13:35 Bars ýyly | |
Bars ýyly
Bars ýyly dogulan adamlar duýgur, ganygyzma, tertipsizräk adamlardyr.Olar özünden ulylar ýa-da ýolbaşçylar bilen köp gapma garşylyga gidýärler.Bu ýagdaýa garamazdan hormatlanýarlar, sylanýarlar. Möhüm karara gelmeli wagty ýaýdanyp pursaty elden berýän halatlary az bolmaýar. Pikiri dar bolany üçin, añsat beýlekileriñ gepine ynanmaýar.Köplenç jedelleşmegi gowy görýärler.Özüninlñ nämakuldygyny bilip dursa-da añsat aýdan sözünden dänmeýär.Bu-da olaryñ uly kemçiliginiñ biridir, özem şu ýagdaý durmuşlarynda añsat bitäýjek işelerini-de kynlaşdyrýar.Häsiýeti boýun egmezek, aýdanyny etdirmegi, diýenini gögertmegi halaýar, ýöne köplenç nädogry karara gelýärler, dogry çözgüt tapaýanlarynda hem bu olara kynlyk bilen başardýar. Hiç kim bu adamlaryñ ýüzüne hakykaty aýtmaga milt edip bilmeýär, sebäbi ondan gaýtawul aljagyñ ikiuçsyz. Eger-de olaryñ aýdany bilen oýlap-ölçermän iş tutsañ gümansyz utularsyñ. Bars ýylynda dogulanlar çaksyz töwekgel.Töwekgelçilik bularyñ ganlaryna siñen. Şonun üçin köplenç oýlanşyksyz iş edip, soñundan ökünýärler. Bular pähim-paýhas bilen iş tutanda, bimöçber bähbit görýärler. Eger-de akylly maslahata eýerseler, şondan diñe peýda tapýarlar. Azajyk zadam bähbit bilýärler, ýöne köp girdeýji getirjek uly işler üçin gaýgyrman pul sarp edip bilýärler.Köplenç ''özüm bilýän'' diýip, kişiniñ gepine gulak asman zyýan çekýärler.Maksadyna ýetmek üçin, hiç zatdan gaýtmaýarlar, olary kanunam, tertip-düzgünem añsat saklap bilmeýär. Iñ gynandyrýan ýerem, olar baryp-baryp aýgytly netijä gelmeli, çürt-kesik karara gelmeli halatda ýaýdanmaga başlaýarlar, şeydip hem pursady elden berýärler. Bu adamlardan ökde harby yolbaşçylar bolup biler, ters ýola düşseler ýeser ýagy, howply jenaýatkar bolmagy mümkin. Sebäbi bularda soñuny saýmaz töwekgelçilik bar. Öran duýgur adamlar, söygüsi güýçli, şol boluşlaryna-da söygüde öz bagtyny seýrek tapýarlar. Ýaşlygy örän parahat geçýär, orta ýaşa ýetenlerinde welin durmuşy gaýnap-joşýar az biynjalyk bolmaýarlar.Garrylyga ýetensoñ welin olara örän arkaýyn durmuş garaşýar. Rowayata hem-de yoñ bilen yryma görä, bars ýylynda dogulanlaryñ zady ogurlykdan, ýangyndan, kast edilmekden amanmyş, şeyle-de bolsa olar zadyna göz-gulak bolmagy unutmasynlar. Bars ýylynda dogulanlar ýylky ya-da luw ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa göwnejaýdyr. Emma sygyr, ýylan ýa-da maýmyn ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa gününiñ kyn bolmagy mümkin. Şu asyrda bars yyly:1914, 1926, 1938, 1950, 1962, 1974, 1986, 1998 ( 2010, 2022). Arazabaý ÖRÄÝEW. ''Täleýnama'' kitaby. Elektron görnüşine geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |