12:35

Biz birini söýýäris, ýassykdaş bolýar bir ýat -3: soñy

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 477 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
Okadym, gynandym. Yzynyň soňy gaty pajygaly bolany-na hem doly düşündim... Şu "gul-ig" meselesi soň-soňlar ýatdy, ýagny 2000-nji ýyllardanam soňrak ýatyberdi biziň obada. Gaýraky obalary, gaýra illeri bilemok, ýalňyşsam bagyşlaň! Öz obam-a mundan el çekdi birwagt. Meselem: Bir obadaş oglan, öz klasdaşy bilen halaşdy. Oglan guldy, gyz ig. "Gudaçylyga barsyn bakaly, söýşen bolup bererlermika saňa" diýänlerem bardy. Ýöne, gyzyň kakasy dogry etdi, "halaşan bolsalar ýetik, hanha gyz. Gul-ig nirede tapylan zat, entek öz aslymyzyň ýedi arkasyny tanamzok" diýipdi. Gaty agyr galyňam salmady, öz gyzynyň islänni galyňa saldy, bolany. Bu wagt çagaly-çugaly gül ýaly ýaşap ýörler, bagtly durmuş. Başga näme gerek, oba içi, öýlerem aňyrky köçe, maşyn tutmak gerek däl, iki minut.

Ýokardakylary nämüçin sarnaýaňyz diýýänsiňiz, häzir düşündirdek aşagynam okasaňyz, dogry bilersiňiz öýdýän.
Soýuz wagty adamlar deň-derejeli adamlar dälmi, ýagny SSSR wagty. Baý-garyp ýok. Diňe wezipeli adamlar "baýdyr" öýdülýärdi. Emma, şol öňki taryhdan çykman, ata-babalarynyň baý bolanyny bilýän adamlaram kändi. Şol deňlige olar gaty kän päsgel berdiler. Ýagny, özlerini deňhukukly ýurtda azajygam bolsa "abraý" gazanmak islän adamlar. Özlerine "hormat" gazandyrjak bolan adamlar. Kime gereg-aý ol. Mundan ýüz ýyl öň nähilidi, Hudaý saklasyn, gul-gelmişek hasaplap asla-da gyz bermeýärdi, ýagny, barjamly adamlar. Borl-aý, o zatlar hiç.

Bu wagt indi oňa seredýän ýok, seretjek bolýanam. SSSR dargady, herkim näme etjegini bilmeýän boldy. Gul-ig ýatdan çykdy. Şonda, biz ýaly "gullar" köpüsi magazin açdy, firma açdy, uly alymlar boldy, umuman garaz... Hany indi "ig"? Gaýtam indi igler şol "gullaryň" elinden çörek iýýärler. Kepi köpeldip oturmaýyn. Soýuz döwründe "biz baýlar" diýen pikir entegem galmadyk. 37-nji ýyldaky ýaly, ýyly ýorganda ýatanam bolsaň maňlaýyňa tüpeňi diresinler, "men gul agam, guluňam guly" diýeniňi bilmän galarsyň welin, näme diýjek. Indi o döwrüň ýokdugyny olar gaty gowy bilýärdi. Dogrurak düşündirjek boldum öýdýän, bagyşlaň galanynam!.

0
2 Ependi  
284
Käte, arhiwe aýlanyp ýörkäm ýene şu mowzuga gabat geldim. Töwella barylýan ýerini okanymda gaty gynandym. Oglan şonda mert durmaly eken. Özümde hem bolup geçen wakalar göz öňüme dikeldi. Ýok, özümde dälde, başgalaryň wakasy. Opeljigim bilen oba arasynda kireý eden bolýardym. Şonda, obadaşlaň biri maňa jaň edip goňşy oba gidip geleli diýdi. Bardym, kakasy, ejesi, uly ogly mündi. Görkezilen adresdäki howla girdim arkaýyn, zatdan habarsyz myhman erten ýaly. (Bolan wakany bilsem ömür gitjekli diýsene. Çala duýdursada ýetik, ýol gyrada goýmajakmy maşyny) Ýöne, bular habarlaşypdyr, "ýaşuly öýdemika?" diýende, goňşulary öýde diýipdirler. Barsam, peşeneli ýaşuly tapjanda çaý içip oturan eken. Bular düşdi, salamlaşdylar. Näme bolýanna düşnemok, onynça atylyp ogly çykdy sögünip. Aşhana girdi-de ýalaw ýaly paltany alyp çykdy. Maşynda otyrkam gelibem maňa topuldy:
- Aýyr maşynyňy şu howlydan güm etde. Sen kim bolarsyň meň howlyma maşynly girerçe...
Yzam, tudy-sudy..
Asyl göz ýetirsem, gyz alnyp-gaçylypdyrda, töwella baryş eken. Maňada aýtmasalar näme edeýin.
- Dost, biraz tagapyl bol, men taksist bärde. Düşünişjek bolsaň hanha, holar bilen düşüniş. Meň bärde günäm ýok?! - diýsemde, beter dyzaýar. "Maşynyňy çykar şu howludan, ýogsa çym-pytrak edip taşlaýan". Gaharym depäme gelendirda, "ine maşyn, edeniňi et, pytrat, yzynda durup bilseň! Ilki bilen öz kelläňi işlet, töwella gelen menmi ýa olar? Men bärde kim? Onsoňam, çenelen taýak maňlaýa degýän däldir, çenelmedik degýändir. Somlama paltaňy.." Umuman, dawa bary tutaşdy. Ýöne, öýüň ýaşulusy berk adam bolara çemeli, göni bir sözde tumşugyny gaýtdyrdy.
- Pylany, bar sen öýe sümül, kakaň otyrka goşulma ýekeje zada, häý bihepbe.
- Kim bihepme? Şol gaçyp giden jelepmi ýa menmi? Onsoňam... Ortada duran çäýnek tas oglunyň maňlaýynda pytrapdy. "Çenelmedik taýak boldy". Ola ümsüm öýe girdi. Howla şobada asudalyk aralaşan ýaly boldy. Ýaşuly köpi gören adam eken, düşünişdiler. Gudaçylyga öňem birki gezek barlypdyram, enesi göwnemändir. Atasyna bolsa habaram aýtmandyrlar. Oglan bilen gyzam halaşypdyr. Ýaşuly şonda başyny ýaýkap birzady gürrüň berdi, özem ýaş wagty alyp gaçan eken. Onam diňledim welin, taryhy has kynçylyk bilen geçipdir. Bu wakalar onuň döwrüne seredeniňde hiçzat bolup galýar. Ylalaşdylar soňra, şu wagt gül ýaly gatnaşybam ýörler. "Eli paltaly" çykýan gyzyň erkek dogany indi eline sowgatjyk alyp, ýegenjiklem diýip ogşap girýär gapa. Dogrusy, ilçilik, ylalaşmaly. Gyz halaşyp gidensoň yza dolanyň peýdasy ýok, diňe ykbalyny ömürlik bulaşdyrmak bolýar.

Şondan soň "töwella gitmen" diýip ýörkäm, öz agalamyň biri jaň edäýmezmi. Özüňki bolansoň ýüzündenem geçip bolanok. Äkitdim. Ýöne, bu gezek maşyny üç jaý geçirip aňyrda goýdum, howludanam beýlede. "Özüňiz düşüp ylalaşyň, menä maşynda oturjak" diýdim. Gaýdamda, bir tanyş polisim bardy. Şoňada jaň etdim. "Töwella barýandyrys, düşünişip bilsek düşünişeris. Gaý-gopalaň turjak bolsa ulgamda bolarsyňda" diýip, habarlyrak edip gaýdypdym. Bilen ýaly, bäş minut geçmänkä goh başlady. Bir seretsem, agamy eli çarşakly biri kowalap barýar. Ýadyňyza düşýärmi, bir kino bardy "Kawkaz ýesiri ýada Şurigiň başdan geçirenleri" diýen, şonda bir epizod-da Sahow diýilýän eli podnosly, şampan çüýşelije giren bolýara, minudam däl, gulagy gülli çykýamy) Gülmelem däl welin, bulam şo ýagdaýy ýatlatdy. Derrew polise jaň edip, ýetişiň diýip ýetişdim. Sebäbi, eli çarşakly indem meň yzymdan ylgap gelýär. Çaltrak maşyny otlap jyrmakdan başga alaç ýok. Özüm hiçle, maşyna birzat bolsa, ber habary. Özüňem müýnli, gyz alyp gaçyp töwella gelen. Nämede bolsa tanyş polisim wagtynda ýetişipdir, ýanynda üç-dört sany kärdeşi bilen. Soňra ylalaşdylaram, toýam etdiler, gül ýaly gatnaşybam ýörler.

Aýtmakçy bolýanym, ýaman gaty kyn zat şu töwella gitmek diýilýän mesele. Köpüsi aňsatjagam sowulýar. Barmasaňam bolanok, olam biriniň ekläp-saklap ýetişdiren çagasy ahyryn. Garyndaşlyk gapysynyň öňde-soňda açylmaly ýeri. Kimbilýär, töwella diýilen zadyň entek ilçilikde nähili wakalary boldy, nähili tomaşalar geçdi, biz bilemzok. Bulam durmuşda bolýan zatlaryň biri.

Bolan wakalar bir tanyş dostumyň dilinden ýazdyrylyp alyndy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]