06:25 Çeper sözüñ nusgasy | |
ÇEPER SÖZÜŇ NUSGASY
Edebi makalalar
Ýaş ortadan agyp, paýhas goýaldygyça halkyň pähiminden dörän nusgalar adamy barha özüne bent eder ekeni. Her bir adamyň ömür tejribesi nusgalara siňen ynsan tejribesi bilen utgaşanda, durmuşyň ägirt manysyna onuň dahyly artan ýaly bolýar. Bu ölçeg her bir halka-da degişli. Men türkmen bolanym üçin, öz halkymyň pähimlerini adamzat derejesindäki belentligi aňladýan pähimler bilen ýanaşdyryp, deňeşdirip görýän. Halkymyzyň şol belentlige ýetmäge hemişe ymtylandygyna, ony başarandygyna buýsanýan. Bu buýsanç meniň şahsy borjumy has artdyrýar. Nesilleriň tejribesinden döreýän, taplanýan manyny iňňän gysga görnüşde aňlatmagyň hakyky nusgasy hökmünde nakyllary, atalar sözlerini alsa bolar. Şu babatda biziň nakyllarymyzyň dünýä derejesinden gaýra oturmaýandygyny aýtjak bolýan. Muny aýdyp, täze bir açyş etmeýändigimi bilýän, ýone wagtal-wagtal kalbyňy haýran eden duýguny başgalar bilen paýlaşasyň gelýär. Men bary-ýogy ikije mysal getirmek bilen oňmakçy. Birinji. Gadymy şumerleriň bize ýeten nakyllaryny okap görýän “Eger garyp ölen bolsa, ony direltjek bolup oturma. Onuň duzy bolsa-da nany bolmaz. Toklusy bolsa-da iýmäge eti ýokdur, eger eti bolaýsa-da, toklusy ýokdur”. Indi türkmen nakyly: “Garyp galla tapmaz, galla tapsa-da gap tapmaz”. Ikinji. Ekinleri dökünlemek meselesine ylmy taýdan çemeleşen golland alymy Wan Gelmont XVII asyryň başynda täsin tejribe geçirýär. Ol küýze gaba 91 kg. toprak salyp, oňa 2,25 kg. agramly tal şahasyny oturdýar, yzygiderli suwaryp başlaýar. Bäş ýyl ötensoň taly hem topragy aýry-aýrylykda çekip görýär. Talyň agramy 77 kg. ýetipdir, toprak bolsa başky agramyndan diňe 57 gram ýitiripdir. Bu tejribeden alymyň çykaran netijesi şeýle: ösümlik topragyň hasabyna däl-de, diňe suwuň hasabyna ösýän ekeni. Diýmek, suw beribermeli! Netijede, ösümligiň ösmeginde esasy iýmit suwa bagly diýen ýalňyş teoriýa döräpdir. Ol mahal entek ösümlikleriň ýene bir iýmit çeşmesi ylym tarapyndan açylmandy. Ösümlikler howadaky kömürturşy gazdan uglewod alyp bilýärler. Bulardan daşary-da ekine goşmaça döküniň derwaýysdygyny bu gün düşündirip oturmagyň derkary-da ýok, ýöne ol ýalňyş teoriýa gol ýapýan adamlara häzirem duş gelse bolýar. Olar bol hasyly diňe suwuň güýji bilen alaýjak bolýarlar. Ekini suwaryp gidip otyrlar, ekin bolsa paşyrdap ösüp barýar, hasyl toplamaga oňa pursat berenoklar diýse-de boljak. Şu tetelli daýhansumaklara türkmeniň aýdan iňňän anyk hem ýowuz sözi bar: “Ekiniň gögüne guwanandan ataň görüne guwan”. Mundan jaýdar aýtmak mümkin däl-ä! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |