16:06

Bagşynyñ ynsaby

Aýdym-saz sungaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 423 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Garadag  
128
"Owaz" radioýaýlymynyň “Sungata sarpa” gepleşigi ussat halypalarymyzdan söz açýan gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär
Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky döwlet syýasatyna eýerip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem tele we radioýaýlymlaryň hilini ýokarlandyrma boýunça SMS arkaly ses bermek we bäsleşikleri alyp barýar.

"Owaz" radioýaýlymynyň “Sungata sarpa” gepleşigi ussat halypalarymyzdan söz açýan gepleşikleri taýýarlap ýaýlyma berýär. Indi gepleşikde halypa aýdymçylaryň haýsy biriniň ömür-döredijilik ýoly hakynda gürrüň berjegini siz kesgitleýäňiz. Şeýlelik bilen ildeşlerimiz haýsy halypanyň ömür döredijiligi bilen has gyzyklanýandygyny anyklap, ýokary hilli gepleşikleri hödürlemekligi maksat edinilýär.
Sungat ýolunda mahmal owazy bilen yz galdyran halypa aýdymçylarymyza 0502 gysga belgisine SMS arkaly ses bermek üçin degişli kod belgisini ugratmaly.

Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýewiň döredijiligine ses bermek üçin 111;

Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň döredijiligine ses bermek üçin 222;

Türkmenistanyň at gazanan artisti Rejep Ulugowyň döredijiligine ses bermek üçin 333 san belgini ýazyp gepleşigimiziň 0502 gysga belgisine sms edip ýollap bilersiňiz.

Gepleşigiň şertlerine görä ussat aýdymçylarmyzyň haýsysyna has köp sms gelse şol aýdymçyň döredijiligine bagyşlap “Sungata sarpa” atly gepleşigimizde awgust aýynyň 04-ne sagat 12:04-de “Owaz” radioýaýlymynda ýaýlymynda diňläp bilersiňiz.

0
2 Ependi  
284
Ýokardaky agzalan halypalary okap, bolan bir wakany ýatlasym gelýär. Obadaşlaň biri günorta nahara çykan. Aýaly, onuň öňüne gyzgynja, bir jam nahary goýup daş çykýar welin, işikden salam berip agasy girýär. Şol wagtam telewizirda Atageldi aga aýdym aýdyp duran wagty. Gapydan gelen agasy Atageldi agaň ölemen aşygy eken. Inisi garşylap saçaga çagyrýar.
- Agam salowmalikim. Tüýs, wagtynda geldiň, geç saçak başyna.
Telewizirdan gözüni aýryp bilmeýän agasy salamlaşýarda:
- Arkaýyn alyber inim, naharly men. Ýaňja öýden iýip gaýtdym. Ýöne, duzdan uly bolmaýyn - diýýärde, ekrandan gözüni aýryp bilmän, gyssanjyna bir döwüm çöregi batyryp agzyna atýar. Yzýanam, gyzgyn çorbadan bir tagta çemçäni dolduryp, hopurdadyp goýberýär. Çorbaň gyzgyny bokurdagy ýakyp-ýandyryp barýandyr-da. Ýanky, telewizir görmeden geçen, agzyndakyny sowatsa kaýyl. Ýüzi bir gyzaryp, bir agaryp, agzynam howalandyryp, giňden açyp, gözüne ýaş aýlap, başagaý bolup ugraýar. Inisi hem şol wagt aýdyma seredip oturan. Birden, agasynyň bolup oturyşyna gözi düşüp, geň galyjylyk bilen synlap:
- Akgam, sen bu, Atageldi aga jan edip meňzejek bolýarsyň welin, entek kän çorba sowatmaly bolarsyň.
Bokurdagyndaky gyzgyny zordan sowadyp geçiren agasy janyýangynly gürleýär:
- Menem şo çorbany sowatjak bolup, janymy gynap oturşym-da... ))

Halypa bagşymyz Atageldi Garýagdyýewiň aýdym aýdyş ýoly başgalardan tapawutly gidýändir. Esasanam, ellerini, ýüzlerini hereketlendirmesi bardyr. Opera stili muny talap edýär. Dile geldi, bile geldi diýleni. Birden şu waka ýadyma düşdi. (Atageldi aga gaty görmezle, degişilýändir käte)

0
3 Ependi  
284
Hem-de, bagşylaň şu pul meselesini agzap dogry edipsiňiz. Köpüsi gaty aňyrdan urýar. Diýän nyrhlaryna iki toýuň galyňy düşjegem käsine. Ýöne, halypa bagşylaň biri, pul meselede bir wakany aýdypdy. Bir gezek şolaň obasyna pata görünmeli boldum. Şonda olam otyr eken. Gürrüňden-gürrüň çykyp, ýaşulular gepi bagşylara syrykdyrdy. Eýdip-beýdip ahyry oňada oturanlar sorag berdiler.

- Pylany, senem atly bagşy tüweleme. Ýurtda tanamaýan ýok. Ýöne, nämüçin bahany gaty ýokardan urýaň? Iň bolmanda öz obaň üçin elýeterräk edäý ahyryn, garyby bar, herhilisi bar. Ýöne welin, halk sen diýip öljek, aýdymlaňa söz ýok...

Şonda ol biraz dymyp oturdy-da:
- Siziň aýdýanlaryňyz hemmesi dogry ýaşulu-lar. Menem birwagt şeýledim. Kim gelsede gidiberýärdim, pulunyň ýüžünede seredemokdym. Talyp döwürlerimizdi, agşamlaryna ýanymdaky dostum bilen toýdan-toýa entärdik. Gündizem okuw. Ine, şeýle günleriň birinde ýanymyza özümiz ýaly garypja oglan geldi. "Jaý saldym oglanlar, göçdüm. Indem ertir toý etmekçi. Hemme kişem sizi diňlejek diýip ölüp ýatyr. Hany göreýin diýip gaýdyşym, maňlaýda bolsa diýişim. Inede bar pulum" diýip düwünçegini çykaryp bize hödürläp duranny bilýän. Onuň bolup oturyşyna nebsim agyrdymy, ýada ýürek etmedimi, bilemok. "Ertir hökman bararyn agam, puluň gerek däldir, bir okara tagam goýsaň bize şol ýetik..." Puluny almajak bolsamda ol gapdalyma taşlap gitdi. "Özüm razy bolmaryn" diýip. Şeýdibem toýa bardyk. Ýanymdaky ýoldaşym bilen gije sagat 11-e çenli aýdym aýtdyk, saz çaldyk. Garaz güýmedik. Gepleşik şol wagta çenlidi. Toý eýesem, toýa gelenlerem bizi gadyrly ugratdylar. Ýörite biri maşynam äkeldi. "Ýöräp gitmäň oglanlar, özüm ertip gaýtjak" diýip özelensede, biz şoňada utandyk. "Ýok-ýok agam, özümiz ýaş oglan, iki muntda barýas" diýip, hoşlaşyp howludan çykdyk. "Ýeri, münäýda şol wagt, pul soraýan barmy senden. Hemmesem şondan soň başlandy..." Howludan ýaňy çykjak bolup barýas welin, aňyrdan tozap şol wagtyň iň gymmat bahaly maşynly biri howla kürsäp girdi. Maşyndan çykyşynada "Hany ol bagşylar" diýip sorady. Soraýşyndan, äheňindem "daýawdygyny" gepsiz biläýmeli. Toýada gijä galyp gelene meňzeýr. Öý eýesi, ýagny toý eýesem bizi görkezdi. "Wagtyň bolany-ny, gepleşigiň gutarandygyny" jany bilen düşündirjek bolýar. Olam "diňlejek" diýip şol eňegine tutýar. Ahyry aýtdy:
- Bulary näçe manada tutduň?
- 100 manat agam, üýtgeşik zat ýok.
- Şu iki sany gedaýy 100 manada tutduňmy? Soňam bizi çagyrdy.
- Geleý bärik ikinem. Me, ine 500 manat. Men git diýinçäm daňdana çenli aýdym aýdarsyňyz.
Döşümede şo puly dykdy. Ana, şonda bir ölüp-direlmedim.
"Gedaý..." Näme bolup geçenni Hudaý bilsin, gaharym depämi deşjek-deşjek bolanny welin bilýän. Döşümdäki puly çykaryp seçenimem bilýän.
- Bula 500 eken, indi maňa 5 milliard goýsaňam sen ýalyň öňünde aýdym aýtmaryn. "Gedaýyňy daşrakdan gözle..."

Ine şuňa düşünmeýän adamlar bar. "Adyňam, 100 manatlyk aýdymçy bolýar..." diýeni. "Şondan soň nyrhymy galdyrdym. Hem özüm dynç aldym, hem bir hepde aýtjagymy bir gijede aldym. Täze aýdymlary işlemägede boş wagt tapdym".
Mümkin, onuňkam dogry bolup biler bir tarapdan.

Ýene birzat. Meselem, özüm aýdymçy ýada kompozitor boldum hasap edeliň. Bir aýdymyň sazynam iş edinip çykardym diýeliň, halkam diňledi diýeliň. Indi, şu çykaran aýdymyňada halk ynanmaz derejede boldy. "Sazyny bir ýerden çilendirda" diýen pikir dörejegi belli. Aýtmakçy bolýanym, indi arassa bagşylarada müňkürlik gidýär. Çünki, diňe daş töweregiň ogurlyk aýdymlardan doluka başga nämä garaşjak, senem şolar ýalyň biridir öýdýärler.

Ýöne, ýenede birzat, indi aýdymçylar sazy näçe ogurlasalar ogurlabersinler. Olaň üstüni açmak mesele däl. Google brawzeri basyp, ses ýazgyny diňledip poisk etseň, ol sazyň-aýdymyň kime degişlidigini bir sekuntda çykaryp berýär. Muňada özleri masgara bolýar. Muny öňem bir teswirde bellänim ýadymda.

0
4 Pena  
1790
Şuny okap biriň tankyt eden bolýaň, biriň ogurlyk diýen bolýaň, biriň ýene bir zat....
Indi heý pikir edip gördüňizmi oturyp: "bäh, şu aýdymçyň ýa şu aýdym (saňa ýaramaýan bolsa) maňa näme bildirýän ýeri bar. Meň basmaz ýerimden basdymy, ýa maňa zyýany barmy. Has beterem meni zorlap diňletýän barmy şuny (ýa şu aýdymy). (hahahaha öňem biriniňki ýaly öňünde oturyp el çarmaga we şol aýdymy uly höwes bilen diňlemäge mejbur etseler onsaň näme etjek. Hiç zat diýibem bilmersiň edibem bilmersiň. Hatda içiňdenem zat diýip bilmersiň birden bilmän dilimden sypaýmasyn toba pikirem etmäýinle diýip, hehehe)
Her kim eder eder özüne eder (peýdasy bolsa-da zyýany bolsada) maňa näme" diýip pikir edip gördüňizmi? Eger şeýle pikir eden bolsaň onda bu normal. Eger buny dälde tankytlap ýa otirsatel pikir eden bolsaň onda munyň bahyllykdan başga zat däl. Kanun taýdanam kim näme etse özi jogap berýär, din taýdanam şeýlemiş ýa o dünýäde jogap berýämiş.
A-how keçetelpek türkmen saňa azary ýetmese zorlap diňletmeseler diňleme-de, ünsem berme. Bardygynam unut bardyram öýtmezligi başar. Ýa saňa puluňy pylança isleseňem islemeseňem berersiň şol aýdymça toýuňa çagyr diýýän barmy, ýa çagyrýanlaryň cykdajykaryny seň gazanjyň bilen tölenýämi ýa..... haý nalajedeýin bir topar akmak adamjyklar.

0
5 Moderator  
1471
@Pena, bu ýazylan teswir söz gönükdirilenlerden has beter, muny aýdýanyñ özüniñ akmak "adamjykdygyny" subut edýän iñ gowy görkeziji bolaýdy öýdýän. Ýogsa şu taýda pikir alyşýanlaryñ we tankydy pikirini aýdýanlaryñ şahsyýetine ýetýän iñ soñky sözlemiñ üçin teswiriñi tassyklamakçy hem däldim. Eýse nämedir bir zady üýtgetmegiñ lapy bilen orta çykan barmy şu ýerde? Her kim öz dogry hasaplaýan pikirini orta atýar. Makalada gozgalan pikirler bilen ylalaşmaýan bolsañ, teswirde aýdylanlara dahylsyz öz dogry hasaplaýan pikiriñi orta at. (Eýse barmy beri orta atar ýaly iliñ peýdasyna ýarajak öz suwytly pikiriñ?)
Şu ýerdäkileriñ biriniñem size ýa-da başga birine öz pikirini makullatmak ýaly aladasy ýok. Makalanyñ awtorynyñam, biziñem ilkinji maksadymyz - dürli pikirleri orta atdyrmak, garşylyklaýyn pikir alyşmagy guramak. Jemgyýetçilik pikiri diýilýän zat şeýdip döreýär.
Size ýene-de şular ýaly teswiri dowam etdiren ýagdaýyñyzda, saýtdan bloklanjakdygyñyzy duýdurýarys (Şu günler kelle agyrdanyña degmeýän pikirlere we adamlara bildirjek zerre sabyr-takatym ýok). Galanynam özüñiz biliñ.

0
6 Pena  
1790
Dogry şahsyýete sebäpsiz ýetmek gowy däl. Düşünýän. Emma hakykatdanam şahsyýetini akmaklyk bilen alyp barýanlar gaty köp. Şol söze tüýs mynasyplar gutdigiçe köpelýär. Bolýar, indi teswirlerimde şahsyýet kemsitmejek bolaryn. Her kimiň dogry hasaplan pikiri aslynda dogry däl bolup biler. Biriniň pikiri özi üçin dogrydyr diýip ol pikire hormat goýmaly diýen zadam ýok. Ýalňyşmy ýalňyş bolany, islese islemese ýalňyş ýalňyş bolýar. Makala oňat emma ogurlyk diýilýän aýdymlara tankyt berýänler üçin ýazdym ýokaryny. Ogurlyk bolsun näme bolsun başarýarmy diýmek ol başardy, hiç kime zyýany ýok. Islemeseň diňleme ýatlama. Adamyň käbir iýýän zadyna haram diýilýänine bir jogap bar: aňryň alýamy iý, saňa halal şol. Edil şolar ýaly nämäni başarýan bolsaň et, saňa halal şol. Özüne ýaraýany şol, başarýar ol. Bolany.
Garaz men prinsipial adam, islendik zada birnäçe tarapdan bakyp görýän. Bolýar, indi pikirlenip ýazaryn teswiri aýyplaşmaň.

0
7 Moderator  
1471
Isleseñiz, pikirlenmäñ ýazyñ. Bize özüñiz ýaly pikirini aýdýanlaryñ şahsyýetine dil ýetirmeseñiz bolany.

0
8 Pena  
1790
Gardaş, "Duman daganda" romany dolulygyna goýduk diýipdiň welin, goýanlaryňyzyň üçden bir bölegini yzarlamda köp ýeriniň galdyrylandygyny gördüm. Galan goýan üçden iki bölegiňizi barlajagam bolmadym. Umuman-a, kitaby tapdym, şony yzarlap deňeşdirdim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]