08:45 Çilik | |
ÇILIK
Sport we turizm
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýedi-sekiz ýaşly çagalardan başlap, ýetginjekler tarapyndan uly gyzyklanma bilen oýnalan milli oýunlaryň biri çilikdir. Bu oýun käbir ýerlerde «hekgal» diýlip atlandyrylypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda paýtagtymyzyň Golf klubuna baranynda ata-babalarymyz tarapyndan nesil terbiýesinde giňden peýdalanylan çilik oýny, onuň gadymylygy, terbiýeçilik we ynsan saglygy üçin ähmiýeti barada durup geçdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz çilik hem-de çilige meňzeş oýunlaryň näme sebäpden «hekgal» diýlip atlandyrylandygy hakynda aýtdy. Milli Liderimiz çilik oýny barada: «Bu oýun üçin tekiz meýdança we iki görnüşli taýak zerurdyr. Şolaryň biri uzynlygy 70 santimetr töweregindäki hekgal taýajygy, beýlekisi bolsa iki ujy ýiteldilen uzynlygy, takmynan, 25 santimetr töweregi bolan çilik taýagydyr» diýip belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerinden çilik oýnunyň esbabynyň biriniň hekgal taýajygy bolandygy üçin oýnuň adyna hem hekgal diýlendigini bilmek bolýar. Hekgal sözi barada «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» şeýle diýilýar: «Iki ujy ýonulan, barmak ýogynlygyndaky agaçjygy bir sere boýly uzyn taýak bilen kakyp oýnalýan oýun we şol kiçijik agaçjyk». Hormatly Prezidentimiziň çilik oýnuny oýnajaklaryň toparlara bölünişleri baradaky maglumaty milli oýunlarda çagalaryň toparlara bölünenlerinde hiç kimiň göwnüne degmezden, ylalaşykly, agzybirlikde bu işi amal etmegiň ugruny tapandyklaryny görkezýär: «Çilik oýnuna gatnaşýanlar topara bölünip, özleri üçin ýolbaşçy — «han» saýlaýarlar, adatça, ol has mergen we çalasyn bolupdyr. Oglanlar jübüt-jübüt bölünişip, öz aralarynda dilleşip, özlerine lakam alýan ekenler. Mysal üçin, oýunçylaryň biri «gylyç», beýlekisi bolsa «galkan» bolýar. Jübütler oturanlaryň ýanyna gelip, «Hanym, kime gylyç, kime galkan?!» diýip ýüzlenýärler. «Hanlar» gezekli-gezegine oýunçylaryň lakamlaryny tutup, olary öz oýunlaryna kabul edýärler. Soňra toparlaryň «hanlary» kimiň «döwçi», kimiň «ýükçi» bolmalydygyny kesgitlemek üçin bije atýarlar». Bu bolsa çagalara haýsydyr bir işi etjek bolanlarynda pikirlenip hereket etmegi, islendik bir işe oýlanyşykly çemeleşilende her zadyň ugruny, amatly ýoluny tapyp bolýandygyny, agzybirligi gazanyp bolýandygyny görkezýär. Munuň özi çagalarda oňat gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edipdir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çilik oýnunyň hemme görnüşlerinde ýükçi (oýunda köp hereket etmeli, beýleki ähli oýunçylaryň garşysyna çykmaly bolýandygy, oýnuň ýükli bölegini ýerine ýetirýändigi üçin ýükçi diýilýär) oglan ýa-da ýükçi topar bije, sanawaç arkaly anyklanypdyr. Bu oýun iki tarap, ýagny iki topar hem-de tutuş bir topar bolup bir ýükçiniň garşysyna hem oýnalypdyr. Hormatly Prezidentimiz çilik oýnunyň köpçülik bolup oýnalyşyny juda jaýdar açyp görkezdi: «Oýny guramak üçin ýerde diametri, takmynan 10 metr giňlikde tegelek çyzylýar hem-de şonuň içinde nyşanalyk daş goýulýar ýa-da çukurjyk gazylýar. Bijesi çykan topar oýnalýan ýeriň merkezini eýeleýär we oýun başlanýar. Toparyň «hany» çiligi ýokarlygyna zyňýar. Ony şol toparyň oýunçylarynyň biri öz taýagy bilen batly urýar. Onuň taýagy boş geçse, çilik ikinji gezek ýokary zyňylýar. Onuň ikinji synanyşygy hem şowsuz bolsa, çiligi urmak nobaty topardaky beýleki oýunça geçirilýär. Ilkinji dürs urgy topara ýeňiş getirýär we oýunçylar ýerlerini çalyşýarlar». Oýnuň bir ýükçiniň garşysyna oýnalýan görnüşini oýnamak isleýänler jemlenilenden soňra tekiz meýdançada onçakly uly bolmadyk, ýagny diametri takmynan ýarym metre golaý çukur (guduk) gazypdyrlar. Käbir ýerlerde çukuryň deregine tegelek çyzyk hem çyzypdyrlar. Oňa «pellehana» diýlipdir. Soňra oýunçylar ýükçini anyklamak üçin 20-25 metr aralykda kese çyzyk çyzyp, ellerindäki taýaklaryny (höltek) gezekme-gezegine çukura oklaýarlar. Kimiň taýagy çukura zyňlan taýaklardan iň uzaga düşse, şol oýunçy ýükçi bolýar. Eger oýunçylaryň hemmesiniň taýaklary taýak ýetime düşse, onda taýaklary täzeden zyňmaly bolýar. Bu tä ýükçi belli bolýança dowam etdirilýär. Ýükçi bolan oýunçy çiligi alyp, çukuryň üstünde ýokary zyňmaly. Çilik ýokary oklanan dessine çukuryň töwereginde duran oýunçylar, çilik çukura gaçmanka, öz taýaklary bilen urmaga çalyşýarlar. Döwçüleriň biriniň taýagy çilige degip, ony çukurdan uzaga zyňýar. Çilige tarap ýükçi we döwçüler topulýarlar. Ýükçi döwçülerden öň çiligi taýagy bilen urup (çiligi ellemek düzgün boýunça gadagandyr), çukura tarap alyp gaýdýar. Ony çukura saljak bolýar. Döwçüler onuň yzyndan kowýarlar. Olar çiligi ýükçüden alyp, çukurdan has daşlaşdyrmaga çalyşýarlar. Eger ýükçi çalasyn we ökde oýunçy bolsa, onda ol her hili sapalaklar atyp, döwçülere çiligi aldyrman, çukura salmagy başarýar. Ýükçi çiligi çukura ýa-da çyzyga salanda, çilik döwüldi diýlipdir. Eger ýükçi ökde oýunçy bolmasa, onda zyňlan çiligi ilki döwçüler alyp, ony has aňryk äkidýärler. Ýükçi çiligi olardan aljak bolup, olaryň yzyndan ylgaýar, halys ýadaýar. Şeýlelikde, ol tä oýun gutarýança ýükçüligine galýar. Eger oýnuň başynda ýükçi tarapyndan çukuryň üstünde zyňlan çiligi hiç kim urup bilmese, çilik hem çukura düşäýse, onda ýükçi dessine, çaltlyk bilen elindäki taýagy bilen töwereginde duran döwçüleriň birini dürtmeli. Taýak bilen dürtülen döwçi ýükçi bolup, öňki ýükçi bolsa döwçüleriň hataryna goşulýar. Eger-de döwçüler bu halatda dessine, çiligiň çukura girmändigini aňyp, çaltlyk bilen pytrasalar, onda ýükçi öňküligine galýar. Eger çilige döwçüleriň taýaklary degmän, ol çukuryň gyrasynda dursa, döwçüleriň hiç biriniň çilige degmäge haky ýokdur. Şeýle halatda ýükçi çaltlyk bilen çiligi çukura atjak bolup synanyşýar we munuň üçin öz bilýän dürli emellerini ulanýar. Çukuryň gyrasynda ýatan çilige degmäge ilki bilen, diňe ýükçiniň haky bar. Haçan-da ýükçi çilige degip, ony çukura salmaga synanyşanda, döwçüler oňa päsgel bermäge we çiligi çukurdan has daşa zyňmaga çalyşýarlar. Olar ýükçiniň hereketlerini synlap, ol taýagy bilen çilige degen dessine oňa hüjüm edýärler. Eger çukuryň gyrasynda ýatan çiligi çukura salmak ýükçä başardaýsa, onda ol duranlaryň birini dessine taýagy bilen dürtýär we ýükçülikden çykýar. Ýükçi çiligi çukura atyp, döwçüleriň birini taýak bilen dürtmäge ýetişmese, onda öňki ýükçüligine galýar. Döwçüler çiligi alyp, biri-birine berip oýnaýarlar. Ýükçi bolsa, döwçi çiligi oýnap duran wagty ony taýak bilen dürtmegi başarsa, onda ol ýükçülikden çykýar we dürtülen oýunçy onuň ýerine geçýär. Görşümiz ýaly, çilik oýnunyň ýaş nesliň bedenini berkitmek, olara çalasynlygy, ukyplylygy we şulara meňzeş oňat häsiýetleri öwretmek bilen birlikde, akyl, ahlak terbiýesiniň berlişini hem kämilleşdirmäge ýardam edipdir. Şular bilen birlikde oýnuň daşky gurşawy, tebigy baýlyklary gorap saklamak işine çagalary işeňňir gatnaşyjylar hökmünde terbiýelemekde hem uly ähmiýeti bardyr. Ýaş nesilde tebigata söýgi döretmek, jogapkärli garaýyşlary kemala getirmek topar bolup oýnalýan adaty çaga oýunlary arkaly sazlaşykly amala aşyrylýar. Milli oýunlar arkaly tebigat bilen tanyşlyk, onuň gözelligine guwanmak ýaş nesliň içki dünýäsine täsir edip, olaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine we sagdyn ösmegine ýardam edýär. Ogulnabat ÇARYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |