17:32 Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny | |
10. Çarhy-pelegiň oýny
Powestler
«Yzymda bilbilim galdy» Gurbanmämmet serdar. 1916-1919-njy ýyllarda Hywanyň hany. * * * Nazar baga öz ykbalynyň gaty çylşyrymly döwre gabat gelendigini duýdy. Hywa ili ýaňy edebe, tertibe geldi. Ähli ýerde öz hanyň hossarlygy, howandarlygy duýlup başlady diýlen mahalam bolşewik, menşewik sarsgyny jahana ýaň salyp başlady. Indi ata-baba ynançlar, dyn, dessurlar üýtgejekmiş diýen gürrüňler ýaýrap başlady. Türkmeniň «Süri yzyna gaýdanda agsagy öňe düşer» diýenine meňzeşräk ýagdaýlar bolup başlady. Nirede özüni, maşgalasyny oňarman, ýörenler indi iliň öňüne düşüp başlady. Hywa iline indi iki ýyl bäri han bolup ýören Gurbamämmet serdar barja goş golamyny alyp, baryp Baleýşimiň bäri töwereklerine, «Balyly» guýusynyň başyna çekildi. Il-gün şondan soň, ýagny Gurbanmämmet serdar ýaly berk hany ilinden-gününden tezdirýän bolsa, bolşewigiň zarbynyň ýöne-möne däldigine düşünip başlady. Indi adamlar bolşewigiň ýoluna ýan berip, onuň diýeni bilen bolup başladylar. Ýöne mahal-mahal Gurbanmämmet serdaryň hem bardygy, onuň öz guran dessuryna eýe bolanlar bilen hiç haçan ylalaşmajakdygy duýulýardy. Ýöne, indi ilde berk hanyň, onuň düzgün nyzamynyň ýokdugy ýagşy duýulýardy. Ogrular, orramsylar, bulagaýlar, hansumaklar, öň handan çekinip bulagaýlyk salyp bilmän ýörenler bilniksizrägem bolsa baş göteripdi. Ogurlyk, talaňçylyk, eden-etdilik, zorluk, zulum depä çykypdy. Bu bulagaýlyklaryň baryny bolşewikler, şol ýola düşenler Gurbanmämmet serdaryň ady bilen baglanyşdyrýardylar. Şol döwürlerde sada halkda Gurbanmämmet serdara, onuň nökerlerine şeýle bir uly ýigrenç döräpdi. Asyl, halk indi başy telpekli, atly adam görseler, gözlerinde oky bolsa, şol pursat atmaga taýýardy. Şeýle günleriň birinde agşamara Nazar baganyň işigine iki atly gelip saklandy. Nazar baga olary gadyr bilen garşylady. – Ýigitler, geliň, geçiň, Içerden oturyň! – Ýak – diýip, atyň üstünde edil bir şetdat ýaly bolup oturan nazarkerde ýigit aýtdy. – Biz gyssanmaç. Han dädem silleri çagyryp du-u. Bejit, çalt gelsin diýdi. . Nazar baga baş atdy. – Men derrew şaýymy tutaýyn! Olar ýola düşdüler. Şol sürüp oturyşlaryna Gün guşluga galanda birinji saklawa ýetdiler. Şondan soň, ýene iki saklawdan geçip, Gün ikindä aýlananda «Balykly» diýen guýynyň başyna baryp düşdüler. Bu gün «Balykla» gelen del adamlary bu ýerdäki tutuş kowçum garşy aldy. Nazaryň çakyna görä, bu ýerde Gurbanmämmet serdaryň nökerlerinden başga-da, onuň garyndaş-doganlary, hany özüne hossar tutunan adamlar, hanyň öz maşgalasy, aý, garaz bäş- alty ýüz, asyl, bir toýlug-a, aňry ýany bilen märeke bardy. Bagşynyň atyny tutup, ony gyjakçysy bilen daşyny gallap, alty ganat ak öýe eltdiler. Olar çaý-nahar edinensoňlar, aýdym-saza başlamak buýruldy. Nazar baga indi ýüňi ýeten bagşy bolup ýetişipdi. Ol Sary bagşydan başlap. Jikge bagşa çenli barynyň märekede özüňi nähili alyp barmalydygy baradaky mekdebe öwrülen öwüt ündewlerini janyna siňdiripdi. Onuň özem, indi, şol diýleni edip ýörmeli tüntäwem däldi. Indi onuň öz pähim mekdebi, tejribe ýörelgesi, synag ýüki ýeterlik bolupdy. Häzirem ol bu aýdym-saz söhbetiniň kiçi-girim bolmajagyna düşündi. Bu märekä her näçe aýdymyň-sazyň, söhbetiň olsa eçilibilseň, tomaşaçyň bol boljakdy. Özem bu adamlaryň bu günde, ertede howlugýan, gitjek ýerleri ýokdy. Olar bu gülük, ertelik geljek ýerlerine gelip düşüpdiler. Indi bu adamlaryň ýekeje aladasy bardy. Olam kimiň öň diňlän, kimiň hiç haçan diňläp görmedik, ady-owazasy ile ýaýran bagşyny diňläp, onuň şirin aýdymlary bilen mährini gandyrmakdy. Bagşy orta geçdi. Ol alty ganat ak öýüň içinde, işikde, öýüň daşynda ornaşan adamlaryň ýuwaşja hümürdisini eşidip durdy. Şonuň üçin pessaýja ses bilen «Düýşümde bir bilbil gördüm-e» başlady. Şondan soňam ep-esli wagtlap muhannesden çykman aýtdy. Ahyr soňunda bagşynyň içindäki nägehan burlup, urunup başlady. Ol «Näme beýle uzaga çekdiň, goýber meniň jylawymy !»diýýän ýaly, bagşyny birküç sapar erbet silkip aldy. Bagşy üzeňňä galdy. Ol «Häzirbegjana» tutdurdy. Şondan soňam «Meýlis halan», «Gazak topan», «Köne tam», «Gaýyp sakar», «Şirin-şeker», «Saryk durna», «Hüwjan», «Durna», «Nowaýy», «Şiraly», «Peşrew Yşboý», «Agaçdandyr», «Nätilär», «Haýyt ýykan», «Bugdaýly», «Sonam gelmedi», «Garadäli», «Kelezaw», «Döwletýar kyrk», «Gaýyp sakar», «Toýa geldiňmi», Ak eşekli», «Balaň geldi», «Ýandym gyryk», «Hojamguly teke», «Ak maýa gerek», «Meşrep», «Hajy golak», «Alagaýyşly», «Jelil» «Nowgül», «Ýandym», «Gelemen»...diýip, gijäniň bir wagtyna çenli aýdyp, ýaňy birinji derini syryp, ýakynyndaky ýigitlere biliniň guşagyny çekdiren mahaly içdäki-daşdaky märeke birden dargady-da, salym geçmänkä Gurbanmämmet serdar ogullaryny yzyna tirkäp ak öýe girdi. Nazar bagşa ýüzüniň derini syryp durşuna, baş egip, edep bilen ýerinden turdy-da, salam berdi. – Essalowmaleýkim, Han däde! Gurbamämmet serdar aladaly ýylgyrdy. – Aleýik essalam, otur bagşy. Dik durma. Hany, sen deriňi sowutma-da, dessana başlaber. Bagşy Gurbanmämmet serdaryň göwnüni soran ýaly: – Han dädemiziň göwni haýsy dessany islese baş üstüne. Gurbanmämmet serdar agyr ýüzüni galdyrdy. – Sapar jan , sen şu sapar öz halanyňy aýtsan-a – diýdi. Nazar baga «Hüýrlukga-Hemra» tutduryp başlady. Gurbanmämmet serdar öň bu dessany diňlänem bolsa, ony Nazar bagşynyň aýtmagynda birinji sapar diňleýärdi. Bagşy joşgünyň çür başyna ýetiberende Gurbanmämmet serdar oturyp bilmedi. – Hany, dur-la, Nazar jan! – Ol töweregine garady. –Beýle şirinden beýik dessany ýeke diňlemäliň. Galdyryň öýüň gamyşyny! Hä diýmän öýüň gamyşyny galdyrdylar. Topbak-topbak bolup onda-munda aýdym diňläp oturan nokerleri, il-güni golaýa çagyrdylar. – Indi Sapar jan, näme gaýratyň bolsa dök orta! Nazar baga ömründe ilkinji gezek tä çarhy pelegiň depesine çykýança elenip, elenip, bozlap, bagyryp, ýerler depip, tamdyrasyny zyňyp-gapyp, aglap, hem agladyp, gülüp, hem güldürip, şeýle bir aýdym aýtdy welin, märeke-hä däl, Gurbanmämmet serdaryň özem bu görlüp-eşidilmedik keramata «elhepuslar» aýdyberdi. Dessan Gün guşluga galanda tamam boldy. Gurbanmämmet serdar namazyna gidip, ýene öwrülip gelip, tä dessan ahyr bolýança diňledi. Ol derden, güýçli joşgunyň zarbyndan sykylyp-sykylyp bir gysyma dönen bagşa iki sözlem aýtdy. – Berekella, Nazar jan, sen men aýtdy diýme, ýöne şuny bek belle, senden aňyrda türkmende bagşy döremez. Sen türkmeniň gaýtalanmajak keremli owazysyň... Gurbanmämmet serdar basga hiç zat aýtmady-da, turup gitdi. Nazar baga öz ýanyndan Gurbanmämmet serdaryň bu sözüne buýsanyp: «Allaha şükür, bolsa-da bir kör abraý boldy» diýip oýlandy. Bagşy jaýlydy. Ol märeke dargandan soň özüne edilen han söwüşden garbandy. «Ýene bir öwrümde aýdym-saz et» diýseler diýip, gyşaryp ukusyny aldy. Soň gyjakçysy, beýleki tanyş-nätanyş adamlar bilen mesawy gürleşip, çaý içişip otyrka, Gurbanmämmet serdar işikden girdi. Ol özä ýerine geçip oturdy-da, nökerleriniň hersine bir ýumuş buýrup, oňa, muňa iberdi. Gezek bagşa geldi. Gurbanmämmet serdar argyn ýüzüni galdyrdy. Onuň ýüzünden nur dökülýärdi – Nazar jan! Sen näme islegiň bolsa, maňa aýt şu wagt! Nazar baga başyny atdy. – Üstüňe ak öý dikeýin, halan gyzyňy gelin edip alyp bereýin. Iliň görmedik toýuny tutup bereýin. Baýlyk, mal-mülk bereýin... Nazar bagşy mundan artyk saklanyp bilmedi. – Han däde, Alladan gaýtsyn. Öýümem, aýalymam, malym, mülkümem bar. – Onda näme kemiň bar! – Ýekeje kemim, siziň jan saglygyňyzdyr. Janyňyz sag bolup, türkmeniň arasynda Allatagalanyň ýoluny, tertip-düzgüni berk ýöredip ýörseňiz, bizem siziň saýaňyzda iliň-günüň toýuny toýlaşyp ýörsek, başga arman ýokdur. Han bal garylan gaýmak ýaly bolup suýugyp ýatan mesi – ädigini elindäki gamçysy bilen çalaja pitikledi. – Senem sag bol. – Ol töweregindäki has ygtybarlyraklaryň birine garap: – Bagşymyzyňsylag-serpaýyny ýagşy ýetirip, bitiniň burnuny ganatman, öýüne eltip geliň. – diýdi. Şondan sähel wagt geçenden soň Nazar bagany ýene-de çagyrdylar. Nazar dagy daňdan ugraýyşlaryna, ertesi gün gijigende «Baleýşem» diýen ýere bardylar. Bagşynyň gözüne ilki ilen ýagdaý, hatar çöküp oturan düýeler, gazygynda gaňtarylgy duran syrdam-syrdam, saýyrdaň atlar, birhilije göçüljek bolunýan ýurda çalym edýän görnüş boldy. Baleýşemiň märekesi has köpelen ýalydy. Göwnüňe bolmasa, Hywa ilinde adam galman şu ýere, Gurbanmämmet serdary penalap, göçüp gelene çalym edýärdi. Myhmanlaryň atlaryny tutup, olary Gündogardan günbatara uzaldyp dikilen bassyrmanyň aşagyna mürehet etdiler. Bassyrmanyň aşagy tämizlenip, at gaýtarym ýaly ýere keçe, haly düşelipdir. Ortada belent ot ýanýardy. Ýaz aýynyň ortalary bolansoň, çöl ýeriniň agşamynyň birneme çigregi ýok däldi. Indi iki gün bäri gaty eýeriň üstünde ýagşy ýorulan bagşa bassyrmanyň aşagyna ýazylan düşegem, belentden ýakylan oduň eşretem üýtgeşik ýakymlydy. Myhmanlara çaý-suw berip, olaryň birneme perewini ýetirensoňlar, bir gyrada üýşüp duran adamlara düşege geçmäge mürehet etdiler. Märekä nahar çekildi. Bagşylar orta geçdi. Nazar baga Baýram gyjakçyny gynaman, muhannesiň içinde ep-esli seýl etdi-de, birneme ýokary dyrmaşyp başlanda garaňkynyň içinden Gurbanmämmet serdaryň didary göründi. Onuň ýanynda Han işan, Eşşi, Eýmir, ýene birki sany müňbaşy bardy. Olar Gurbanmämmet serdaryň yzyna düşüp, oduň golaýragyna ýazylan, üstüne körpeçe atylan düşege geçdiler. Adamlaryň gözi Gurbanmämmet serdardady. Han agrasdan ýadaw, aladaly ýüzüni galdyrman düşege geçio oturdy-da, az-kem dyzyna galyp, aşagyna ýazylan körpeçäni sogrup aldy-da, gapdal;yna taşlap goýberdi. Onuň heniň ýaşyna ýetmedik, gyzyl guzynyň derisinden sünnälenip, hywa biçüwinde tikilen telpegi, gyrmyz reňkli hywa dony, üstünden geýen, gyzlymtyl peti bozulmadyk çäkmeni, oduň gyrmyzy ýalawy bilen alşyp, onuň ýüzüni nuranadan merdana, görkezýärdi. Häzir bagşynyň ýaňky aýdymlaryndan soň ýürekleri ýumşan adamlaryň gözüne bu adam beýik hossar, wepaly howandar dan hem beýik bir Allahy keramat ýaly bolup görünýärdi. Hut häzir şu adamlaryň köpüsi serdaryň ýeke sözi üçin başyny ajal körügine sokmaga taýýara meňzeýärdi. Ak perişde ýaly bolup hanyň gapdalynda durşuna salykat bolup oturan Han işan bolsa bu ýagdaýy has keramatlaşdyrýardy. Gurbamnmämmet serdar Han işana bir zatlar diýdi. Han işan selleli, agyr başyny çalaja yrady. – Ilim-günüm, dogan-garyndaşlar, aga-inilerim, bu gün çarhy-pelek öz öýnuny bizň başymyza saldy. Ýagşy niýetlerimiz bardy. Hywa ilini allanyň sylaglan iline öwürjek bolup çytraşdyk. Eden gowy işlerimizem bolandyr. Ýöne gan-da –pyçak bolşup, il-günüň nalyşyna, gargyşyna galynan ýerimizem bolandyr. Ýöne Alla bagyşlawersin. Ine, indem göbek ganymyzyň daman ilini goýup, gaýry illere goşumyzy düwüp otyrys. Ýol uzak, agyr, juda howply. Şu ýerde ýaňy pirimiz, Han işan bilen maslahatlaşdyk, indi siziň bilen etjek maslahatymyz diňe maňa ýakyn bolup, meniň razylygymy alan adamlardan gaýryňyza rugsatdyr. Eger kimiň göç edesi gelse, biz sag-aman baryp ýerleşemizsoň, meniň özüm bir habar ýollaryn. Siz öýke-kine etmäň, menden agyran-ynjan ýeriňiz bolsa, razy boluň. Indem, ine, Hywa iliniň saýrak bilbili Nazar baga araňyzda otyr, näçe gije-gündiz diňlejek diýseňiz sözüňize «ýok» diýmez. Onda Han işan pirimizden size galmak, bize ugramak patasyny beriň diýeliň! Han işan gysgajyk doga edip pata berip, doga-dileg etdi. Şondan soň bagşa rugsat berildi. Nazar bagşy «Şasenem-Garybya» tutduryp başlandan soň, Gurbanmämmet serdar birki aýdym diňledi-de, bagşa «Sen aýdyber!» diýen yşarat edip garaňka siňip gitdi. Nazar bagşy dessany tamamlanda Gün ýaňy naýza boýy ýokary galypdy. Ol dutaryny gapdalynda düňderip goýdy-da, şonda ol agşamara gören düýe kerweninem, gazygyna gaňtarylgy atlaram, taýýarlanyp goýlan goş-golamlaram, dikilgi duran ak öýlerem görmedi. Bagşynyň başy aýlanan ýaly boldy. Ol birhili keýpsizlik bilen u göçülip, gugaryp galan ýurdy synlady. Soň sesini çykarman, bir täret alyp, ertir namazyna egilip galdy-da, üstüne täzeje del horjun atylan atyna atlanyp oba tarap gaýtdy. Soň bir gün Anna bala bagşa duşanda «Al-eýt, baga, seni han bijaý gowy görýemiştik-ow. Sen-ä aýdyp batysyň. Bizem hany goşy-golamy bilen ugradyp barýek. Bir at gordurym meýdan geçse-de, seniň sesiň etdil ýanyňda ýalak-deýt. Şonda han atynyň başyny bir yzyna öwürdi-de: «Häk, yzymda bilbilim galdy...» diýip bir erbet düwündi-de ahmyr bilen pyşyrdady welin, tap, gözlerime ýaş aýlanyp gitdi» diýdi... | |
|
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |