15:05 Çalpawdaky gurbagalar | |
ÇALPAWDAKY GURBAGALAR
Çagalar edebiýaty
Bahar paslynda howa sagatsaýyn üýtgäýýär. Gök ýüzi ýygy-ýygydan bulutlaşýar. Ynha birden hem ýagyş çisňäp başlaýar. Güneş tüýdülen pamyk übtüklerini ýada salýan bulutlaryň arasyndan ýalpyldap görünýär. Ýöne ol çogy bilen topragy ýyladyp bilerden ejiz görünýär. Çalpaw suwda ýaşaýan gurbagalaryň welin piňine-de däl. Olar meşik ýaly çişýärler-de, gündiz-gije diýmäni wagtlaryny hoş geçirýärler. Olaryň “Warryk-warryk” heňi adamlary özüne bendi etmese olary hüşgärlik bilen diňlemäge mejbur edýär. Ýagyş çisňäp başlanda körpe agtygym Myrat çalpawdaky gurbagalara kömek etmek isledi. Sebäbi ol gurbagalar dümewülär öýdüp gorkýardy. Elindäki çybygyny bulaýlap olara haý-küş etse-de gurbagalar onuň emrine kaýyl bolmadylar. “Jülp-jülp” edip towsaklaşyk çalpawuň bir ol tarapyna bir-de beýleki tarapyna geçdiler. Olary kowalap halys ýadan Myratjyk: - Menä siz dümewlärsiňiz öýdüp gury ýere kowýaryn. Siz bolsa ketjallyk edip, ýene-de suwa girýärsiňiz. Özüňiz biliň indi - diýip hüňňürdedi. Şahymerdan SARYOGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |