07:01 Çaga pişijek / hekaýa | |
Çaga pişijek
Hekaýalar
«Şonda meniň haýsy-da bolsa bir naşyja jandar edinesim gelýärdi...». Men okuwdan çykyp, «Haýwanat bagyna» —ozal hem telim gezek tomaşa eden ýerime sowuldym. Oňa näçe aýlansaňam ýadadanok. Iş günüdigi üçin adam azdy. Dynç günleri welin, tomaşaçylaryň köplüginden ýaňa janly-jandarlary arkaýyn synlabam bolanok. Ilki bilen maýmynlar saklanýan gözenekleriň ýanyna bardym. Olar maňa ýerli-ýerden habar gatdylar. —Heý, kempudyň barmy? Kemput beräý-dä? —Ýok. —Başga iýmäge nämäň bar? —Şu gün-ä hiç zadymam ýok. —Sakgyjyňam ýokmy? —Men sakgyç çeýnämog-a. —Ýalan sözlemesene. Bu wagt ähli oglan-gyzlar sakgyç çeýneýär-ä. Sakçy görmän durka, bize-de hödürleýärler. —Aý, ýok, men-ä sakgyjy heniz agzyma-da alyp göremok. —Sakgyç çeýnäp, çişirip, pakgyldadyp ýaryp görmedik bolsaň, sendenem bir oglan bormy? Bar, git onda biziň gözenegimiziň öňünden! –diýşip, olar dodaklaryny çöwrüşip, dillerini çykaryşyp, ýüz-gözlerini ýakymsyz bürüşdirip, her hili gelşiksiz hereketler edip, üstümden güldüler. Goňur hem ak aýynyň gözenekleriniň öňünde bolsa, näçe dursam-da, olar maňa «Barmysyň» hem diýmediler. Özlerini juda gedemsi alyp bardylar. Meni birjik-de äsgermediler. Ine, ýöne maňa ýolbars bilen welin, gürleşmek başartdy. Ol birnäçe gezek güňlenç arlady-da: —Sesim gatymy, arlaýşym boljakmy? –diýdi. —Hawa, seniň sesiň biziň öýümizdenem eşidilýär –diýdim. —Siz daşda ýaşaýaňyzmy? —Şundan pyýada gitseň, ýarym sagatlyk ýol-a bardyr. —Şol aralykdanam eşidiler ýaly arlap bilýän bolsam, onda men entek garramandyryn –diýip, ol monça boldy. Ýolbarsyň gapdalyndaky gözenekde saklanylýan gaplaň biziň gürrüňimizi eşiden bolsa gerek. Kapasasynyň agzyna baranymda: —Siziň öýüňizden eşidilýän ses ýolbarsyňky däl-de, meniň sesim –diýdi. —Şeýle bolmagy-da mümkin. Hany arla, diňläp görüp, haýsyňyzyňky-dygyny soň aýdaýyn –diýdim. —Aý, ýok, bu wagt arlasym gelenok. Bimahal arlap goňşy-golamlary bimaza etmek islämok –diýdi. —Eýsem-de bolsa, sen haçan arlaýaň?! Men şol wagt gelip, seni diňläp, onsoň anygyny aýdyp bilerin –diýdim. —Men daň bilen, entek «Haýwanat bagy» açylmanka arlaýaryn –diýdi. —Ol wagt gelip, men seni diňläp bilmesem gerek. Şonuň üçinem biziň öýümizden eşidilýän ses ýolbarsyňky bolmagy-da mümkin –diýdim. Gaplaňyň gahary geldi: —Güm bol şu ýerden, burny sümükli oglanjyk! –diýip, üstüme gygyrdy. Şondan soň «Haýwanat bagyna» aýlanasym gelmedi. Öýe gaýtdym. Köçäniň ugrundaky gyrymsy agaçlykdan eşidilen ses ünsümi çekdi: —«Mýaaww! Mýaaww!». Beýle naýynjar mýawlamanyň çaga pişige degişlidigini derrew aňdym. Onuň dyngysyz mýawlamagy maňa Maýajygyň «Eje-e-e!» diýip, yzlaýşyny ýatlatdy. Jigim şeýdip yzlanda, ejem edip oturan işini goýup gelýärdi-de, ony köşeşdirýärdi. Pişijegiň welin, ejesi gelenok. Belki, ol özüne mähriban sesi eşiderden uzakdadyr. Belki-de, ol ýabany pişikdir. Ýabany pişikleriň öz çagalaryny «Adamlar pişiklige alyp, garaşyk etsinler» diýip, köpüň gözüne iläýjek ýerde taşlap gidýändikleri barada eşidipdim. Belki, bu gürrüň çyndyr. Maňa gözi düşen pişijek öňküsine görä ýuwaşady. Onuň çüýşeden ýasalan ýaly ýyldyrap duran kindiwanja gözleri, ýaňy dürterişip ugran murtjagazlary, ala–mulajalygy meni özüne çekdi. Beýle owadanja pişijegiň özümiňki bolmagyny isledim. Pişijegiň eýelimi-däldigini nädip anyklajagymy bilmän ýaýdandym. Goňşy gapylara bakjakladym. Hiç kim görnenok, onýança-da, pişijek ýanjagazyma gelip, «Meni özüňe alaý!» diýýän ýaly, mylaýymja mýawlady. Pişijegi gujagyma aldym. Onuň mymyjaklygy, ýakymlyjalygy göwnümden turdy. Pişijek ynjalyp, elimiň aýasyny ýalady. Onuň büdür-südürje dili gyjygymy tutdurdy. Pişijegi gujagyma gysyp, öýe gitmäge howlukdym. «Eý, sen biziň pişigimizi nirä alyp barýaň» diýip, kimdir biri yzymdan gygyraýjak ýaly diňşirgendim. Ümsümlik. Diýmek, pişijek eýesizdir. Pişijegiň özümiňki boljagyna ynamym artdy. Ony öýe getirip, düşegiň üstüne goýberdim. Pişijek bilesigelijilik bilen töwerege aýlandy. Krowatyňdyr stoluň aşagyna sümüp çykdy. Birazdan soň onuň «Bu öý meniň göwnümden turdy. Isleseň, men sizde ýaşaýyn. Ýöne ilki bilen meni naharla. Men aç» diýip, mýawlaýandygyna birjik-de şübhelenmedim. Ejemiň «Okuwdan geleňsoň iýersiň» diýip, holodilnikde goýan gaýmagydyr kolbasasyny deňje bölüşdik. Pişijek kolbasa şeýle bir işdämen ýapyşdy welin, «Süýjüdigini!» diýip, lak-luk ataýdy. Gaýmagy hem hezil edip ýalady. Nahardan soň penjesini ýalap ýuwundy. Aýagyma süýkenip, minnetdarlyk bildirdi. Garnyny otaran pişijegiň keýpi kökeldi. Ilki öz guýrugyny tutjak bolup togarlanyşy, soňra Maýanyň pökgüsini penjeläp oýnaýşy meni jykyr-jykyr güldürdi. Ejem işden kakama görä ir geldi. Ol şadyýanja pişigi görüp, geňirgendi: —Sen getirdiňmi? —Hawa. —Nireden? —Köçeden tapdym. Ol bizde ýaşaýsyn-da, eje?! —Men-ä garşy däl. Ýöne kakaňy yryp bolaýsa... Bakjadan gelen Maýajygam pişijegi halady. Ýadap uklamaga hyýallanýan pişijegi gujagyma alyp, kakamyň gelerine garaşdym. Öýe pişik getirilenini görüp, kakam allaniçigsi boldy. Özelenenime bakman: —Bar, tapan ýeriňe zyňyp gel! –diýip, zabun darady. Ejem ara düşdi: —Höwes edýän bolsa, goý, saklasyn-da. —Saklaýmaz! —O näme üçin? —Üçini şol, men islämok. Pişikden adama her hili ýokanç keseller geçýärmiş. Pişikli bolmak umydym üzüldi. Özüm özüme: «Eziz, ejeň bilen kakaňyň arasynda nobatdaky göwnedegişligiň döremegini, olaryň birnäçe günläp biri-biri bilen gürleşmän, ýüzlerini asyşyp gezmeklerini islemeýän bolsaň, diýleni et!» diýip, pişijegi goltugyma gysyp, sessiz–üýnsüz daş çykdym. Garaňky gatlyşyp ugrapdy. Agşamyň çigregi egniňi ýygyrdýardy. Ýap-ýaňyja-da pişijegiň eýesiz bolmagyny arzuw eden bolsam, indi onuň kimiňdir biriniň azaşan pişigi bolup çykmagyny, eýesiniň tapylmagyny isleýärdim. Ilki bilen pişijegi tapan gyrymsy agaçlygymyň gabat garşysyndaky öýüň gapysynyň jaňyny basdym. Salym geçmänkä, goltugy goçak pişikli, murtlak pyýada üstüme abandy: —Näme gerek? Yzyma ümsüm dolanmagy gelşiksiz görüp, pişijegi görkezdim. —Daýy, siziňkimi? —Ýok-la. Biziňki, ynha, siam pişigi. Soňra ýüzüne «Ägä boluň, ýarak it!» diýlen ýazgy asylgy derwezäni kakdym. Gözi çakgynyň çüýi ýaly çüýjerip duran oglan süýnmek kellesini çykardy. Onuň aýagynyň ýanyndan erinlek itiň hyrsyz tumşugy göründi. —Siziňkimi? —Juk. Pişijege gözi kaklyşan it gazap bilen howf etdi. Duýdansyz howfulda pişijegem, menem tisgindik. Süýnmek kelleli oglan ýyrşardy: —Gel-eý, ony itiň üstüne oklaly. Baý, hezil bor-a! Süýnmek kelleliniň teklibine gaharym geldi. Eger itini küşgürer öýdüp howatyr etmedik bolsam, oňa birki agyz ýakymsyzyny diýerdim. Üçünji, dördünji öýlerde-de çaga pişijege eýe çykan tapylmady. Birisi pişikli, beýlekisinde bolsa, kakam ýaly, pişigi ýek ýigrenýänler ýaşaýan eken. Pişijegiň eýesiniň bardygyna ynamym gaçyp, bäşinji gapyny göwünli-göwünsiz kakdym. Gapyda saçlarynyň ujuna kebelek gonan ýaly edip lentajyk dakynan gyz peýda boldy. —Siziňkimi? —Sag bol! Gyzjagaz pişijegi emaý bilen gujagyna aldy: —Neressejigim, gör, sen nirelerde azaşyp ýörsüň?! Ol soňra içerik gygyrdy: —Kaka, pişijegim tapyldy. Içerden mylaýym ses eşidildi: —Bolaýypdyr, gyzym. Sen bolsa tapylar diýsemem, ynanman tas aglapdyň. «Şonda meniň haýsy-da bolsa bir naşyja jandar edinesim gelýärdi... ». * * * Gapydan girenimde, çaga pişijegi gujagyna alyp, işden gelmegime garaşyp duran ogluma gözüm düşdi. «Durmuşda köp zatlar gaýtalanýar» diýen pikir kelläme geldi. «Gowy hem erbet zatlar». —Nireden tapdyň? —Ýoluň ýakasyndan. Kaka, saklaýyn-da?! —Ýok, bolmaz. Bar, tapan ýeriňe zyňyp gel! —Höwes edýän bolsa, goý, saklasyn-da –diýip, aýalym ara düşdi. —Saklaýmaz. —O näme üçin? —Üçini şol, men islämok. Pişikden adama her hili ýokanç keseller geçýärmişin. Oglum çaga pişijegi goltugyna gysyp, sessiz-üýnsüz daş çykdy. Ol biraz wagtdan soň yzyna geldi. —Pişijegiň eýesini tapdyňmy? —Ýok, tapmadym. —Bar, beýle bolsa ony alyp geläýsene. Oglum begenip daşaryk ylgady. Ýöne, yzyna lapykeç dolandy. Aglaýjak-aglaýjak bolýardy. —Hany, pişijek? —Ony eýýäm itler çeýnäpdir... «Şonda oglumyň haýsy-da bolsa bir naşyja jandar edinesi gelýärdi...». Hemra ŞIROW. | |
|
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |