BU DURMUŞ AHYRY
Ýaşyň birçene barandan soň, käte-käte yzyňa, geçilen menzile ser salanyňy, şol birmahalky bagtyýar günleri ýatlanyňy duýman galýaň. Şeýle ýatlamalar köňle dolanda özüňi süýji hakydanyň gujagyna oklap, şol mähremlikden gananyňy kem göreňok. Beýniň bekän ýerleri, bileje oýnan deň-duşlaryň, ejeň, doganlaň, uýalaň, jigileň birme-bir göz öňüňde janlanýar onsoň. Şol halat näçe ýaşandygyňy, nirede ýaşandygyňy bir pursat unudyp, gülälekli ýaýlalarda aýakýalaň yglap başlaýaň. Agaja şemala ygşyldap oturan jümjümeleriň, gülälekleriň, gelinçekleriň hoşboý ysyna bu dünýäni unydyp, şol lälezarlygyň ummanynda gulaçlap ýüzýäň. Onsoň hyýalyňda birden ýuwa-ýelmik çöpleseň, birdenem göm-gök otlary dyza ýetip oturan belent baýyrdan togalanyp gaýdýaň. Şol barmama-da otlaryň düýbünde akjaryp otyran kömelege gözüň düşer-de, badyňy saklajak bolarsyň. Yglap baryp, birini alansoň, “höwür-höwür” diýip, töweregi sermäp başlarsyň.
Ysmanak ýygyp, baýyrlykdan togalanyp ýadaňsoňam, oragaty oýnalyp başlanýar. Bu şol gezegem hut şeýle boldy. Garadepeden togalanyp, keýpden çykdyk weli, Eneş oragatdy oýnamagy teklip etdi. Ýöne näme üçindir meniň oýnasym gelmedi. Gaýta Garadepäniň çürdepesine çykasym, şol ýerdenem ho-ol aňyrda ýaýylyp oturan obamyzy synlasym geldi. Çünki ol ýerden tutuş oba eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Hatda kimiň gapysynda näme bardygyna çenli saýgyryp bolýardy.
Ine, ýene men Garadepäniň üstünde otyryn. Ýöne indi şol birmahalky gulpagyny tasadyp ýören gyzjagaz däldim. Bu durmuşyň many-mazmunyna düşünmek isleýän oral zenandym. Ho-onha, şol aňyrrakdan Kemallaň öýleri görünýär. Bu çak ol öýde ýok bolarly. Girýän-çykýan görnenok. Ýogsa – da men näme üçin diňe şol öýi görýärkäm? Onuň beýleki öýlerden näme üýtgeşikligi barka? Bu belki, kalbymda matal ýaly bir duýgyny oýaran oglanyň şol öýden girip-çykýanlygy üçindir?! Wagtal-wagtal tutuş süňňümi gaplaýan şol nätanyş duýgudan çekinerdim. Onuň çözgüdini gözlärdim. Onsoň gijede-gündizde özüme rahatlyk bermeýän sowallara jogap tapmak üçin kitap baryny agtaryp çykýardym. Şonda kalbymy gemrip barýan duýgularyň ejirinden ýaňa özümi adam aýagynyň sekmedik ýerlerine atasym gelýärdi. Bu jahanda duýgularym bilen täk özüm galyp, onuň dünýäsine dolasym, onuň syrlaryna düşünesim gelip, ýüregim agzymdan çykyp barýardy…
Zenan kalby matal ýaly bir zat diýýäler weli, şonuň çyndygyna indi göz ýetirdim. Şol matalyň çözgüdini tapman, kösenip ýörenime indi näçe mahal bolandyr. Şol nätanyş galagoply duýgy bir görseň, şirin owaz bolup kalbyma dolýar, bir görseňem giden bir syrly dünýä ýaly bolup gujagyny açýar. Onsoň men şol ajaýyp, owadan dünýäniň bir gyrasyndan ýuwaşlyk bilen girýän-de, onuň täsinligini synlaýaryn. Çar ýanyňda parç bolup oturan gülälekler, birden-ä giden lälezarlyk ýaly bolup ýatyr, birdenem Aý aýdyň gijeleriň öçüşen ýyldyzlary kimin daşyňy gallap alýar. Onsoň şol nätanyş duýgy kem-kemden joş alyp, tutuş süňňüňi gaplaýar.
Onsoň men şol kalbymy ezizleýän duýgulara berlip oturyşyma, bu keşbiň ömür-ahyr hakydamda galmagy üçin gözlerimi ýumýaryn. Birdenem tisginip oýanýan. Her gezek şol bir pursatda, lezzetli düýşüň edil şu ýerinde oýanýandygymy nämä ýorjagymy bilemok? Belki, bu şo-ol birmahalky duýgularyň, beýnide galan bölejigi özüniň bardygyny duýdurýandyr? Belki-de, ynsan balasynyň göbek ganynyň daman ýeriniň şeýle mukaddesligi üçindir. Bularyň haýsysy bolanda-da şol ömrümboýy gaýtalanyp gelýän düýş meniň üçin juda gymmatly. Şol pursat men özümiň suratkeş bolmanygyma gaty ökünýän. Tegelenip oturan öýlerimiz, howlynyň aňry çetindäki goňşular, mal-gara, gapdalymyzdan geçýän gumak köçe… bularyň bary meniň üçin eziz bolansoň, ony kalbyma ömürlik galyp edesim geldi. Şol mukaddesligiň hiç mahal aňymdan gitmezligini isleýän. Iň bolmanda, şeýdip düýşümde gaýtalanyp dursa-da bir gowulyk. Çünki, özüm üçin mukaddeslige öwrülen obamyň keşbini düýşümde gören günümiň ertesi men onuň täsirinden çykyp bilemok. Özümi hamala obamyzyň gapdalynda seleňläp oturan Garadepäniň üstünde ýaly saýýan. Onsoň egrem-bugram gumak köçeler, başly-barat oturan jaýlar, hellewleşýän baglar, mal ýataklary biri-biriniň üstüni ýetirip, öz perzentleri üçin mukaddesligi emele getirişi kalbymy heýjana salýar. Şonda men hyýalymda her öýe, her howla girip, şo-ol birmahalky tanyş hem mähriban ýüzleri gözleýärin. Olar bilen az salymlyk bolsa-da hal-ahwal soraşasym gelýär. Iň soňunda-da meniň dünýäme matal bolup ornaşan Kemallaryň gapysyndan ätleýän. Ýöne näme üçindir onuň özi hiç ýerde görnenok. Oňa derek her gezegem edil özüne meňzäp duran jigisi öňümden çykýar-da, meni ho-ol tördäki içki jaýlaryna alyp gidýär. Meniň gözüm weli, diňe ony gözleýär. Diwardaky ullakan suratyna bakan çagym ýer – gögüň arasy durşuna owaza öwrülýär-de, öz mylaýymlygy bilen meni maýyl edýär. Şol owazyň şirinligi maňa tutuş dünýäni, hatda şol matal ýaly duýgynam unutdyrýar… Onsoň…uzakly gün şeýdip, şol süýji hyýallara berlip oturasym gelýär…
Aslynda çagalygyňa dolanmak, az salymlyk bolsa-da onuň dünýäsinden dem almak ynsan üçin lezzetmikä diýýän. Çünki ajy ýatlamalar adama teselli berýän bolsa, süýji hakyda hakynda, onuň ýakymy hakynda gürrüň edip oturasy işem ýok. Şeýle halatda, iň bolmanda, düýşüňde şol günlere dolanasyň, onuň ummanynda gularlap ýüzesiň gelýär. Şol birmahalky dostlaryň, joralaryň bilen kömelekli, jümjümeli meýdanlarda aşyratdy, orakatdy oýnasyň gelýär. Gök maýsalaryň, ap-ak gülleriň üstünde oýnap halys surnuganyňdan soň, Garadepäniň üstünde oturyp, obaňy, eziz mekanyňy synlamak, onuň görkana keşbine guwanmak ne ajap. Ýöne sen özüňi şol bir duýgydan-çözmesi kyn matal ýaly bolup, kalbyňy, beýniňi gemrip barýan pikirlerden daşda saklajak bolmaly. Emma ol mydama başardyp duranok, gaýta şol pikirleri boýladygymça, zenan maşgalanyň ýüreginiň matal ýaly düşünmesi kyn zatdygy baradaky aýdylanlar beýnä dolýar. Onsoň öz kalbyňa, ýüregiňe düşünjek bolup, azara galýaň-da, geçilen günlere dolanýaň…Çünki ol owaz ýöne bir heñ bolman, ýüregiň hakyky mukamy bolup, dünýäňi, durmuşyňy tutuşlygyna şirinlige gaplaýar. Şol pursat özüňe sorag berip, bu dünýäniň manysyna düşünjek bolýaň.
Şol halat çym-gyzyl halyny ýatladyp, säher şemalyna ygşyldap oturan gülälekli meýdanda ogulmy-gyz oýnasym gelýär. Çagalygyň gamsyz dünýäsine dolyp, ak donly günçalary oglanjyk, gyzyl donlysyny gyzjagaz hasaplap, gülälegiň çym-gyzyl perleriniň arasyndan garalyp görünýän menege ünsem bereňok. Ýöne has soňraklar gülälekleriñ hem çözmesi kyn bolan matallara süňňüni aldyryp, bagyrlaryny ýaralandyklaryna göz ýetirýän. Hijran çekip, bagry ýaralanan gülälekler ylla aýralyk atyna atlanan mysaly iki ýana çyrpynýarlar. Men olarda öz keşbimi synlaýan. Sebäp men hiç mahal şol matal ýaly duýgynyň çözgüdini tapjak bolup, beýnime agram salmandyryn. Gaýta Kemaly görenimde süňňümiň çalaja saňňyldaýandygyny, nätanyş duýgularyň möwjeýändigini onuň utanjaňlygyndan görýärdim. Obadaşlarymyň, deň-duşlarymyň hiçisi onuň ýaly çekinjeň däldi. Ol weli haçan görseň, edil gyz ýaly uýaljyrap, ýüzüni çym-gyzyl eder durardy.
Mekdebiň howlusyndaky al ýaňak erikler bişende, biz gutardyş synaglary tabşyrýardyk. Daşarda üýşüp durkak, oglanlaryň ekabyrraklary gidip erik ýygyp geldiler-de gyzlara hödür etdiler. Şonda Kemalyñ eliňdäki erikleriňi diňe maňa hödür edendigiňi saýgardym. Ýöne tä mekdebi tamamlap, höwürtgesini terk eden uçurym guşlar ýaly, dir-pytrak bolýançak, men ondan ýekeje ýyly söz hem eşitmedim. Ýogsam onuň gözlerinden uçganaklap çykýan şöhleler birbaş ýüregime ýetýärdi-de, ol meniň mährim bilen birigip, ot ýaly alawlap, göni yzyna, onuň nazaryna siňýärdi. Şeýle halat nazarlar kaklyşanda men şo-ol matal ýaly duýgularyň nämedigine göz ýetiren ýaly bolýardym. Arman, sözsüz sözleşmek, galtaşman öpüşmek uzaga çekenokdy. Göz açyp – ýumasy salymda şol uçgunçyklar onuň utanjaňlyk ummanynda gark bolup gidýärdi. Onsoň meniň kalbymy ýene şol matal ýaly düşnüksiz duýgular eýeleýärdi…
Şeýde-şeýde heniz şol matalyň çözgüdini tapmankak, durmuş her kimi bir ýerden çykardy. Men dogduk mekandan gaýtsamam gaýtdym weli, ömrümiň örki bilen bagly ýatlamalary hiç haçan ýanymdan goýup bilmedim. Şol mähriban ýüzler, gülzarlyk meýdan, ak alaňly baýyrlar kalbymda baky galdy. Onsoň wagtal-wagtal beýnime galyp bolan şol suratyň düýşümde janlanmasyndan lezzet alyp başladym. Şonda ynha, edil şu pursatdaky ýaly duýgulary başymdan geçirýän. Şonda çagalygymyň gaýtalanmajak pursatlaryndan ganasym, onuň gujagynda aga-ýana oýnasym gelip, ukydan oýanmajak bolýaryn. Şu süýji düýş her gezek meni çagalagymyň ummanyna oklanynda ilki bilen Kemalyñ keşbi janlanýar. Onsoň şol matal ýaly duýgular beýnimi gaplap alýar-da, ak alaňly baýyrlarda aýakýalaň yglaýan. Gök gyrtyrlykdan hezil edip togalanýan…
Soňundan Garadepäniň çurbaşyna çykyp, mähriban obamyzy synlaýan…
Edil şu pursat hem biri “tur” diýen ýaly ýalpa gözümi açýan. Onsoň…onsoň…şol ýakymly duýgulara berlip, tä daňa çenli düşekden galman, meýmiräp ýatýan. Meniň bu endigime werziş bolan ýanýoldaşym indi öňküler ýaly soňsuz soraglary bilen bimaza edip duranok. Belki, olam käte-käte şeýdip düýşünde çagalygyna dolanýandyr, mähriban ýüzler, eziz mekan bilen duşuşýandyr. Belki, şonda onuňam kalbyny matal ýaly duýgular gaplaýandyr. Sebäbi, bu durmuş ahyryn…
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar