14:26 Наs Тürkmеn / Gоşgulаr | |
▶ RUBAGYLAR
Goşgular
Ertire ynamyñ bolsun dag deýin, Kalby päkize bol saryýag deýin. Nirede bolsañ-da öz başyñ çara, Özgäñ gepin çekme, tapsañ ýagdaýyn. * * * Dünýä çapyp barýan bedew mysaly, Bagtly ertesinde adam hyýaly. Ynsan ogly, ýagty dünýä geleñsoñ, Nur saçyp ýaşagyn Gün-u-Aý ýaly. * * * Köñülleñ guş deýin ganaty bolar, Bilbili bolmasa gyzyl gül solar. At-abraýdan mydam basgançak ýasap, Adam ýerde galmaz, belende galar. * * * Ynsan bolan ynsan mährine düşdi, Bir-birinden bähre aldy, bekeşdi. Meni kökerendir söýen ýarymyñ, Ýüregime çeken ýüregniñ keşbi. * * * Adamlar gezip ýör bir zady duýman, Kimler pula uýýar, özüne uýman. Akyl adam pikrin etmez baýlygyñ, Kämillige gider otyr eýmenmän. * * * Şahyr, gursagyñda bişirgin sözüñ, Görkez sen durmuşyñ owadan ýüzün. Haýsy gowy, hany, otur-da, oýlan, Çig-çarsy goşgumy, bir salkym üzüm. * * * Çopan mal sürýärkä uzakda-daşda, Ne peýda çalmarda, goşda. Bir-bire dahylly dünýäniñ zady, Ýazyñ ysy bardyr aýazly gyşda. * * * Aýralyk, duşuşyk, ony kim biler?! Ýar-ýara gowuşsa jana em biler. Dünýäñ ýoly birleşýändir dünýäde, Meniñ bar pikirim sende jemlener. * * * Adamzat kowmudyr bahasyz gymmat, Asman bilen zemin ýetirer hümmet. Sen alkyşly ýaşa, sogaply ýaşa, Saña ynam bilen garaýar kümmet. * * * Ýagşy söz sözleseñ ýetirler "häsin", Göremsoñ aýdýaryn adamlañ käsin. Hannas bolma gymmat geýim içinde, Ýüregiñe geýdir ynsap lybasyn. "Edebiýat we sungat" gazeti, 22.04.2005 ý. ▶ WATANYM Nesilleriñ iki dünýä penasy, Bakylygyñ binýadydyr Watanym. Hupbulwatanlaryñ dilde senasy, Sarzmazlygyñ dünýädedir, Watanym. Gözleriñ - güneşi, buýsanç seresi, Kalbymyzyñ ýagty saçýan çyrasy, Bitdi baknalygyñ salan ýarasy, Saña gulluk - aladadyr, Watanym. Ykbal bizi şat günlere getirdi, Türkmenbaşy adyñ arşa göterdi, Altyn asyr -Hak nuruna ýetirdi, Bagtly günler alnyñdadyr, Watanym. Owal türkmen yşky ~ Watany, halky, "Watan!" diýer dünýä gelende ilki, Ata-babalarymyzyñ müdimi mülki, Ruhy seniñ ýanyñdadyr, Watanym. ▶ GYZLAR Siz gyzlar - gözeller, juda görmegeý, Ýaş ýigitler daşyñyzda perwana. Siziñ syrly söýgiñize çolaşyp, Siller kimin başun urýar kenara. Ýigitler - bir balyk, gözleriñiz - tor, Mehistiñ jorasy - goluñyzda saz. Ýigitleri buz üstünde oýnadyp, Näzik kalbyñyzy eýleýäñiz ýaz. Ýüreklerni aýañyzda göterip, Bökdürip, nä derde salýañyz ony. Ýigit gursagyna bu gözel dünýäñ, Tükenmez yşkyny guýýñyz göni. Şonuñ üçin gursagymdan elmydam, Gaýnap duran söýgi çykýar joş urup. ...Bu gyzlañ kalbynda galsadyk baky, Şazadasy bolmaklygy başarypm ▶ BAGTYÑY SAÝLA! Men gözümi ýumýan, ýatlaýan her dem, Şeýdip, göz öñüme getirýän seni. Emma seniñ biparhlygyñ, eý, aman, Äwmezligiñ bilen gynaýañ meni. Durmuş ýoly süýşüp gelýär gaşyña, Bu jahana kalbyñ bilen göz aýla. Belki-de, görersiñ meniñ keşbimi, Sen gözüñi ýum-da, bagtyñy saýla! "Edebiýat we sungat" gazeti, 06.05.2005 ý. ▶ BADALGA Göwnüm ~ kitabyñ telwasy, Nazarym salsam her ýana. Yzlap gadym dessanlary, Gidesim gelýär Eýrana. "Dynjyñy al, guzym!" diýip, Alada edýär enemem. Göwnüm diýýär: "Gijelerde, Gowudyr meñ eglenenim". Bagtly men Pyragy bilen, Emräñ sözünden tagatly. Gündogaryñ pähiminden Galkýan, Çynar deý syratly. Geçerin öz baýlygymdan, Bu baýlykdan geçip bilmen. Ussatlarsyz, ak patasyz, Belentlere uçup bilmen. ▶ UMYT Işläp ýörün pul üçin däl, il üçin, Ähli höwesimiñ özünden galyp. Il şatlygy üçin eden arwuwlam Erkime goýmaýar gursagma dolup. Bilýän, bir zat aýaklarmy baglaýar, Ýöne bu duzakdan sypyp bilemok. Bişip şahasyndan tänjek almany Näçe kösensem-de gapyp bilemok. Wepa geçer gider kynçylyklardan, Umydym bar ertä, niýetim gözel. Heý ýetmedik barmy arzuw-hyýala, Sebäp ynam gaýrat berýändir ozal. ▶ DIRILIK Ýigit gitdi bu gün gözlerin ýumup, Agzyn açyp duran ýeriñ goýnuna. Ýeri, kim düşmeýär duýdansyz gezip, Kement atan şum pelegiñ oýnuna?! Ol ýatyr topragy ýassanyp rahat, Gapdalynda bolsa eñreýär biri. Ol Zemin üstünde tapanok takat, Merhumyñ ýanynda bolsa-da diri. Samraýar, Söz gatýar gubura garap, Seda çykmagyny isläp gabyrdan. Ah, elenip gidýär ýeriñ jümmüşi, Bu topragyñ ýüki ýetik jebirden. Merhum geplemeýär, Guburlar dymýar, Seda bolmaz sowalyñda, sözüñde. Ölen öldi, emma oña janly keşbi Ýaşap ýör diriniñ doñan gözüñde. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 01.06.2007 ý. ▶ AÝDERÄM MENIÑ Çar ýanyñda belent daglar görünýär, Behiştden bir parça, Aýderäm meniñ. Añryñda gözýetmez baglar görünýär, Dürli miwelere, baý deräm meniñ. Asyrlar boý alan çynary, hozy, Meger Magtymgulyñ düşendir gözi, Goşgularyñ gatbar bendi deý özi, Däli könüllere jaý deräm meniñ. Öz ykbalyn tebigata aldyran, Bu mekanyñ şan-şöhratyn galdyran, Gadym Babyl şasy Şetdat saldyran, Erem baglaryna taý deräm meniñ. Sowuk çeşmeleri ~ Köwseriñ suwy, Gözelleri ~ şol çeşmäniñ ak guwy, Waspyn etsem bolar mundanam gowy, Aklyma sygmajak oý deräm meniñ. Sende gezen wagtym göwnüm çaglydyr, Arkamda daglar bar, ýürek çogludyr, Sañ ömürboýy örküm baglydyr, Ajap ykbalyma taý deräm meniñ. ▶ SÖÝGI Bilmen, lezzetmi ýa azap berdiñmi, Aşyk ýürekleriñ dermany söýgi?! Eýse sen nä menden güzap gördüñmi, Maña berdiñ soñsuz armany söýgi?! Bu goşgy ahmyr däl, däl bu gybat-da, Söýgi kalbyñ içre durmaz nobatda, Meniñ baş şygarym aýny sagatda, Gowuşsam, şol Hakyñ permany söýgi. Käte umyt üzdüm, käte dert çekdim, Söýgiñ synagyna dözen gerçekdir, Namart däl men, herne gelse mert çekdim, Ykbalyma çaýdym dür many, söýgi. Ýüregim sözlese ýuwaş ses bilen, Tanar iller bada yşkyñ esgerin, Bu belent yşk işi däldir pesleriñ, Kalbymyñ owazy - şirwany söýgi. * * * Ýene-de men sensiz, ýene aýralyk, Men gury läş-jeset senden aýrylyp. Tenimde ruh ~ hereketden dynanok, Ruh ~ bu sensiñ, sen gitseñ-de synanok. Sen gidersiñ, maña galar ýüregiñ, "Sen-sen" diýer tutuş durkum-düýrmegim. Sen gidersiñ, maña aýdan sözleriñ Mende galar balkyldadyp gözleriñ. Sen gidersiñ, menem galaryn sensiz, Ýok, sensiz däl, özüm galaryn mensiz. Özümi unudyp, ýaşaryn senli, Çünki men hiç bir zat bir saña çenli. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 17.08.2007 ý ▶ ÖZÜÑ DÄLMI? Özüñ dälmi näme gaşlaryñ kakyp, Meniñ gözlerimi bendiwan kylan?! Indi bu gün näme ýaşlaryñ döküp, Gelipsiñ, eliñde bir diwan bilen?! Özüñ dälmi näme gujagyñ açyp, Meni yşk mülküne soltan eýlegen?! Dideden ~ nur, leblerinden dür saçyp, Söz içinden söz dürüni saýlagan. Özüñ dälmi näme, Sen dälmi näme, Özüm üçin unutdyran bar zady?! Daglaryñ ýüzüne ýazdym yşkymy, Özüme ruhy dost saýyp Perhady. Indi bu gün näme ýaşlaryñ döküp, Gelipsiñ eliñde bir diwan bilen?! Bir sagyña, bir-de çepiñe bakyp, Düşýäñ yşk diýilýän merdiwan bilen. Özüñ dälmi näme, Sen dälmi näme? Gülüp giden bagtyñ ak dañyn berip?! ...Boşap galan yşk mülküniñ içinde, Ýalñyz özüm galdym ellerim serip. ▶ GÖRDÜM Arzym aýdar bolsam, ol galam gaşa, Bu jahany ikimize dar gördüm. Nätjek, yşk sataşdy göçgünli başa, Düýşümde-huşumda diñe ýar gördüm. Diýdiler: "Däli bu, tüýs bir diwana", Ýürek owaz kyldy, ot berdi jana. Kamatyn synladym men ine-gana, Gözlerinde jadylaýan nar gördüm. Synladym zemini, synladym arşy, Deñ däl Ýaradanyñ akyl, görk berşi. Göwnüme ýarapdyr oturşy-turşy, Jemalynda edep-ekram ~ bar gördüm. Islänine "Ýok!" diýip men Iblisiñ, Imana çalyşdym seni, bak, nebsim! Mydam otsa geçer ömri Kaknusyñ, Dünýäni ~ ot, ýar alkymyn gar gördüm. "Ýar, ýar!" diýip ýara bakdy nazarym, Ýarsyz munda neneñ-niçik gezerin?! Goja dünýä tapdy bu gün ýazaryn, Dilde ~ şirin dessan, elde tar gördüm. "Edebiýat we sungat" gazeti, 07.12.2007 ýyl. ▶ BAKY SÖÝGI Sen - söýgim, Sen - yşkym, Sen - meniñ dünýäm, Sensiñ meniñ zemindäki behişdim. Sensiñ on üçünji gerekli synam, Şoñ üçin men seniñ yşkyña düşdüm. Sen - meniñ gözümden uzaýan ýollar, Sen - meniñ ýüregmiñ gan damarlary. Meñ ýüregim saña sary at salýar, Maña dyñzap durka synañ narlary. Señ sadaja bakyşlaryñ, görsene, Belent asmanda-da hyjuw döretdi. Seniñ näzli gözleriñden nur alyp, Meger, Tañrym bu söýgini ýaratdy. Sende nur bar, Eziz Allañ nury bar, Ýanar, ýüregimde öçmez hiç haçan. Meñ asmanyñ Güni bilen işim ýok, Söýgim Güneş bolup mydam nur saçar. ▶ ÖZÜÑSIÑ Bagt isläp menden düşdüñ alysa, Ýanyñdaky göwün hoşum özüñsiñ. Aýdabilmen syrym ile-ulusa, Depämdäki bagt guşum özüñsiñ. Görerinmi arşa galyp her ýana, Nagra tartsam, älem gelse lerzana, Kim özüni saýsa danyşment-dana, Şuny bilsin, akyl-huşum özüñsiñ. Gitdiñ hat-habar ýok, gelmedi kelam, Men bolsa gaýypdan iberýän salam, Meni suwdan alyp otlara salýan, Hut ýeke-täk ýylgyryşyñ özüñsiñ. Aşyk kalby sözün sözlese erkin, Lebiñdäki gant-balyñy ezen kim?! Eger-de ýüz ýaşa baglansa örküm, Meniñ şol ýaşajak ýaşym özüñsiñ. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 25.01.2008 ý. ▶ ÖMÜR ÝOLY Gül ömrüñ geçip gidensoñ, Öküneniñ haýry näme?! Eý, köñlüm! Heniz gedem sen, Oýlan, hossar-saýry näme?! Diýdiler: "Durmuş ~ ýaryşdyr, Utulmaklyk ýaman işdir". Öz sözüm bar ~ şol ýeñişdir! Başga bagt barmy näme?! Kalba ýakyn saz görünýär, Ýar gözüne näz görünýär, Kime dünýä az görünýär, Bu giñ jahan darmy näme?! Ruhum belent hem pes pälim, Barýan ýolum mese-mälim. Aşyklyk ~ meniñ ykbalym, Ýogsa söýmek kärmi näme?! Çykdym seni gözlemäge, Hetdim ýokdur gizlemäge, Bildigimden sözlemäge, Juda beýle irmi näme?! ▶ ÝAŞLYK Geçip barýar ýaşlygym, Gör, onda nämeler ýok?!. Ýanyp dur-la yşky söz, Manydan namalar ýok. Joşup ömür ýazyma, Ser çekip owazyma, Bu dünýäniñ özüne, Göwnümde kineler ýok. Gözlerim bar garajak, Kim bar maña ýarajak?! Çowly zülpi darajak, Elimde şanalar ýok. Her kimiñ bir hyýaly, Meniñ ýolum ~ yşk ýoly. Ýar kalba seper ýaly, Şygrymda däneler ýok. ▶ BAGT Ykbal bizi bir-birege ýetirer, Joş alýaryn, gülüm, ýaşlyk badyndan. Dowzahyñ odundan Tañrym gutarar, Halas et sen meni, yşkyñ odundan. Diñe oñat zady gözle durmuşdan, Aýralyk hakynda pikir öwürme! Ne peýda bar munda gury "myş-myşdan", Söýgiñ bilen gözellik çaý ömrüñe. Gulak salsañ özgäñ ýyly sözüne, Ýeke-ýalñyz galjagyñy ýada sal. Durmuşda täk maksat tutsañ özüñe, Geýjegiñ ýüpekdir, iýjegiñ asal. Asyllylyk ýaşlygyña görk bersin, Kämil gözelligiñ nur çaýsyn dünýä. Ikimize hiç synmajak erk bersin, Halha, gözýetimden Bagt görünýä! "Edebiýat we Sungat" gazeti, 29.02.2008 ý. ▶ BORÇ Ykbal maña Watan berdi, Bir gaýratly ata berdi. Bir päkize ene berdi, Hem bir çümmük akyl berdi. Ykbal maña wyždan berdi, Tämizligi gözüm gördi... Ykbal maña bagt berdi, Hudaýymdan ýalkandym men. Prezidentiñ paýhasynda, Watan kimin galkyndym men. Esgermi sen, Şahyrmy sen, Parhy ýok, jana dözmeli. Bagtymyzy zer topraga, Diñe yşk bilen ýazmaly! ▶ DOGAN Aknur Rozyýewa Şu gün bildim: Dogan bolmaklyk üçin, Süýt emişmek hökmanam däl ekeni. Parhy ýok, Şahyrlar nirde bolsa-da, Bir monjuga düzlen ykbal ekeni. Şu gün bildim: Dogan bolmaklyk üçin, Gerek eken mähir bolup ýagmaklyk. Doganlyga dowamatlyk ömürdir, Bir-biregiñ ýüregine sygmaklyk. Biz bu ýoly dogan bolup başladyk, Diýmek, dogan bolup gitmeli öñe. Biziñ bilen gidip biler bu ýolda, Bize dogan bolup goşulan diñe! ▶ ÝAGŞY NIÝET Päklik amalyny kylan ynsanyñ, Jogaby bar, ýöne sowaly ýokdur. Ynsan bolup doglan bir gury sanyñ, Ömürboýy zerre sogaby ýokdur. Ömür bar, Ömür bar, Parhly ömür bar, Käbir ýüreklerde kir bar, kömür bar. Ýamana dünýäde şeýle emir bar: Öz pälinden başga azaby ýokdur. Elmydama ýürek dolsa senadan, Adam ogly yrak bolar günäden. Köñülleriñ mährin alsa dünýäden, Ömürleñ ömüre güzaby ýokdur. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 26.09.2008 ý. [img]http://kitapcy.com/_nw/12/32029434.jpg[/img | |
|
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Syzla / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||