18:36 Aýdylan söz | |
AÝDYLAN SÖZ
Goşgular
Aýdylan söz-käte naýza bolÿandyr, Iññe batan ÿaly batýar kükrege. Aýdylan söz-mähir bolûar käteler, Enäñ mähri ýaly siñýär ýürege. Düşünene uly hazynadyr söz, Düşünmeze paý berilmeÿär ondan. Onuñ hikmetinden, onuñ güýjünden, Diñe geçen ganÿar akyl ýolundan. Söz-ýürekden dömen syrly söýgüdir, Näzik duÿgularyñ gulply sandygy. Söz-şeýlebir güýçdir, bir şonuñ bilen, Bagra basyp bolýar uly barlygy. Her aÿdylan sözde uly jady bar, Düşüneni jadygöý deÿ jadylar. Ussatlaryñ sözi bilen aýdañda: "Her bir sözüñ añyrsyna syn etseñ, Ýaşalmadyk ömürleriñ ady bar" Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |