17:51 Baga bagşy -4: Halypanyň demi | |
4. Halypanyň demi
Powestler
«...Tüweleme Nazar jandan şägirdiň däl-de ussadyň ysy gelýär. Kärine örän yhlasly. Näme üçin diýseň, kärine berk ýapyşyp, irinmeýär. Barha gyzygýar. «Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar», onsoňam bu senede ýaşlykdan şeýle ýapyşan ýokdur. Bu oglan ýapyşan zadyna berk ýapyşýar heý goýaý...» Sapar süýrentgi, Nazar baganyň halypasy. * * * Morsy aga ýegeni Ilmyratdan körpe oglunyň üýtgeşik keramata eýe bolanyny ýeri-ýatagy bilen doly eşidip, gaty buýsanypdy. Şonuň üçin ony indi iliň gapysyndan ýygnap, öýüne alyp geljek bolup ýörkä, mazaly Arazgeldi aga Nazary atynyň syrtyna mündirip aldy geläýdi. Nazar oba gelip bikär ýatmady. Baryp aýal doganyň işine -güýjüne kömekleşdi Öýüň ownuk-uşak işlerine ýarap gezdi. Bir günden bir gün Morsdy aga oglunyň taryna kakyp gördi. – Nazar indi senem bir işiň başyny tutagaýsaň-a. Nazar ör-gökden geldi. – Näme, ýene iliň malyny bakmalymy? Ýak, däde, men mal-a bakmyýan. Morsy aga oglunyň ýürek damaryna basdy. – Mal bakmak bolmaz. Men saňa ýagşy bir tamdyra alyp bereýin, Ilmyrat ýegenem saňa saz çalyp, gyjak kowmany öwretsin, sen iliň-günüň derdine ýara. Nazaryň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. – Bolýa, däde. Morsy aga sözünde tapyldy. Ol Ilmyratdan saryp gowy tamdyra satyn aldyrdy. – Ine, ýegen, ine oglan, özüň aýtdyň tabyny. Indi gaýrat seniň bilen, Adam, abraýam seniň bilen. Şundan bir zat çykar ýaly et, daýyňy razy etjek bolsaň. Ilmyrada geregem şoldy. Ol güýz ahyrdan başlap, Gökleň obasyndaky garry atasyndan galan köne mülküň aýagyndaky külbä Nazaram ýanyna alyp baryp, tä ýaza çenli bu oglanjyk bilen çörňeşip gitdi. Gije diýmän, gündiz diýmän oglana tamdyra tutmagyň, perde ýüzmegiň, heň tirmegiň, bagşy kowalamagyň özüne belli tärlerini arman, ýadaman öwretdi. Ondan başga-da otuz iki aýdymyň sözlerini, sazyny, inişini, çykyşyny öwredip, Nazar bilen bile aýdym aýtdy, saz çalyşdy. Şonda Ilmyrat bu ýaş oglanda bir geň häsiýeti duýdy. Nazaryň, ýogy, armasy, ýaltanmasy ýokdy. Asyl ol aýdym bolsun, saz bolsun, edil bir ýedi günüň teşnesiniň böňňürdäp duran buz ýaly çeşmä öldüň diýip eňek basyp, şol eňterip oturyşy ýaly, eňterip oturdi. Gowy ýeri, «men şuny öwrendim-ow» diýip beýlä taşlaýanokdy. Bir öwrenen zadyny gijesi-gündizi diýmän, çeýnäp, çekeläp telim-telim saparlar bişirip bilýardy. Bir çala-çula sazam, aýdymam iň kämil derejesine çenli ýetirýärdi. Ilmyrat, ilkiler «ýaş oglan eýýäm on iki, on üç ýaşap barýar. Onuň barmaklarynyň bogunlary gatap, barmaklarynyň ujunyň duýgurlugy gowşandyr» öýdüpdi. Emma Nazar saza şeýle bir güýç, ylham bilen imrindi welin, edil bir gara dagdan şaglap gaýdan siliň bar-da. Ol täze aýdymlaram, edil açlykdan çykan ýaly, sypaň-sermeň edişdirip, düýrmäp barýardy. Indi Ilmyratlyk iş gutarypdy. Ilmyrat Nazara ýaş şägirt hökmünde däl-de, ussat hökmünde garasa, Nazara Ilmyrat gaçyp, kowup bilýän ussat gyjakçy hökmünde ýarap biljekdi. Ol tomsuň başynda Nazary yzyna tirkäp, daýysynyň alyna bardy. – Daýy, salowmaleýkim! Morsy aga geçen birki aýda oglunyň ers-mers bolmagyna begendi. – Ýegen, gurgunmyň, öý-içeriň, il-günüň amanmy? Nädýeň, biziň dogmamyza bir tamdyra, samdyra çalmagy öwredýeňmi? Ilmyrat buýsançly galkyjaklady. – Daýy, tüweleme, Nazar janyň indi menlik işi galmady. – O nä, beýle?! Ilmyrat ýylgyrdy. – Oňa indi toý gerek. Şol toýlar-da, sylas-a, meni gyjakçy edip alar, bolmasa-da ökderägini özi tapar. Ol indi eýle-beýle gyjakçyňa eýgertmezem. Şol wagt içeri Nazar girdi. – Men size kiçiräk oturyşma edip, Nazar janyň aýdymyny, sazyny diňläsek, dym ýagşy bolardy diýmäge geldim. Morsy aga begendi. – Bolar, bolar. Biz Maşana aljak gyzymyzyň garyndaşlary, täze gudalar bilen «gel bäri» çakylygyny etjek bolup otys. Mazzaly, şol çakylykda Nazar janam aýdym-saz edasa, dym geleşip gitjek eken. Guda çakylygyna ep-esli adam geldi. Nazaryňam aýdym aýdasy gelip, ýüregi hürläp, içindäki bela-beter peläkedem hut gobsunyp, urnup alyp barýardy. Şonuň üçin ol şol agşamyň her sagadyny sanap garaşdy. Morsy aganyň çakylygyna üýşen guda- garyndaşlar, bagalar, goňşy-golamlar bir toýluk bolup galdy. Nazar ilkagşamdan aýdyp başlady. Toýa bezenip, beslenip, özi öýlenjek ýaly bolup galkyjaklap gelen Ilmyrat Nazaryň gyjakçysydy. Daşyndan seredeniňde Nazar toý bagşysyna däl-de, bagşy bolup gelen başga biriniň ýany bilen gelen lälik agtygyna meňzeýärdi. Onuň aşagyna iki sany güpjegi gatlap goýanlarynda-da, kellesi sähel görünýärdi. Ylaýta-da, «eý-ho-hoý-aý!» diýip tamdyranyň sapyna bir dolaşyp gidende, bagşy däl-de, tamdyranyň özi saz çalyp, aýdym aýdýan ýaly duýgy döredýärdi. Ilmyradyň hem ortada, garşysynda oturan on üç-on dört ýaşlyja agzy sary oglanjyga nebsi, jany agyrýardy. Ony beýle uly talaba dözenogamdy. Ýöne ol Nazaryň güýjüniň, ylhamynyň dürtme gursaklykdan däl-de, Alladan, «guýma gursaklyk» bilen, döken-saçan edilip berilendigine ýetik bolupdy. Il näme diýse-de, ol Nazardan arkaýyndy. – Nazar bagşy, sen tamdyraňa kän üns berme. Aýdymyň bilen boluber. Galmasyny özüm bir zat etjek bolaryn- diýip sargady. Onam, ýaş oglan tamdyra güýmenip, aýdymy bulaşdyraýmasyn diýip aýtdy... Nazar onuň aýdanyny eşitmedi. Aýdym-saz başlandy. Bu şagalaň-şowhuna Nazaryň içindäki bela-beter galkyjyklap, owsunyp, ýaş oglanyň agzyndan daşyna çykaýjak bolup, urnup başlady. Nazar howlukman, ilki muhannese girip, ýapbyldakdan başlady. Onuň birinji aýdan aýdymy «Düýşümde bir bilbil gördüm» boldy. Ol ýene iki aýdymdan muhannesden çykyp, şirwan perdä galdy. Baryp «Meşrebi» dagydyp, «Kejebäni çekmäge ak maýa gerege» dyrmaşyp başlady. Soň «Sowranly», «Eý dal», «Gyzyl injik» ýaly aýdymlara azy urup başlady, ondanam «Mellege» geçip, öz mellegine girip, hakyky öz aýdymlaryny aýdyp başlady Nazar «Selbinýaz gyryk», «Kelezaw» ýaly iň çeküwli aýdymlardan baryp-baryp «Ýandyma» çykdy. Ol indi kükräp, esräp, kişňäp, arlap essinden çykara gelipdi. Ol her aýdymynda edil ner esrän ýaly, bar-bar bagyryp, gaty üýtgeşiklik bilen bokurdak, burun gyrmalaryny yňranmalary bilen edil bir däli-porhan bolup, märekäni haýran galdyrýardy. Bu gün bu märekä üýşen bagalar, guda garyndaşlar, ýakyn-u daş goňşy –golamlar ömurlerinde beýle bagşynam, aýdymyň beýle täsin aýdylyşynam henize bu güne çenli eşitmändiler. Bu gün olar üçin juda üýtgeşik, hiç ýatdan çykmaz ýaly gün boldy. Şonuň üçinem oturan märeke aýdym başlandan, tä gutarýança «Taňry ýalkasyn, müň ýaşa, ömrüň uzak bolsun, Nazar jan!» bilen bagşynyň üstüni gömdüler. Nazar bu gije otuz aýdym aýtdy. Şol adymlaryň on-on bäşi Nazaryň tüýs halap, öz heňine salan aýdymlarydy. Ol aýdymlar onuň öz – Nazar baganyň ýolunda aýdylan ilkinji aýdymlarydy. Bagalaryň başy asmana ýetdi. Olaryň begenjiniň çägi ýokdy. Olar Nazar alkyşlap, Morsy agany şeýle zehine eýe bolan bagşy ogly üçin mübärekleýärdiler. Morsy aga-da düýn bu üýşmeleň üçin bir janly soýmaga tykyrap otursa-da, bu gün mal ýatagyna getirilip goşulan bäş-on sany ownuk, iki gaçar, ep-esli pul üçin ganat baglap uçaýjak bolýardy. – Hudaý diýene Allanyň özi ýetirjek eken, Maşany öýermäge harjy tapman otyrdym. Indi baryp Nazary öýersemem ýeterlik malym, harjym bar – diýip, otursa-tursa aýtdy oturdy. Nazar bu agşamdan soň birki gün dynç aldy. Ine, birdenem, onuň içindäki bela-beter gozgalaň tapyp balady. Nazaryň özüniňem aýdym aýdasy gelip, edil bir ýüregi ot alyp başlady. Içindäki bela-da, juda zabun bulanyp, ýaş oglana ynjalyk berer ýaly däldi. Ýaş ýigit Gökleň oba bilen aralykdan geçýän Alili ýabyň boýundaky hyşşalyk meýdana tarap ugrady. Şol ýerdäki giň öleňde bu töweregiň obalaryndan gelen deň-duş oglanlar sygyrlaryny bakyp, özlerem her dürli oýunlar oýnap, giç agşama çenli gyr-da gykylyk bolşup oýnaýardylar. Bu ýerdäki oglanlar Nazary görüp, ilki bir kürtdürişip durdylar. Soň onuň töweregini gabsalap habarlaşyp başladylar. – Eý, ol gelýän Morsy agamyň bagşy ogly-laý! – Hawa, hawa, oglan bagşy şol! Araky guda çagkylygynyň oturyşmasyndaky agşamdan soň Nazaryň ady diňe bir Alilioýa däl, tutuş Gubadagyň, Akdepäniň obalaryna ýaýrap gidipdi. Çünki şol gije Nazaryň üýtgeşik owazy edil buşluk habary ýaly bolup hol aşakky, dik ýokarky, gyryň düýbündäki, Hywanyň bäri ýanlaryndaky obalara-da ýetip, şol obalaryň adamlary täze bagşynyň üýtgeşik owazyny hut, öýlerinde oturan ýerlerinde diňläpdiler. Bu ýere etrabyň dürli obalaryndan gelen oglanlar şondan çen tutup aýdýardylar. Oglanlar ot ýakyp, gapan gurup tutan towşanlarynyň etinden köze ýapyp, ýanlarynda barja çörek, külçelerinden Nazara hödür etdiler. Nazar deň-duş oglanlaryň nätanyşam bolsa, özüne gadyr, hormat etmelerine, begendi. Ol biraz garbanansoň, Gökleň obadan sygyr bakmaga bu ýere gelen Juma diýilýän oglan Nazara ýüzlendi: – Eý, dos jan, bize-de aýdym aýdyp berä-de. Nazar dymdy. Onsoň beýleki oglanlaram ýerli ýerden «aýdym aýdaý-da, aýdyp beräý-dä» diýişip ýalbaryp başladylar. Nazar: – Wah, aýdymyň işi haýyr-la, men aýdym aýtsam, sizi oýnap ýören gyzykly oýnuňyzdan goýaryn diýýän. Oglanlar: – Biz soň oýnaýarys. Ýöne soň seni tapmarys, aýdyp beräý-dä! – diýişdiler. Nazaryň göhi geldi. Ol dyza ýetip ýatan çaýyrlykda aýbogdaşyny guryp oturdy-da aýdyma başlady Ol ilki «Düýşümde bir bilbil gördümi» aýtdy. Soň «Janym gyrata «ýapyşdy, Soňam öz içinde çarp urup ýatan belany köşeşdiräýjek, bar-bar bagyryp, it bolup üýrüp, kükräp, ýer depip, aglap aýdylýan aýdymlara geçip gitdi. Ol «Meşrebe» ýetende oglanlar gozgalaň tapdylar. Birki sanagy ýerindenem turdy. Nazar welin saklanar ýaly däldi. Ol barha bat alyp, däli-porhan bolup, mes iner ýaly kükräp, esräp aýdýardy. Onuň aýdymyny baryp. Alilioýyň ýeňsesinde oturyp diňläbermelidi. Ol sesini tapba kesdi. Iki sany adam biri ýabyly, biri eşekli adam dünýäni unudyp, aýdyma gark bolup duran oglanlaryň bäş-on ädim gapdalyna gelip saklandylar. Gelenleriň ýaşulusy ýabysyndan syrylyp düşdi. Olaryň ýabylysynyň egninden mahmal gaply tamdyra asylgydy. Beýleki eşekliniň elinde daşyna gap çekilen gyjak bardy. Gelenleriň gojasy, atynyň jylawyny eşekden düşmän oturan ýoldaşyna berdi-de, maýsalyga çümüp oturan Nazaryň ýanyna howlukdy. Ol gelip, Nazaryň alynda çökdi. – Hälki aýdym aýdan senmi? Nazar baş atdy. – Sesiňe döneýin, bala. Hany, sen maňa birje aýdym aýdyp ber! Nazar «Ýandymy» öz äheňine salyp aýdyp başlady. Aýdym ortalaberende, birden bagşy «A-ah, ýandym! Ýandym! Ýandym, ýandym, ýandym, a-ah, ýandym – ee-al-eý! – diýip bir bagyrdy welin onuň garşysynda duran goja kişiniň gözlerinden bulançyk ýaş pürkülip gitdi. Nazar esräp başlady, onuň jukguldysy, bokurdak, burun gyrçuwy gaty üýtgeşik çykdy. Ol yňranyp-yňranyp, aýdymy tamamlady. Goja kişi bir salymlap, edil demi içinde doňup alan ýaly, sesinem çykaryp bilmedi. Soň aýbogdaşyny gurup, dyzyny Nazaryň dyzyna degirip titredi. – Berekella!, ýüz ýaşa, sesiňe döneýin – diýdi. Soň özüni dürsäp, ýere bakdy. – Sen oglum, meniň kimdigimi bilýesiňmi? – diýip sorady. – Ýak–diýip, Nazar boýun aldy. – Bilmeseň bilip goý, Men Sapar süpentgi diýilen bagşydyryn. Hol eşekden düşmän oturan oglanam meniň gyjakçym Şajan gyjakçy! Sen, bala, tamdyra dagy çalyp bir bilýesiňmi? – Bilýen, bilýen. Men tamdyra çalyp bilýen-de, başga zat bilemog-a. Goja bagşy öňünde oturan oglanjygyň ýüzüne geňler galyp seretdi – Özüň kimlerden bolmaly? Nazar ýylgyrdy: – Men bagalardan. Morsy baganyň ikinji ogly. Ýaşuly begendi. – Baýakky guda çakylygynda adan bagşy bolýaň-ow, sen. – Şol men! Sen bolsaň, baga jan. – Meniň adym – Nazar! Sapar süýrentgi sözüni düzedip gepledi. – Nazar jan oglum, sen aýdymy dym ýagşy aýtdyň. Indi men saňa bir zar aýjak. Geljek şemmide Gökleň obada Araz gökleňiň ogul öýerme toýunda bir çakylygy bar. Sen irinmede, gün batan gabatlary şol toýa baryp, meni bir tap. Seniň bilen bir kiçijik söwda boljak. Bazar boun sunujylyk bilen: – Bolar, bagşy däde-diýdi. Şondan soň gelenler ulaglaryna münüp, ýollaryna gitdiler. Nazar wadalaşyşy ýaly, aýdylan ýere diýilen wagty bardy. Oňa çenli oňa «bagşy aga soraýar» diýdiler. Nazar bagşynyň huzyryna çekine-çekine bardy. Sapar süýrentgi Nazary görüp, onuň bilen ýerinden turup, işige gelip görüşdi. Ýanynda oturdyp, çaý berdi. – Sen howlukma. Toýuň aýdym-sazyny özüň başla. Nazar sesini çykarmady. Gün batyp, adam bary bagşynyň töweregine aýlandy. Howa maýyl bolsa-da, ortada uly ot ýakdylar. Onuň daşyna düşelen düşekleriň üsti märekeden hyň berip başlady. Nazar toýa tamdyrasyz barypdy. Sapar süýrentgi oňa öz tamdyrasyny berdi. Soň Şajan gyjakçynam onuň garşysynda oturtdy-da märekä ýüzlendi: – Hany, adamlar, rugsat bolsa, biz-ä başlagaýjak. Ýerli-ýerden: – Rusgat Alladan, bagşy, başlaberiň! – diýip gygyryşdylar. Sapar süýrentgi Nazara göz ümledi. – Alla ýaryň, başlaber! Nazar ilki muhannese girip, bäş-on aýdymda ondan zowwam çykyp, «Gyrat gel-e» baryp ýetdi. Şondanam özüniň ýüregi hürläp duran aýdymlaryny tirip başlady. Adam gaty kändi. Märeke ýumruk ýaly oglany, onuň çyn bagşy ýaly bolup, orta geçip heniz-e bu güne çenli eşidilmedik güýçli ses bilen edil bir esrek ner kimin esräp, maýa ýaly bozlap, bedew kimin kişňäp, edil bir, top atylan ýaly jukguldylar edip, bokurdagyny, burnuny näzikden yňranma bilen çarhlap aýdyşyna haýran galdylar. Nazar bagşy ýaş bolany üçinmi, ýa-da allahy keramatdanmy, «eý-ho-ow», diýip, çekip-çekip, edil üzüliberjek bolanda, «ýar-o-o-ow» diýip bir pessaýlaýardy welim edil ýüregiňi käkiliňgiň döş perini sypalan ýal ediberýärdi. Ol «Meşrebe».»Eý dala», «Nowgüle», «Ýandyma» ýetende dik duranlaram oturyp, adam oglundan ses selem çykmaýardy. Gije bir çene barandan soň, Sapar süýrentgi orta geçdi. Tä daň atýança, «Huýrlukga-Hemra» dessanyna tutdurdy. Halypasynyň märekäniň ortasyna aýdymyň ýşkynda zar-zelil halyna süýrenip-süýrenip aýdýan dessanyny Nazar diňläp oturşyna, haýran galdy. Onuň çaga dünýäsinde aýdym –sazyň täze bir köşgi-eýwany açylan ýaly boldy. Ýaş bagşy bu märekäni dessan bilen gandyraýmasaň, aýdym bilen, saz bilen gandyryp bilmejegine düşündi. Ol tolgunyp, diňläp oturşyna, «Huýrlukga-Hemranyň «tutuş gabarasyny aňyna, kalbyna düýgy dünýäsine siňdirdi. Ýöne, bu dessany orta çykarmak üçin, ony öz labzyna, özüniň zehinine salyp, özi bolup aýtmak üçin, oňa ony ýagşy bişirmek gerekdi. Ol oglan höwesi bilen şol dessany aýtmagy höwes etdi. Daň atyp, Gün dogandan soňam bagşy Nazary ýanyndan goýbermedi. Bagşylary ýene toý ýerine, aýdym aýmaga çagyrdylar. Indi dessan ýokdy. Sapar süýrentgi gezegi ýaş bagşa berdi. Sebäbi Nazary agşam diňlänler, eşidip bu gün bu ýere üýşenler: «Nazar aýtsyn-da, Nazar aýtsyn!» diýişip, goh turuzýardylar. Şonuň üçin Sapar süýrentginiň Nazara nobaty bermese, başga alajam ýokdy. Nazar gün ikndä aýlanýança aýtdy. Soň gezegi Sapar süýrentgä berdi. Goja bagşy dem-dynjyny alypdyr. Ol «köne güzer» diýişleri ýaly, öz aýdymlaryny aýdyp başlady. Onuň aýdymlary, bagşy az-kem gojalanam bolsa, edil baly goýalan alma ýaly, süňňüňde eräp barýardy. Bagşylar ikindä golaý dutar-gyjagy orta ýazylan ýüpek ýaglygyň üstünde goýdular. Nazar turarman boldy. Sapar süýrentgi ony saklady. – Oglum – diýdi. – Ine, özüň görüp dursuň, meniň yzymda galar ýaly süýreg, şägirt gerek, men şunça ili gezip, özüme mynasyp bir şägirtlik adam tapmadym. Ine bu gün saňa sataşyp, ýitigimiň sendigine düşündim. Men «maňa şägirt bol» diýjek bolýan. Sen meniň bu maslahatymy neneň görýäň. Nazar pikire gitdi. Bir salymdan: – Ony men bilmeýen, bagşy aga – diýdi. – Sen bilmeseň, onda ony kim biler. – Dädem biler! – Onda sen gijä goýma-da, meni dädeň bilen duşur. – Bolýa. Nazar eline berlen düwünçegi göwünsizräk alyp, Alilioýa bakan gaýtdy. Nazar mähetdel etmedi. Ol goja bagşynyň haýyşyny kakasyna duýdurdy. Morsy aga-da, goňşy obalaryň birinde Sapar sürentginiň aýdym aýdýanyna gabatlap, oglunam ýanyna alyp, Sapar süýrentgi bilen duşuşdy. Bagşy Morsy aga öz maslahatyny aýtdy. Morsy aga öň bir sadakada san ýetmän ýören bagalaryň biri, Sapar süýrentgi ýaly ady, dabarasy tutuş Hywa ilini baglan bagşynyň öz öňünde ýaýaplap, towakga edip durmasyna dözmedi. – Bagşy aga, gözümiziň üstünde ornuň bar, biziň garyp çatma baryp, maslahaty şol ýerde etsek , dym ýagşy boljak – diýdi. Sapar süýrentgi: – Onda Nazar jan toýa galsyn, bu toýa meniň ýeke özümiň güýjüm ýetmiýe – diýdi. Morsy aga bu maslahaty makul bilip, özem ertire çenli bu toýda galdy. Agşam Nazar bagşy ilki bolup orta çykdy. Onuň aýdymlaryny eşidip, körpe balasynyň iliň ortasyna çykyp, öň görülmedik, eşidilmedik gudrat bilen aýdym aýdyp oturmasyna, il-güniň ýaş oglana aýdýan alkyşlary, dilegleri, Morsy aganyň başyny asmana ýetirdi. Ol uly guwanç, uly buýsanç bilen ertire ýetdi. Ertesi hem irden öýüne aga-ini oglanlarynyň birini iberip oňa: «Bar, ýeňňeňe aýt, öýe juda sylagly myman geljek, taýýarlygy giňden tutsunlar, işikdäki ownuk mallaryň birki sanysyny soýuň – diýip sargady. Soň agşamara Sapar süýrentgini atyna mündirip, özlerem onuň atynyň jylawyny ellerine alyp, toýda Nazara düşen mallary öňlerine salyp, berlen uly düwünçegi ýabysynyň ardyna ýükläp, niredesiň Alilioý diýip gaýtdylar. Morsy baga obadaky, ildäki bagalary, goňşy golamlary, il-güni çagyryp, toý berdi. Goja bagşa üç günläp hyzmat-hezzet edip, soň serpaýlap, öýlerine alyp gitdi. Soň olar ýaş oglany hörpi, şan-şöhraty gaty belen bagşa şägirtlige bermegi uslyp bilmän, kön diňşirgenip gezselerem, birki aýdan soň sowgat-serpaýy, köýmeti, çelpegi bilen Nazary Sapar süýrentgä şägirlige eltip gaýdýlar. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |