BISABYR
Adamlaryň häsiýetleri dürli – dürli-de. Onsaň yşkam olara dürliçe täsir edýän bolsa gerek. Özümiň-ä mydama ýüregim elimde. Bisabyr-da, tebigatym şeýle. Onsoň gyz bolanymda näme yşk meselesinde-de tebigatymdan gaçyp gutulmajagym belli. Nurnepes bilen öňdebaryjylaryň welaýat maslahatyna gidip geldim-de otly köýnek geýäýdim. Siz eşitmäň, men aýtmaýyn. Ne gijesine uky bardyr, ne-de gündiz oturyp kararym ýetýändir. Zowzuldap aýagy bişen towujagyň bar-da. Lap edip aýtdygym däl, öýleriniň duşundan her günde azyndan üç-dört gezek geçýändirin. Gözümem göle ýitireniňki ýaly garanjaklap töweregimde. Utanjam galmady mende. Her gün bahana agtarybam kelläm çişýär. Käşgä şol töwerekde bir magazin bolsa, onda bahanalap gitseň, ol-da ýok-da. Goňşularyň täze gelinlerini gören bolup gaýdýaryn. Olam bir ýerinden gelen dymma, bir zat sorasaň-a gözlerini tegeläp ýüzüňe seredäýýär, ýogsa-da edil urşup aýrylyşan ýaly, şol sortduryp otyr. Nurnepesleriň goňşularynyň bäbejiklerinem gutladym. Sekýän gapym däldir welin, nätjek-dä. Onsaňam ulugyzlar obada kän bir bäbek gutlagyjam däl. Bu-da owarram-la. Ýöne gyz ýigidiň ugrunda sergezdan ýörse kim oňlar. Wah, öz – özüme käýiniplerem çykýaryn-la. Hemmesine-de düşünýärin. Ýöne ýene duýgym akylymdan öňe düşäýýär. Göresiň gelip küýsäp ölüp – öçüp barsaň dagy nätjek. Özüňizem şeýderdiňiz-le. Ýekeje gezek meň ornumda bolup göräýiň. Ýylgyrşan bolmaň, ah-eý siz-ä mençe-de bolmarsyňyz-la. Size-de näbelet däl-le belli. Bahana gytmy, bir söý bilen eýýäm öýüne-de girip çykardyňyz. Kesekini geňlän bolmak aňsat-da.
Öýdäkilerem soranjaň bolupdyrlar. Aýratynam ejem. Ene-dä, haky bar. Ir bilen işe gitjek bolup durkam yrsaraýar:
— A gyz boýuňy syryk ýaly edip heý beýle-de bir ykma bolarmy? Çaky ýagşy. Obanyň ol başynda entäp ýörmäniňde-de, görjegiň gelin bolsa şu töwerekde-de gyt däl.
Jogap bermän, işi bahanalap ýanyndan süzüberdim.
Deň-duşlarymyň her haýsysy eýýäm bir içeriniň keýwanysy boldy.
„Gelip gidýänleriň heý birinde nazaryň eglenmezmi, dannamanyňam çeni ýagşy gyz” diýip, uly gelnejem otursam, tursam gulak etimi guratdy. Dannama näme işlesin. Hiç haýsysyna göwnüm bölünmese nädeýin. Ýigidiň gapysyndan ätläniňde ýüregiň, gürsüldäp urmajak, didaryna zar bolup, gujagyna dolmajak bolsaň, ol gapydan ätlediň nä, ätlemediň nä. Size-de şeýledir.
Ine, indi bir goç ýigit kalbyňda mekanam tutdy-da! Ykbal meni onuň duran kenaryndan başga kenara zyňýarmy? Bu hakda oýlanmaga-da gorkýaryn. Edil ýüregim agzymdan çykyp barýar. Şol zowzuldap ýörşüme ahyr bir gün sataşdym. Işden gelýärdim. Olam bir ýerik alňasap barýar, ýetişiksiz günde bendäň çagasy.
Sägindi. Bir hili hoştap ýylgyrmasam bar. Şol-da janymy alýanam.
— Gurgunmyň, arma-da!
Sözlük düzüminde başga söz ýok. Öz-özüme igendim. Özüň-ä ölüp ýetdiň. Ýeri, ýangyn söndürmäge barýarmyň, pekge. Durda, synla-da. Aýazda köýnekçe galan ýaly gagşap daşlaşsaň kaýyl geldiň. Hany dogumyň. Perme bilen iş üstünde dawalaşmaly bolsa-ha sen hiç kime gezek bereňok. Saňa edil iki paý ýetýän ýaly. Aý olam bir geleňsiz narpyz-da! gygyryşmasaň göleleri aç gyrjak. Öz-ä nahary ýarym sagat giç iýse ýaryljak, ýuwhajygyň bar-da. Sygyrlar welin günortan gelse-de onuň piňine-de däl. Onsoň janyň ýanýar-da. Şeýtse, Nurnepesem sylamaryn, özüňizem sylamarsyňyz. Ýöne Nurnepes beýtmez. Ony ýekeje ýyl perme edip, göräýiň, nädersiňiz hol hudaýaty ýaly, şahy döwük sary sygyrymyzam edil bir aýdan bedew ýaly lowurdap, maýa ýaly ýaýkyldap barsa. Iş meselesinde hallyň-sallyň edilse halamok-da. Söýgide-de şeýle. Edil çöp döwen ýaly edäýesim gelýär. Alaga-da Nurnepese „Men seni halaýaryn” diýip oturybersem näderkä? Erkekleriňki hezil. Ýüreklerindäkini alaga-da aýdýarlar oturyberýärler. Ýogsa-da ýigitlerden öňürdip olara ýüreklerini açyp bilen gyz boldumyka? Haý näbileýin. Juda meň ýaly ýüregini eline alan bisabyr bolaýmasa. Ah-eý, menem garasyny görmän agzymda aş gatyklaýaryn. Görsem şol öňküje bolşumdyr-da. Ýene gaçmak bilen bolaryn.
Şol gün-ä özümi arkaýyn duýupdyryn. Nurnepes bilen öňdebaryjylaryň welaýat maslahatyna gidenimi aýtdymmy? Men-ä sagymçy, olam ýaşlar guramasynyň sekretary.
Gaýdyşyn Nurnepes bilen bir maşynda gaýtdyk. Özünem edil gapdaljygymda oturdy. Ýolda ol düýbünden başga adam. Bir zat sorasalar-a jogap beräýýär. Ýogsa-da gözi maşynyň aýnasynda. Şol uç-gyraksyz meýdanlary synlap gelýär. Gören däldir-dä, öň bende. Keşbem iňňän parahat. Giň göwrümli goja meňzeýär. Ynsan tebigatyny diýsene. Gaty geň. Düýn ýygnakda gürländä-hä ýanyp duran oduň bar-da. Obamyzda ýaşlaryň alyp barýan medeni-hojalyk işleri, olaryň gelejekki meýilnamalary, obamyzdaky täzelikler hakynda şeýle bir joşup gürledi welin, men-ä däl, zaldakylaryň bary doňaýandyr oý etdim. Öler janam bag-bakja eken. Asyl ol ýeke obamyzda däl, welaýatda-da alnyp barylýan işleriň hem köpüsinden habarly eken. Ne etrapda çäk goýýar, ne-de obada. Bag-bakjasyz ýalaňaç jaýlar her näçe kaşaňam bolsa gözüňe ilenok-diýip, Nurnepes ýürejigi bilen aýtdy. „Hany obanyň ýaşlary, zeýi bahana etmesinler, bil guşalyp ugruna çykylsa, ähli zadyň çäresini tapyp bolar. Özüňiz oňarmasaňyz oňarýanyň ugruna çykyň!” diýip ýaşlara ýüzlendi. Sözüniň ahyrynda ol ýaşlary öz obamyza myhmançylyga çagyrdy. Şol wagt geçen dynç alyş güni alakjap ýörşi göz öňüme geldi. Ýowar etdik. Ýaşlaryň bary geldi. Ilki obamyzy, köçeleri arassaladyk, tertibe saldyk. Yzyndanam täze ýetişen hassahananyň, çagalar bagynyň töweregine agaç ekdik. Oglanlar körpeler oýnar ýaly her hili agaç öýjagazlar ýasadylar. Hiňňildik gurdular. Obamyzda sport meýdançasy bardy. Onuň-da töweregine owadanlap, jähekläp bag ekdik. Şolaryň hemmesine-de ýolbaşçylygy Nurnepes etdi. Näme üçin şonda gözüme ilmedikä?
— Sährada gezmegi halaýaryn. Guşlaryň seslerem gulagyňa gelip dursa.
Nurnepesiň özüme bir zat diýenini soň aňşyrdym.
Ol maňa tarap öwrüldi. Gözlerine seredipdirin. Näme üçin bilemok. Mähremligini. Bir hili boz – ýaz bolup aşak bakdym. Şondan soň meniň öňki rahatlygym bolmady.
Derýanyň köprüsinden geçenimizde ol ulagy saklatdy-da oglanlara ýüzlendi:
— Bu gözelligi görmän geçsek, derýa öýkelär, hem bir garbanarys.
Oglanlar göwünjeň razylaşdylar. Nurnepesiň iýmek – içmek üçin ýola alan zatlaram bir oba ýetjek. Sürüjiniň keçesem bar eken. Onam eltip kenardaky agajyň aşagyna düşediler. Nurnepes derýanyň raýşyndan töwerek – daşyny tä uzak gözýetime barýança şol synlady durdy. Bilýärin, sizem şony çaklarsyňyz, Nurnepes hyýalynda, derýanyň suwuny boz sähra akdyryp bag ekip keýpden çykandyr.
Ony gyssap çagyrdylar.
Salkynjak ýerde özüňde şeýle ýakymly täsir galdyran mähriban adamyňam gapdalynda, mele suwyňam towlanjyrap akyşyny synlap, naharlanmagyň nähili üýtgeşik lezzetiniň bardygyny duýup görüpmidiňiz. Depäňizdäki agajyň ýapraklarynyň şybyrdysam täsin mukama meňzäp gulagyňa gelip dur, gelip dur. Utanýaryn, ýygrylýaryn, agzyma salanymam ýuwdybilmän başagaý. Şonda-da ol pursatyň hözürini düşündirip biljek däl. Size düşündirmek bir gerekmi? Nurnepes towguň döşüni elime tutdyrdy. Saçakda goýdurmady. Beýlekilerem „iý-de, iý”. Adamlar biri – biri üçin dünýä gelýän bolaýmasyn. Şeýledir. Size-de ýüregimi açyp iň gizlin duýgularymy paýlaşyp otyryn-a. Onsaň içiňden-ä däl, daşyňdanam „adamlar size gurban bolaýyn” diýip gygyryberesiň gelýär.
— Şuny iýmeseň derýa oklarys – diýip, Nurnepes ýylgyrýar. Garagollygam bar onda.
„Özüň çykarsaň oklaý” diýip içimi gepledýärin.
Sürüji pikirlerimden habarsyz arkamy alýar.
— Gorkma, ýüzüp bilmeseň özüm çykararyn.
Şundan soň, Nurnepes hyýalymdan gitmedi. Bir ýerik ugrasam gapdalymdan çykaýjak ýaly boldy durdy. Çykmasa-da örtendim. Bir obada ýaşaýarsyň, didaryny birde görmeseň, birde görjek. Adam bir söýer daşyndan guwanar ýörer. Meňki ol däl, görmesem ýüregim lowlap ot alyp barýar.
Jeren çykýar. Işden gelip çaý – suwymy içdim-de, toýa kömekleşmek üçin olara ugradym. Jerenleriň garşysyndaky köne harazyň ýakynda Nurnepes pete–pet geldi. Ol meniň bilen şeýle bir aljyraňly salamlaşdy welin, geň galyp entek özümi dürsemänkäm ýoluň gyrasyndaky tümmejige büdräp, ýykylman zordan saklandy. Oňa-da utanyp durjagynam, ýörejeginem bilmän, nämedir diýjek bolup onam oňarman, hasam özüni ýitirdi-de menden ara açsa kaýyl geldi.
Yzyndan seretdim. Ol-da yzyna gaňryldy. Birdenem aýak çekdi. Onýança-da garşysyndan gelýän gyzjagazy saklady. Şol aljyraňňylygy bilen jübüsünden bir hat çykardy-da, onuň eline tutdurdy. Oňa bir zatlar, bir zatlar diýdi. Gyzjagaz ylgaşlap maňa tarap gaýtdy. Nurnepes duran ýerinden bytnaman seretdi durdy. Ýöräp ugradym. Gyzjagaz yzymdan ýetip ýyljyraklap haty elime tutdurdy. Görüp durkamam: „Bu näme?” diýdim.
— Hat – diýip gyzjagaz jogap berdi.
— O nämäň haty, kime?
— Bilmedim, Jerene ber – diýdi.
— Jerenemi?
Gyzjagaz başyny atdy-da geçdi gidiberdi. Men welin durun ýylan gysymlan ýaly bolup.
Ynsan durmuşynda uly öwrümler megerem sanlyja sekuntda, özi-de duýdansyz bolýan bolsa gerek. Ylalaşaňyzokmy? Halanyňyzy ediň. Ýedi ýoluň üstünde düýbi çapylan agaç ýaly yraň atyp duryn. Töwerek daşymda aýlanýar. Duýdansyz urga tap getirip bilmän elenýän ýüregim gursagymy dar görýär. Ýap–ýaňam ýagty, sapaly jahany duman örtdi. Baglaryň depesindäki bahary garşylaýan guşlaryňam sesleri aňzakly gyşy buşlaýan gargalaryň sesinden enaýy eşidilenok. Gursagymy ýaryp içinden ýüregimi çykaryp bolýan bolsa bir ynjalardym.
Mende näme kasdy barka? Jerene hat iberjek bolsa menden başga adam tapmadymyka? Jereniň bir wagtky diýen sözi ýadyma düşdi. Ýigitleriň üstünden düşüpdik şonda. „Ah-eý, baryny öwüp arşa çykardyňyz. Bir Nurnepes bolaýmasa, höwes eder ýalysy barmy şolaryň”. Gyzlaryň birem nagt jogap beripdi:
— Seňňem gedemligiň galjak däl. Nurnepese göwnüň ýetdi dälmi? Şoňa-da şükür. Bagyşladyk şony saňa.
Ýigit neresseleriň paýlaşylanlaryndan habarlaram ýokdur. Aralarynda bir zat bar eken-dä! Gabanjaňlyk oduna ýanyp görüpmidiňiz. Görmäweriň, görmäweriň. Häzir ornumda bolsaňyz ýüregiňiz edil çat açardy. Gaharyma ýarylybilmän gazyk ýaly bolup durşuma haty ýyrtyp – ýyrtyp köçäniň ortarasyna paýradaýasym geldi. Onam edip bilmedim-de, bigünä haty şeýle bir aýamda mynjyratdym, jandar bolmadygyna soň begendim, ol daşam bolsa pytrardy. Saň gaty bolan bedenim ep-esli wagtlap gowşamady. Yzyma dolandym. Häzir Jerenlere barmaga mende güýjem ýok, gaýratam. Aýaklanmadyk köşek ýaly büdräp barýaryn.
Daş işikde erkek doganym bilen tas çakyşypdym. Ýa bolşumy geň gördi, ýa-da ýüzümde adam ruhy ýok, ol gaňrylyp – gaňrylyp ýüzüme seretdi. Bagtyma hiç zat diýmän öz ugruna gitdi. Indem içki tamda ters aýlanýaryn. Pikirlerim oňuşman ýaka tutlyşyp beýnimi ýaryp gelýär.
Senem arşa çykaryp, tapdyň ýagşy-da bir edenli ýigidi. Sygryň dili ýaly haty özi gowşuryp bilmedik mahlukdanam bir ýigit bolarmy? Indem tapdy hat gatnadyjysyny. Bilgeşlin edendir. Bilgeşlin edip, çylkasyz hereket etdimmi? Ýüzüne gülüp bakdymmy? Ýa bir zat ýaňzytdymmy? Ýaňzydaýanam ekenim-dä, ilden çykgynç iş etdigimmi şol. Söýgi mukaddes dälmi? Ýa ol duýgyny men açypmyşymmy? Eltjek däl. Şol hat gowşurylmanda ýürekleri çat açýan bolsa açaýsyn. Şol gyzam ýüzüni as ýaly edip menden artyk tula däl. Haty elimiň tersi bilen dazyladyp gapa zyňyp goýberdim. Içim sowamady. Wah, siz näderdiňiz, ýa bir çykalga taparmydyňyz? Tapardyňyz-la. Men bir iki jahan owarrasy. Akylly–başly oýlanmagam başaramok. Nädip başaraýyn. Ýüregim bir zat diýýär, beýnim başga zat. Ikisiniňkem dogry ýaly: Gowşurmajak bolsam haty näme üçin alyp galypdyryn. Soraldymy ol menden, soramanlar geçsin-le. Indi şu hat üçin lebzimi ýuwdup, adamçylygymy ýitirmelimişimmi? Elteýinde hut märekäniň içinde üstüne zyňyp gaýdaýyn. Gürrüňe galsa ol galýar maňa näme? Haty garbap aldym. Şol badym bilen gapa ýöneldim. Köwşümem geýdim. Näme ýazdyka? Okap bir içimi sowadaýyn. Ýamanlyk edip menden iberdimi, mendenem ýagşylyga garaşmasyn. Öýde jemende ýokdugyny bilsemem, töweregime göz gedirdim. Haty ýygyrt–ýygyrt bolan bukjadan çykardym. Elimiň–aýagymyň ysgyny gaçyp bedenime sowuk der geldi. Ogurlyk etmek aýylganç zat eken. Bolsun. Aýak üstünde durup bilmän ýere ýazylsamam okajak. Siz beýtmerdiňiz. Men welin etjek. Sebäbi ol siz däl-de men.
Edil keşde ýaly owadan hat.
— Jeren!...
Yzyny okamaga bognum ysmady. Saňa ynanyp berdiler. Jenaýat edýärmiň? Ynsapsyz. Boluplar geçeýin diýip, birden joşup ýüregim içime sygman, uly ilim bilen gygyrdym. Hatly elim welin aşak sallandy. Gözümden gidip başlady. Beýle gussa çekip görmänimden soň, heniz beýle agalabam göremok. Hat elimden gaçdy. Hut daş işikde elimi ýüzüme tutup ses edip agladym. Barha möwjedim, hiç köşeşip bilmedim.
— Okalmanlar geçsin artyp. Gözümi–ýüzümi çem gelen zatlar bilen süpürişdirdim-de, kysmaty ýaman haty ýerinden galdyrdym. Mertlige salýaryn, özüm welin ýarym–ýaş aglap barýaryn.
Öňümden çykýan bar, yzymdan etýän bar. Ýiti – ýiti seredip geçýänem bar, lak atýanam. Men welin agyr jeza höküm edilen adam ýaly başymy aşak salyp şol gidip otyryn. Hyýalymda gujagyna dolup–dolup mährinden welin bir ganmadyk, mähriban ojagynda bileje gülüp–oýnap, ýaýnap gezmegi arzuw eden goç ýigidimiň hatyny ýok özüni kesekä gowşurmaga barýaryn. Sizem şeýderdiňiz. Sebäbi ol siz-dä. Göwnüme degse-de, dünýäde özüm üçin iň eziz adam bilen ömürlik hoşlaşmaga kaýyl bolup elenip barýaryn. Häzir meň öz bagtyma hemaýat etmäge hakym ýok. Ýogsam haty eltmänem bilýärin. Eltmesem Jereniň bu zatlardan habarsyz galyp ertir atasy öýüni terk etjeginem bilýärin. Ýöne dünýäde göwni başga adam bilen baş goşup heý, bagt tapan adam barmy? Tapýanam bolsa, kesekiniň bagty maňa derkar däl. Belki-de Jeren Nurnepesiň däl-de, hut ertir ojagyndan örjek ýigidiniň bagtydyr. Göwni bolmasa Jeren gidermi? Ýa Nurnepesden göwni galyp şeýtdimikä? Ýigit wagtynda duýdurmadymyka? Ýa duýdurmaga mümkinçiligi bolmadymyka? Oňa mümkinçiliginiň bolnandygyny obamyzyň akmagynam ynandyryp bilmersiň. Başym çaşdy. Elimden gelse, beýnimi ýaryp gelýän pikirleriň hemmesini başymdan aýlap urjak. Bir dünýäm giňese. Uludan demimi aldym-da aýgytly netijä geldim. Borjumy ýerine ýetireýin. Haty elteýin. Galanyny özleri çözsün, maňa galmandyr ony seljermek.
Jaýa girmeli bolmady. Jeren jaýlarynyň ýeňsesinde maňa pete–pet geldi. Goňşularyna barýan eken.
— Ynha-da kömek berjek adamlaryň gelýän wagty – diýip, ol hem gyzaryp hem ýylgyryp – gyz utanyp ýylgyranda nähili gözelleşýär, synlap görüpmidiňiz, içim tütäp, ot alyp duranam bolsa şol gözellik gözüme ildi – dillendi. Menem syr bildirmezlige çalşyp zordan ýylgyrdym. Ýöne Jerene haty gowşuranymda welin, ähli umydymdan el üzüp, bir ýere ýazylmadym.
— Hatyň näme gyz şu wagt.
Men gidiberjek boldum. Jeren saklady.
— Dur entek, bileje okaly-da, soň gidersiň.
Özi-de gülümsiräp haty hasyr–husur açdy-da, bada–bat okap başlady. Birdenem saklandy, ýüzüme köp manyly seretdi. Onsoň hezil edip güldi-de, haty maňa uzatdy.
— Özüňe ýazylan haty ile gowşuryp ýörmäň näme gyz. Utanmadyň nätdiň?
Pagyş – para bolup, hata elimi uzatmaga-da mejalym galmady: „Garagol diýsänim, özi gowşuraýman. El–aýagyny ýitirip, göz – gülban bolup durşuna şondan gowusy çykjakmydy ondan.
— Obada başga-da Jeren atly gyt däl, aýlanyp çyk olara-da, atdaş – diýip Jeren gülýär.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar