmez. - Bilmezm-aý, bilmezmi? Heriňiz bir jaýda ýatyp, o nähili bilmez? - Men oň boýnuna goýaryn. Sen o tarapdan arkaýyn bol. “Men-ä boýnuma alman. Hany, etmedik zadymy boýnuma goýubilşiňden goý-da, göreýin” diýip, öz ýanyndan Gaýyp gaharlanjak boldy. - Onsoň birden seň ol är diýip saklap ýören zadyň boýnuna almasa nätjek? “Men seň bilen ýatamogam welin, bi çaga nireden geldi? Kimden aldyň muny?” diýäýse, näme jogap berjek? “Geple, näme jogap berjek?” dýiip, Gaýyp öz ýanyndan Şirmyrat bilen deň gopdy. - Hm… Aý, ol oňňaly zady sorabam durasy ýok. Onsoňam aş saýlap ugramda men oň ýanynda ýataryn. Çaga galypdyr diýibem aýdaryn. - Birden soraýsa nätjek? Kimden diýäýse näme diýjek? - Men oňa senden başga ärim barmy diýerin. Eňek bermen. Ynandyraryn. “A men ynanman. Şonda nädersiň? Hm…” edip, Gaýyp içinden haýbat atdy. - Haý, näbileýin-dä, Zylyha?! - O zatlaň hasabyny özüm tarapyn - diýip Zylyha arkaýyn gürledi. Ýene birsalym dymansoňlar, Şirmyrat: - Heý, Zylyha, şu pikiriňi taşla - diýdi. - Gaýyp öz aýbyny bilýändir. Bolmajak zady edip, birden nemedäýme… - Nämedäýme? - Bulaşaýma. - Bulaşman. - Ony öňünden bilip-bilmersiň. - Bulaşsamam, saňa azarym ýetmez. - Wah, şü maňa azaryň yetermikä diýip gorkýan-da. Soň ikimizem birden masgara bolup… - Masgara borusmy? Äre çykmadyk halyna ejesiniň öýünde çaga dogrup ýörenler masgara bolsun. - Onsoň birden o doguran zadyň maňa meňzäberse nätjek? - diýip, Şirmyrat iňkisli sorag berdi. - Meňzemez! - Birden meňzedi-dä, nätjek? - Diňe saňa meňzemez-ä. Maňa-da meňzemeli bor-a. Onsoňam saňa meňzäýende-de, kim şüý-ä Şirmyradyň dogmasy öýdýän diýip yzarlap ýörsün - diýip Zylyha parahat jogap berdi. - Aý, bor-da, gör özüň. Erteki gün meni nemetmeseň bolýa - diýip, Şirmyrat ahyry ylalaşdy. - Men ony saňa aýtmanam dogrubilýän. Şonda-da edibiljek zadyň bolmaz. Ýöne seňem pikiriňi bileýin diýip aýdaýan - diýip, Zylyha şondan soňam bu gürrüňi goýmady. Onsoň Şirmyrat: - Sen birhili soňky döwürde semreýäňmi, nämemi… Hany, gel meň ýanyma - diýensoň, ikisindenem ses çykmady. Birazdan Zylyha: - Heleýiň ýanynda-da şular ýaly ölüp-öçüp barýaňmy? - diýip sorady. - Üstünde ölüp-öçüp barar ýaly heleýim bolsa, seň ýanyňda nä körüm bar?! - diýip Şirmyrat jogap berdi. “Bular-aý, walla, utananoklaram-aý. Şoňňaly suwjaryşyp-süýjeşer ýaly näme barka?” diýip, Gaýyp öz ýanyndan geň galdy. Pallady. Ýatmalydy. Ertir ir bilen turup, işe gitmelidi. Ýatyş düşegine geçse-de, mahaly bilen Gaýybyň gözüne uky gelmedi. * * * Ertesi Gaýyp ir bilen işe diýip çykan-da bolsa, şähere gitmedi. Şirmyradyň duldegşir goňşusy Annaguly jalaýyň öýüne bardy. Annaguly jalaýyň aýaly Aknabat ärini işe, çagalaryny hem mekdebe ugradyp, ertirlik çaýyny ýaňy öňüne alan eken. Gaýyp bärden baranda ol: - Annaguly-ha şuwatjyk işe gitdi - diýip, heniz soralmadyk zada jogap berdi. Gaýyp tasdan “Wiý, şeýlemi? Aý, jany sag bolsa bor-la. Birki günlükde “Annagulyň çep tarapyndan paraliç urup, öýünde düşekli zatly ýatyrmyş” diýip eşitdim-de, soramaga gaýdyberdim” diýipdi. Ýöne aljyrady. Tas yzyna-da dönüpdi. Ony Aknabat saklady: - Annaguly bolmasa, ynha, men bar-a. Aýdyber näme habaryň bar bolsa! - Habar bolup, üýtgeşik bir neme ýok-la. Ýöne özüni göräýjekdim - diýip, Gaýyp anyk bir zat aýtmady. - Keýpinemi özi? - Keýpine adam soralýan döwürden oba göçdi, ýeňňe. - Onda nä? - Aý, bir zerura düşdüm-de, birazrak karz pul soraýjakdym. - Karz pul? Heh-he, pul üçin-ä Annagulyny görüp oturmagyň peýdasy ýok. Aknabat Gaýybyň soragly garaýşyna anyk jogap berdi: - Ýok-da. Ýok zady Annaguly nädip bersin?! Öýde hojaýyn bolmasamam şon-a bilýän. Huruşlyk et almaga-da pul ýok. Unumyzam tükenip barýa. Bir aýlyga dikginip otyrys. Oňam müň sany deşigi bar. Haýsy birini ýapjak… - Ýa-heý, at oýnatmasana, ýeňňe - diýip, Gaýyp Aknabadyň ýatsa-tursa ömürylla ýadyna düşmejek gürrüňini tapdy. – Hökümet mugt göçürip goýberesi ýog-a. Berer-ä kömek pul diýdi, ýene gör diýdi. - O nähili? Näme ol? Nämäň kömek puly? - Göçýän adama hökümet kömek puly bermeli bora. Ýa indi bir daban ýer berip, wüşt, göçüň diýäýýämikä? - Kim göçmeli, nirä göçmeli, düşnükliräk geple! - diýip, Aknabat aljyrap ugrady. - Ýa entek size aýdanoklarammy? Wi-iý, siz Şirmyratlar bilen gatnaşygy kesensiňiz-ow. Ýadyma-da düşenok. Men birhili şum habar getiren ýalam bolýan. Iki aý mundan öň Şirmyrat çilim çekýänligi üçin mekdepde Aknabadyň oglunyň mazaly gulagyny towlapdy. Şu sebäpli, aýalynyň ýel bermegi bilen Annaguly jalaý çisip-çişip, bardy-da, Şirmyradyň ýanynda ýaryldy. Oňa ite diýmezini diýdi. “Çaga meňki. Gelip maňa aýt. Ol-a çilim eken, tirýek çeksede, çaga barmagyňy batyrmaga hakyň ýokdur. Şuny ýaman gowy bilgin” diýip haýbat atdy. Şeýdibem tersleşdiler. … Aknabat ör-gökden geldi. - Nämäni aýtmaly? Kim goçmeli? Nirä, nämüçin? - Niräligin-ä bilemok. Aý, o “Doňuzbatanyň” töwereklerinden täze mellek bererler-dä. Nämüçinliginem ertir ýa birigün hökümediň adamlary mellegiňizi ölçeşdirip-zat edip, aýdarlar. Aknabat birhowa doňup oturdy. Ol häzir Gaýybyň gürrüňleriniň çyndygyna ýa-da ýalandygyna şühbelenmeýärdi, ony parahat oturan adama duýdansyz abanan howpuň nämälim gorkusy basypdy. - Şirmyradyň-a mellegini düýn ölçäpdirlerem - diýip, Gaýyp mojukdan-mojuk gürrüň tapdy. Aknabat aljyrap ugrady. - Nämüçin ölçeýärler? Nämetjek bolýarlar? Nämüçin ala-böle biz? Sen kimden eşitdiň şuny? - Men-ä biljegem däldim, welin, düýn işden gelýäkäm Şirmyratlardan üç-dört sany galstukly adamyň çykyp barýanyny göräýdim. Bular kim diýdim. Guýymyň suwuny barlan adamlar diýdi. Mellegimi ölçäp gördüler diýdi. Gepiň gysgasy neme bolupdyr. Şirmyradyň guýusy barmy? Şirmyradyň melleginiň ortarasynda guýusy bardy. Ol bu guýyny öňräk ýörite ussa tutup, mallaryny suwa ýakmak üçin gazdyrypdy. - Ana, şo guýyň suwy beýleki suwlardan üýtgeşik diýýä. Pylan keseliň dermanymyş. Indi hökümediň niýeti - Şirmyradyň, mellegini kurort etmek. Bu günerte ýokardan has güýçli alymlar geljekmiş. Şolaram barlansoň, işe başlabermeli diýýä. Aknabat gudrat görýän dek aňalyp oturyşyna: - Onsoň? - diýdi. - Onsoňy şol. Şirmyratlar bilen siz göçersiňiz. Biziň şu duran ýerimizem, nesip bolsa, anyrsy bir aýdan kurort bor - diýip, Gaýyp parahat gepledi. Aknabat oturan ýerinden ot alyberdi. - Kurord-a bolmaz şo. Hymm, hany bolubilse bolsun. Ölini direldýänem bolsa şu taýdan-a kurort etdirmeris. Oturan adamy göçüräýmek beýle aňsat diýýä. Maslygymy göçüräýmeseler men-ä göçmen. - Göçersiň! Näme göçmän?! Hökümediň kejine gitme! Hökümet zordur. Hökümediň zordugyna şübhesi bolmansoň, Aknabat başga sowal berdi: - O nämüçin diňe biz göçmeli? - Sebäbi häzir siziňem mellegiňizi gazyp görseň, şoňňaly üýtgeşik suw çykar. Aknabadyň muňa ynanasy gelmedi. - Çykmaz - diýdi. - Artyp galan ekin-ä bitenok şu mellekde. - Onçasyny biljek däl. Ýöne düýnki alymlar Şirmyrada şu iki mellegi kurort etmeli diýipdirler. Şirmyradyň öz aýdyşyndan ol-a eýýäm şu guruljak kurortdan bir işem sorapdyr. Bor, boş goýmarys diýipdirler. Sizem iň bolmanda garawulçylygyny bir alyň. Kurort boljak bolsa gelim-gidimi köp bor. “Doňuzbatanyň” oýunda, täze berlen mellekden salnan jaýy göz öňüňe getirip gören bolsa gerek, Aknabat gözüni süzüp, birhowa dymdy. Onsoň birden dikeldi-de: - Guýusy başyny iýmişiň guýusyny başyna ýumraýaryn men. Birki bedre duz guýasam, nädäýersiň, beýleki guýulaň pohuça-da bolmasa, hymm - diýip, Gaýybyň hälinden bäri diýdirjek bolup duran sözlerini aýdyp goýberdi. Özem muny Gaýyba bakyp däl-de, göni Şirmyratlaryň işigine seredip, gaty-gaty gygyryp aýtdy. Onsoň Gaýyp: - Aý, bi mellegiňden göçesiň gelmeýän bolsa, bilmedim-dä, men näme diýeýin?! - diýip, haňk-huňk etdi-de, maslahat berýän äheňde şuny diýdi. – Ýöne näme etjek bolsaň, hiç kime görünmänjik edewer! Biri, göräýse, sen hökümede zyýan eden adam borsuň. - Men oňa zeýkeşiň suwuny guýmaga-da ýaltanman. Onsoň alymlaň atasy gelende nä. Hökümet bize zyýan etjek bolsa, bizem hökümede zyýan ederis, dek ýatmarys. Gaýyp gaýtmak bilen boldy. - Gaharyňa maňa bir gargyş edäýme, ýeňňe. Men bir gideýin. - Gyýw, dur entek - diýip, Aknabat ony saklajak boldy. - Aý, barybir pul bolmajak bolsa, näme işim, bar?! Men zerur pul tapmal-a. Gybat edip oturmaly däl-ä - diýip, Gaýyp ol ýerden zut gitdi. - Men ýene-de bir zad-a sorajakdym, gyz… Gyýw, dur-a! Gitdi-dä kellejigi kesilen - diýip, Aknabat onuň yzyndan gygyryp galdy. * * * Aknabadyň ýanyndan gaýdyşyna Gaýyp tamynyň kölegesinde orak dişäp oturan Daban ussanyňka sowuldy. Sowulmady-da, ony ussanyň özi çagyrdy. - Ýer-ow, Akyň ogly! Käte bir gümür-ýamyra gel-ä - diýip, ussa oňa oturara ýer görkezdi. - Meň-ä, Daban aga, dogrusy, gümür-ýamyra-da elim degenok. “Kel gyza är gaýgy” diýen ýaly biziňem öz aladamyz. Şu wagt Şirmyratlara baryp gaýtdym. Birki ýyllykda oňa biraz pul karz beripdim. Aydylýan gürrüňler çyn bolup, aýagyny sallap gidiberse, kim bilýä, soň ol haçan boşap geljek, haçan bergi berjek?! - diýip, Gaýyp ur-tut ýalan sözläp başlady. - Weý-weý, Akyň ogly, bi nähili gep boldy? Kim ol aýagyny sallap gitmeli? Şirmyratmy? - diýip, Daban ussa allaniçigsi boldy. - Ýa,walla, Daban aga,senem, indi menden gep aljak bolýaňmy? - Öwlüýä kessin, habarym ýok. - Goýsana, how, Daban aga, sen goňşusy bolup bilmedik bolýaň. Biz ony obaň o çetinde oturyp eşidýäs. - Ant iç diýseň, ynha, nan iýyän sannalymdan ant içeýin. Ynha, senden eşidip durşum. - Eşitmedik bolsaň, indi eşitdigiň bor-da. - A-how, ol öňňin öýlänem-ä şu seň oturan ýeriňde oturyp, çaý içip gitdi. - Şol wagt üns berdiňmi, saçy syrylgymydy? - Hawa, syrylgydy. Hä, näme? Şirmyrat bäş-alty günlükde “Ýaz çykdy. Kellämi şemalladaýyn” diýip, dellege saçyny aldyrypdy. - Saçy syrylan bolsa boldugy bor-da. Türmäň serteraşy saçyňy syransoň, arkaýyn gezermiň?! - Mundan çykd-ow bi. Asyl soňky gezek gelende birhili keýpsiz gördüm-le şony. - Keýpi bolmaz. Çagalaryny döküp, türmä gitjek adamda keýp nireden bolsun?! - Bäh, dogry şo… Türmä basylar ýaly näme iş etdikä o işigaýdan? - Kim bilýä? Şu wagt güýçli derňew-ä gidýämiş. Entek üsti açylsa, sizem sorag etmekleri mümkin. - Bizi sorag edip näme, biz oň eden işine şärik däl-ä - diýip, Daban ussa öňünden gaçyp ugrady. - Aý, indi şaýat hökmünde sorag etmekleri mümkindä. - Biz-ä şaýat bolmarys. Biz oň näme goparanyny näbileli. Öz eden günäsini özi çeker-le. - Hawa-la, özi çeker-le. - Baý, dek gezmegem ýaman kyn-ow. Ýeri, näme etdikä bi basylar ýaly? - Be-eý, Daban aga, algymy nädip alsamkam indi ondan? - Türmä şaýlanyp oturan adamdan algyňy hantama bolýan bolsaň, inim, seňem kelläň gaty düzüw däl. - Ozalynda karz bermeli däl ekenim. Ýeri, beýle işleň boljagyny men doňuz bolup, düýşürgäp bileýinmi? - Güýçli derňew gidýän bolsa, tirýek satyp bulaşandyr bi. Şeýledir, ine, gör-de duruber, meň diýenim dogry çykar. Äl-aýt, goňşusy bolup, şu çaka çenli zatdan habarsyz oturypdyrys… Öňküje günüňi özüne köp görendir o. Ýaňy özüni tutup, mesirgäp ugrapdy-da. Bulaň injigi mesligi götermeýä. Mesligi goýun götärmiş, goýnuň garasy, garaň garrysy, garryň hürrüsi diýýä - diýip. Daban ussa ýene birginden zatlar samyrdady. - Sen, how, Daban aga, birden Şirmyradyň ýanynda şu zatlary aýdaýma. Bilmedik bol - diýip, Gaýyp ýene bir emel etdi. - Meň aýdanymy aýdaýsaň, maňa ýaman uly zyýan edersiň. Men bir sag-aman algymy alaýyn. Onsoň näçe aýtsaň aýdyber. -A-how, Akyň ogly, seň aýdan gepiňi baryp, oňa ýelmär ýaly, meni nä heleýdir öýdýäňmi? - diýip, ussa gatyrgandy. Şondan soň Gaýyp Daban ussanyň ýanynda kän eglenmedi. Ondan-mundan gürrüň edip, tiz öýüne gaýtdy. * * * - Ýaňy şäherde ejeňi gördüm. Şähere çykan jigiň bar, Aýsenemmi şol, ana şolara barýan eken. Şu gün agşam bize-de geljek diýdi. Özem ýatymlyk. Gep salgydan seň bilen bir gürrüňjigem bar ýaly şoň - diýip, Gaýyp gelşine ýüzüniň ugruna Zylyhany-da aldady. - Bize-de baýramçylyga diýip iki günlik rugsat berdiler - diýibem sözüniň üstüni ýetirdi. Nesip bolsa, bu gün Zylyha Şirmyrada garaşmaz, ejesine garaşar. Şirmyrada-da gelmesin diýip, kimden iberýänem bolsa habar iberer. Büý-ä şeýle. Şirmyradyň guýusy bu wagta eýýäm zäk atylan ýaly bolandyr. Daban ussanyň aýaly Miwe ärinden gep alyp bilse-hä birki günläp Şirmyrada şo-da iş bor. Daban ussanyň bolsa içinde hiç mahal gep ýatmaz. Bu gün-ä, ynha, şeýdip geçer. Ertirem, garaz, bir alaç tapylar. Meselem “Ejeň düýn gelibilen däldir. Aýsenemlerde ýatandyr. Şu gün hökman geler” diýip, Zylyhany-ha ertirem boş gürrüňe daňaýmaly. Şirmyradyň, juda bolmasa, malynyň daşyna geçmeli bor-da. Jumadurdy ýaly tüýs ogurlyk üçin dörän, ömürboýy kişiň malyna göz dikip ýören zannyýaman ogrularyň ýanynda Şirmyradyň agyl doly dowaryndan söz açyp, ebeteýini tapaga-da, sepini bildirmän, gepgürrüň bilen bir emel edip bolsa… Ha-ha! Nädäýersiň Şirmyradyň ýadyna Zylyha düşmän, ogry-jümrüler bilen tut-da-bas bolup ýörse!.. Umuman söwesi şu hörpde alyp gitseň bolmazmy? Taňryň güni darydan köp bolsa, goý, bolubersin! Esasy zat dek ýatmaly däl. Hereketde bolmaly. Soňun saýan batyr bolmaz! Gaýyp soňuny saýmaýardy. Sentýabr, 1998. Mary. Kakamyrat Ataýew. | |
|
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |