BIR SETIRE SYGÝAN GYSGAJYK HEKAÝALAR
1. “Siz nomeri ýalňyşdyňyz” diýip tanyş ses jogap berdi.
2. Gadyrly ýolagçylar, uçarmanlar topary siziň uçuşyňyzyň ýakymly geçmegini arzuw edýär we siziň bilen hoşlaşýar!
3. Gadyrly ýolagçylar! Bu uçarbelet! Size uçuşymyzyň kadaly dowam edýändigini habar berýärin! Bagyşlaň, araňyzda öň uçar dolandyryp göreniňiz barmy?!
4. Täzeje paraşýut satýaryn. Heniz açylmadyk. Daşky gaby biraz tegmilli.
5. Gijäniň bir wagty meni ýeke özi çagalar otagynda ýatan oglumyň sesi oýardy. Baryp görsem, ol gymyldap bilmän otyr. Meni gören badyna ol assaja pyşyrdady: “Kaka! Meniň krowadymyň aşagynda bir-ä bar!”. Men ony köşeşdirmek üçin dyzyma çöküp krowadyň aşagyna seretdim welin, ol ýerde ýatan öz oglumyň gözlerini tegeläp titreýändigini gördüm. Ol ýuwaşja pyşyrdady: “Kaka, meniň krowadymda bir-ä ýatyr!”...
5. Gije penjire kakyldy. Men daşarda ýagýan ýagşyň damjalarydyr öýdüp 14-nji gatdaky öýümiň aýnasyndan daşaryk seredenimde özüme garşy kimdir nätanyş biriniň seredýändigini gördüm...
6. 312-nji gün. Internet henizem işlemeýär...
Terjimesi üýtgedilip alyndy.
Çeşmesi: https://www.adme.ru/tvorchestvo-pisateli/pronzitelnye-rasskazy-iz-6-slov-750210/ © AdMe.ru
Hekaýalar