12:54 Bagt näme? (Çagalaryň düşünjesine görä) :) | |
Bagt – bu, kän-kän, ullakan-ullakan buz gaýmagyň bolsa…ony iki günläp ýatman iýseň…soňam ejeň: “bokurdagyň galypdyr-a seň” diýip käýýemese hemem ap-ajy derman içirmese (4 ýaşlyja Osman);
Hekaýalar
Bagt – bu, kakaň günde döýt gezek “Äýeme” äkitse…(diňe dörde çenli sanap bilýän 4 ýaşlyja Haldurdy); Bagt – bu…eýtiý ejemden soýaýyn…onnoň aýdaýsammykam? (3 ýaşlyja Janmyrat); Bagt – bu, ejem ýaly…ho, ho bar-a, ho ejemiň daýzamlara toýa gidendäkisi ýaly owadan bolsaň (5 ýaşlyja Owadan); Bagt – bu, ilk-ä garaşýaň, garaşýaň, ýetmän geçýä, soň birdenem bir gün ýetip gelýä, onsoň hemmelerem öýmüze üýşýäler, enem, atam, mamam, babam, hemmejigi gelýäler, hemmejigem diňe seni gowy görýäler, şo gün, hemmejigem diňe saňa kän-kän zat getirip berýäler, maşyn, ýumşajyk güjük, pil, awtomat…seniň bolsa içiň gysýa, sebäbi jigiňe hiç kim hiç zat berenok. Olam öýkeläp o jaýa gidýä, tort iýmäge-de barjakgä diýýä. Onnoň ýuwaşjadan oň ýanyna barýaň-da, ejemiň edişi ýaly oň saçyny sypap, kakamyň oňa diýşi ýaly: “öýkeleme-how goçum!” diýýäň, ýene-de kynam bolsa: “bu günem seň doglan günüň bolaýsyn” diýýäň, ýene-de “ýöne seň doglan günüňem meňki bolaýsyn, bolýamy goçum?! Ikimiz çalşaýaly” diýýäň. Onnoň olam: “bo” diýýä, onnoň oňa hemmeje kişiň getiren jäjeklerini berýäň welin, olam gelip hemmejämiz bilen tort iýýä…şu bolaýmasa…Ýa dämi?! (6 ýaşlyja Annadurdy); Bagt – bu, hiç ýerde uruş bolmasa bolaýmasa…sebäbi telewizorda görende kakam-a: “şü bir bolmawersin, ýurdumyz bir parahat bolawersin” diýýä, ejem bolsa: “toba-toba, daş edewersin-eý!” diýip ýakasyna tüýkürýä…(7 ýaşlyja Gözel); Bagt – bu, bahymýak uýaýsam boýýa…şü Daňňyşy biý edişime seýet, onnoň…göýen ýeýinde guýagymdan çekýä ýohham…(3 ýaşlyja Nazzy); Bagt – bu, uçarman bolasym gelýä…ýok, ýok…tank sürýänçi bolasym gelýä…ine ulalaryn onnoň kakama: “tank alyp bersene” diýerin, ullakanyny…ýok, ýok, woobçe-de, meniň kaka bolasym gelýä, kakam ýaly…Şü arada kakamdan soranymda o maňa uçarmanlyga 7 ýyldanam köp wagtlap ullakan bir jaýda okamalydygyny aýtdy, ýöne şü kaka bolmaklygy nirede okadýarkalar-aý?! Hä?!...Äý, öýe baryp kakamdan soraýaryn-laý…(6 ýaşlyja Nedir); Bagt – bu kepderiňki ýaly akja ganatlaryň bolsa, onsoň ilk-ä uçup-uçup Ýer şaryndaky hemme ýerleri aýlansaň, soňam kelläňe ho kinodaky ýaly zady…hä, hawa, skafandryň şlýomyny geýip, başga Ýer şarlaryny hem görmäge gitseň…(7 ýaşlyja Nurjemal); Bagt – bu bahymrak jigim gutulsa…ýohham ejemem şoň bilen ýöne balnisa gatnap, bizi halys ýadatdy-da…(5 ýaşlyja Orazgül); Bagt – bu…äý men-ä şü ulaldygym garaşyp ýörmän öýlenjek-laý…ýöne, kakama aýtjak: “dükandan gelinjik satyn alaňda ejem ýalysy bolsun, owadany bolsun” diýjek, “ho Nunna akgama täze alyp berenleri ýaly bolmasyn” diýjek, “öýlerine girip süýji alaňda: “boldy indi, bar daşarda oýnaý, jigim” diýen bolup öýlerinden kowýany bolmasyn” diýjek, daşarda oýnap-oýnap üsti-başyňy hapalap geleniňden soňam ““gel oglum, geç çörek iýäý” diýýäni bolsun” diýjek, ejem ýaly…Ýohha-da, şü gelinjikler haýsy dükanda satylýarka-raý?! Kakam-a: “Hol ilerki köçedäki Jallylaň dükanynda” diýýä, ejemem: “Goýsana, ýaş çaga beýle zat diýme, güp ynanar ýörer-dä” diýýä…Jallylaňky bolmasa, haýsy dükanka? (5 ýaşlyja Merdan); Bagt – bu…hiç kimiň öýlerinde uruş-dawa bolmasa…onnoňam kakalar-a arak içmese, ejelerem onuň bilen aýrylyşmasa…jigileňňem aglamasa…(6 ýaşlyja Kümüş); Bagt – bu tolkun atyp duran göm-gök deňiz...edil Awazadaky ýaly…geçen tomus kakam bilen gitdik…hezillik…bagt şo (5 ýaşlyja Melike); Bagt – bu…düýnjük kakam biýen…neme, neme ýasandyk…hä, howwa…b-a-t-bö-ýe-e-k…howwa batböýek…äý bet uçýa-how…kakam okýap gobeýdi…wy-yž-ž edip gitdi (3 ýaşlyja Nury). | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |