05:59 Bäbek / hekaýa | |
BÄBEK
Hekaýalar
Hekaýa Ir bilen ukudan oýanyp, gözümi açyp seretsem, men öz öýümizde däl-de, başga bir ýerde ýatan ekenim. Töweregimde hiç kim ýok. Gorkyma: – Eje-e! – diýip, aglamaga başladym. Sesime kakamyň şäherde ýaşaýan aýal dogany Keýik ejem ylgap geldi. Diýmek, men olaryň öýünde ýatan ekenim. Ýöne nämüçin? Öten agşam öz öýümizde, ejem bilen kakamyň ýanynda ýatyrdym ahyryn. – Hany ejem? Ejem nirde? Eje-e! – diýip, men çarbaýlyk edip gygyrdym. Keýik ejem ýylgyryp: – Goý sesiňi! Sen-ä aglak gyz ekeniň. Ejeň saňa kiçijik bäbek almaga gitdi – diýip, meni köşeşdirdi. Bu gürrüňiň çyn bolmagy gaty mümkindi. Sebäbi ejem häli-şindi meň bilen “Saňa oglan jigi gerekmi, gyz jigi? Ynha, basym bäbejik almaga gitjek” diýen ýaly gürrüňler edýärdi. Men: “Oglan jigi gerek, oglan bäbejik getir! Haçan äkelersiň?” diýip, bökjeklärdim. Ejemem: “Azajyk howlukma. Getirerin. Onsoň sen jigiňi aglatmanjyk oýnarmyň? Sallançagyny üwrärmiň?” diýip, başymy sypaýardy. Menem: “Howwa, howwa” diýip, jogap bererdim. – Hany onda kakam nirde? – diýip, men göz ýaşymy süpürip, agy arasynda Keýik ejemden soradym. – Kakaňam ejeň bilen bile gitdi. Goý, hany! Aglasaň, bäbek getirmezler. Şo bada sesimi goýdum. Sebäbi ejemiň oglan jigi getirmegini bar zatdan beter isleýärdim. Bu höwes meniň arzuwlarymyň çürbaşydy. Keýik ejem süýde çörek dograp maňa iýdirensoň, penjireden garap durşuna: – Ana, kakaň gelýär! Ana! Bar öňünden çyk! – diýdi. Men gapydan atylyp çykdym-da: – Kaka-a! – diýip, köçä garşy okduryldym. Kakam meni görüp aýak çekdi, aşak oturdy. Ylgap baryp, onuň gujagyna doldum. Kakam meniň ýaňaklarymdan öpüp: – Ogul jigiň boldy, gyzym! Bar, Keýik ejeňe buşla! – diýdi. Yzyma ýelk ýasadym. Ylgap barşyma: – Ogul jigim boldy, Keýik eje, buşluk! Ejem oglan bäbejik getirýä! – diýip, köçäni ýaňlandyryp gygyrdym. Biraz wagtdan kakam meni bäbek berilýän ýere – ejemiň ýanyna alyp gitdi. Ýolda men: – Kaka, bäbegi kim berýär? – diýip soradym. – Hudaý – diýip, ol jogap berdi. – Ejem menem kiçijik bäbejikkäm Hudaýdan aldymy? – Howwa. – Hudaýyň bäbegi känmi? – Gaty kän. – Hiç gutarmaýarmy? – Ýok, gyzym, hiç wagt gutarmaýar. – Hudaý nirden alýar bäbekleri? – Özi ýasaýar. – Ol güýçlimi? – Howwa. Gaty güýçli. – Onsoň kime bäbek gerek bolsa barybermelimi? – Howwa. – Kim barsa berýämi? – Ýok, gyzym, gezekli-gezegine barmaly. Kakam meniň elimden tutup, uly ak jaýyň gapysyndan ätledi. Giren ýerimizde ak ýektaýly bir aýal kakama ýüzlenip: – Geleniňiz gowy bolaýdy. Siz gyssagly lukmanyň ýanyna barmaly. Ýörüň, men sizi elteýin – diýdi. Kakam ikimiz onuň yzyna düşüp, bir otagyň gapysyndan girdik. Bizi çal saçly, äýnekli, ak ýektaýly lukman garşy aldy. Ol kakam bilen salamlaşyp: – Şu wagt habar edeli diýip durduk. O bäbejigiňiz-ä bolmady. Alyp galyp bilmedik. Elimizden gelenini etdik. Hezil bermedi-dä – diýdi. Lukmanyň sözlerinden many alyp bilmedim. Gözümi tegeläp, kakamyň ýüzüne seretdim. Düşnükliräk bir zat diýerine garaşdym. Kakam ýüzüni agardyp, gepläbilmän dymyp durdy. – Başyňyz ýaş. Gaýrat ediň! Öwez ogluny bersin! Ýene kakamyň ýüzüne seretdim. O bolsa ýuwdunyp, ses-selemsiz biraz duransoň, çalaja: – Taňryýalkasyn! – diýdi. – Men häzir hat-peteklerini taýynlaýyn – diýip, lukman stolunyň üstündäki kagyzlary agdaryşdyryp durşuna hümürdedi. – Gynanma. Berýänem Hudaý, alaýanam. Nätjek-dä? Etjek alajyň ýok. Şu ýerde men nämäň nämedigine düşündim. Hudaý ejeme beren oglan bäbejigini yzyna alypdyr. Aldymyka? Nämüçin? Ony ejemiň özüniň berip goýbermejegi düşnükli zad-a! Men howsala düşüp: – Hudaý ogul jigimi yzyna aldymy, kaka? Hä? Aýdaý! Aldymy? – diýip soradym. Kakamyň gözlerinde ýaş göründi, dodaklary tirpildedi, özüne zor salyp, boguk ses bilen: – Ýör, gyzym jan... Hany, eliňi ber... Keýik ejeňi çagyraly – diýdi. Daş çykyp barýarkak men aglamjyrap: – Kaka, aldymy diýýän. Hä? Nämüçin aldy? – diýip gygyrdym. Ol menden göz ýaşyny gizläp, sandyrawuk ses bilen: – Bilmedim, gyzym, bilmedim-dä – diýip, iki egninden demini aldy. Şundan soň oglan jigijigimi Hudaýyň yzyna alandygyna hiç hili şübhäm galmady. Ýüregim ýarylan ýaly, elde-aýakda durman, uly-ilim bilen agladym. Daş işikde telefonyny çykaryp, kimdir birine jaň etjek bolup, ber-başagaý aljyrap duran kakamyň elinden aslyşyp, silteläp gygyrdym: – Kaka-a! Berme jigimi! Beräýme! Hudaýyň bäbegi köp diýdiň-ä. Biziňkini alma diýäý! Diýä-äý! Aňyrdan yrgyldap gelýän eli düwünçekli garryja aýal bizi ýanymyzda sägindi-de, kakama ýüzlenip: – Häk-ge-eý! Bäbejigiňiz nemedäýdimi? Hä? Haçan? Ýaňymy? Wah-wah-h... Öwez ogluny bersin-dä Hudaýym! Ejesi bir oňatmy? He-e, bolýa... – diýdi. Soň düwünçekli elini maňa garşy salgady: – Bujagazyň ýürejigi süýşmez ýaly, nemedäýmeli ekeniň, öýüňe ugradaýmaly ekeniň. Kakam meni köşeşdirmek üçin elde baryny etse-de, çyrlap-çyrlap, şol agladym oturdym. Biraz wagtdan Keýik ejem geldi. Ol gözüniň ýaşyny sylyp: – Wah-eý! Bolmadymy? Azapjygy ýerine gowuşmadymy? Neressejig-eý... Öwez ogluny bersin! – diýip, hamsykdy. Kakam çalarak baş atdy-da: – Ejesi galynýança gaýrat edip, özüň göz-gulak bolaweri! – diýdi. Keýik ejem haýyma-maýyma bakman, meni goltugyna aldy. – Gitdim. Hat-petegini düzedendirler. Wagt ýitirmän, oba gideýin. Bu gün ýerlemeli bolar – diýip, kakam Güne seretdi-de, ýaňky çykan gapymyza tarap ýöräp ugrady. – Kaka! – diýip, aglap-eňräp, ony sakladym. Kakam aýak çekdi. Men agy arasy bilen şu sözleri dilime getirdim: – Kaka! Jigimi Hudaýa berip goýbermäý-dä! Aýdaý! Alma diýäý! Ýalbaraý, kaka! Ýalbarsaň, almaz. Bäbegi köp-ä Hudaýyň. Özi ýasaýa diýýäň-ä! Kakam kynlyk bilen: – Bor, gyzym – diýdi. Şundan soň agymy kesip, azajyk köşeşdim. Emma “Bor” diýip gidenem bolsa, kakamyň sustlanyp, başyny aşak salyp, öňküsinden kiçelen hem yraň atyp barýan göwresini synlap, onuň oglan jigimi Hudaýa berip goýbermejekdigine ynamym gaçdy. Göwnüme bolmasa, ol: “Gyzym jan, Hudaý-a ogul jigiňi bermedi, men-ä alyp bilmedim” diýip, biraz wagtdan elini serip, boş geläýjek ýalydy. Häzir ol meniň gözüme jigim baradaky islegimi bitirerden ejiz bolup göründi. Onuň halyna nebsim agyryp, ýüregim gyýyldy. Eger kakam bilen bile barsak, dilesek, ýalbarsak, Hudaý jigimi bize berer. Hökman berer. Bermejegem bolsa, men düşündirerin, aglaryn, tä jigimi berip goýberýänçä sesimi goýmaryn. Şu ýerde men Keýik ejemiň elinden sypyp gaçdym-da: – Kaka-a! Duraý, kaka! Menem seň bilen gitjek! – diýip, gygyryp, kakamyň yzyndan ylgadym. 6-njy awgust, 2015-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |