00:22 Baýdak hem kepen | |
●Kökler
Edebi makalalar
BAÝDAK HEM KEPEN Baýdak bilen kepeniň bir ýerde agzalmagynyň size geň görünmegi-de ahmal. Baýdagyň, kepeniň nämedigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Döwletiň esasy simwollarynyň biri baýdakdyr. Baýdagyň taryhy gelip çykyşy, döwürleriň dolanmagy bilen onuň nähili üýtgeşmelere sezewar bolandygyny bilmek gyzykly. Türkmenlerde-de goňşy musulman halklar ýaly öwülýä zyýarata barlanda gadyr agajyna, keramatly mazarlaryň başyndaky daragtlaryň şahasyna ak mata daňýarlar. Bu hakda “Adat” kitabynda şeýle ýazýar: “Adata görä, guburyň başyna zyýarata baran her adam gadyr agajyna mata-pürçük dakyp gaýdýan ekeni. Il içinde kimiň sarpasy uly bolup, ölensoň hem gadyrlanýan bolsa, onda onuň gadyr agajy mydama pürçüge basyrlyp oturýan ekeni. Türkmenlerdä- ki: “Ylahym gadyr agajyň mydama gül-pürçük bolup dursun” diýen alkyş hem şol esasda dörän bolmaly... Yslam dininde halky ilki döwürde gabyrlara zyýarat etmek ýok ekeni. Bu butparazlyk dininiň alamaty diýlip gabyra zyýarat etmegi öleniň gubruna çokunmak diýip düşünipdirler”. “Bu butparazlyk dininiň alamaty” diýleni dogry, ýöne awtor şol alamatlar hakynda hiç zat aýtmaýar. Men butparazlykdan galan alamatlara ünsi çekmekçi bolýaryn. Kepeniň reňki ak bolmaly, bu yslamdan öňki däplere degişli. Ilki baýdagyň reňkem ak bolupdyr. Bu ynançlaryň gadymylygyna, galapyn bir kökden gaýdýanlygyna A. Golanyň “Mif we simwol” kitabyny okanlar göz ýetirse gerek. Men hem şol ýerdäki materiallara gol ýapmakçy bolýaryn, sebäbi ol kitap hemmelere elýeterli däl. Dokmaçylygyň hudaýy aýal bolupdyr. Şol hudaýyň esasy alamatyny agaçda görüpdirler, elbetde, munuň sebäbi düşnükli. Dokma gurallary agaçdan ýasalýar. Hudaýa sowgat, sadaka hökmünde bir bölek mata bagyş edilipdir. Şu ýerden hem agaja mata daňmak däbi döreýär. Adamlaryň ýagşy dilegleriniň amala aşmagyny isläp, keramatly saýylýan agaçlaryň şahalaryna hudaýyň simwolyna öwrülen mata bölegini daňmagy özlerine dessur edip alýarlar. Gadymy za- manda kult simwollaryny uzyn taýaga, has türkmençe aýtsak, syrygyň ujuna berkidýän ekenler, şeýdip dabaraly ýörüşlerde depede göteripdirler. Şol görnüşde olary emblema hökmünde oturtmak hem kada öwrülýär gidýär. Şeýle emblemalaryň biri-de syrygyň ujuna daňylan matadyr. Başda dokma hudaýynyň emblemasyny aňladýan simwoldan soňra baýdak döreýär. Gadymy Müsürde baýdagy şekillendirýän iýeroglif “hudaý” diýen manyny beripdir. Bu ynanjyň saklanyp galan ýerlerine duş gelse bolýar. Meselem, geçen asyrda ýaşan bir awtoryň ýazgysynda Osetiýada merhum bilen hoşlaşmaga gelen adam gapdaldaky daş diwaryň jaýrygyna esgi daňylan taýajygy gyssyrýan ekeni. Gadymy german dilinde “flag” sözüniň gelip çykyşy beýle bir aý- dyň bolmasa-da, onuň baýdak diýen manydan başga-da, “ýelek pero” diýmegi aňladandygy mälim, ýöne “baýdak” manysy has meşhurlyk alyp gidipdir. Aýal hudaýyň obrazynyň päkligini mata böleginiň aklygynda görüpdirler. Şeýle garaýyşdan soň taýaga daňylýan matanyň ak reňkde bolmalydygy düşnüklidir. Ak reňki esaslandyrýan ýene bir sebäp bar. Aýal hudaý diýlende öňi bilen asman göz öňüne gelýär, ýagtylyk asmandan inýär, onuň reňki-de ak. Bu ýerde asman bilen bagly ak reňkiň Beýik Aýal hudaý bilen baglanyşdyrylmagynda-da degerli esas bolupdyr, ol süýdüň reňki. Beýik Aýal hudaýa ene hökmünde, jandarlary ekleýji hökmünde garalypdyr. Eger-de ak reňk Beýik Aýal hudaý bilen bagly bolsa, ak baýdaga onuň simwoly hökmünde seredilen bolsa, onda kepeniň aklygyny näme bilen delillendirse bolar? Eger adamlar Aýal hudaýyň erkine görä ölýän bolsalar, (şeýle diýibem düşünipdirler) onda ak reňkiň ölümi alamatlandyrandygyna geň galjak ýok. Gündogarda ak reňk ýasyň simwolyna öwrülipdir. Ýewropada gara reňk. Gara reňkem gyzyl reňk ýaly ýerasty hudaýynyň alamaty. Diýmek, Gündogar as- manyň, Günbatar ýerastynyň simwolyndan ugur alypdyr. Halklaryň ynanjynda merhum adam ak lybasda göz öňüne getirilipdir. Ýewreýlerde, musulmanlarda-da şeýle. Ýöne ýewropalylar-da öleni ak mata dolaýarlar, ak kepene dolamak amerikanyň indeýlerinde-de däp. Hat-da Ukrainada merhumy mazarystana-da ak öküzler bilen alyp gidilýän eken. Rossiýada tabydy (groby) gabra ak biýz bilen sallapdyrlar, soňra matany alyp gaýtman, mazaryň başyna dikilýän ha- ja daňypdyrlar. Musulmanlarda, şol sanda türkmenlerde-de, ak matany, ýaglygy mazaryň başyndaky agaja daňmak däbi bar. Indi siz başda aýdylany ýatlaň. Agaja bir bölek mata daňmak Aýal hudaýyň simwolyndan galýar. Dagystanda henizem merhumyň mazarynda ýa-da wepat bolan ýerinde ak baýdak dikmek däbi dowam edip gelýär. Rossiýada tabydy (groby) ak mata, erkekleriňki gyzyl mata bilen örtülýär, sebäbi aýallar asmanyň Aýal hudaýynyň, erkekler ýerasty erkek hudaýynyň alamatyna baglanýar. Tirkiş JUMAGELDI | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |