02:14 Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat -2: dowamy | |
BIZ BIRINI SÖÝÝÄRIS, ÝASSYKDAŞ BOLÝAR BIR ÝAT
Ýatlamalar
Söýgimiz tizara hemme klasdaşlarymyza aýan boldy. Asla biz klasdaşlarymyzdan duýgynyzy gizlejegem bolup durmadyk. Wagt diýseň çalt geçýärdi. Eýýäm soňky jaňymyz bahym mekdebi tamamlamaly, Klasdaşlar bolup üýşüp 10 ýyllygy gutaranymyzyň şanyna oturyşyk gurnadyk. Men ilkinji gezek şol oturyşygymyzda bir käse 50 gram ýaly arak içdim. Keýpim hasam kökeldi. Gysmyljyrap gyzlaň ýanyna baryp, bäri çetde oturan Sona lak atdym: “Sona ýanyňyza barsam bolýarmy”. Sona dillidi. Ol meň sözüme mähirlilik bilen ýuwaşja gülüp: “Şir, sen, ýaman sypaýçylykly bolupsyň, meň bilen näme gürrüňiň bar. Jemaly çagyr diýsene maňa”. Men “Sag bol, ýüregimi bileniň üçin” diýip, Sona ýüzlendim welin, onuň jogaby maňa gaty nagt boly: “Şir, seň ýüregiňi bilmän kimiňkini bileýin. Onsoňam seň edýän pikiriň ýüzüňde ýazylgy, ony okap berip oturmaýyn” diýip, ol meniň jogabymy islemedi ýa-da harçaňlaşma hasap etdimi, garaz, Sona aňyrrakda oturan Jemala ýüzüni öwrüp: “A gyz gel, Şire eýe çyk” diýip, oňa ýüzlendi. Şeýdibem men Sonanyň soňky sözlerini jogapsyz goýmaly boldum. Jemal Sona çagyrandan onuň ýanyna geldi-de, oňa “süýş aňryk” diýip, meniň ýanyma gelip çökdi. Edil şu wagt Ýaradanyň özi maňa “Şir, seniň maşgalaň Jemal däl-de, Sona bolýar” diýse-de, “Beýik Taňry ýalňyşýan bolaýma” diýerdim. Ýok, Sona Jemaldan artyk bolmasa kem gyz däldi. Ýöne ýürek Jemaly söýdi. Emma Sona meniň ykbalym eken. Okuwy tamamlap, durmuş diýen beýik ýola gadam basdyk. Obamyzda täze mekdep salýardylar, hünär öwrenmek üçin gurluşyga-şol ýere işe girdim. Indi Jemaly günde görüp bilemokdym. Kanalda üç-dört günden kino ýa konsert bolýardy. Kanaldan oba göçüp gelnende bolsa, klubda bolýan kino-konsertden başga, toýlarda hem duşup bilýärdik. Ine, şonda Jemal bilen görüşýärdim, hezil edip gürleşýärdik. Ýöne men hiç haçan Jemalyň haýyşy boýunça olaryň töwereginde görnen däldirin. Ahyry bir ýyl geçip, watan gullugyna gitmeli pursatam geldi. Meniň bagtyma bir gün öň ýany obamyzyň klubyna iki seriýaly hindi kino geldi. Iller hindi kino gördi. Men Jemaly çete alyp çykyp, obamyzyň gyrasyndan geçýän jaryň bukyja ýerinde hezil edip duşuşdyk. Ony bagryma basyp, ilkinji posany aldym. Ol garşylygam görkezip durmady. Gadyrly hoşlaşdym. Jemal bilen duşuşygymdan bäş gün geçenden soňra, Orsýetiň Kursk şäheriniň etegindäki sümme tokaýlykda soldat bolup, watan öňündäki gulluk borjumy berjaý etmäge başladym. Iki ýyl gullugymda dogan-garyndaşymdan, dost-ýardan, Jemalymdan aýralyk ýeňil geçmedi. Jemal bilen hat alyşmaga-da çykalga tapdyk. Daşgyn bolsa-da, Aýdogdy dädemler bilen saçakly gatnaşýardyk. Onuň aýaly Maral gelnejem Jemal bile pagta ýygypdyr. Men Aýdogdy dädemleriň adresine Jemalyň adyna hat ýazýardym. Maral gelnejemem ol haty Jemala eltip berip, onuň ýazan hatynam Aýdogdy dädemiň adresi bilen maňa ugradýardylar. Şeýdip Maral gelnejimiň arada durmagynda Jemal bilen, bolmanda aýda bir gezek hat alyşdym. 20-nji maýda öýden çykan günüm gullukdan dolanyp, öýe geldim. Gelen günümem klubda kino boldy. Edil öňki gaýtalandy, iller kino gördi. Ýene men Jemalymy iki ýyl öň duşuşyp, hoşlaşan ýerimize getirdim. Ony ýitirip tapan ýaly bagryma basyp, uzak dymyşyp durduk, ahyry men dillendim: “Ezizim, ýene dört günden Törealy dostumyzyň toýy. Biz haçan toý ederis. Haçan size gudaçylyga ibereýin”. Ol göýä hiç zat eşitmedik ýaly, meniň özüme sowal bilen ýüzlendi: “Şir, siz, igmi ýa gul, özem maňa sowaldan gaçman anyk jogap ber”. Jemal bu sowaly maňa ilkinji gezek ýekelemede beripdi. Bu sowalyň öňem berleni güpbe ýadyma düşüp: Jemal, ilkinji gezek saňa söýýän diýemde, ynha indem haçan gudaçylyga ibereýin diýdim welin, bu täsin sowalyň gaýtalandy. Bu nä sowal düşündir ahyry” diýdim. Şondan soň, ol elini ýüzüne tutup aglap başlady. Men köşeşdirjek bolup jan etdim. Onuň özi aglap, özi goýup, şonda-da arasynda sojap, maňa ýüzlendi: Şir düşün, ejemiň aýtmagyna görä, kakam şeýle diýýär “Gyzlarymy ig ýere bermek hakynda gürrüň ýok, ogullarym “Zöhre-Tahyr” bolup söýüşse-de, gul ýerden gyz alman. Özem biz ig däl, ýöne gulam däl diýýänler ýalan sözleýärler. Türkmen süňňi boýunça ýa ig ýa guldur, ortalyk zat bolup bilmez”. “Mämi aga şeýle diýýärmi” diýip, lampa gumuň üstünde oturanymy hem duýman galdym. Olam: “Hawa, kakam Mämi aga şeýle diýýär, onsoň, neneň men saňa bu sowaly bermäýin” diýdi. Men ilkinji gezek Jemal elimden gidip barýan ýaly duýgyny başdan geçirdim. Özüme zor salyp: “Ezizim, biz tutulyp getirilen ýa başga halkdan türkmene öwrülen gul-a däl. Ýöne ig däldigimizem bilýän. Gowşut obasynyň ýanyndaky Mämmetoraz hanyň galasy, meniň atamyň atasynyň galasy. Aňrymyz barjamly han-beg nesli. Atamdan aňyrsynyň gyrnak aýallaram bolupdyr. Ejem-ä Maşlar igem däl, gulam, gatyşan ýarym gul diýýär. Mämi aga ig bolmadyk gul diýýän bolsa, onda ýaşulyň garaýşyndan gul bolýas” diýip, bialaçlykdan iki elim bilen kellämi tutdum. Ol meni ýaňy görýän ýaly dikanlap seredip, menden gözüni aýyrman şeýle diýdi: “Şir, tur ýeriňden mert bol. Ejemden hiç zady gizlämmok. Ol düşünjeli aýal. Belki, ejem çykalga tapar. Alla biziň ýazgydymyzy bile ýazan bolsa kakamyňam dili agzy baglanar”. Bu gürrüňden soň, meň şeýle bir lapym keç boldy. Emma Jemaly goýberesim gelmedi. Ol: “Şir kino bireýýäm gutardy. Men gyzlaň yzyndan ýeteýin, gudaçylyk gürrüňimizi bolsa Törealy klasdaşymyzyň toýunda ederis” diýip, gaty-gaty ýöräp ýanymdan gitdi. Ynha, bu günem hem klasdaşym, hem dostum Törealyň toýy. Goňşy obadan öýlenýär. Dostumyň dört ýyl söýşen gyzyny gulluk edip ýörkäk, ene-atasy başga birine durmuşa çykaryp goýberipdir. Törealy: “Şir näme etjek, kysmat bu, her kim ýazylany almaly, janyňy ýakmak özüňi gynamak” diýip takdyryna kaýyl bolup, zat bolmadyk deý öýlenýär. Törealyň toýy ilkinji bolansoň, hemme oglan-gyzymyz gelipdir. Jemalymy görmäge göz gerek. Klasdaşlarymyzyň öýlän oturyşyk etmeli öýüne Jemaly çagyrdym. Onuň bilen iň ýakyndaky sähetli günde olara gudaçylyga barmagy şertleşdim. Men howsala düşüp: “Jemalym, kakaň kowup goýberse ýa siz gul diýip, ejem dagyň üstüne dyzasa näme” diýdim welin, ol “Şir, kakam seň eneň-ataň üstüne dyzamaz. Ýöne näme diýjegini bilemmok. Ilkinji gezek, diňe ejeň-kakaň gelsin. Kakam näme diýýär göreli. Soňuny soň maslahat edeli. Indem göz bar, dil bar. Biri-birimize lak atyşyp ýörmäli, toý göreli” diýdi. Onuň bu aýdanlary meniňem ýüregime jüňk boldy. Soňra hezil edip, birsalym gaýgy-gamy unudyp, oglan-gyz jem bolan ilkinji toýumyzy şagalaňly geçirdik. Şatlandyk, tans edip, keýpi-sapadan çykdyk. “Haýyr işi jäht tut. Duşenbe duşur, türkmen aýyndanam gowy sähetli gün ” diýip, ejem kakamyň aňyna-maňyna garaman, Törealyň toýynyň ertesi güni garaňky gatlyşandan Jemallara gudaçylyga gitdiler. Geň galmaly zat, Mämi aga aýaly bilen ejem-kakamy gowy garşylapdyrlar. Ýaşuly biziň pederlerimiz bilen öz ata-babalarynyň gatnaşykly bolandygyny, beýik watançylyk urşuna atam Ýazy aga bilen bile gidendigini gürrüň beripdir. Ýöne gyz berip bilmejigini, özleriniň ig, biziň bolsa guldugymyzy aýdypdyr. Ejem-kakam Mämi aga özleriniň ig bolmasa-da, gul däldigini, bolmanda ýarym guldugyny düşündirjek bolsalaram, Mämi aga: “Geldi, siz meň pikirimi üýtgedip bilmersiňiz, size gyz ýok. Meseläňiz şol bolsa gep gutardy. Ýöne gürrüň edeli diýseňiz, men bar” diýip, ol ýaşuly ýüzüni kese sowup oturypdyr. Şondan soň ejem-kakamyň gürrüň etmäge-de weji bolman, derrew turmak bilen bolupdyrlar. Guda bolarys diýlip eltilen umytly saçagam açylmandyr. Kakam gelşine: “Heeý oglum, barmajyk ýerimize gitmeli etdiň. Mämi aga beýle nadandyr öýdemokdym. Ol ýüzümize bakyp, biz ig, siz gul diýýär, bu diýdigi biz arassa, siz hapa diýip kemsitdigi bolýar. Indi meni şol gapa barmaly etme. Gyz bilen duza gytçylyk ýok diýipdir, pederlerimiz. Ýitigimizi başga ýerden gözläli. Senem ol gyzy ýatdan çykar” diýdi. Içimden kakama: “Wah, kakajan, ýatdan çykar diýeniň bilen unudyp bolýan bolsa unutjak menem, ýöne men Jemalsyz nädip ýaşajagymy bilemmok” diýip jogap berip, daşymdan bütinleý başga hörpden gopup, başymy atyp razylaşdym. Şondan soň kakam öýden çykyp gitdi. Ejem ikimiz galanymzdan, käbämi syrdaşym hasaplap “Wah, Jemalsyz nädip ýaşarkam” diýip, oturan ýerimden ýere süýnenimi duýman galdym. Ejem görgüli daşymda käkeläp: “Oglum, ene üçin balasynyň ölüminden soňra çagasynyň ejizläp alaçsyz galandygyny görmek iň aýylganç zatdyr. Ejizleme, häzir men ejizlesem saklap bilmersiň” diýip, aglap başlady. Men gaty ejizlänimi duýup, ejemi agladanyma namysdan ökünip, ýerimden tarsa böküp turup, ejemi gujaklap: “Käbäm, ynan, ejizlikden däl-de, ýadawlykdan başym çaşyp süýnüp, näme diýenimi hem bilmändirin. Ejizlik maňa sürtseňem ýokmaz. Hany, goý sesiňi. Başga gyz gyt däl” diýdim. Ejem: “Oglum, ejizlemeseň, men arkaýyn bolaryn, kiçi dilden bärde söz berseň duýaryn, çynyň bolsun, bu aýdanlaň”diýenden soň herimiz öz jaýymyza girip gitdik. Ertesi gün eýdip-beýdip habar ugradyp, Jemaly Maral gelnejemlere çagyrdym. Jemal gelenden: “Şir, kakamyň hereketlerini ýatlap gaharlanyp agynanymyzyň peýdasy ýok. Men gyssanýan, häzir kakam gelmeli. Ejem bilen gepleşdim. Seň diýeniňi aýtdym. Ejem: “Gyzym, bagtly bolaryn diýseň, ýolyňy saklammok gidiber. Kakaňam bir gaharlanar bir goýar, bolmasa-da özünden görsün diýdi. Şir indiki maslahat” diýip, maňa ýüzlendi. Törealyň toýunda Mämi aga gudaçylygymyzy kabul etmese, Jemala öz göbegimizi özümiz kesmegi teklip edip, meni özüni bedbagt etmezligi haýyş edip özelenip ýalbardym. Jemal şonda: “Şir ýagşy umytda bolaly. Soňuny soň göreli. Bolmasa seň diýeniňi etmeli bolar” diýipdi. Ynha, bu günem ol hemme zada razy bolup gelipdir. Ine, söýgi: atasynyň gazabyndan gorkman, bir ýigide ykbalyny baglamaga gelen gyzyň wepadarlygyny näçe wasp etseň azdyr. Jemal bilen gyssagly ykbalymyzy birleşdirmegiň dürli ýolyny maslahat etdik. Jemal: “Şir, ejem ikimiz öňümizdäki dynç güni daýymlar jaý, sünnet toý edýär. Şoňa gidýäs. Sabyr et, ajygan ölmez, alňasan öler diýipdirler. Şol taýdan nirä diýseň gideýin. Öýden çykyp gitmek ýaman garaňky ” diýip, kän özelendi. Men: “jemal, goý yrymyňy, haýyr işi jäht tut diýipdirler. Daýyňlara, doganyna toýa gidende, ejeň agzyna awy atylan ýaly etme. Şu agşam ykbalymyzy çözeli” diýip özümkini tutdum durdum. Men gyssanýardym, birhili gijä galsam, söýgim elimden gitjek ýaly duýgyny başdan geçirýärdim. Ahyry Jemal razy boldy. Ertir daňdan Jemaly öz gaz-69 kysymly Zaporož maşynymyzy özüm sürüp, ony Tejendäki Kaşam dädemlere alyp gitmelidim. Jemal öz maşynymyzda meniň özüm sürüp gitsem gaçmaga razy boldy. Wadalaşylan wagtda-daňdan bäşiň ýarynda Jemalllardan ýüz metrden uzakda bolmadyk kese geçýän köçä ýetdim welin, ol garaşyp duran ekeni. Onuň deňinde säginip, maşynyň yzky gapysyny açyp berdim, ol çaltlyk bilen münüp, görünmejek bolup ýatdy. Men ol münensoň ynjalyp: “Hudaýa şükür, sen indi ömürlik meňki” diýip begenjimi daşyma çykardym. Jemal: Nika gyýlandan soň ömürlik seňki bolaryn” diýip, ýatan ýerinden mähirli ýylgyrdy. Biz gaz 69 kysymly Zaporožymyz bilen ýoly külterläp başladyk. Hä diýmän, Gün dogar. Mämi aga duýup, kowgy iberip, yzymyzdan ýetäýmesin diýip, ätiýaç edip, kanal ýolyň üsti bilen Tejene gitmegi şertleşdik. Obaň çetindäki bir ýarym kilometr uzaklykdaky köprüden aýlanyp gelmegem daş görüp, jardan gönüläp geçeýin diýip, maşynly jaryň ortararagyna ýetdim welin, maşynym tapyr-tupur öçdi. Maşyn öçendenem Jemal: “Waý, indi näderis” diýip elewräp başlady. Men özümi arkaýynlyga salyp, “Jemal, gaýrat et, aljyratma, nesip bolsa häzir otlaryn ” diýip, oňa göwünlik berip, aýagymy çermäp, köwşümi çykaryp, suwa girip, kapoty açyp, maşynda güman eden ýerlerimi dyrmaladym. Sweçlerini süpürip goýdim, akkumilýatoryň prowodalaryny barlaşdyrdym. Garaz, bir sagat otlajak bolup çörňeşdim bolmady. Maýyň üçünji ongünlügidigine garamazdan, agşam ýarym sagat mazalyja ýagyş ýagansoň, jara ýarym metre golaý sil gelipdir. Özem gitdigiçe köpelip barýar. Bir sagadyň içinde jarda 10 sm suwuň galandygyna şaýat boldum. Etjek alajyň ýok. “Jemal her üç-dört minutdan “Men nätmeli” diýip elewreýärdi. Edil jaryň gyrasynda Sapardurdy kakamlar ýaşaýardy. Maşyny çykarynçam, Jemala: “Şolara elteýin otur, kakaň oslajak ýerem däl, maşyn otlandygy alyp gideýin ” diýip teklip etdim. Ol ör-gökden gelip:“Meni düşür bolmasa-da, suwa girip özüm düşerin” diýensoň, ony maşynda ýatan ýerinden gujaklap, aýagyny suwa degirmän, Jemaly gury ýerde goýdum. Men aljyrap ýanymyza tarlap traktoryň gelip duranynam duýmandyryn. Traktorist klasdaşym Berkelidi. Ol traktordan ylgap düşüp, bize salam berip, Jemalyň ýanymda duranyny görüp, birbada kellesini gaşap durdy. Şol aralykda Jemal öýlerine tarap ylgap jardan çykyp gitdi. Berkeli “Wah, dost päsgel berdim öýdýän. Häzir sil gelmegi mümkin. Maşynyňy çykarmak üçin durdum” diýdi. Berkeliniň traktory bilen maşynymyň ýüzüni oba tarap öwrüp çykaryp, otlajak boldum. Maşyn otlanmandty. Maşyna suw urupdyr. Ýene iki-üç sagatdan Gün gyzaryna garaşmasaň, maşynyň otlanmajagy görnüp durdy. Hudaý diýen ýerimem bar eken. Maşyny jardan alyp çykanymyzdan, üç-dört minut geçendir ýa geçen däldir, tolkun atyp, jary dolduryp sil geldi. Siliň güýjemeginden ätiýaç edip, Berkeli gyssanýan diýse-de, klasdaş bolup, haýyş edip duramsoň, ol ýüzümden geçip bilmän, maşyny traktory bilen çekip öýe getirip gitdi. Biziňkiler, goňşy-golam daşarda eken. Meni görüp, olar allaniçigsi boldular. Men utanjymdan ýüzümi aşak salyp, derrew öýe girmek bilen boldum, bagtyma hiç kim hiç zat soramady. Şol wagt idlendik sowala jogap bermäge taýynlygym ýokdy. Yzymdan ejem girip: “Oglum, hany Jemal, ony nirede goýduň” diýip, hünibirýan aglap başllady. Maňa hemme zady boýun almakdan başga alaç galmady. Bolan wakany eşidip, ejem agysynyň arasynda şu sözleri aýtdy: “Gelni goýbermän, öýe getiräýmeli ekeniň” . Ejem bu sözlerini diýse-de, diýdi. Ýöne maşynyň traktora tirkelip getirileni gözöňüne geldimi nätdimi, birden agy sesini goýup: “Allajan men näme samrap durun” diýip, gözýaşyny süpürip daş çykyp, howlymyza üýşüp duran 3-4 adam bilen bir zatlar gürleşdi, bahym “myhmanlar” gitdiler. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||