17:51 Baga bagşy -3: Iliň gapysynda | |
3. Iliň gapysynda
Powestler
«Men Gurbangylyç ozanyňka baranymda garaşylmadyk bir waka bolup geçdi. Otaga girenimizde, aýak üstünde bize garaşyp duran Nazar baga eken. Ol ozan bilen garsa gujaklaşdy. Olar ep-esli wagt biri-birini bagyrlarna basyp durdular. Soň ozanlar biri-biriniň elinden tutup duruşlaryna: – Döwsepit, bu ýerler nire, sen nire?! – diýdi. Biz şu ýerde Nazar baganyň adynyň bir lakamynyň Döwsepitdigine göz ýetirdik...» Ata Rahmanow, «Gorkut ata» şadessanyny öwreniji. * * * Emgek göz bilen gaşyň arasynda diýleni çyn eken. Jemşitgalaly Mätgylyç ganýokmazyň toýundan geçse bäş- on gün geçendir. Gubadag etrabyna güýçli ýagyş ýagdy. Nazar bu toýda on iki aýdymy demine düýrläp, olary öz heňine salybam ýetişenokdy. Ol bir gün geçileri ýatagyna, Welnyýaz ganýokmazyň «gaba» diýen ýerine, iki sany beýik pagsa diwaryň aralygyna gabap obadaş deň-duşlary bilen uly ýaba suwa düşmäge gitdi. Suwa düşüp gelýärkä köne goňşularynyň ogly Taýjan onuň öňünden çykdy. – Eý, baga, işiň gaýtdy. – diýdi. – O nä? – diýip, ýaş oglan birhili gorkup sorady. – How, seniň gabap goýan geçileriň üstüne pagsa diwar gaçyp, geçileriň baryny basyp, myžžyk edipdir. Indi ol ganýokmazlar seni günäkärläp, «Şol baga haramzada tölär bularyň bahasyny» diýip seni agtaryp ýatylar. Gaç, ýok bolup git. Tapsalar, seni tutup tä talap edilen mallaryň bahasyny dädeň dagylar gelip töleýänçäler seniň el-aýagyňy daňyp, geçileriň ýerinde ýatyrjakmyşlar. Gaç! Bu oslagsyz habar Nazaryň zähresini ýarara getirdi. Ol şol ýerden göni ýakyn garyndaşy Öwezmätlere bardy. Oňa titräp ýagdaýy aýtdy. Öwezmät aljyrap: «Bu ýerde seni ganýokmazlar yzarlap tapyp, ele salarlar, sen gowusy Amangeldilere bar» diýip goýberdi. Nazar Amangeldiniňkiden Aşakky baýyşly bagalara baryp, ondanam şol obada ýaşaýan Abajyk ussalaryňkyda, onuň o, bu ýumşuna ýarap geziberdi. Ep-esli wagt geçenden soň, obadan Arazgeldi aga geldi. Nazar şonuň atynyň ardyna münüp, Alilioýa, öýlerine bardy. Öýündäkiler Nazaryň gelmegine begendiler. Ylaýtada, Gül daýza niçe wagtlap gözünden uçan körpe oglyny bagryna basyp hamsykdy. Ol öň ýüzi-gözi alma ýaljak oglunuň süýrelip galan hor ýüzüne bir zatdan erbet gorkanyňky ýaly, mölerip galan gözlerine, hor, ejiz görünýän göwresine seredip, zar-zarlady. – Nazar jan, balajyym, ne günlere düşüp galypsyň. Morsy aga-da ýaş çaganyň kesekileriň elinde ýöne bir alamat, sudur bolup galyşyna, oglunyň hanasyndan çykjak bolup duran möle gözlerine dözmezçilik bilen seredip: – Wah, men bar bolaýyn, seni goýup gaýtmalam däl ekenim, aý, bolýar, muňa-da şukür. Düýe ýitmese semrimiýe-de...– diýdi. Nazar ganýokmazlarda bolan wakany ejesini, dädesine aýtdy. Asyl, soň Ilmyrat baryp habar alyp gelse, gorkar ýaly beýle-beýle zadam ýok eken. Geçileriň üstüne yzgara erän diwaryň gaýdany çyn bolup çykdy. Ýöne şol diwaryň aşagynda tutuş süri däl-de üç-dört sany agsak-towsak çebiş-çerleň galyp, onam ganýokmazlar derrew ýetişip halallap: «Aý, şul-a bolaý-daý, bir içimizi ýaglara «diýşip mallaryň etinem towsa göteripdirler. Ol ýerde Nazaryň günäsem ýok eken. Ýöne Nazar iliň gapysynda bolanynda öz bagalarynyň agzybir däldigine, olaryň doganyň, gardaşyň derdini deň bölüşip, olar horlananda hossar çykjak gümanlarynyň ýokdugyna çaga paýhasy bilen göz ýetiripdi. Şonuň üçin dädesiniň garyndaş-doganlaryndan hemaýat, goldaw tamakin bolup, gyzgyn ýerini sowadyp, bu ýerlere göçüp gelmesine çyny bilen gynandy. | |
|
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |