19:55 Hoş owazly durnalar | |
HOŞ OWAZLY DURNALAR
Edebi makalalar
Al-asmandan ganatlaryny çalaja hereketlendirip, durnalaryň günorta tarap uçup baryşlaryna gözüm düşdi. Olar hatara düzülip, parahatdan gelen ýuwaş uçýardylar. Olaryň serdarlary beýlekilerine garanyňda göwresi hem-de hereketleri boýunça has merdemsi görünýärdi. Onuň bolşy geçmişde halkyň öňüne düşen türkmen hanlarydyr serdarlaryny ýatladýardy. Durnalaryň uçuşyny synlaýşyma olary örän tertip-düzgünli, agzybir, akylly bolandyklary üçin diýen ediji, oňşukly, hemmeler bilen düşünişip bilýän ynsanlara meňzetdim. Muny nusgalyk häsiýet diýip hasap etdim. Şol pursat çagalygyma dolanypdyryn. Näme üçindir durnalar obanyň üstünden köp uçýan ýalydy. Sessiz uçsalar, oýna ýa-da işe gümra çagalaryň özleri bilen hoşlaşyp bilmejekdiklerini bilýän ýaly, olar gykuwlap, şol bir owazy köp gaýtalap uçardylar. Pikirlenip, durnalaryň yzlaryndan seredip durşuma çagalygymyzda durnalar bilen hoşlaşyşymyzy ýatlap, ýylgyrdym. Biz durnalar bilen köplenç dynç günleri gabatlaşardyk. Sebäbi, dynç günleri mekdebe okuwa gitmeýändigimiz üçin, ir säherden ejelerimize kömek etmäge gowaça meýdanlaryna giderdik. Durnalar guşluk wagty uçup geçerdiler. Giň, giden gowaça meýdanlary ýygymçylardan doly bolardy. Pagta ýygyp ýören çagalaryň biriniň gözüne uçup barýan durnalaryň kerweni ildigi: «Serediň-ä! Durnalar gyşlamaga barýarlar!» diýip gygyrar. Ähli ýygymçylar olar uçup gözden ýitýänçä işlerini az salymlyk goýup, olara serederler. Käte bolsa özleri görünmän, uzaklardan olaryň gykuwlap uçup gelýän sesleri eşidilerdi. Gök asmana seredip, bir salym garaşýardyk. Ine, birden hatar gurap gelýän durnalara gözüň düşer. Her kim olara seredip durandyr. Oýnap ýören wagtlarymyz durnalara gözümiz düşse, uçup barýan durnalara ellerimizi hoşlaşýan ýaly şekilde galgadyp, hemmämiz bilelikde olaryň uçýan tarapyna ylgardyk. Şeýle pursatda käte durnalar aňyrrak baryp, yzlaryna öwrülip, uçuş tertiplerini üýtgedip, döwre gurap aýlanyp, gök ýüzünde aýlanardylar. Biz ýerden olara seredip, şeýlebir şatlanyşyp gygyryşardyk. Öz ýanymyzdan olara bir zat diýerdik. Köplenç, olara sargydymyz baran ýerlerine salam aýtmak we yzlaryna çaltrak dolanmaklary bolardy. Biziň özleriniň gidýändiklerine gynanýandygymyzy duýýan ýaly, öwrüm edip, bir ýere toplanyp, soň ýene-de birazdan serdarlarynyň olaryň başyny çekip günorta sary ýüzlenmegi bilen ilki tertipsizräk, dura-bara bir hatara ýa-da sanlary köpräk bolsa, serdaryň barýan hatarynyň gapdalyndan, ondan yzrakdan uçýan ikinji hatara we ownuk hatarlara-da düzülip, uçuşlaryny dowam etdirýärdiler. Durnalar, seýregem bolsa, howanyň birden sowan ýyllary giç öýlänlerem açyk asmanda peýda bolardylar. Şonda olar köplenç gowaça meýdanlarynyň aýak ujunda ýerleşen, bir tarapyny gum tutup ýatan, ýaşyl otluga, gamyşlyga basyrynyp oturan, köljagazyň üstünden 5-6 gezek öwrüm ederdiler. Esli wagt gykuwlaşyp, soňra kem-kemden köle gonardylar. Seýregem bolsa, durnalaryň gijä galyp, Gün batmazynyň öň ýanynda uçup gelýän toparlary-da gabat gelerdi. Biz näçe el bulasak-da, olar hamana bizi görmeýän ýaly, sessizje uçup geçip giderdiler. Olardan diýseň gaty görüp, «bu durnalar hoşlaşmagy hem bilenok ekenler» diýerdik. Soň pikir edip otursak, Gün batmaga az galanda, düşlejek ýerleriniň aladasy bilen töwereklerine seretmän geçip gidýän bolmaly. Edil aljyraňňy ynsanlar ýaly. Olaryň bu boluşlary adamlaryň täze ýere, başga ýurtlara gidenlerinde düşleýän nätanyş ýerlerinde ähli taraplaýyn habardar boluşlaryny ýada salýardy. Men çaga wagtymyz durnalardan öýkeleýşimizi ynjyk adamlaryň başga biriniň ýagdaýyna düşünmän, özgelerden öýke-kine edişlerine meňzetdim. Ýerliksiz öýkelän ekenik diýdim. Öz ýanymdan geçip barýan durnalardan habar soranymda, olar monça bolup, şeýleräk jogap berýän ýalydy: «Eziz ynsanlar! Siz durmuş ýagdaýlary sebäpli dogduk obaňyzdan daşda ýaşasaňyz hem, wagt tapdygyňyzdan çagalygyňyzyň gözel ýatlamalarynyň galan ýerine tarap ýola düşýänsiňiz. Pursat bolsa oba durmuşyndan gürrüň açýansyňyz. Ýeke bolan wagtyňyz göwün göteriji ýatlamalara çümýänsiňiz. Bizem zerurlyk bilen güneşli ülkämizden wagtlaýynça daşlaşýarys. Dogduk mekanymyzda gyş gapyny kakanynda ýyly ülkelere syýahata çykýarys. Käte bu syýahat uzaga-da çekýär. Bizem uzak ülkelerde demirgazykdan öwüsýän ýellere gursagymyzy tutup, ülkämizden habar soraýarys». Durnalar döwre gurap, bir öwrüm edip, ýuwaşjadan günorta tarap ýüzlendiler. Daş-töweregime gyssanmaçlyk bilen nazar aýladym. Gözýetimde topar bolup oýnaýan çagalara gözüm düşmedi. Dynç güni bolansoň ýek-tük çaga özbaşdak oýnap ýördi. Öz ýanymdan: «Şu wagt topar-topar bolup oýnaýan çagalar durnalara el bulasalar, olar hökman öwrüm edip, gykuwlaşyp hoşlaşardylar. Ýaz paslynda ýene geljekdiklerini aýdyp, gerek bolsa ikinji gezek öwrüm edip, soň ýollaryna rowana bolardylar» diýip pikir etdim. Durnalaryň uçup baryşlaryny synlap durşuma ejem janyň gyşlamaga barýan durna guşlaryna edýän ýagşydan-ýagşy dileglerini ýatladym. «Eý tebigatyň ezizlänleri! Ýoluňyz ak, ýoldaşyňyz hak bolsun! Howp-hatarlaryň ýoly sizden sowa düşsün. Täze wagtlaýyn mekanyňyz garşy alsyn. Sag gidiň-de, aman geliň. Başyňyz bütin bolsun, sanyňyz köpelsin, saparyňyz şowlasyn!». Durnalaryň ýyly ýurtlara tarap ganat ýaýyp uçuşlary maňa eneleriň perzendiniň üstünde kökenek bolup ösdürýän çagalygymy ýatlatdy. Hemme zat isleýşiň ýaly bolup duranok. Her bir ynsana durmuşyň nirede ýaşamagy peşgeş etjekdigi belli bolmaz. Okuw, iş meselesi bilen öz ýaşaýan ýeriňden uzaklardaky şäherlerde, daş ülkelerde ýaşamaly bolýan wagtlary-da gabat gelýär. Şeýle bolanda ynsan durnalaryň wagtlaýynça ýyly ülkelerde ýaşap, yzlaryna gelenlerinde begenişleri ýaly, dogduk obasyna dolanma pursady döräninde çäksiz begenýär. Başga ýerlerde işleýän, ýaşaýan bolsaň-da, zähmet rugsady döwründe ýa-da iş döwründe iş saparlary bilen obaňa golaýlaşýan wagtlaryň bolýar. Şeýle pursatlarda, ýagny ýaşlygyň geçen sebitlerine gitmelidigiňi eşideniňde ökjäň ýeňleýär. Men durnalaryň her ýylda, ýagny gyş paslynda yssy ýurtlara göçüp, soň ýene-de gelişlerini, maşgaladaky ogul-gyzlaryň özbaşdak maşgala bolup ýaşap başlansoňlar, doglan öýüne yzygiderli gelip-gidip ýaşaýyşlaryny dowam etdirişlerine meňzetdim. Gatnaşyklaryň şeýle görnüşde jemgyýetde we tebigatda örän sazlaşykly ugrunyň tapylyşyna haýran galdym. Ata-ene bilen perzentleri, nesilleriň arasyndaky şeýle gatnaşyklaryň sazlaşykly, dowamly boljakdygyna çyn ýürekden ynandym we durna guşlarynyň yzyndan seredip durşuma bu günki sapaklary üçin olara sagbolsun aýtdym. Ogulnabat ÇARYÝEWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |