17:50 Baga bagşy -2: Keramat | |
2. Keramat
Powestler
«...Nazar baga öz döwrüniň meşhur bagşylarynyň biri hökmünde aýdym-saz taryhymyzda uly yz galdyrypdyr. Şonuň üçin Nazar baganyň bagşyçylyk sungaty ylmy esasda öwrenilmäge doly mynasypdyr.» Akmuhammet Aşyrow, sungat öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. * * * Nazar oýlanyp, ölçerip, Gulpak bagşynyň owazynyňam, labzynyňam, burnuna salyp pessaý aýdyşynyňam özüne laýyk gelmeýänini duýdy. Sebäbi Nazar özüniň ygtyýarynyň, isleginiň bir özüne bagly däldigini bilýärdi. Ol aýdymam, sazam içindäki belanyň raýyna laýyklap ýöretmelidi. Ýöne Gulpak bagşynyň aýdan aýdymlarynyň sözi, goşgusy oňa ýarady. Ylaýtada «Düýşümde bir bilbil gördüm» aýdymy onuň ýüregine jaý boldy. Oglan ol aýdymy içindäki bela-beteriň raýyna görä aýdyp gördi. Ol Gulpak bagşynyň aýdymlarynyň ählisini Hywa ilinde heniz görlüp-eşidilmedik bir äheňde üýrüp, kişňäp, uwlap, aglap, jukguldysyny, yňranmasyny, bokurdak, burun gyrmasyny gaty batly, edil bir sarç bedew çapýan ýaly alyp-ýolup aýdyp başlady. Ol güni bilen arman-irmän jukguldady oturdy. Ertesi güni bilen «haý-haý-eý-waý-eý, aldy, ýandym-eh-he-he-eý!» diýip aldygyna gygyrdy oturdy. Onuň sesine geçileri ürküp, şakyrdaşyp, budur gitdi. Emma Nazar şonda-da «haý-haý-eý-waýyny» goýmady. Soňky gün ol güni bilen üýrdi. Ondan soňky gün agşama çenli kişňedi. Soň bögürdi, bagyrdy, uwlady, yňrandy. Aý, garaz, ol tä dili, bokurdagy, burny ram edip, içindäki bela-beter köşeşýänçä, iki üç aýlap her gün, Taňry Gün berse, gün yrman düýşünde gören şol bela beteriniň urnup, çatlap eden ýowuz-ýowuz seslerini etmeden ýaltanmady. Bäş-on aýdymy öz heňine salyp, zowladyp başlady. Onuň yns-jynsyňka meňzemeýän bu sesine geçiler zähresi ýarylan ýaly bolup, gaçsalaram, soň-soňlar, olar bu ýaş oglanyň iniňi tisgindirip gidýän sesine iýip oturan otlaryndan bir başlaryny göterip, soň bu sesiň özleriniň çopanynyňkydygyna, ondan howply zadyň ýokdugyna düşünýän ýaly, ýene otlap başlapdylar. Gün yzyna gün geçip dur. Nazar damagynda, bokurdagynda aýdym aýtmagyň jukguldynyň, bokurdak, burun gyrmasynyň her dürli tärine barha öwrenişýärdi. Ol bu pişesini şonda-da goýanokdy. Gaýta, ol şu dabaraly, ýogyndan güýçli sesi bilen zowladyp aýdym aýtmany çykardy. Ol sesiniň baryndan «Eý-jan-o-ho-ho-ow!» diýip, her günde müň sapar gygyrýardy. Özem indi ol Gulpak bagşynyň aýdymlarynyň ýigrimiden gowragyny öz äheňine salypdy. Şol aýdymlary her günde iki-üç sapar, Gün guşluga galanynda, soňa öýle guşlukda jahany ýaňlandyryp aýdýardy. Onuň bu owazynyň, sesiniň, aýdymlarynyň, onuň duz-tagamynyň nähilidigini bir-ä bakyp ýören geçileri, birem indi ýüzi gaýdan ýaz otlaryna baslygyp ýatan sähra bilmese, başga biljek yns-jyns ýokdy. Olaram Nazaryň göwnüni görüp, ýa «How, jan, berekella» diýjekmi, diýmejekmi, gümanady. Ýöne indi Nazaryň göwni başga bir zadam küýsäp başlapdy. Uly toý, şol toýda iýen bal ýaly palowy, bagşa edilýän hezzet-hormat, «Jan, berekella, müň ýaşa, göwnüm bolduň!» diýen ýaly göwün göteriji sözler onuň ýadyndan çykanokdy. Ýaş bagşynyň göwni ýene toý küýseýärdi. Ol toýa baryp aýdym aýtma niýetinde däldi. Diňe bagşy diňlese, onuň aýdýan aýdymlarynyň sözlerinden ganyp, içinde çarp urup duran nägehanyň gulagyny, garnyny gandyrsa boljakdy. Ol häzirki bilýän aýdymlarynyň ählisini indi lenjini çykaryp aýdyp, aýdyp halys iripdi. Onuň şol aýdymlary içindäki bela-beteri, birhili hüwdüleýän ýalydy. Ol aýtmaly wagtyndan sähel gijä galdygy, içindäki bela-beter çyrpynyp, oýun baryny turuzyberýärdi. Onuň turuzýan «oýunlarynyň» jebrini bolsa bir Nazar bilýärdi. Nazar şu aýdymlary islendik ýerde, hatda, toýda, agyr märekäniň öňünde-de aýdyp biljekdi. Emma onuň bolmajagynyň, başa barmajagynyň iki sebäbi bardy. Birinjisi, bu ýigrimi aýdym bir toýy sowardan azrakdy, ikinjiden, Nazar henize çenli saz, saza goşmak, aýdymy saz bilen garym-gatym edip, gaçyp, kowup aýtmak diýen zatdan düýbünden habarsyzdy. Iň esasanam, onuň içinde ýatan nägehan sazy nähili kabul etjek, ine, şonusy bardy. Bularyň üstesine onuň aýdýan bu ilde, ummatda eşidilmedik sesini, adym aýdyşyny il-gün nähili kabul etjek. Ine şu zatlar heniz durmuşyň açyk işiginden jyklabam görmedik ýaş oglanyň süňňüni titredip, onuň etsem, goýsam diýýän ham-hyýallaryndan el çekdirýärdi. Günleriň birinde Nazar guşlukdaky aýtmaly aýdymlary bilen älem-jahanyň ýüzüni çaýkap aldy-da, birhili keýpsiz halda özüni guran otlaryň üstüne goýberdi. Göwnüne bolmasa, onuň aýdymlaram, sesem, äheňem halys ýigrenji zat ýaly bolup duýuldy. Şonuň üçin onuň özündenen, sesindenem, aýdýan aýdymlaryndanam göwni geçdi. – Jähenneme gitsin-eý, atamda-babamda bagşy bolup märeke güýmänim ýok. Maňa toýam, aýdymam, heňi, heňňamam gerek däl. Men her zat etmeli, öýe, özümiziňkileriň ýanyna gitmeli. Bakjagym mal bolsa, Alilioýda-da mal gyt däldir-le. Bary gümüne gitsin. Gaty tötek iýmeden halys irdim men... Ol geçileriň gozgalaň tapanyny, soň kimdir biriniň aýak sesini eşitdi. Ýerinden laňňa galdy. – Salowmaleýkim! – diýip, ýegenleri Ilmyrada tarap ylgady. Ýaş oglan indi näçe wagt bäri garyndaş-doganyň didaryna zar bolup ýörensoň Ilmyrady görüp, az-kem bozuljak ýaly etdi. – Meni taşlap gitdiler. Ilmyrat öňki Nazaryň sudurynyň ýerine hop hor, çüýrelip giden arryk ýüzli, her biri däliräp açylan öküziň gözi ýaly hanasyndan çykjak bolup duran bäbenekli, şilliň uzyn oglany görüp, haýran galdy. – Nazar jan, özüň-mäý?! – Hawa. Ejem, dädem, doganlam nähili? – Hemmesi salam aýtdy. Nesip bolsa, ýene bir aýdan seni gelip alyp gitjekler. Menem, şu ýere toýa geldim-de, seni görüp gidäýeýin diýip ýanyňa gaýtdym. Ol Nazaryň ýüzüne gorky, howsala, umyt bilen garady. – Nazar jan, häli bir aýdym sesi eşidildi. Şo aýdymy kim aýtdy? Ol aýdymy tutuş Jemşitgala obasy däl, Gubadagyň küren-küren obalary diňläp duran bolsa nätjek. Menem oturyp bilmän, hem seni göreýin, hem şol aýdym aýdýanyň kimdigini anyklaýyn diýip gaýtdym bärik. Nazaryň boýny buruldy. Onuň ejesini, doganlaryny görüp bilmän üzüleri gelen ýüregi tak-tak edip, kükregine sygman başlady. Bu joşguna içindäki bela-beterem erbet silkinip, bulanyp başlady. – Aýdym hiç, Ilmyrat aga, meniň öýe barasym gelip ýüregim ýarylyp barýar. Menem özüňden goýman al-da gidäý, jan agam. – Ýak, dädeň entejik bolsun diýdi. Nesip bolsa, basym Maşan agaňy öýerjekler. Şonuň toýunuň bäri ýanynda senem özleri gelip alyp gitjekler. Azajyk sabyr et. Sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan» diýipdirler. Munça bolduň, indem «ýarym güne ýaryş barmy». Ilmyrat Ýene Nazaryň ýüzüne seretdi, – Nazar jan, hälki aýdymlary sen aýdagaýan-a dälsiň-le? Nazar göwni galmakdan ýaňa burjulap duran käse ýaly gözlerini oba tarap dikdi. – Agam jan, aýt dädeme, meni alyp gitsin. Men bu ýerde halys ýoruldym-a... – Aýdymy kim aýtdy. Nazar halys degnasyna deglen hasap edip, gaharly gepledi. – Aýdym, aýdym! Ondanam bir aýdym bolarmy. Ol meniň ýüregimiň agysy. Janymyň derdi. Her kimiň öz derdi özüne ýetikkä, meniň jan derdim kime gerek! – Ýok, sen beý diýme-de, maňa aýt, şol aýdymlary kim aýtdy?! Nazar boýun aldy. – Men aýtdym, näme bolupdyr! Ilmyrat toýuň ysy gelip duran gollary bilen Nazary gujaklady. – Nazar jan, jan kiçjik daýym, adyňa döneýin, sen tutuş baganyň däl, tutuş türkmeniň abraýyny asmana çykararsyň. Seniň sesiň allahy ses. Ol aýdymlaryňy diňläp, meniň demim tutulyp, agzym uçuklady, daýy janym! Ilmyrat eýtdi, beýtdi, ýalbardy, ýakardy. Nazara bäş-alty aýdym aýtdyrdy. Ilmyrat ol aýdymlary diňläp aglady-da ep-esli salym oba tarap seredip gussa batyp oturdy. Bir haýukdan soňam: – Nazar jan, sen ýaş oglan, men bir zady aýdaýyn, sen şuny pugta diňle. Men aýagym ýer tutaly bäri aýdym-sazyň içinde, ýöne seniňki ýaly sesem, owazam, aýdymym eşiden däldirin. Seniň sesiňde, bokurdagyňda, demiňde, aýdýan aýdymlaryňda görlüp, eşidilmedik gaty güýçli keramat bar. Ol keramat her kime, her kime berilýän zat däl Sen özüňe allanyň beren beýik ylhamyny aýa. Entek-entekler hiç ýerde aýdym aýtma. Sowuk suwdan, aýazdan gijeler bolar-bolgusyz ýerlerde gezmeden habardar bol. Nazar baş atdy. – Meniň tamdyramam ýok, sazam çalyp bilemok. Okyp, goşgy, gazal ýat bekläbem bilemok. Meniň toýa gidesim gelýär. Maňa saz çalmagy öwredasaň... Ilmyrat ony ýene gujaklady. – Janyň sag bolsa, Nazar jan, daýy janym, olaryň işi haýyr. Görjegiň toý, diňlejegiň bagşy, öwenjegiň aýdym, saz bolsun. Sende iň esasy zat, illere ýetdirmeýän beýik keramatly zehin bar, kiçijik daýym. Ýöri, häzir men seni toýa alyp gideýin. Olar geçileri sürüp, oba bakan ugradylar. | |
|
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |