16:17 "Bizi küýsäp bahar geldi ýene-de..." | |
"BIZI KÜÝSÄP BAHAR GELDI ÝENE-DE..."
Goşgular
Bizi küýsäp bahar geldi ýene-de, Her ýazda ol bolup bilenini bolýar. Onuñ geýinişi, Gylyk-häsiýeti, Gaýtarma gelini ýadyma salýar. Ýapylaryñ ýüzi agyn çigildem, Çabrap barýar töweregi ot bolup. Ony wagtal-wagtal gidýär söndürip, "Ot söndürji bulut" bir ýerden gelip. Synlany keýpine goşýar gülli ýaz, Gowy oý-pikirler gelip dur göwne. Ynandyrýar hemem ýaz her gelende, Öznüñ gowluk üçin gelendigine. * * * Ömür - wokzal, gelýänem bar, gidýänem, Duşuşygyñ - aýralygyñ mekany. Wokzal, muña gelýändenem gidýän kän, Menem bu gün şu wokzalyñ myhmany. Göwnüme bir ýerden gelen ýaly men, Küýsäp bu deräni uzak ýol söküp. Ýene birden ugrap barýan ýaly men, Biraz oturamsoñ bolsady ekip. Gidilmeli bolsa gitmeli bor-da, Artykmy men ýa-da illerden kemmi. Göwnümde birhili düşnüksiz gubar, Ugrap gitmek has-da kyn bora çemli. Ömür - wokzal, men ýene-de perronda, Ilki bilen gelenleri göreýin. Hemem men özümi gitjegme däl-de, Gaýdyp gelenligme ynandyraýyn. * * * Bulutlañ üstünde atylýar toplar, Ýyldyrym ýaýradýar otly çybygyn. Tukatlyk bar zada ýaýrap-siñip ýör, Ýagyş dyrmalaýar baglañ gabygyn. Bulutlar çakyşýar äpet dag bolup, Bulutlar bir-birin çatýarlar derde. Edil köýnegine ot düşen ýaly Çebelenýär onuñ sarsgyny ýerde. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |