17:46 Bu nähili keteni bolýar? | |
BU NÄHILI KETENI BOLÝAR?
Edebi makalalar
Doganlary tarapyndan Müsüre satylan Ýusubyň rowaýaty türkmenleriň arasynda-da meşhur. N.Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanyny okansyňyz. Bu taryhyň düýbi Töwratda-Moiseýiň (Musa) birinji kitabynda beýan edilýär. Bu dartgynly, owadan rowaýaty dünýä edebiýatnda düýpli işlän beýik nemes ýazyjysy Tomas Mann. Ol “Iosif we onuň doganlary” atly dört kitapdan ybarat epopeýa ýazýar. Çuňňur filosofiýa ýugrulan bu täsin romanda men “ketonet” diýen söze duşdum. Töwratda bu söz ýok, ýöne ajaýyp lybas hakynda Mo- iseýiň birinji kitabynyň otuz ýedinji babynda şeýle ýazylan: “3. Israýyl (Ýakup-T.J) Iosifi beýleki ogullarynyň hemmesinden zyýat görýär sebäbi garrylyk çagynda oňa ýüzi düşüpdi, oňa dürli reňkde öwüşgin atýan lybas etdi. 4. Doganlary ony gördülerki, atasy üçin ol ogullarynyň hemmesinden mähriban, şonuň üçin-de ony ýigrendiler, şonuň bilen mylakatly gürleşip biljek däldiler”. Ýakubyň söýgüli ogly Ýusuba niýetlän, şol dürli reňkde öwüşgin atýan täsin lybasyna Tomas Mannyň romanynda ketonet diýip at berlipdir. Ketonet Ýakubyň dördünji aýaly Rahilden galan lybas. Rahil Ýakubyň söýgüli aýaly, ondan iki ogul bolýar. Ulusy Ýusup. Ýakubyň ogullarynyň jemi sany on iki. Ýakup on iki oglunyň arasyndan Ýusuby ojak eýesi, ýagny mirasdüşer bellemekçi bolýar. Rahilden galan täsin lybas onuň niýetini aňladýan alamat bolmaly. Şol alamaty Ýusuba bagş edýär. Tomas Mannyň ketonet atlandyran lybasy bilen türkmen ketenisiniň arasynda baglanyşyk bolmagy ähtimalmyka? Käbir adama bu sowalyň ýerliksiz, howaýy görünmegi-de mümkindir. Olar döwrüň juda gadymylygyndan ugur alsalar gerek. Hawa, ýahudylaryň dininde bir hudaýy ykrar eden Awraamyň ýaşan döwrüni biziň eýýamymyzdan hem ýigrimi asyr ozal diýip çaklaýarlar. Awraama musulmanlar Ybraýym Halyl diýýärler, ony Allanyň dosty hasap edýärler. Adam atanyň Nuhuň tupanynyň astynda galan jaýyny gaýtadan dikeltmegi-de Alla Ybraýyma tabşyrypdyr. Ol jaý Käbe bolmaly. Indi Töwratdaky Awraama dolanalyň. Awraamyň ogly Isaak (Ishak), Isaagyň ogly Iakow (Ýakup), Iakyň ogly Iosif (Ýusup) Ýusubyň döwri biziň eýýamymyzdan öňki on sekiz-on ýedinji asyrlara gabat gelýär. Bu taýdan türkmen bilen baglanşyk gözlemek çetin bolmasa ýagşy diýmäge hakyňyz bar. Ýöne, ketonet hakda okasaňyz, ol sizi erkiňize goýmaz diýip tama edýärin. Bu täsin lybasy Rahiliň kakasy Lawan bir täjirden satyn alypdyr. Täsin geýim bir mahal bir patyşanyň gyzynyňky bolupdyr, aslynda barly tireden bir gyz nika toýnda geýipdir. Ýakubyň söýgüli aýaly Rahiliň önüp-ösen ýeri Tigr bilen Ýefradyň arasy, Mesopotamiýa, häzirki Yrak. Olardan öň bu ýerde şumerler ýaşapdyr, ösen medeniýeti bilen adamzat siwilizasiýasyny belende göteripdirler. Belki, bu täsin lybas şumerlerden miras galandyr? Mesopotamiýa hem şumerleriň ata watany däl ekeni. Olar nireden göçüp geldilerkä? Alymlaryň bir topary Kawkazdan diýse, ikinji topar Hindistanyň, ýene biri Hebeşistanyň (Efiopiýa) adyny tutýar. K.Matweýewiň, A.Sazonowyň “Zemlýa Drewnego Dwureçýa”(1986) atly kitabyny okasaňyz ýakymly fakta duş gelersiňiz, 38-nji sahypada şeýle ýazylan: “Rus assiriologiýasynyň atasy N.Nikolskiý şumerleriň asly watany Eýran ýa-da oňa golaý, meselem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň ýanyndaky etraplar bolupdyr diýen nukdaýnazara gol ýapýar”. Görnükli arheologlar W.Masson hem W.Sarianidiniň bilelikde ýazan “Garagum-siwilizasiýanyň säheri” atly kitapda şeýle pikir aýdylýar: ”Günorta-Gündogar Garagumyň ussalarynyň elinden çykan nagyşlaryň dekoratiw ähmiýetinden başga-da, many aňlatmaga ýararly bolandygy şübhesizdir. Dünýäde iň gadymy şumer haty ýerli gap-gaçlaryň ýüzüne çekilen nagyşlaryň esasynda döräpdir. Şol gaplarda Garagumda ulanylan gaplar bilen meňzeşlik bar. Olar gadymy daýhançylyk bilen meşgul bolan taýpalaryň çylşyrymly ideologiýa garaýyşlaryny beýan edip bilipdir”. Eýsem, bu möhüm baglanyşygyň özi biziň ünsümizi çekmäge esas bermeýärmi näme? Geliň gowusy, täsin ketonetiň özüne syn edeliň. Ony ýeňlenip egniňe geýip bolýar, başyňa atyp bolýar. Dürli nagyşlar bilen bezelen lybasy Iakow (Ýakup) ogly Iosife (Ýsup) ilki görkezende ýetginjek oglanyň başyndan geçiren duýgusyny ýazyjy şeýle beýan edýär: “Oglanyň akly haýran bolup aňalyp galdy. Ol ýylgyrýan açyk dodak- lary bilen howany ýuwutdy. Pelteli çyranyň ýagtysyna geýim metal kimin ýalpyldady. Kümüşiň hem altynyň ýalkymy wagtal-wagtal gojanyň titreýän ellerindäki gögümtil-tüsse reňkdäki matanyň ýüzüne salnan ýyldyzlaryň, kepderileriň, daragtlaryň, hudaýlaryň, perişdeleriň, adamlaryň haýwanlaryň gyrmyzy, ak, gara, zeýtun, gül reňk- däki şekillerine öçügsilik salýardy. Iosif: - Eý, asmanyň şam çyraglary! - diýip özelendi. Siz neneňsi ajaýyp, täsin... Honha, Gelgameş goltugyna ýolbarsy gysyp gelýär, men ony alysdan tanaýan. O taýda kimdir biri taýagyny göterip, äpet garaguş bilen darkaşýär. Eý, hudaý, bu haýwanlar näme? Ine, bu söýgä ulaşan hudaýlar bular atlar, ýerganatlar, börüler, akly-garaly guşlar Bu näme, adam şekilli gaýçy guýruk içýanlar ýaly-la?... Ol agajyň öňündäki sakgally ruhlar näme edýärler?... Täsinlik! Hemme ýerde Nana kepderi bilen, Gün, Aý bilen!..” Siz türkmeniň täsin keşdeler bilen bezelen çyrpysyny, kürtesini, çabydyny göz öňüne getiriň. Köki asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan keşdelerimiziň syrly alamatlaryny okamagy başarsadyk, belki, Iosifiň (Ýusup) aýdýan zatlarynyň üstünden barardyk. Eger meniň şu ýazgylarymyň öňündäki miniatýuralarda halylarymyzdaky, şaý-sepleri- mizdäki nagyşlar bilen bagly manylary açmakdan ötri getirlen ençeme delillere üns beren bolsaňyz, belki, şol gadymy täsin lybasdaky manylar bilen gabatlaşmalaryň bardygyny aňlansyň. Andalybyň “Ýusup-Züleýha” dessanynda-da Ýakup söwer ogly Ýusuba onuň doganlaryndan parhlydygyny aňladýan lybasy berýär, ýöne ol ketonet däl-de Ýbraýym halyldan galan degerli miras-köýnek. Elbetde, biz Andalybyň musulmançylyk däplerine eýerendigine düşünýäris. Erkek adama aýalyň esbabyny geýdirmek gelşiksiz, bolmaýan zat. Töwratda-da, Tomas Mannyň romanynda-da on alty ýaşan Iosif ejesinden galan lybasy geýýär. Munuň geň bir zat däldigine göz ýetirmek üçin şu günki Ysraýylda adamyň milletiniň eje tarapyna garap kesgitlenýändigine üns bermek hem ýeterlik bolsun gerek. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |