ARMAN
Biş-düşe güýmenip ýören Näzli ýagşyň sesine diňşirgendi. Şobada ol ähli işlerini goýdy-da, usullyk bilen penjiräni açdy. Soňam topragyň öýe kürsäp uran hoşnut ysyndan ganmak üçin nebsewirlik bilen dem aldy. Ol ýagynly-ýagmyrly howanyň lezzetinden hiç haçan ganyp bilmezdi. Bu gezegem ol ownuklap ýagaýn ýagmyra, bu mährem ysa maýyl bolup durşuna, ähli aladasyny unutdy-da, hol alyslara nazaryny dikdi. Tyllaýy ýapraklaryny ýaňy döküp başlan daragtlary birsydyrgyn ýuwýan uşajyk damjalar oňa asman bilen zemini birleşdirýän sansyz hünji ýaly bolup göründi. Ol altyn güýzüň ilkinji ýagşynda tutuş tomsuň jokramasyny başdan geçirip, tebsiräp ýatan topraga hünji düzümleriniň ýeke-ýekeden gaçyşyny yzarlamak isledi. Ýöne çal bulutlardan gaýdýan ak hünjüler göz açyp ýumasy salymda zemine dökülýärdi-de, şobada-da siňip gidýärdi. Bu görnüş toprakdan göterilýän ysy asmana aralaşdyryp, zemin bilen arşyň arasyndaky bütewiligi ýene bir gezek äleme jar edýän ýalydy. Ol bu gözellikden ganmak üçin penjiräni has giňräk açdy-da, daşaryk boýnuny uzatdy. Şemala köwsarlap gelýän damjalar onuň ýüzüni ýuwdy. Şobada-da hol beýleräkde ýagyşa ezilmejek bolup, bagyň aşagynda gizlenen ýaşlarda onuň gözi eglendi. Biri-birine gysmyljyrap duran juwanlar, hoştap howa, sowuklaç damjalar onuň hyýallaryny alyslara alyp gitdi.
***
Şo gezek olar dükana diýip çykanlaryndan ýagyş çisňäp başlady. Muňa Näzliň göhi geldi.
- Aýjeren, men ýagyşly howany juda gowy görýän. Megerem, bü doglan ýylymyň balyk bolany üçin şeýledir. Ýagyş , onda-da güýz ýagşy dünýäni täzeleýä. Ine, häzirem edil şeýle. Göwnüme bolmasa, baglaryň ýapraklaryny tomusky kirşenden halas edýän damjalarda gudrat bar ýaly. Olaryň birsydyrgyn sepelenip, ýapraklaryň reňkini täzeleýşini synla ahyry.
- Ýörsene, ezilmänkäk, tizräk öýe gaýdaly. Dükana soň ýene bir gün gidäýeris. Zerur zadymyz ýok.
- Biz ýörite dükana diýip çykmadykmy näme? Çalaja çisňeýän ýagyşdan gorkup, yzyňa gitjekmi? Lemmer-lemmer bulutlardan syrygyp gaýdýan uşajyk damjalar ýere düşende olaryň zemin bilen edýän oýnuny içgin synla. Şonda sen olaryň topragyň ysyny asmana göterişini duýýarsyň. Bu eşreti taşlap, öýe howlugmaň näme?
- Näzli, men seň beýle-beýle pelpeseleriň kelläňe nireden gelýändigini bilemok. Ýagyş ýagyşdyr-da, ýagar, diňer.
- Ol şeýle. Ýagaram, diňerem. Ýöne onuň manysy toprak üçin bir başga, ynsan üçinem bir başga.
- Sen pelsepe otarýançaň, ýagyş çynyna tutdy. Ýör, tizräk bagyň aşagyna. Ýagyş azajyk kiparlaýança şol ýerde garaşaly. Dogrusy, men bulutsyz howany, açyk asmany halaýan. Munuň ýaly tutuksy howa ýüregimi gysdyrýa. Bulutsyz gijede ýyldyzlary synlamda göwnüm aram tapýar. Sansyz ýyldyzlar ýylpyldanda olar ylla asmanyň bakylyk mukamyny çalýan ýaly. Ana, gözellik diýip, şoňa diýseň.
– Olam gowudyr weli, şeýdip ýagmyr ýaganda süňňüň ýeňlän ýaly bolaýýar. Sen näme ony duýaňokmy? Howlamasana, azajyk gezeli, dükana-da soň gidäýeris.
Joralar ylgaşlap uly bagyň aşagyna baranlarynda iki sany daýaw pyýada-da şol ýerde ýagyşdan gizlenip durdylar. Olar gyzlary ilgeziklik bilen garşyladylar.
- Gyzlar, bärräk süýşüň, şü ýere ýagyş azrak damýa, ezilsegem, biz ezileli. Size bir zat bolmasyn.
- Beýle aladaçyl ýigitler nireden çykdy.
Aýjereniň gep atmasy olaryň dilini açdy.
- Bizi siz ýaly gözel gyzlar bilen duşurmak üçin ýagmyr ýörite ýagýa. Asmanam oňa puryja berýä.
– Hä, şeý diýsene, asmanyň ak ýagşyny bahanalap,biz bilen aňsatja tanyşaýarys öýdýäňizmi?
Näzli ara düşdi:
- Aýjeren, sanaşyp durmasa-na. Gowusy, ýuwşjadan ýöräli. Ezip barýan çabga ýok. Şü howadan köpräk dem alanyň nämä degmeýä.
Ýigitleriň ekabrragy dillendi:
- Gyzlar, siziň göwnüňize degjek bolmadyk, bagyşlaň. Dogrudanam iňňän ajaýyp howa. Ýörüň, biraz gezim edeliň.
- Aladaňyz üçin sag boluň. Biz öz başymyzy özümiz çarajak bolarys.
Gyzlardan soň, ýigitlerem bagyň aşagynda köp eglenmediler-de, garma-gara olaryň yzyna düşdüler. Ýigitleriň yzlaryndan galmajakdygyna gözi ýeten gyzlar çabgadan soň, diňjegini diňmejegini bilmän, çalajadan jybarlap ugran ýagşyň aşagynda esli gezelenç etdiler. Birsalymdan ýagyşam diňdi. Ýigitler gyzlar bilen deňleşdiler.
- Gyzlar, gatyrganmaweriň. Biziň siz bilen tanyşasymyzyň gelýäni hakykat. Özem hälki daragtyň astyndaky tötänleýin duşuşykdan soň, siz bilen bagrymyz badaşan ýaly bolaýdyk. Belki, bu-da Taňrynyň emri bilendir. Biz lukmançylyk institutynyň talyplary. Arman, Geldi.
Gyzlaryň ikisem birden dillendi:
- O nähili Armangeldi bolýaňyz?
- Nähili, hähili? Bu ýigit Arman, menem Geldi.
- Hä, şeýle diýsene. Ikiňizem armandamy onsoň.
- Ýok, Hudaýa şükür, heniz-ä armanda däl. Siz armana goýaýmasaňyz. Ýöne siz hakyky söýgini armana goýjak gyzlara çalym edeňzok.
- Biz üýtgeşikmi?
- Söýgiň gözi bilen seretseň, size taý geljek gyz ýok.
- Söýgiň gözi kör bolýamyş diýýäler.
- Şol-a biçem däl ýaly.
- Näme eýýäm gözden galaýdyňyzmy?
Gyzlaryň degişmesi ýigitleriň göwnünden turdy.Olar indi gyzlarden galar ýaly däldi. Dört bolup tirkeşip gelişlerine olar talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyna golaýlaşdylar. Näzli assyrynlyk bilen Armany synlap gelişine onuň gürrüňe kän bir gatyşbermevişini nämä ýorjagyny bilmedi. Oňa derek Geldi hezil edip, bir zatlary gürrüň berýärdi. Näzli Armanyň ýasama tutuksylygynyň aňyrsynda nähilidir bir syryň bardygyny duýdy. Ýöne ony aňşyryp bilmedi.
_ Arman, Geldi, bir sebäp bilen tanyşdyk, gowy zat. Geliň, indi hoşlaşalyň.
- Orta ýoldamy? Bul-a birhili bolýa.
- Birhilisi bolmaz, ýollaram edil şu günki ýagyşly howa ýaly. Olaram adamlary hem birikdirýä, hem aýrylyşdyrýa.
Gyzlar hoşlaşdylar-da çalt-çaltdan ýöräp gitdiler.
***
Näzliniň göwnüme bolmasa, ýaňky ýigide Arman ady ýönelige dakylmadyk ýaly göründi. Onuň syrly nazary gyzyň inini tikenekletdi. Daşyndan şadyýan görünmäge çalyşýan ýigidiň bolşy Näzlini pikir derýasyna gark etdi. Şol günden soň, Armanyň nurana keşbi, dup-dury nazary Näzliniň gözüniň öňünden gitmedi. Onuň Armany tapasy geldi. Ol bu hakda dil ýazdyranda Aýjeren ör-gökden geldi:
- A gyz, diýýäniň näme? Haýsy bir köçede gabatlaşanyňy gözlejek. Oglanlaň bize degesleri geldi. Bizi saldarlap gördüler. Diýenleri bolmandan soňam öz ýollaryna gitdiler.
- Sen düşün, Aýjeren. Men duýgy dünýäsine gark bolup, ondan haraý islämok. Ýöne adamda bilesigelijik diýen bir zadam bar. Onuň adynyň Armanlygynyň, gözlerindäki syrly boşlugyň sebäbini bilesim gelýä.
- Diýseňem kalbyňda dörän bir inçejik duýgy seni şol gözlege iterýä. Ýogsam onuň ady bilenem işiň bolmazdy, beýleki bilenem. Ýeri, onuň näme sebäpden Armandygyny bildiňem-dä. Onsoň näme?
- Hiç zat.
- Hiç zadyň dowamyny men bilýän.
Joralar gaýdyp bu gürrüňe dolanmadylar. Ýöne Näzli öňki endigine görä her gezek ýagyş ýaganda gezmäge çykýardy. Göwnüne bolmasa, ol şol daragtyň astynda Armana gabat gelýäjek ýalydy.
Ine-de, dünýäni duýga gaplaýan bahar howasy. Ýaz ýagşynyň astynda çalaja ädimläp barýan joralaryň ýoly ýene şol daragtyň üstünden düşdi. Geň ýeri bu gezegem gyzlar daragta goýlaberenden, çabga guýup başlady. Näzli bilen Aýjeren bagyň aşagyna baranladynda olar öz gözlerine ynanmajak boldular. Ol ýerde Arman bilen Geldi durdy. Ýigitler gyzlary görenden begençlerini gizlejegem bolmadylar.
- Gize duşuran şü uly daragta, hemem asmandan inýän ak ýagmyra alkyşymyzyň çägi ýok. Biz muňa örän şat. Ýöne bu gezek ýagyş diňýänçä şü bukuja ýerde garaşyp, tanyşlygy berkitmegi teklip edýäs. Neneň görýäňiz?
Aýjereniň Geldi bilen badabat sözi alyşdy. Näzli Armanyň togunýandygyny aňdy. Indi onuň gözlerinde öňki syrly bakyşdan nam-nyşan ýokdy. Oňa derek ýigidiň nazarynda mähir uçgunlary ýylpyldaýardy. Bilesigelijilikden ýaňa Näzliniň ýüregi böküp başlady. Ol usullyk bilen janyny barlady.
- Arman, sizden bir zat sorasam, gaty görmersiňizmi?
- Men eýýäm bilýän näme sorajakdygyňyzy. Meniň adymy ilkinji gezek eşidenleriň hemmesini şol bir sorag gyzykalandyrýar. Men ony gaýtalamany halamok. Ýöne siziň üçin ony müň gezek gaýtalamaly bolsa-da men razy.
Arman diline getirjek boilýan sözüni saldarlamak isleýän ýaly dymdy. Näzliniň özüne garaşyp durandygyny görübem ýuwduna-ýuwduna zordan gepledi:
- Geçen asyryň ýowuz neşe belasy bilen kesellän kakam men dünýä inmänkäm, şol ýowuzlyk sebäpli aradan çykypdyr. Iň soňky deminde-de ýaşamak isleýändigini, ýöne başgaça, ogla-gyza guwanyp ýaşasy gelýändigini aýdypdyr. Ilkije perzendini görüp bilmejegine juda gyýylypdyr. Soňam özi dünýäden gaýdandan soň, ogly bolsa, adyna Arman dakmagy ejemden haýyş edipdir. Kakam “Şu ýowuz bela zerarly durmuşyň hözirini, perzent mährini görüp bilmän, armanly gidenleriň iň soňkusy men bolaýyn” diýipdir. Ejem kakamyň wesýetini ýerde goýmandyr, ýöne ol muňa häli-häzire çenlem ökünip aňyrsyna çykyp bilenok. Her demde durmuşymyza apat bolup aralaşan, ynsan ömrüne palta urýan şol ýowuz belany ýatlaýar. Şoň üçinem ejem kämillige ýetemsoň, adymy üýtgetmegi maslahat berdi. Ýöne meň bü dünýäniň eşrertini görmän giden kakamyň armany, ejemiň guwanjy bolup ýaşasym gelýär. Şeýdibem kär saýlamaly bolamda, lukmançylyga höwes etdim. Ýaşlaryň bolar-bolgusyz endiklere özlerini aldyrmazlyklaryny isleýän. Onsoň çilim çekip duran ýigit görsemem, bolanok meňki.
Bu sözleri eşidenden, Näzliniň gözüniň öňünde çynar boýly dogany Batyr peýda boldy. Şol ýowuz bela zerarly onuň çeken derdini ýatlady. Doganynyň bu jahandan doýman, arman çekip, açyk giden gözleri onyň çaga kalbyna tagma salypdy. Ol häzir Armany köşeşdirmek üçin bir zatlar diýmelidigini bilse-de, dil ýarmaga mejaly çatmady.
***
Gapy açylandan penjireden kürsäp giren şemal Näzlini pikir derýasyndan alyp çykdy. Ol indi ynsan ömrüne dalaş eden bu nägehan ýowuzlygyň dep bolandygyna şükür etdi:
- Arman, gaty ýadamadyk bolsaň, birsellem gezim edeli-le. Öýde oturyp, halys ýadadym. Lukmanlar maňa açyk howada köpräk bol diýýäler.
- Ezilmesek bolýa, ýör, aýlaň-çaýlaň edäýeris.
Olar tirkeşip öýden çykanlaryndan ýagyş çynyrgatdy. Näzli bilen Arman saýawanyň aşagynda biri-birine gysmyljyrap baryşlaryna, şol birwagtky uly daragtyň aşagynda duran jübütleri höwes bilen synladylar. Ýaşlaryň bagyň astynda köpräk eglenmegini isleýän ýaly bolup, asmandan bat alyp gaýdýan uşajyk damjalar her gezek zemine galtaşanda böreň-böreň bolup ýatan suwuň üstünde üýtgeşik tans edýärdiler. Nur ýaly dup-dury damjalaryň bujagaz oýnunyň asman bilen zeminiň baky bitewiligini ynsanyň kalbyna guýmak isleýändigini ýüregi bilen duýan Näzli ýanýoldaşyna gysmyljyrady:
- Arman, oglumyzyň adyna näme dakarys?
- Sen henizem şony bileňokmy? Bizi duşuran, bagta ýetiren şü ýagmyrly gün. Elbetde, oglumyzyň ady Nurýagdy bor-da.
- Şol gün ýagyş ýagmasa näme?
- Seň aýdyşyň ýaly, asman bilen zemin bir bütewi zat bolsa, ynsan onuň ýüregi. Şoň üçinem şo gün hökman ýagyş ýagaýmaly.
- Onda tizräk öýe dolanaly, tiz kömegi çagyryber...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar