20:22 Çary Ýegenmyradyñ zyýaratlary | |
ÇARY ÝEGENMYRADYÑ ZYÝARATLARY
Edebi makalalar
Hawa, Çary Ýegenmyradow bilen bir döwürde bile işleşmek nesip etdi. Işe täzeräjik gelen uçurlarydy. Sähraýy häsiýeti bilen derrew özüne imrindirdi. Bir gün oňa gowy belet, tirkeşip, duz-emek boluşýan dostlarynyň biri Çarynyň goşgy hem ýazýandygyny, ýöne utanjaňdygy üçin çapa hödürlemeýändigini aýtdy. Men oňa “Çary jan, sen goşgy hem ýazýan ekeniň” diýdim. Ol “Meniň ýazýanlarym goşgy diýerlik däl” diýdi. Men oňa “Getir, okap göreli, belki, gazete ýarmlylary bardyr” diýdim. Ol “Men olary saklamogam. Getirmäge elimde zat ýok” diýdi. Men geňirgenip “Sen ýazan goşgularyňy kagyza geçireňokmy” diýdim. Ol maňa “Geçirýän-le. Ýöne göwnüm ýetmänsoň Ýerbendiň ýeliniň ugruna uçuryp goýberýän” diýdi (Çary Ýegenmyrat Garagum çölünde ýerleşýän gadymy ýurt Ýerbendiň Diňli obasynda doglup, önüp-ösendi). Men “Näme üçin beýdýäň, belki, goşgularyň gowudyr” diýdim. Ol maňa “Gowy bolsa ýeliň eltip oklan ýerinden tapyp alyp okarlar” diýdi. Men Çary jan “Sen indiki gezek ýazan goşgyňy ýeliň eline bereniňde, bärik – redaksiýa okla!” diýip, aýtsana” diýdim. Ol ne bolýar diýdi, ne-de ýok. Aradan biraz wagt geçensoň, birdenem ol morta sorady: (Onuň bilen gürleşeniňde sadadan nurana, şol wagtyň özünde ýarym degişmeli halky äheň duýlar durardy) “Men goşgymyň gowy bolmagy üçin näme etmeli?!”. Menem “Onuň üçin ýazýan goşgyňa ýüregiňden birazajyk gyrkyp goşmaly” diýdim. “Beýtsem ýüregim gutaraýmazmy?!” diýdi. “Ýok, gutarmaz. Gowy goşgy ýazanyňa begenip ýüregiň dessine öňki kaddyna geler” diýdim. Ine, bir günem ol goşgy getirdi “Ýedi bolsa gowy boljakdy. Türkmeniň halaýan sany. Ýöne, ýedinji goşgy teý başartmady” diýdi. Onuň getiren alty goşgusynyň altysyndan hem Çarynyň çöl ýaly tämiz, sada, bar zada yşkdan püre-pür, baryp ýatan ynanjaň ýüregi görnüp durdy. Aradan wagt geçýärdi. Çarynyň goşgulary gazet-žurnallarda seýregräjigem bolsa, şygyr aýlawyna at goşýardy. Şonda ol goşgularyň kalbynda ornaýan meňzetmeleri, özäheňliligi, zehin bedewine gamçy çalman, öňdelige adatylyk bilen aýak alyp ymtylyşy ýatdan çykmajak täsir galdyrýardy. Ýöne ol öz goşgularynyň derejesinden nägiledi. Olary Ýerbendiň ýeline uçuryp goýbermesini bes edenine gynanýardy. Bir günem onuň döredijiligi barada hemsöhbet wagtymyz “Maňa indi ile çykyp başlamsoň, yza ýol ýok. Ýöne şygryma bir zadyň ýetmeýänini bildim –diýdi. Bu barada ondan soradym –diýdi. —Şygrym, şygyrjygym, ýüregimden syzdyryp ýazanjam! Bu gözel dünýä getirenjäm! Neçüýn seniň ýüzüň salyk! Gözleriňde gussa görünýär! Şygyr känliginde “Çary Ýegenmyradyňky” diýdirip başyňy belent tutup gezip bilmeýşiň sebäbi nedir, aýt?!” diýdim. “Şahyrym, meniň üçin ukusyny kemenim, ile çykarjak bolup ýüzüni saraldanym, ol sebäbi men bilmerin, özüň bilersiň” diýdi (Şu ýerde Çarynyň sözüni bölüp soradym) “Bildiňmi, onsoň?! Ol ýetmeýän zat näme ekeni?!” diýdim. “Bildim. Dünýägaraýyş –diýdi - Men az okapdyryn, köpräjik okamagym gerek!“ diýdi. “Dogry aýdýaň” diýdim. “Ilki bilen, ruhuma ýakyn kimi okaýyn” diýdi. “Baýrony oka. Aýratyn hem “Çaýld Garoldyň zyýaratlaryny” diýdim. “Ol orsçamy?” diýdi. “Hawa” diýdim (Görüp otursam, Çary jan rusçany suwara bilmeýän ekeni). Ol ertesi nirdendir Baýronyň bir tomlugyny tapyp getirdi. Ur-tut “Hemra kaka, (Ol maňa şeýle ýüzlenýärdi) bir haýyşym bar” diýdi. Menem “Aýt?!’ diýdim. “Bitirseň aýtjak” diýdi. “Çary jan, şu başym dik bolsa bitirin” diýdim. Ol Baýronyň bir tomlugyny elime berdi-de “Şunda salgy bereniň “Çaýld Garoldyň zyýaratlary” bar, şony terjime etsene!” diýdi. —Yzyndanam – Meniň üçin!” diýdi. (Ine, saňa gerek bolsa haýyş). Men ör-gökden gelip, “How, Çary jan goşguda ýazylan bu ägirt romany (Aslynda poema diýlip berilýär. Hakyna seretseň weli ol doly bahaly roman) Baýronyň garadangaýtmaz buýsançly ruhuny saklap terjime etmek üçin, gör, nähili başarnyk hem wagt gerek” diýdim. Ol biraz oýlanyp durdy-da “Onda men başga ýol bilen gitmeli boljak! –diýdi. —Ýöne ýaňy söz berdiň. Şonuň üçin häzirlikçe Baýronyň ruhy mesaňa duýlup duran ýekeje bendini terjime edip bersene?!” diýdi. Men oňa “Çaýld Garoldyň zyýaratlaryndan” watan bilen, söýgi bilen, ötegçi ýaşlyk bilen, ene-ata, dost-ýar bilen, aýrylyşmak agyr düşýän ýeneki kän zatlar bilen hoşlaşýan pursaty baradaky şu bendi terjime edip, ertesi eltdim: Serimde duman, jahyl men, Bilemok näme edýänim. Ugraýyn, hoş gal, boldy çen, Bagyşla senden gidýänim? Görüp otursam, Çarynyň “Başga ýol bilen gitmeli boljak” diýýäni ol rus dilini ymykly öwrenmegi ýürene düwen eken. Bu barada kireýine tutunan jaýlarynda bile bolýan dosty aýtdy. Aradan ýarym ýyl çemesi geçen bolsa gerek, ol bir gün özüne mahsus äheňi bilen “Şu günden şeýläk Çary Ýegenmyradyň zyýaratlary başlanýar-diýdi. —Men ejemi-kakamy, doganlarymy, dost-ýarlarymy, garaz, ähli barlygy ýeterlik derejede söýüp-sarpalamaýar ekenim-diýdi.-Men indi olara seždegählik bilen zyýarat etmekçi –diýdi. —Muny maňa Baýron öwretdi”diýdi. Şondan soň ol “Wah,iňlisçäni hem öwrenip bilen bolsam, nähili gowy bolardy!” diýip, rusça terjime edilen eserleri göz giderlik derejede köp okady. Şahyrlar başy Gomeri, Dante Aligerini, Şandor Petefini, Wilýam Bleýki, Erih Fridi, Rafael Albertini, Genri Longfellony, Lengston Hýuzy, Fernando Pessoany, Puşkini, Lermontowy, Ýesenini, Maýakowskini, Nikolaý Rubsowy, gündogar şygyrýetiniň ägirt şahyrlaryny ürç edip öwrendi. Olaryň döredijiligi barada özboluşly pikir ýöredip, edebi jedellere batyrgaý girişip başlady. Ýazýan goşgulary öňküsine görä-de nurana, kalba batnykly, özboluşly stilde, ählumumy adamzada ýaramly äheňde döräp, başyny dik tutup ugrady. Adygyp milli edebiýata bir tapgyr gelen öz deň-duş galamdaşlarynyň arasynda dereje “onlugynda” başdaky orunlary eýeläp bildi. Bir gün bolsa ol “Bagyşla, Hemra kaka, men indi oba gidýän, şähere zyýarat edip boldum, kakam çagyrýar, öýlendirip-illendirip, sana goşmakçy bolýar” diýip, werziş edinen degişme äheňinde aýtdy. Göz ýaşlamasagam,ýürek ýaşlap hoşlaşdyk. Şondan soň ol öýlenip, dogduk obasynda mugallymçylyk etdi. Bir gün şähere gelende gabatlaşdyk. Horlanypdyr. (Hany öňki Çary jan?!) “Saglyk niçik?” diýdim. Degişmä salyp “Ökgäm goşgy ýazylýan kagyz ýaly ýukalypdyr” diýdi. “Düşnükliräk aýt?!” diýdim. “Düşnükliräk aýtsam, öýkenim gerek howasyny alyp bilenok” diýdi. “Haýsydyr bir şahyr “Öýkene eýgertmedigini bagyr bilen al!” diýipdir” diýdim. “Wah, başardanok-da...” diýdi. Ine, şol “başartmaýan” ýoň hem türkmen şygyr bossanynda ajaýyp güller ýetişdirip başlan Çary Ýegenmyrady aramyzdan alyp gitdi. *** Çary gideli bäri ara ýyllar düşdi. Heniz-henizlerem bir söý bilen çölde bolanymda Çary Ýegenmyradyň ýele uçuryp goýberen goşgulary ýazylgy kagyz duşaýjak ýaly çäge alaňlaryna bagryny berip ösüp oturan ojardyr sazak sözenleriň düýbüne umytly seredenimi duýman galýaryn. Hemra ŞIROW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |