ILKINJI SÖÝGIM
Ýadymda, şol günem bir dabarady,
Ýadymda dabaraň göçgünli sazy.
Uçilişäň ýaýraň giň klubudy,
Şol gün ol gujagna toplapdy bizi.
Gyzlaryň hemmesi bir gowy bolşup,
Bezenşip-beslenşip gelipdi oňa.
Olaň arasynda ogryn seredip,
Sen bir zatlar diýdiň göz bilen maňa.
Gözleriň gepläýjek-gepläýjek boldy,
Ýadymda özüň-de durşuňa nurduň.
Iller çaşyp ugransoňam sen ýene,
Bir çete çekilip güýmenip durduň.
Islediň sen maňa amat bolmagny,
Göwnüň seniň ugradaýyn diýdirjek.
Uýalyp, gyzaryp durun men bolsa,
Çoça ýokdur bu dünýäde meniň dek.
Garaşsaň-da seniň çakyň çykmady,
Gitdiň sen tasanyp, kinä çolanyp.
Ylgamadym, sägin diýip yzyňdan,
Seretmediň senem yza dolanyp.
Bagyşla sen meni, ilkinji söýgim,
Ýüregimi açyp bilmänim üçin.
Hem bagyşla meni başga bir gyzyň,
Söýgüsi, yhlasy bolýanym üçin.
Hawa, seni söýmän, özgäni söýmek,
Mümkinem däl eken görüp otursam.
Diňe bizmi näme bu güne düşen,
Gargyş etme, bu hatamy geçir sen!
Aňýan şindem duşsam kine edýänňi,
Geçeni geçdi bil, etme sen gahar!
Ýöne bilýän seniň söýüşiň ýaly,
Söýmez meni, söýmez hiç kim, hiç mahal...
* * *
MARALYŇ
Aý şöhlesi bolup şugla saçyp dur,
Mydam ýüregimde ady Maralyň.
Arzuwlarmyň bar gapysyn açypdyr,
Gözleri mylaýym — jady Maralyň.
Telim ýyllap, onuň yşgynda ýördüm,
Pikirimde ör galan jemalyn gördüm,
Gijeler düýşümde gujagna girdim,
Meni beýhuş etdi dady Maralyň.
Görüp ýörkäm özümiňki ýalydy,
Bagtdan, höwesden kalbym doludy.
Batyrdy bir günem meniň salymy,
Bar ekeni görsem ýady Maralyň.
Gör, nije aý geçdi, ýyl geçdi telim,
Özüniň gaýgysy, şatlygy bilen.
Indi meniň taýym başga bir gelin,
Ýylydyp ýör şindem ody Maralyň.
1966.
* * *
Gelin öýkeledi şol gün ýaryndan,
Ýigit sebäbine düşnüp bilmedi.
Soňam gitdi işleriniň ugruna,
Iki günläp, öýne gara salmady.
Üçünji gün geldi gijäň bir wagty,
Görse, gelin öýde ot-elek bolýar.
Aýna ýüzün goýýar, ýola seredip,
Şöhle deý süzülip geçäýjek bolýar.
Bir-de bolsa diňşirgenýär gapyny,
Ukudaky çagalaryna ser salyp.
Zowzuldap ýör otaglaryň içinde,
Bir zatlar äkiden-getiren bolup.
Öýe girdi, du��dy ilki körpeje,
Soňam gujaklady şatlygy bilen.
Diýdi ejesine derek jammyldap,
«Nirde bolduň, kaka, şunça günläp sen!»
Arkaýynlyk aralaşdy ojaga,
Alada sowuldy gelniň kalbyndan.
Çaý getirip gysmyljyrap oturdy.
«Garaşa-garaşa halys boldum men...»
Öýke-kine undulypdyr hemmesi,
Mähir bilen gurşap alyndy ýene.
Hem ynandy gelin öz yhlasynyň,
Ýigdi öýne dolap getirenligne.
* * *
Ýeke galan günüm böwrümi diňläp,
Yzyndan derdeser bolup bir köýüň,
Bir çaklar ýitiren oý-pikirlermiň,
Tapýaryn ýene-de kalbymda taýyn.
Bir gowy ümsümlik,
Diňle-de otur.
Bagty düşündirip bolanok käne.
(Haýransyň sen hemem ýeke galanda
Otagyna sygman çykyberýäne).
Oý-pikirlem gezip ýörler ýaýraşyp,
Ümsümligi şatlygym deý eý görýän,
Ýeke galsam, Aýam aşak düşürip,
Men onuň bilenem gürleşiberýän.
* * *
Aý galkynyp peýda boldy ilerde,
Ýyldyzlaryň gözi barha köredi.
Töwerekde şol bir garaňky gije,
Belli däl bu ýeri dünýäň niresi.
Iki köçe geçip öwrülen wagtym,
Duşuşyga gelen gyzy gördüm men.
Düşündim ýyldyzlaň tolgunmasyna,
Aý hem hut şu ýere howlugan eken.
* * *
Şol gün men ukudan has ir oýandym,
Aý gelin ukuda ýatyrdy häli.
Aýaguçda ýatyr depilen ýorgan.
Şol düşen ýerinde, düşüşi ýaly.
Çyzylypdyr gül dodaklar çalaja,
Barypdyr ýassygam diwara sürüp.
Bir salym höwesli synlap oturdym,
Onuň towlanjyrap ýatyşyn görüp.
Ýatyr gapdalymda mahmal saçlary,
Eýeläp ýassygyň esli bölegin.
Görüp ýakaň biraz açylan ýerni,
Ynjalykdan gaçdy ýene-de göwün.
Şeýle-de içerde gülüň ysy bar,
Aý geliniň saçlaryndan göterlen.
Ýene-de ol ýerde esli eglendim,
Söýgiň jadysyna melul bolup men.
* * *
Söýgi galasynyň bendiwany men,
Päkize bir gelniň öler-jany men.
Käte oturamda bolsady ekip,
Gidýän pikirimde öýümden çykyp.
«Bendilikden» şeýdip gutarýan başym,
Tapýaryn ýat ýerden göwnümiň hoşun.
Şuny diýýär ýürek şonda her gezek:
«Hyýal bir şeýtandyr äkider uzak.
Pikiriňde gitseňem gidiji bolma,
Bil, rysgalyň däldir her ýeten alma!
Bagtyny tanaman bagtyndan gaçan,
Bagtly bolýan däldir soňra hiç-haçan!
Eger-de bagtly borun diýseň sen,
Aýrylma Aý gelniň töwereginden».
Öýümden gitmäge gelende gezek,
Ynandyrýar meni her gezek ýürek.
* * *
(Akbegenje)
...Ugratdym şol gezek ony öýlerne,
Mahmal saçlar owsun atdy eginde.
Aýlandyk hem-de biz şäheri biraz,
Hemem göwünleriň köçelerinde.
Soňam höwesini öňüne salyp,
Telim gezek duşuşmaga geldi ol.
Mensiz oňmajagna gözi ýetensoň,
Toý tutduryp, maňa gelin boldy ol.
Iki gyz dogurdy,
Dört sanam ogul.
Hyzmatdan armady gije hem gündiz.
Şükür hem näletläp gelen gününi,
Bosaga ýumruklap nalanok heniz.
* * *
Ýeriň şary aýlanyp dur henizem,
Onuň bir ýerinde ýene menem bar.
Bu günler üstüme küýsegli söýgim,
Mylaýym gar bolup torgaýlap ýagýar.
Bu günler bir gelniň yhlasynda men,
Gowluk gelin bolup doldy kalbyma.
Adam şol pursatda ynanar eken,
Dünýäňem özi deý bagtlydygyna.
Çyrmaşyp ýörşi deý aýdymyň saza,
Batgalap ýörişi deý, arynyň balda.
Şeýle gowy pursat, ana seniňki,
Ýene şoňky söýgä berilen bolsa.
Bu ýerden öwrülip geçmek mümkin däl,
Öwrülip ýörmegiň geregi-de ýok.
Ýalkamasaň, ýalkanmasaň, söýmeseň,
Şonda dünýä mis köpüge degenok.
Öýe gelen çagym öýde ýok bolsa,
Şeýle-de bolaýýar onsoň käýarym.
Ine, şonda öz gitmeli gämimden,
Bilet alyp galan ýaly duýýaryn.
* * *
(Berta)
Söýýän zenanlar garramaýarlar,
Ýaşy nirä barsa, goý, barybersin.
Gözün balkyldadyp bir gowy bolup,
Melege öwrülip ýörendir görseň.
Saça timar berip synasyna nyzam,
Soňam seýkin basyp ýörär bir welin.
Görenler höwesli pikir öwirler:
«Gör, nähili gowy, görmekli gelin».
Gözleri mylaýym dilem süýjüdir,
Nahar etse iýip doýup bilmersiň.
Höwesne berilseň şeýle zenanyň,
Onsoň başga gelni söýüp bilmersiň.
Gowa mynasypdyr, gowular mydam,
Oňa gowy sözler aýdasyň geler.
Alys ýere gitseň telim bir aýlap,
Şol gün başyň alyp gaýdasyň geler.
Gülli meýdan diýlenidir gujagy,
Diýer oň yhlasy hemişelik gal.
Wah, adynam aýdaslarym gelip dur,
Ýöne ony häzir aýdaýmaly däl.
...Heniz-henizlerem ol gelniň oýy,
Günüme goýanok, göçürip alýar.
Isleg, höwes ganat pere öwrülip,
Meni wagtal-wagtal uçuryp alýar.
* * *
Gijara. Otyrys öýde ikiçäk,
Garaňky bar ýere leşgerin çekýär,
Bu pursat birhili öwrümler alyp,
Ümürläp asmandan ýürege çökýär.
Şeýle rahat pursat hoş ýakýar jana
Häzir ýatar wagtyň öňisyrasy.
Aýalym ýukajyk köýnegin geýip,
Gelinsiräp otyr, hondan bärisi.
Syçan gören pişik ýaly ýalmanyp,
Menem bu pursadyň çemini alýan.
Belli boldy kalbyň owsun atany,
Köşeşer öýdemok harasat bolman.
* * *
Gelin ýatyr ak düşege bulaşyp,
Häzir ol gowy düýş, görýän bolmaly,
Gapdalynda ýatan ýassygy çekip,
Onuňam boýnundan salypdyr goly.
Ýyly bolýar gelin agnan düşekler,
Ýük düşürýär munda, hemişe gowluk.
Magnit bolup, çekýär mydam menide,
Gidesim gelenok, hiç ýere sowlup.
Bar-da, nä göwünde tamakynçylyk,
Ol ýeriň gowzuny dolasyň gelýär.
Şol bagty getiren ýassygyň ýerne
Isläpler özümiň bolasyň gelýär.
* * *
Düýnki ýakyn göwün ýat bolup barýar,
Öz ornuny başga berjege meňzäp.
Nämä gamlanýarkam ähli zatlaryň,
Bir gün gutarýany däl ahyr geň zat.
Gelen çagy gujak açyp gelipdi,
Tozadyban gitdi ugranda ýoly.
Galdy gursagymda onuň hesreti,
Hemem ýatlamalar örtener ýaly.
Kalbym meniň umman, gopýar harasat,
Tolkunlar segreşip bir birin kowýar.
Hemem ýaýrap meniň göwün kenarma,
Şor suw bilen ganly ýaramy ýuwýar.
Mymyk şemal maňa maslahat berýär,
Nähili bolsada sen hemişe söý!
Aýlanyp-öwrülip saçym sypaýar,
Ýagdaý bilen imrindirşjek bilýan de
Agageldi ALLANAZAROW.
Goşgular