10:52 Bir gurbanlyk goýnuñ hekaýaty | |
BIR GURBANLYK GOÝNUÑ HEKAÝATY
Çagalar edebiýaty
Pylan şäheriň pylan ýerinde ortaça ululykda bag-bakjaly howlusy bolan bir maşgala ýaşapdyr. Olar Gurban baýramynyň gelerine dört aý galanda “Gurbanlyga çenli ulalar we gurbanlyk etmeli ýaşa ýeter” diýen niýet bilen bir guzy satyn satyn alypdyrlar. Muňa iň köp şatlananam maşgalanyň dört ýaşlyja gyzy bolupdyr. Ol uzakly gün guzujyk bilen oýnap, oňa terje gök otlary ýygyp beripdir. Naşyja guzujyga “Akja” diýibem at dakypdyrlar. Akja öýdäkiler şeýle bir öwrenşipdir welin, eýwana gelip telewizoryň öňünde gäwüşär oturar eken. Öýdäkilerem Akjany haýwan hökmünde görmändirler. Bular bir ýana... Birküç aý geçensoň... günlerde bir gün... Öýdäkileriň yzygiderli diýen ýaly Akja gep goşup ýörmelerindenmi, ýa onuň hemişe telewizora seredip ýörenindenmi, nämemi, günleriň bir güni garaşylmadyk zat bolup geçdi. Kiçijik çaganyň birdenkä geplemäge başlaýşy ýaly Akja-da birden geplemäge başlapdyr. Sözleri doly aýdyp bilmese-de, ýarym-ýarpy gepläp, sözüni düşündirip bilipdir. Ilkibaşda öýdäkiler muňa geň galanam bolsalar, soňabaka öwrenşip gitdiler. Gaýtam soňabaka telewizora seredip durkalar haýsy teleýaýlyma, haýsy teleseriala tomaşa etmek isleýändigini Akjadan soramaga başladylar. Hawa, biziň Akjamyz şolar ýaly derejede maşgalanyň bir agzasyna öwrüldi oturyberdi. Hatda goňşy-golamlara oturmaga çyksalaram, Akjany ýanlaryndan goýanokdylar. Dört aý diýeniňem näme... hä diýmänkä gelýär. Şady-horramlykda geçen dört aý suw ýaly geçip gitdi. Gurban baýramy-da gelip ýetdi. Öýdäkiler gurbanlyga bir hepde öňünden taýýarlandylar. Tutuş bir ýyllap tozan siňip ýatan uly zal ýuwlup-süpürlip gül pürkülen ýaly edildi, halylar düşeldi, diwanlaryň üsütne örtülen ak matalar syrylyp aýryldy. Çörek bişirildi, süýji-köke taýýarlandy. Hatda bu işleriň barsyna Akja hem el-aýak bolup kömekleşdi. Telewizoryň ýüzüni dili bilen ýalap özi arassalady. Öýüň şadyýana görnüşi-ýeňil howasy jaýyň penjirelerinden çogup daşyna çykýardy. Gurbanlygyň birinji günüdi. Her gurbanlykda bir goýnuň mekgesine münýän mgala bu ýyl näme etjeklerini bilmän duran ýagdaýa düşdüler. Olar hiç gurbanlykda-da satyn alan goýunlary bilen bular ýaly jana-jan, bular ýaly ýakyn bolmandylar. Maşgala agzalary hamala dilleşen ýaly gurbanlyk etmek barada kelam agyz dil ýarmaýardy. Bu barada öýde hiç kim hiç zat agzanokdy. Akjanyñ gurbanlyk edilmejegi bellidi. Ol indi maşgala agzalarynyň biri ýalydy. Hatda olar özlerine paýlanan gurbanlyk etlerinem iýmediler. Gelen etli gaplary goňşy-golasmlara paýlaşdyryp goýberdiler. Gurbanlygyň ikinji günüdi. Hemme zat ugruna. Gelýän myhmanlar üçin taýýarlanan süýji-kökeler, börekler bişirilip, maşgala agzalary oýnap-gülüşip durka diňe Akja ýüzi salyk bir gyrada durdy. Ol bir gyrada ýüzünden gar ýagdyryp, hiç kim bilen gepleşesem gelenokdy. Öýdäkiler aladalanmaga başladylar. Belkäm, ol nähoşlandyr ýa-da iýen oty ýaran däldir. Gyssagly weterinar lukmany çagyrdylar, emma Akjanyň saglygynda hiç hili mesele ýokdy. Tersine Akja tut ýaly sagdy. Öýüň uly ogly “aşyk bolan bolaýmasyn” diýdi. Hawa, munuň öň ýatlaryna düşmäýşini. Hawa-la, ol indi ýüňi ýeten ullakanja goç ahyryn. Onuňam käbir isleg-meýilleriniň döremegi bolup biljek zad-a. şonuň üçin onuň bilen ymykly oturyp gürleşmegi makul bildiler. Öý eýesi mylaýymlyk bilen gürläp Akjanyň gözlerine seretdi we ondan näme derdiniň bardygyny sorady: - Indi ulaldyň, Akja. Göwnüň bir urkaçy goýny isläp biler. Menden çekinmegiň hajaty ýok, eger isleseň ertiriň özünde saňa bir ýanýoldaş alyp bileris. Akja gözlerini ýere egdi, onuň ýaňagyndan iki damja ýaş syrygyp gaýtdy: - Kaka, bilýärmiň näme? Meň derdim o däl. Bu gün baýram, gurban baýramy. Öý eýesi doňup galdy, näme diýjegini bilmedi. Öýe dymyşlyk aralaşdy... Akja sözlerine dowam etdi. Onuň gözleri häzirem ýere bakýardy, aşakky äňi saňňyldaýardy: - Bilýän, meni gowy görýäňiz, menem sizi gowy görýärin. Emma häzir baýram. Hemme goňşulara göz aýladym, hemmesi şatlyk-şagalaňyň içinde. Hemmesem goýun satyn aldylar we düýnden bäri olary kesýärler. – Akja iki gezek ýuwdundy we gözlerinden syrygýan ýaşa ünsem bermän sesini hasam ýaňlandyryp gygyrdy: - Kaka, biz nämüçin goýun almadyk, kaka, hä-ää? Nämüçin, mä-ää?! Biziň gurbanlyk goýun satyn almaga pulumyz ýokmy? Kaka, men özümi betbagt duýýan, kaka, mä-ää... Ähli goňşular gurbanlyk edip, şatlanyp durkalar, biz nämüçin gurbanlyk edemzok, kaka-a-aaa... Nämüçin bir goýun almadyň, kaka-a-a-aaa...! Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||