17:33 Bürgüt / hekaýa | |
BÜRGÜT
Hekaýalar
Çöññelen gözlerini serilgi kakmaçlara dikdi. Täzeje. Suwly ganjagazlaryñ damýanlygy saýgardýar. Ol tamşandy. Çopan kölegede ymyzganypdyr. Läheñ goýun iti bolsa beýleräkde garysyna ýassanyp irkiljireýär. Hemişeki kuwwaty bolanlygynda şol ýatan sürüden bir çebiş ýa-da toklyny alyp asmana galardy. Hany o günler. Öñler bölek lukma üçin ýuwdunyp amatly pursata garaşyp durmazdy. Hawa, ol ogurlyk etmek isleýär. Şunuñ özem biraz sykylan äpet göwrede ejizligiñ başlanandygyny añladýar. Ejizlik bürgüdiñ gutaranlygyny bildirmeýärdi? Şu ýerde birmahalky demir dyrnaklaryny, howany şarta bölýän gylyç ganatlaryny, ýiti göreçlerini küýsedi. Görlen düýş ýaly çala ýadyna düşen jahyllygy gaýdyp gelene döndi. Ýere kölege salyp, asmana galdy. Lukma özündenem beter çyparja üçin zerurdy. Onuñ iki perzendi bar. Goñrumtyl bilen Çyparja. Şonuñ ikinjisi syrkaw. Ep-esli gün hiç zat bilen höwesi ýok. Perzendi halas etmek üçin ogurlyk edeniñ näme aýby bar?.. Beýle pursat ene öz horlugyny unutmaýarmy? Ol çopan goşunyñ depesinde giñden aýlanyp öwrüm berdi. Hol beýleräkde garynja çalymdaş bir zatlar görünýän ýalydy-la? Ah, bürgüt gözleri! Saýgaranok! Pessaýlap aşak indi. Hawa, obanyñ çekenesi bi. Nädip alarsyñ bulardan?! Kuwwat gerek göterip äkitmäge. Bürgüt näme üçindir, beýleräkde gondy. Tamakinlik bilen agyp-dönüp ýören çekenä seretdi. Onýança ýeñse tarapyndan gykuwlaşýan ses eşidildi. Ol äwmezlik bilen şol ýana ser saldy. Görse iki-üç sany pyýadajyk taýaklarynu bulaýlaşyp ýetip gelýär. Häý, zalywatjyklar! Yñdarylaýyşlaryny gözleri ýok ýaly. Bürgüt çagalardan gorky-ürki etmeýänligini bildirýän şekilli olar has golaý gelýänçä gymyldamady, soñ moýmudaklap asmana galdy. Ýöne şadyýan çagajyklaryñ wagyrdaşanlaryny, taýak salanlaryny duýdy. Ol ep-esli daşlykda Küren obany gördi, şeýle uly obadan oña bir lukmajyk eçilen tapylmazmyka? Guş, dogrusy, umytsyz gyrada gondy. Garawullady. Yzyndan tüssesini galdyryp zymdyrylyp barýan del zat oña gönükdi. Bu motosikletli myhmanlardy. Äpet guşa haýran galyp gelýärdiler. Bürgüt heniz görmedik "jandaryndan" eşitmedik aýylganç sesinden heder edip asmana göterildi. Pessaýlap uçdy. Ynha, aşakda ullakan alaka göründi. Ol, çommalyp, diñşirgenip oturdy. Guş ömründe degmedik bu närsäni awlamaga namys etdimi-nämemi sägindi-de ýadyndan çykmadyk kakmaçly çopan goşuna tarap nazar aýlady. Gojalyşan çal bürgüt serilgi ete golaýlady. Çopandyr it oýandy. Yza ýol ýok. Boş barsa Çyparja heläk bolýar. Ol bürgüdiñ soñky nesli. Ynsan eline uzyn taýagyny aldy. It wowfuldap üýrdi. Bürgüt öñe omzady. Şobada bokurdagydyr ganatynyñ birine taýak şarpyldap degdi. Onuñ gözleri garañkyrady. Çaýkandy. Biygtyýar aşak sallandy. Ynsana bolan ýigrenç ody gursagyny çirkizerlidi. Ony talajak bolýanlygy huşuna gelenok. Çyparja... Açlykdan öläýmelimi? Ol hemme güýjüni jemledi. Perzende söýgi patlap ýere gaçmakdan özünem halas eden şekillidi. Rastlandy. Barşyna kakmajyñ birini kakdy. Añk-tañk bolan çopan alasarmyk halda onuñ yzyndan gözläp galdy. Ol guşuñ bu hüjümini ogurlyga saýmady. Ýüzünden edermenlige kaýyllyk göründi. Item üýrmesini goýup, näme üçindir, eýesiniñ ýüzüne seretdi. Bürgüt lukmanyñ köpüsini Çyparja berdi. Goñrumtyla az-owlak. Özüne dogramça-da goýmady. Gultunýanlygyny bildirmezlik üçin kellesini keseräk sowdy. Ertire çykmaga gurbat tapar. Çyparja weli, täzeden dünýä inene döndi. Eýlä-beýlä ýöräberdi. Muny gören Bürgüt ganatlaryny pelpelletdi, birki gezek uçup gondy. Birbada açlygyny, endam-janynyñ zerzawlygyny unutdy. Ol dañyñ ümüş-tamyşlygynda ýene awa gitdi. Onuñ yz ýanyndan ýoly Bürgüt höwürtgesiniñ üstünden düşen eýmenç ýylan çagalaryna hüjüm etdi. Çyparja çem tapyp, gaçyp, gaýanyñ ýarygynda bukuldy. Goñrumtyl, merdana Goñrumtyl, gaçaýynam diýmedi. Atalaryna mahsus sowukganlylygy saklady. Gabaryldy. Muña garşydaşynyñ bolmajysy boldy. Göwresini ýarym gulaçlyk ýokary galdyrdy. Owsun atdy. Ikisem deñme-deñ hüjüme geçdi. Ýylan garşysyndakynyñ tejribesizdigine we ejizdigine şo bada göz ýetiren şekillendi. Sägindi. Sowujak gözlerini süzgekletdi. Bu awuny awlamanka ilki az pursatlyk şirin lezzet alýana meñzeýärdi. Şeýtmek bilen ol, garşydaşyndan rüstemdigini, äsgermeýändigini hem syzdyrýardy. Muña çydamadyk Bürgüt çagasy göz açyp ýumasy salymda onuñ gözüniñ birini çokdy, ýöne kellesiniñ gyzyp gidenligini duýdy. Entedi. Gursagyny daşa goýdy. Ýagty jahan gözünden ýitip baransoñ, darygyp doganyny küýsedi, görünmedi. Iñ soñky deminde ony kömege çagyrdy. Ýene görünmedi. Tizden Goñrumtylyñ hereketi galdy. Çyparja bolan wakany synlap otyrdy. Doganynyñ naýynjar sesini eşidende ýapyryldy. Birhaýukdan enesi göründi. Gelip Goñrumtylyñ ýanynda gondy. Dem-düýt ýok. Göwresi sowapdyr. Daşda gan damjalarynyñ yzy bar. Hany Çyparja? Ol beýleräkden çykdy. Özem "Men diri galdym" diýýän ýaly uçarlap gelýär. Bürgüde bary düşnükli boldy: Goñrumtyl güýçli duşman bilen söweşip, heläk bolupdyr. Çypary weli, gizlenipdir. Megerem, çagasyny öldüren ynsanyñ ynsanyñ uran taýagyna çalymdaş uzyn haýwan bolsa gerek. Birmahal onuñ özem söweşipdi şo täwire duşman bilen, ýöne ýeñipdi... Goñrumtul bürgüt nesliniñ namysyny gorapdyr. Ol ýetip gelýän Çyparja seretdi. Öñem awy şowuna düşmedik bürgüdiñ gursagy wagşy gahar-gazapdan doldy. Gözleri köz bolup ýandy. Birmahalky aw awlajak ýa-da duşmanlar bilen söweş gurjak bolşundaky ýaly... Ol şeýle güýjüñ özünde barlygyny küýünden çykarañkyrlapdy. Beýle kuwwat oña nireden geldikä? Şu pursat läheñ awlary-da awlap biljek. Wah, gara-çyrasy görünsedi. Bürgüt bu wagşyýana gahar-gazabyñ, güýjüñ özüne az wagtlyl dolanyp gelenligini añan ýaly asmana galdy. Uçup-uçup gözden ýitdi... Asmanda eýmenç şaggyldy eşidildi. Çyparja bu gezek gaçmaga ýetişmedi. Ýygryldy. Basym güýçli urgudan takga jany çykdy, muny enesiniñ edenligini bilmäge-de ýetişmedi. Nesliniñ gutaranlygyny Çyparjanyñ gizlenip, janyny saklandygynda bilen bürgüt gözýaşlaryny paýratman saklap, dik asmana uçdy-uçdy-da başaşaklygyna düwlüp gaýtdy. Señrikmen çal gaýa bürgüdiñ özüne urulmasyna sarsmady. Guş-da gymyldamady. 1988-1992 ý. © Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |