17:51 Baga bagşy -5: Halypa-şägirt | |
5. Halypa-şägirt
Powestler
«Nazar baga 1935-nji ýylda Alili oýa (Şol wagtky Lenin raýonynda) göçüp gelýär. Şol döwürlerden Pürli Sary, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow ýaly Ahally atly bagşy-sazandalar bilen birek-biregiňkä baryşyp, gatnaşyp başlaýar. Magtymguly Garly, Baýar bagşy mydama diýen ýaly onuň ýanynda bolupdyr». Nurberdi Dädäýew, žurnalist. * * * Nazaryň Sapar süýrentgä şägirt bolanyna birküç aý geçipdi. Sapar süýretgi Nazar özüne şägirt bolaly bäri, edil egninden ýüki alnana dönüpdi. Ol indi çagyrylan toýlaryň ählisine barýardy. Toýuň iň agyr ýüküni ýaş oglanyň egnine ýükleýärdi. Oňa serenjam berýärdi. Aýdymlaryna, çalýan sazlaryna öwüt-nesihat bilen timar berýärdi. «O ýerini eýleräk alsaň, bujagaz ýerini beýleräk alsaň dym ýagşy bolýa» – diýerdi. Dogrusyny dogry aýtsaň, Nazara halypa derkarlygy ýogamdy. Onuň bir höwes edýän zady dessan aýtmakdy. Onam halypasy dört-bäş gaýta toýda aýdan badyna, «Hüýrlukga-Hemra», Şasenem-Garyp», dessanlaryny, «Göroglynyň « telim şahasyny ýeri, ýatagy, labzy, owazy, iniwi, çykymy, şüweleňi, şagalaňy, aý garaz ähli lokgalygy bilen zannyna siňdiripdi. Sapar sürentgi ony indi dessana-da kowup başlady. Şeýdip, olar Hywa iliniň etraplarynyň indi ganat çykaran, halypalyga ýeten hasap edilen ussatlarynyň ýanyna, toýdan toýa, bagşydan bagşa, aýdymdan aýdyma, dessandan dessana birlaý aýlanyp çykdylar. Goja bagşy hem-ä ýaş bagşa ýol görkezýärdi, hemem özüniň erte Hywany baglajak şägirdiniň bardygyny ile-güne buýsanç bilen buşlaýardy. Ýöne indi Nazar bagşam ile-güne aýlarça bardy. Ol şägirt bolan sähel wagtynda eliniň ýüwrükligi, sesiniň gaty güýçlüligi, sesiniň mähremligi, özüniň salan ýoluna juda mäkämligi bilen diňläni haýran galdyrýardy. On bäş ýaşly Nazaryň indi halypasynyň yzyna düşüp, barmadyk etraby, barmadyk obasy, barmadyk toýy galmandy. Onuň adyna öz ýanlaryndan «oglan bagşy» dakyp, Nazaryň aýdýan aýdymlaryny, dessanlaryny halk indi ýatdan bilýärdi. Nazar indi öňki çalajan çekseň üzüljek bolup duran oglan däldi. Ol ers-mers bolup barýardy. Gollary güýçlüdi, bokurdagy kuwwatlydy. Tejribe alma, aýdym-sazyň inçe syrlaryna aralaşma kemini goýmandy. Ol Sapar süýrentginiň aýdym-dessan goruny öz holtumyna gapgarypdy. Ýöne, könekileriň aýdyşy ýaly, kämilligiň çägi ýog-a. Goja bagşam şägirdinde dessan bişirmekden, täze aýdymlaryň taraşyny almakdan özge hiç işe el urdurmaýardy. Ol işem Nazaryň gözläp, tapyp bilmän ýören işidi. Nazar bagşy aganyň obasynyň deň-duş oglanlary bilenem öwrenişip gitdi. Oba oglanlary halypasyndan rugsat sorap, Nazary öz oturyşmalaryna çagyrardylar. Oňa halypasy rugsat berse-de: – Halypam Gara däli gökleň pahyr: – Sapar, oglum, Allanyň saňa eçilen keremli ylhamyny ýaşlygyňdan aýamagy öwrengin, Beýik bagşylar warraý-şarraýlary, ownujak oturyşmalry, bolgusyzlaryň meýlisini sowmak üçin döreýän däldir. Olar il-günüň gadymdan gelýän dowamatyny dowam etdirmek, halkyň begenjini beýgeltmek, aglanda diňdirmek, hasratyny bölüşmek üçin ýaradylandyr – diýerdi – diýip, Nazara gitmäge rugsat bererdi. Nazaryň hiç irinmesi bolmazdy. Oba oturuşmasyna garagalpak, özbek, gazak ýigitlerem gelerdi. Olar Nazaryň öz ýolunda aýdýan aýdymlarynyň teşnesidi. Nazar olaryňam göwnüni awlamak üçin özbek, garagalpak, gazak aýdylmaryny degişme äheňinde aýdyp berip, olary gyzyl-gyrran gülüşdirerdi. Günleriň bir güni Nazar bir täsin heňjagazy bişirip otyrka içeri Sapar halypa girdi. Ol aladalydy. – Nazar jan, oglum – diýdi. Bagşy toýa çakylyk alan mahaly şeýleräk aladaly bolýardy. Nazar bu sapar hem bagşy «Pylan obada, pylanynyň pylan hili toýy bar. Şony ikimiz sowmaly, dem-dynjyňy al» diýer öýtdi. – Bir maslahat bar. Nazar onuň ýanyna gelip oturdy-da, oňa tiňkesini dikdi. – Aýdyň, halypa! Goja bagşy çalaja üsgürinip, agzymy tutdy-da, pikirini jemledi. – Bu Hywa ilinde görmedik etrabyň, barmadyk obaň, toýuň galmady. Bagşy bar bolsa, olara-da görkezdim seni. Indi men garradym, ölmänkäm seni ileriň bagşylaryna-da bir görkezsem diýýen. Nazar geň galyp halypasynyň ýüzüne garady: – Ileri bolanda niri bolýar, halypa?! Sapar aga Nazaryň sowally ýüzüne garady, – Ileri bolanda Gazanjyk bolar, Jebel bolar, Bamy bolar, Änew bolar, Kaka bolar, Tejen bolar... – Ol ýerlerde-de näme, bagşy-sazanda barmy? Bagşy güldi. – He-e-eý, Nazar jan-eý, bagşynyň gül-ulusy şol ýerlerdedir. Etrek taraplarda Çowdur kor diýen bir läheň bardyr. Bamy diýen ýerde Sary bagşy diýen bir umman bardyr. Gökdepede Täçmämmet halypa, Änewde Durdy bagşy bardyr, Kakada Şükür bagşy, Çary jüpbe diýenleri bardyr. Aznawur-aznawur dutarçylar bardyr, Garrygalasynda Hanmämmet gyjakçy diýen bir ýüňi ýeten pälwan gyjakçysy bardyr. Sen şolary görmeseň, olaryň öňünden geçmeseň, hakyky bagşy bolup bilmersiň. Halypam pahyr: – Güýçli zehinleriň ussatlygyndan her ýylda bir tüý ýolsaňam, ýüňi ýeten bolup gidiberersiň – diýerdi. – Şolary men saňa görkezeýin. Nesip bolsa, ýene iki günden Ýylanlyda Ata hojanyň garyndaşlarynyň bir toýy bar. Şoňa çakylykçy geldiler. Şol toýy sowup, şol ýerdenem iler ýola düşeýek. Ýol uzakdyr. Sen şaýyňy dym ýagşy tutgun, baryp gelerin diýseň, Alilioýa-da, ataňy-ejeňi görmäge bar-da gel. Nazar begendi. – Boldy, halypa. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |