13:50 Biz turanly | |
● Kökler
Edebi makalalar
BIZ TURANLY Mollanepesiň şygyryna aýdylýan “Owadan gelin” aýdymynda: "Eýran, Turan, arap, ajam ilinde, Görmedim seniň deý owadan gelin" - diýen sözleri eşiden türkmenleriň arasynda “Turan” atlandyrylýan ýurduň nirededigini, ol sözüň anyk manysyny bilmeýänler az däldi, häzirem şeýle. Ýetmişinji ýyllaryň başynda professor Mäti Kösäýew ýazyjy Berdi Kerbabaýewi “Turanyň aksakgaly” atlandyranda bu söz üçin ideologiýanyň şarpygyny datmaly bolupdy. Eýse, gadagan edilen sözüň aňyrsynda nähili many, düşünje ýatyr? Taryhçy Ata Jykyýewiň ýazmagyna görä, antik zamanda Günorta Türkmenistanyň ekine ýaramly oazislerinde çarwa hem ýarym çarwa ilatlar ýaşapdyr. Olaryň durmuşy, söwda-ykdysady ýagdaýy, çarwalar bilen çomrularyň arasyndaky gatnaşyklar soňky iki müň ýylyň dowamynda-da uly üýtgeşiklige sezewar bolmandyr. Iki tarapdan haryt çalşygynyň dowam edendigine garamazdan, duşmançylykdan el çekilmändir, birek-biregiň üstüne talaňçylykly çozuşlar dowam edipdir. Has soňky döwürlerde bu çaknyşyklar Eýran bilen türkmenleriň arasynda-da galmandygy "buržuaz” alymlaryna Eýran bilen Turanyň arasyndaky duşmançylygyň hemişelikdigini ýaňzytmaga delil bolandygyny” türkmen alymy aýdýar. Onuň “buržuaz alymlary” diýmeginiň özi eýýäm sowet taryhy ylmyna mahsus synpylyk nukdaý nazardan habar berýär. Eger buržuaz alymlarynyň “ýakymsyz endiklerini, meýillerini” alga almanyňda-da taryhyň dowamynda Eýran bilen Turanyň arasyndaky duşmançylyga göz ýummak bolmaz. Hazar deňzinden günortadaky çöllük ülkeleriň eýýäm, altynjy asyrda türkler tarapyndan eýelenendigini akademik W.Bartold ýazýar. Şol döwürdenem, türkler bilen Eýran sasanileriniň arasynda ganly çaknyşyklar başlanýar. Türk hanlyklarynyň döremegi Eýran bilen serhetdeş oturan türki dilli taýpalara täsirini ýetirýär, olaryň abraýyny, mertebesini artdyrýar. Araplar öz ýazgylarynda şol taýpala- ryň baştutanlaryny Turan şalary diýip atlandyrýarlar. Eýran bilen Turanyň arasyndaky duşmançylygyň legendalary has irki zamanda döredilipdir. Geliň, rus alymy, jahankeşdesi P.Ogorodnikowyň XIX asyryň ikinji ýarymynda Eýrana hem Hazar deňziniň ýakasyndaky welaýatlaryna eden syýahatyndan soň 1874-nji ýylda Peterburgda neşir etdiren kitabynyň “Parslar we türkmenler” atlandyrylan bäşinji babyndaky maglumatlara ýüzleneliň. Zoroastrizmiň pygamberi Zerduşt meşhur Guşstasp şanyň döwründe Eýrana mukaddes kitap “Zend-awestany” getirýär. Şa kitaby pygamberiň behiştden göçürip getiren serwi agajynyň aşagynda kabul edýär, ondaky beýan edilýän dini ynançlara, haýyr işleriň hudaýy Ormuzda sejde etmegi ony giň ýurduna ýaýratmagy borç edinýär Ýöne mundan has öň bu mukaddes ynançlaryň arylaryň watany bolan Ariana-Eýrana ýaýrandygy aýdylýar. Zerduşt Ormuzdan: “Kim il- ki seniň adyňdan halka kanun beripdi?” diýip soraýar, Ormuzd Jemşidiň adyny tutýar. Emma Jemşit Zerduşt ýaly, kanunyň berk ornaşmagyny başarmandy, entek ol juda gowşakdy diýýär. Gadymy eýranly-zend halkynyň ilkidurmuş döwri, Jemşidiň baştutanlygynda gören görgüleri hakynda “Zendi-Awestada” aýdylýar. Onuň “Wendi- dad” bölüminde Ormuzdyň Zerduşta ýürek açmasy beýan edilýär. Ormuzd öz bendeleri ýaşar ýaly birnäçe ýurt taýýarlaýar. Şolaryň ilkinjisi, rowaçlygyň hem bolçulygyň mekany bolan Eýeriene-Weýedo Manysy arassa Eýran diýmek. Onuň gözelligine taý gelip biljek başga bir ýurt bolmandyr. Jemşit şalyk edýär ekeni. Ormuzd oňa beýik başarnyk, halkyna iýmit, paýhas, uzak ömür berýär. Emma şer işleriň hudaýy Ahriman ýurduň garşysyna bet gudratyny ulanýar. Ýylyň on aýyny gyşa öwürýär, suw, toprak, agaçlar doňýar. Soňra Ormuzd halky ýagty hem ýyly mekana göçürýär. Oňa Sogdiana diýýärler. Ahriman bu ýerde-de adamlary gününe goýanok. Aýylganç siňekler döredýär, olar mal sürüleriniň gyrylmagyna getirýär. Ormuzd ýene halkyna kömege ýetişýär, ony täze mekana alyp gidýär. Oňa Moru, ýa-da Merw diýýän ekeniler. Bu ýerde-de halk arkaýyn, parahat ýaşap bilenok. Ahriman şer döredýän gabahat gepler ýaýradýar. Halkyň indiki ýoly Bagdanyň-Baktriýanyň üstünden düşýär, emma Ahrimanyň ýamanlygy uzak garaşdyrmandyr, garynja sürüleri çozýar, adamlar ulukjyn alyp, bäşinji mekana gaçyp barýarlar, bu ýerde-de olaryň kalbyny agyr şübhe gaplap alýar, altynjy ýurtda gedaýçylyga uçraýarlar. Garaz, şeriň hudaýy Ahrimanyň etmişleri zerarly halk on dört gezek ýurduny çalyşýar. Soňky ýurtlarynda arkaýynlyk, rowaçlyk tapýarlar. Bu ýurt häzirki Parsystan, Larystan bolmaly. Jemşit gözel şäherler saldyrýar, ýollar çekdirýär. Ekerançylyga üns berýär, meýdanlar baga bürelýär. Şanyň belentlikde saldyran köşgüni synlamaga göz gerek, onda keramatly otlaryň ýalyny ynançdan doly ýüreklere kanagat berýär. Parslaryň raýatlyk medeniýeti kämil derejä göterilýär. Beýik şahyr Firdöwsiniň “Şanamasyny” oka- nyňda gadymy eýranlylaryň şöhratly döwrüniň Zendi-Awestadaky beýany dowam etdirilýän ýaly bolýar. Şerap ýasamagyň kämil usulyny tapan-da, ýylyň gün hasabyny girizende, ilaty dört kasta bölen hem Jemşit diýýärler. Onuň beýik magaryfçydygyny ykrar edipdirler Ol tagtynyň hormatyna Persopol atlandyrylan beýik paýtagt şäheriniň düýbüni tutupdyr. Jemşit 616 ýyl hökümdarlyk edenmiş, emma ahyr pellede tekepbirlik keseline uçrap, bihaýalyga ýüz urup, özüni hudaýyň ornunda goýýar, raýatlarynyň näletini gazanýar, şeýdibem döwleriň gazabyna duçar bolýar. Eýran gazaply hem hilegär Zahhakyň baştutanlygynda gelmişekleriň eline geçýär, olaryň häkimligi müň ýyla çekýär. Bu zamanda döwler adamlar bilen garyşýar, şer işler kada öwrülýär. Gadymy eýranlylaryň arassa neslinden çykan Peridun halk tarapyndan hökümdaryň tagtynda oturdylýança adalatsyzlyk dowam edýär. Parasatly Peridun parahatlyk, abadanlyk aralaşandan soň, şalyk jygasyny başyndan aýryp, ýurdy Zahhakyň gyzyndan bolan rehimsiz hem wagşyýana iki ogly Selmiň, Turuň, Iran- daht atly pars aýalyndan dogan söýer ogly, ýygra Irejiň arasynda paýlamakçy bolýar. Selme günbatardaky ýurtlar: Alynky Aziýadaky, Afrikadaky, Ýewropadaky ýerler düşýär. Tur gündogar tarapa-Turana eýe bolýar. Kiçi ogly Irejiň häkimliginde gözel, sapaly Eýran galýar. Şanyň köşgi, hazynalary, tagty-da onuň ygtyýaryna geçýär. Elbetde, artykmaçlyklar Irejiň ene başga doganlarynda göriplik oduny tutaşdyrýar. Olar hile bilen Irejiň kellesini alyp, ony atalary Periduna iberýärler. Kellekeser ogullaryna dergazap bolan Peridun wepat bolan körpe oglunyň gyzyny garyndaşy Menuçihre berip, oňa ganhorlardan ar almagy buýurýar. Şeýlelik bilen nurana Eýran bilen Turanyň arasynda çaknyşyklar başlanýar. Häzirki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň territoriýasyny galapyn öz içine alýan, Turanyň ýaşaýyjylary: massagetler, dahlar, skifler, türkler, mongollar hem başgalar bilen Eýranyň arasyndaky syýasy, dini duşmançylyk asyrlar boýy dowam etdi. Häzirki Türkmenistanyň köp ýeri Turanyň düzümine giripdir. Geliň, indi “Turan” sözüniň gelip çykyşyna üns bereliň. Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügini ýazan S.Atanyýazow: “Tu:ra:n” sözüniň manysy belli däl. Türkmen klassyk şahyrlarynyň döredijiliginde köp gaýtalanýan bu ada Tuwa awtonom oblasty- nyň, Habarowsk ülkesiniň, Merkezi Wýetnamyň toponomiýasynda hem duş gelýäris” diýip ýazýar. “Dünýä halklarynyň mifleri” ensiklopediýada Awestada Tura, parsça Tur eýran mifologiýasynda turanlylaryň başynda duran, olary döreden adam. Turanlylar diýlende ilki Günorta Eýran taýpalary, soňra türki taýpalar göz öňünde tutulýar. “Turan” sözüniň gelip çykyşy “Mif we simwol” diýen kitapda berilýär. Şol teksti bolşy ýaly terjime edip bermegi makul bildim. “Slawýança tur, grekçe tauros, latynça taurus “öküz” diýmek. Onuň hindi-ýewropa topara girmeýän dillerde-de ekwiwalentlerine duşsa bolýar. Meselem, türkçe tur-“göle”, assirçe towra-“öküz” manyda. Gadymy parslarda tir-“peýkam” diýmek. Peýkam neolit zamanynyň dinine görä, Zeminiň hem Zeminasty hudaýynyň bir nyşany. Fransuzça-da tir-“peýkam” diýmek. Şumerleriň dilinde tir-“peýkam” we “ýaşaýyş” diýen manyda gelýär. Onuň “ýaşaýyş” diýen manysy Zeminasty hudaýy bilen bagly. Bu hudaýyň aýaly Asman hudaýy. Ýaşaýyşyň çeşmesi-de, ölüm-de şu iki hudaýyň iradasyna görä bolýan gudrat. Beýik Aýal hudaý bilen onuň äri Zemin hudaýynyň meňzeşligini nazarda tutup, etruslar Asman hudaýyna-da turan diýipdirler. Tar, tor, tur diýen atlaryň türkleriň gelip çykyşyna ýöňkelmegi-de, mümkin zat. Ol iki elementden durýan söz: türk. Esasy element bolan tür, tor sözüniň türki dillerde: güýçli, kuwwatly, kanun, kada, hormatly adam, ojak başynda hormatly orun diýen manylary bar. Bu düşünje many taýdan Zemin hudaýynyň obrazynyň alamatlarydyr”. Öz sözümiz bilen dowam etdirsek, ikinji elementi aňladýan “K”, megerem, ýokarky sanalan häsiýetleri özüne kabul eden adamlara, toparlara degişlilik manyny berýändir? Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |