16:01 Çilim / hekaýa | |
ÇILIM
Hekaýalar
Ynha, saňa uly bir şäher. Ine-de, adam ýaly gi-iň köçe. Daňyň alagaraňkysy guýrugyny görkezdi. Howa-da sergin. Bu ýerde hiç bir zadyň, çilimiňem tüssesi ýok. Ýaňky gi-iň diýýän köçäm edil häzir ýap-ýagty. Ýokarda bir-birine pitjiň atýan gara-gara baglaryň üstünden süýtreňk Aý äňediýämi, ýa agaç ýaraklarynyň arasynda süýtşöhle çyralar bukulyp otyrmy, garaz, bir zadyň ýalkymyny-ha görýä şu köçe. Munuň üçin çen edip, çak urup oturmagyň geregi hem ýok. Ony egni horoşoja penjekli, aýagy dyzlary çykyşyp duran balakly hem uly, agyr, köne köwüşli, başy sary giden gulakjynly, hortaň, o bolşuna-da keltejik, küýki goja başyny ýokary göterse ýüzüniň ugruna aýdyp biljek. Aýdyp biljek welin, eddil şu wagt gojanyñam gözüni ýerden sowmaga eli degenok. Eli degäýende-de, gojanyň ony bilesi gelip baranok. Ol häzir çilim gözleýär. Çilim diýip ulaldan bolaýýan, çilimiň galyndysyny gözleýär ol. Süzgüjine adam erni degmedik çilim tapybilse, goja heziller edinjek. Ýöne munuň hyýalatdygyny, nega-da bir hakykata öwrüläýmese, hyýalatlygyna galjakdygyny goja senden-menden gowy bilýär. Häzir ol çekilen çilimiň galyndysyny tapsa-da, oňjak. Tapmasyna-ha, dogrusy, goja süzgüçli çilim galyndylarynyň dördüsini dagyn tapypdy. Ýöne olaryň diňe ady çilim galyndysy. Dördüsi-de süzgüjine çenli çekilipdir. Çilim çekýänleriň husytlygyndan goja ýüregi bilen zeýrendi. Günbatar tarapdan ok ýaly atylyp gelen badamjan reňkli ýeňil maşyn “jy-ýy-yk” edip köçäniň aňry ýüzünde saklandy. Goja başyny galdyrdy. Maşyndan erni çilimli, uzyn boýly bir gyz çykdy. Maşyn gelşi ýaly, “jy-ýy-yk” edip, gündogara tarap süýndi. Gyz köçäniň ýakasyndaky baglaryň üstüne abanyp oturan köp mertebeli jaýa ýöneldi. Ernindäki çilimden yzly-yzyna iki gezek sordy. Ýöne içine dartmady. Ajy tüssäni agzyndan bölüp-bölüp çykardy. Girelgä ýetmänem ýaryragyna çenli çekilen çilimini belent ökjeli, ýalpyldawuk, gara köwşüniň burny bilen ýere oýkap-oýkap mynjyratdy. Soň jaýa girip gitdi. Goja boýnuny burup diýen ýaly, gyzyň yzyndan garap galdy. Onsoň çilimiň mäjum edilen ýerine seretdi. Onuň çöňňelen gözleri hiç zat saýgarmady. Ýeri, ýaňky çilimi mynjyrytmaga, onda-da köwşüň burny bilen ýere oýkap-oýkap mynjyratmaga näme zerurlyk bar?! Ýa şeýtmeseň, şu çilimden dünýe ot aljak bolup durmy?! Senden başga-da çilim çekýän kän-ä. Çilimsiz janyna jaý tapman ýörenem bar. Meselem, şu köne penjekli goja şo çilimi aljak, çekjek, hezil edinjek. Rast, çekesiň gelmedimi, nämetjek mynjyradyp, taşla-da, gidiber. Onsoň gojanyň: “Çilimiň gytalandygyny heleýlerden görýän men. Şular çekip başlaly bäri gytaldy şu. Özlerem ýaman bisarpa tutýalar. Birki gezek sorup öçürip göýberýärler nebir çilimi. Hakyky çilim zaýasy şu heleýler. Çagalaram şeýle” diýip, kimdir biriniň ýanynda derdinesi geldi. Ýöne bu derdinmelerden, bu janykmalardan bir dartuw çilim bolmajakdygy kellesine gelip, ol ýene-de gabagyny ýere berdi. Köçäniň ýakasynda çilim galyndysy-ha däl, diş synçgara-da çöp ýokdy. Goja heňe gelmejek bir pikire ynanyp, içinden öz-özüne şeý diýdi: “Çilim deregine eneň bir zadyny taparsyň. Ähli çilimi köçe süpürýän heleýler sen turmankaň syryp-süpürip, äkidendirler”. Gapdaldan, bir ýerden yraň atyp, iki sany ýigdekçe çykdy. Goja umyt etdi, göwnüne teselli berdi: “Bular jomartdyr. Sebäp çilimiň gadyryny bilenoklar”. Ýigdekçelerde çilimiň bardygy anyk. Olaryň çepiksijesiniň elindäki otluçöpünden, onsoňam ap-ak köýneginiň jübüsiniň dörtburçlak tümmerip durşundan çen tutaýmaly. Oglanlar golaýrak gelip, gabadyndan geçip gidiberjek bolanlarynda, goja bogazyny arçap, naýynjar sypata-da girip, bir zarynjy äheňde: - Köşekler, çilimiňiz ýokmudy? – diýip. - Haýsy çilim? Nähiliräk? – diýip, çepiksiňe oglan sesiniň burnuna salyp, myňňyldy bilen gojanyň özüne sowal berdi. Goja: “Tapawudy ýok. Nähili bolsa-da bolýar” diýermen boldy. Diýjekdem. Ýöne ýigdekçeleriň beýlekisi uzyn gägirip, ýoknasyz bir hapa sözi diýip göýberdi. Gojanyň bütin durky, aýratynam eňegi saňňyl-saňňyl edip başlady. Bäş deşigi bir ýere ýygnandy. Gözlerem agyp-dönüp bir erbet boldy. Onuň näme-de bolsa bir zat diýmelidigine akly çatdy. Ýöne näme diýjegini bilmän kösendi. Oglanlar gaty sesde wahahaýlaşyp, ýeriň ýarygyna gülýärdiler. - Nämä gülýäňiz?... Näm boldy?... Näm bar?... –diýip, goja dişlerini şakyrdatdy. Soň bir elini köne penjeginiň jübüsine sokup, daş-töweregine seredişdirdi. Gowy görýän naýyş sözleriniň birini gözledi. Çepiksizje ýigdekçe üç sany süzgüçli bitin çilimi goja uzatdy: - Geregiň çilim bolsun-daraý, ýaşuly! Beň soramasaň bolýa-daraý şumat. - O çilimleňňi äkit-de, gowuz ýeriňe dykaý! – Goja oglanyň elindäki çilimlere ümläp, sesini sandyradyp, gazap bilen şeý diýdi. Onsoň ýüzüni Günüň dogýan tarapyna tutup ýöräberdi. Çepiksije oglanyň: - E-eý, ýaşuly häzir özüňkä dykaýmaýyn-eý şu çilimi – diýenini eşitse-de, hiç zat bolmadyk ýaly, äwmän gidiberdi. Yzdan çylkasyz oglan gülkileri durman gelýärdi. “Ýeri, samsyklyga saly-yp, alaňda näm bolýa ýaňky çilimleri?! Özüňem ýörite şoň üçin çykdyň köçä... Gezde, ýör indi şeýt-de. Häk, özem üç sany dagyn bardy. Üçüsem otlanmadyk, bitin” diýip, goja gidip barşyna özüni kötekledi. Soň ol birdenkä awtobus duralgasynyň golaýjygynda, bir ýerden iki sany – biri ýaryna çenli çekilen, beýlekisi düýbünde çuňňur üç-dört dartuwlyk galan-çilim galyndysyny tapdy. Ilki muňa monça bolup, bu tapyndylaryny oturyp, tüssä öwürmek hyýalyna-da bir mündi. Ýöne şol wagt bu eýýamlarda suw garasyny görmedik ganawyň içinde bir süzgüçli, aňyrrakda bolsa bir süzgüçsiz çilim galyndysynyň ýatandygyny göräýdi. Olaram jübüsine salansoň, ätiýaçdan hapadanyň içine-de garady. Garady-da, gözlerini tegeledi. Tegelejek bolup tegelemedi, özi şeýle boldy. Gözüň tegelenmezçe-de däl, ol ýerde giden bir emläk ýatyrdy. Hapadanyň düýbi durşuna diýen ýaly çilim galyndysy. “Döwletlije ýer ekeni” diýip, goja bu duralganyň töwereklerine öz ýanyndan baha kesdi. Soň: “Tapyls-a, tapylaýaram-aý” diýip çilim galyndylarynyň derdine ýaraýjaklaryny penjeginiň jübüsine salyşdyryp ugrady. “Sizem çilimleriňizi alyň-da, gowuz ýeriňize dykaýyň” diýip, ýaňky ýigdekçelere gara çyny bilen gaýybana haýbatam atdy. Yzdan çelegi doly, uly, sary maşyn haýal ýöräp, köçäni çyglap gelýärdi. Goja bilen arada kesek atyşybermeli yzaklyk galanda maşynyň sürüjisi “düdü-üýt” etdirip, goh baryny turzup ugrady. Hapadanyň içinde saýlap alara çilim galyndysy entek bardy. Olar goja ýarym gün çekmäge ýetjekdi. Goja hapadandan alty-ýedi ädim çemesi çete çekildide, maşyna seretmäge durdy. Maşyn gojanyň gabadyna gelip saklandy. Ýaş sürüji goja äñedip: - Näm-ow, sen, ýaşuly, daň bilen... – diýdi. Goja-da oňa kineli bakyp: - Saglyk-mow, geçiber-dä – diýdi. Sürüji boýnuny süýndürip, gözleri bilen hapadanyň içini dörjeledi: – Bir zad-a etjek bolýaň özi sen. – Şeý diýip, ol ýene goja seretdi. Goja-da oňa. – Çilimjik gözleýän diýsene. – Sürüji sermenip, maşynyň içinden täzeräk açylan owadan gaply, süzgüçli çilim tapdy. – Daň bilen dagyn nädip çekibilýäňiz-aý şuny. Öýkeniňize berekella siziň! – Soň bir däne çilim sogrup aldy-da, ony gulagyna gysdyryp goýdy. – Ätiýaçdan birini alyp goýaýyn. Azarlan biri duşaýsa... Bu-da bir sogapmyka diýýän men-ä. Me, gap! Goja ony gapybilmedi. Çilim gojanyň iki ädim öňüne düşdi. Maşyn ýerinden gözgandy. Gojanyň kellesine ilki gelen pikir şu boldy: “Özi çekmeýänem ekeni peläkediň”. ...Soň goja otyrýerini betona berip, aýaklarynam ganawa salyp, ýaňky sürüjiniň goýup giden çiliminden birini ernine ysdyrdy. Birdenem hapadana gözi düşdide, çilimini yzyna saldy. Ýerinden turup, hapadanyň ýanyna bardy. Çilim galyndylaryny ýekän-ýekän saýlaşdyryp aldy. Olary penjeginiň jübisine atdy. “Bilýän, soňrak bulara-da zat bolaryn. Şoň üçin...” diýip, içinden öz-özüne aýtdy. Onsoň gaýtadan ýaňky ýere geçip oturdy. Penjeginiň goltuk jübülerine elini sokup, otluçöp çykardy. Çilim otlandy. Tüssäni çuňňur-çuňňur içine sorup: “piltirsiz bolsa hasam gowy boldy” diýip oýlandy. “Tapyls-a tapylaýaram” diýip, biraz wagt mundan öň özüne aýdan sözlerini ýene bir gezek tassyklady... Eddil häzir goja dünýäniň dokuzyny düzüw gördi. Şuş-şu wagt Jahan mazaly ýagtylypdy. Ýöne Gün dogmandy. Entek ýumşak ýerde ýatyp, düýş görýän kändi. Uklap ýatan-a baýaky. 18-nji oktýabr, 1993-nji ýyl. Aşgabat. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |