05:54 Balykçy / hekaýa | |
BALYKÇY
Hekaýalar
Derýa boýunda bir balykçy ýaşaýardy. Gojalypdy. Soňky wagtlar onuň işleriniň weji ýokdy. Tory köplenç boş çykýardy. Balykçynyň kempiri lagşan öýüň gapysynda oturyp, “ah-wah” edýärdi, kembagallykdan zeýrenýärdi. Goja ony köşeşdirjek bolup, her näçe jan etse-de, peýdasy ýokdy. Kempiriň gün-günden gygy ajaýardy. “Ertekidäki ýaly tylla balyk toruma düşse, menem bu güzaplardan dynsam!” diýip, goja balykçy öz ýanyndan arzuw ederdi. Äriniň toruna ähli islegiňi ýerine ýetirip duran jadyly balygyň düşjekdigine kempir kes-kelläm ynanmaýardy. Goja ömürboýy günemasyny balyk bilen aýlady. Ýaş wagtlary tory bir gezegem boş çykmandy. Aýalyna: “Gazanyňy ataryber. Men tory boşadyp gaýdaýyn” diýip, çykyp giderdi-de, salymyny bermän, eli täze balykly yzyna dolanardy. Ýaňy-ýaňylaram güzerany hiç neneň däldi. Buruljyrap, aç ýatany ýadyna düşenok. Onsoň işleriň şowuna bolmadyk wagty goja: “Şo ýyllar derýada balyk ummasyz köp bolandyr. Indi mundan bereket göterilendir, rysgal-döwlet gidendir” diýip pikir ederdi. Käte bolsa: “Soňy görünmeýän zat barmy näme? Dyngysyz tutup otursaň, näçe bol bolsa-da, bir gün teýi tükenmeli bolar. Kempir ikimiz munuň ähli balygyny gara bokurdakdan ötüren bolmagymyz hem mümkin. Eger şeýle bolsa, indiden beýläk nädip ýaşamaly?” diýip, gaýga giderdi. Balykçynyň muşakgatçyl kempiri bolsa barmagyny gezäp: “Sen töňňe! Sandan galan nalajedeýin bolmasaň, iki eliňi burnuňa sokup, boş dolanarmyň?” diýip, gyjalat bererdi. Goja kempiri bilen sanaşyp oturmazdy. “Eýse, kempir galat aýdanok. Töňňe kemim galmandyr. Hiç zadyň alnyndan bolmaýan gury san bolaýdym öýdýän” diýip, maňlaýyny ýumruklap, özüni köteklärdi. Wagt-wagt bolsa “Ýeri, atan torum boş çykyp dursa, men nädeýin? Eliňe, diliňe düzelýän zatmydyr bi? Aw diýilýän zat nesibe ahyryn! Nesibäňde bolmasa awuň oňmaz!” diýip, içini geplederdi. Şular ýaly, kejikdiriji, gara günleriň birinde ir bilen kempir: – Aňkasy aşan, mahaw! Ikarada söw syryp, boş gezip ýörme-de, bir zat getir. Yzyňa boş dolanma! Asyl boş geljek bolsaň, öýe gelýän ýodany ýadyňdan çykar! – diýip zabun gürrüň etdi. Goja pelekden dat edip, derýa boýuna gitdi. Baryp, toruny çekdi. Görse... ine, toruň içinde bir zat ýatyr. Goja ony eline alyp, seretse, çüýşe! Agzynda-da jebis dykysy bar. Ilki hyýaly muny eliniň tersi bilen çykan ýerine zyňmakdy. “Hany, agzyny bir açyp göreýin, içinde näme barka?” diýen pikir kellesine gelip, dykyny çekdi. Şo bada çüýşäniň agzyndan zogdurylyp, çal tüsse çykdy. Tüsse gitdigiçe ulalyp, jadyly ertekidäki ýaly, sähel salymda gojanyň üstüne abanyp duran äpet mahluga öwrüldi. Onsoň howada asyl-asyl bolup duran ýerinden: – Pah-pah, dünýäň ýüzi üýtgäp gidipdir-ow! – diýip, haýran galyp, adam dilinde gepledi. Haýran galmakdan ötri gojany wehim basdy. Gorkudan ýaňa onuň eli sandyraýardy, aýaklary tibirdeýärdi. – Balykçy, sen gorkma! Men saňa kyrk müň ýyl garaşdym – diýip, çüýşeden çykan tüsse geň-taň gürrüň etdi. – Sen kim? – diýip, goja sorady. – Men – jyn! Aslym tütünem bolsa, özüm gowy jyn. Emma şunça ýyl çüýşede ýatmaly boldum. – Günäň näme? Kim seni beýtdi? – diýip, goja biraz özüni dürsänsoň gyzyklandy. – Biler bolsaň, balykçy, meniň iň uly duşmanym aýalymdyr. Meni çüýşä salanam şol – diýip, jyn kyrk müň ýyl mundan ozalky geçmişi gürrüň bermäge durdy. – Biz jynlar taýpasynyň atasy Abyljynyň neslinden bolarys. Ýaşymy aýdyp bersem, özüň hasap et! Men seniň toprak aslyňdan has uludyryn. Hatda Azazyl Şeýtan hem menden kän kiçidir. Aýalym ikimiz okumyş jynlardandyrys. Men bir-ä gaýypdan bihabardyryn, birem çüýşeden çykmagyň tärini bilýän däldirin. Gaýry ähli zadyň syry maňa aýan. Men muňa ylym bilen ýetdim. Emma okumyş bolsa-da, aýalymyň okuwy meňkiden pesdir, ylmy telperdir. Ol menden ökde çykjak bolup, her jüre işlere baş goşup gördi. Ýöne her gezek asgyn geldi. Onsoň göriplikden ýaňa näderini bilmän, ahyrynda hilä ýüz urdy. Bir gün gelip: “Kiçelip, şu çüýşäň içine sygmagy başararmyň? Başarsaň, seniň ylmyň güýçlüdigine boýun bolaýyn!” diýdi. Men oňa ynanyp, çüýşäň içine girip, görkezdim. Aýalym şo bada çüýşäň agzyny petikledi-de, suwa atyp goýberdi. Men çüýşede akyp, dünýäň ähli ýerine aýlanyp çykdym. Derýalaryň, kölleriň, deňizleriň, ummanlaryň içinde meniň görmedik ýerim ýokdur. Suwuň astynda-da kän ýatdym. Bir gün, Nuhuň eýýamynda bir kölüň ýakasyna akyp gelen wagtym özüň ýaly balykçyň çolpusyna ilip, suwdan çykdym. Emma çüýşeden çykyp bilmedim. Balykçy kelesaňlygyny edip, sögünip, gargynyp, dykysyny açmazdan, çüýşäni suwa zyňyp goýberdi. Eger meni çüýşeden çykaran bolsa, onuň islendik hyýalyny hakykata öwrüp berjekdim. Şundan soň müň ýyl gowrak ýatamsoň, suwuň astynda zümerret daşlaryny çöpläp ýören bir balyk meniň ýatan çüýşämi gymmat bahaly daşdyr öýdüp, ýuwutdy. O balygam bir gün tora düşdi-de, balykçynyň hem onuň akly gysga aýalynyň ajalyna sebäp boldy. Çünki balygyň içinde bir gysym zümerret daşy bardy. Balykçy: “Garran wagtymyz bizi hiç bir zada mätäç etmez. Hiç kime görkezme! Bir ýerde ýygşyryp goý!” diýip, bu daşlary aýalyna ynandy. Aýaly bolsa äriniň gepine gulak gabartmady. “Bular ýaly gymmat daş patyşaň hazynasynda-da ýokdur” diýip, ol goňşy aýallaryň ýanynda öwündi. Hakykatdan hem şanyň hazynasynda zümerret daşy ýokdy. Bu gürrüň günübirin ýurduň patyşasynyň gulagyna ýetdi. Ol öwezine hiç zat bermän, zorluk bilen gymmatbaha daşlary olaryň elinden aldy-da, aýalyna sowgat berdi. Patyşanyň aýaly daşlardan monjuk ýasandy. Emma ýasan monjugy boýnuna ýetmedi. Onsoň ol azyrganyp: “Balykçyny gyssa, olarda başga-da bardyr, senden gizleýändirler” diýip, ärine arzyny aýtdy. Patyşa balykçy bilen aýalyny çagyryp, azm urdy. “Gizlän zümerret daşlaryňyzy çykaryp bermeseňiz, başyňyz ölümli!” diýdi. Olar, elbetde, özlerinde ýok zady berip bilmediler. Patyşa bolsa gazap edip, balykçyny we onuň aýalyny ölüme höküm etdi. Eger şo gezek, balykçy çüýşäni suwa oklaman, meni azat eden bolsa, men olary ölümden gutaryp bilerdim. Adam diýeniň gözli kör bolar ekeni. Elindäki bagtyny görmän, suwa zyňyp goýberäýýär. Ine, onsoň şunça ýyl ýatyp, ahyrynda-da seň toruňa ildim. Goja jynyň gürrüňini agzyny açyp diňledi. – Indi, balykçy, meni çüýşeden çykaranyň üçin nähili islegiň bolsa, bitirmäge taýyn. Möhümiňi aýt! Men howlukýan. Aýalymy tapyp, onuň jezasyny bereýin – diýip, jyn gojany gyssady. – Beýle bolsa, meňem kempirime göz görkez. Ysmaz keseline duçar bolsun!– diýip, goja islegini aýtdy. – Bolanymy? Bary şumy? Bu islegiň-ä bitdi, balykçy! Kempiriň ölmez-gülmez halda mum-helim bolup ýatyr – diýip, jyn şo bada gözden gaýyp boldy. Goja bolsa toruny suwa atdy-da, öýüne gaýtdy. Gelip görse, hakykatdan-da kempiri ysmaz derdine ýolugyp, gözüni agdar-düňder edip ýatan ekeni. Balykçy ilki muňa begenmänem durmady. “Indi maňa beren ezýetiň üçin jezaňy çekersiň” diýip, içinden heşelle kakdy. Emma nähak begenen ekeni. Goja muňa biraz giç göz ýetirdi. Çünki şondan soň kempiriň azary artdy. Onuň iýjek tötegini hem balykçynyň özi agzyna tutup bermeli boldy. Şeýdip, gojanyň güni has-da agyrlaşdy. Ol öňküje mydarasyny hem ýitirdi. Onsoň bu ýagdaýa çydaman, bir gün eline hälki çüýşäni alyp, jynyň gözlegine çykdy. “Senjagaz, jyn, bir gabat geläýmezmikäň?! Emel bilen al salyp, ýaňadan çüýşä salyp, soňam boşadyp, täzeden arzy-halymy aýtmasam, boljak däl” diýip pikir etdi. Eýse, gojanyň arzy-halyny diňläp, işini bitirmek üçin jynyň çüýşä gaýtadan girip-çykmasy zerurmy? Çüýşä girmände başarmaz öýdýäňmi? 13-nji fewral, 2014-nji ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |