10:07 Çonak / hekaýa | |
ÇONAK
Hekaýalar
(Hekaýa) Bitaý aýagyndaky sary giden mata köwşi edil tikin ýerinden ýyrtyldy-da, çonagyň öňki aladasynyň üstüne urna boldy. Aýagyny ýa-ha emaý bilen götermeli, ýa-da süýräp almaly, ýogsa, her gezek ädim uranda köwşi özünden yza galjak bolup dur. Onsuzam çep aýagynyň dyzyndan aşagy ýok halyna ýeke pişek bilen gowuşgynsyz deprenip ýör. Ind-ä hereketi has-da haýallady. Ykjam köwüş edinäýmese, ýörişi körüňkiden enaýy boljak däl. Seteran oturan dükanlaryň öňüni syryp gelşine ol ahyry aýakgap satylýan ýeri tapdy. Ýeke aýagyna dyngy berip, birsellem hähini alansoň, ähli agramyny çep goltugyndaky pişege ýükläp, ýanyn ýöräp, dükana girdi. Ýaş satyjy ilki-hä onuň bitaý aýagyndaky tozgun köwşüne, yz ýanyndanam sakgal-murt basan solgun ýüzüne seredip: – Köwüş gerekmi, ýaşuly? Ölçegiňi aýt! – diýip şelaýynsyrady. – Gymmat bolmas-a, gerek… – Gymmat bolmaz, ýaşuly. Çonak pişegini tyrkyldadyp, giň hem ýagty dükanyň tekjelerinde görkezilgi duran aýakgaplary gözden geçirip başlady. Satyjy teletinden tikilen gymmatbaha köwşi görkezip: – Ine, gowy zat! Alyp bilseň! – diýdi. Aýakgaba nebsewür seredip durşuna Çonak: – Gymmatdyr… Onsoň bahasyny oňuşýansyň-a? – diýip, sorady. – Ýazylgy bahadan çykyp bilýän däldirin, ýaşuly. Çonak hataryň bäri çetindäki iň arzan köwüşleriň gabadynda aýak çekdi. – Meň şü aýagymdaky ýaly köwşüň barmy onsoň? – diýip, ol gurak ýuwdundy. – Hawa, bar. Ana, şo ýokarkylar aýagyňdaky ýaly-da. Reňki üýtgeşik diýäýmeseň… Çonak görkezilen köwüşleriň birini eline aldy. Bahasyna äňetdi. Iň arzany! Şoňa-da puly ýetjek däl. Satyjy diýen jemende çonak adama bary-ýogy ýeke taý aýakgabyň zerurdygyna düşünsedi! Çep taýyny alyp galyp, sagyny ýarpy bahasyna berip goýberäýse, är işini bitirjek welin… Ony etmelem şu duran jüýje dälmi? Tapdyň derdiňe düşünjek kişini! Ýüzüne sered-ä, ýasda oturanyň ýüzi ýaly. Seniň entek diýmedik zadyň jogabyny öz ýanyndan nagt edendir. “Çepini kime sataýyn? Hany üýşüp ýatan çep aýakly çonak barmy?” diýse, ýüzüňe osluk degen ýaly, pişegiňi süýräp gaýdarsyň-da. Ýogsa, çonak ýaly ýarpy adama dagy bir taý köwşi haýyr-sahawat diýip beräýende-de galmaz güne düşmejegi belli zad-a. Hmm… Berer belaň sapyny. Şu gapydan kakasy bolup girseňem, muzduny almasa, ýüzi açyljak güjük däl bi. – He-e, öz-ä aýagymdaky ýaly eken welin… Mundan arzany ýokmy? – diýip, çonak tamakin nazar bilen dükança seretdi. Satyjy ýüzüni eňşedip: – Ýok. Iň arzany şo – diýip, sowuk jogap gaýtardy. – Pul ýagdaýym nemeräk… Ýetenok-da… Satyjy çonagyň iň soňky umydyny puja çykardy. – O ýagdaýyňy bilmedim-dä, ýaşuly. Bilmersiň sen! Gapyňdan giren adam ýeke aýaklymy, iki aýaklymy, parh etmeseň, bilen zadyň bolmaz! Pul janyňy alsyn! He-e-eý! Bu iş-ä bitmedi. Iş bitmese, çonagyňam bu ýerde köri ýok. Gidip, başga dükana maňlaý diräp görmeli. Muny! Edeýin diýibem edip bolmaýar! Dükandan çykan ýerinde, ine, gözüňe söweýin, özi ýaly çonak pişegine söýenip dur. Iň gowy ýeri, munuň sag aýagynyň dyzyndan aşagy ýok! Özem ýaş. Ýüzi ýylmanak. Eginbaşy bitin. Iňňeden çykma, ýalpyldap duran jalbar, jowur ak köýnek. Ýarpy adam bolsa-da, gurpludygy bes-belli. Ýene bir artykmaç tarapy, öýsüz-öwzarsyz däldigi görnetin. Munuň aýaly dagysam bardyr. Çaga-çugalydyr. – Senem köwüş aljakmy? – diýip, ýaşuly çonak oňa bada-bat habar gatdy. Ýaş çonak geňirgenip, ýaşuly çonagy birlaý gözden geçirdi. Onuň bitaý aýagyndaky ýyrtylan aýakgabyna seredip: – Ýok – diýdi. Ýaşuly çonagyň bady gaçdy. Öz gezeginde gürrüňdeşiniň aýagyndaky täzeje köwşüne lapykeç nazar aýlady. – Şu dükanda arzanjak köwüş bar. Ykjamja. Gowja. Iki bolup bir jübütini alsak, saz boljak ekeni. Saňa çepi, maňa sagy… Düşünýäňmi? Ýaş çonak gussaly ýylgyrdy. Duran ýerinde bitaý köwşüni eýläk-beýläk öwrüp görkezdi. – Äý, ýok-la. Köwşüm oňad-a. Men-ä, içim gysdy-da, aýlaň-çaýlaň edeýin, göwün açaýyn diýip gaýdyberdim. – He-e… Bolýa. Gowy iş edýäň. Göwünem açmaly… Dogry-y… Ýaşuly çonak körkeýp ýola düşdi. Indiki dükana girdi. Satyjynyň ýüzi açyk, dili süýji. Ýöne o ýerde diňe çaga aýakgaplary satylýar ekeni. Haýp! Mundan çykyp, “Alla!” diýip, indikä tarap ugraberende tanyş ses gulagyndan çekdi. – Ýaşuly-y! Seretse, ýaňky ýaş çonak, gol bulap, çagyrýar. – Gel hany bärik. Ýaşuly çonagyň gelerine garaşybam durman, onuň özi gaýtdy. Elinde-de teletinden tikilen gymmatbaha aýakgap. – Şumy seň diýýäniň? – diýip, ol aýakgabyň çep taýyny uzatdy. Ýaşuly çonagyň gözleri uçganaklap gitdi. – Gymmatdyr bi. Meň diýýänim mata… Arzanjak bolmaly… – Hany, geýip gör şuny. Ýaşuly çonak oturan ýerinde çökdi-de, köwşüň çep taýyny geýip gördi. – Nätdi? – Şap bolaýdy büý-ä. – Gysýan däldir-ä? – Ýok, laýyk. – Ana, toýa geýeli onda. Nesip etsin! Gowy zady, ikimiziň ölçegimiz deň ekeni. Ýaşuly çonak ýaş çonaga garap, kiçi dilden bärde sypaýyçylyk etdi. – Nememi, näçe bermeli? – Janyň saglygy, ýaşuly! Zat gerek däl, sadaka bolsun! – He-e… Heýlemi?.. Taňryýalkasyn! Mun-a oňaraýdyň-aý sen… Eşekden düşüp, ata münen ýaly boldy. Pah… Hoşlaşjak bolup durkalar ýaş çonak elinde galan bitaý köwşi goltugyna gysdyrdy-da, pişegini ýere gütledip: – Men-ä basym taşlaýan muny. Protez buýurdym. Ölçegimi-zadymy aldylar. Bu gün-erte taýyn bolar. Senem ugruna çykmaly ekeniň-dä – diýip, giň ýeriň gürrüňini etdi. – Hyýalymda ýok däl – diýip, ýaşuly çonak ýalan sözledi-de, ýyrtylan mata köwşüni gapdaldaky urna oklap goýberdi. Nebsewür garaýyş bilen ýaş çonagyň söýenip duran pişegine seretdi. Täzeje pişek. Ýalpyldap dur. Südür görene meňzänok. Protezi taýyn bolansoň, muny näderkä? Zyňaýarmyka? Ýa birine berermikä? Kime bersin? Ýek-tük bolaýmasa, pişege güni galan barmy? Ýaşuly çonagyň pişegi könelipdi, halys lagşapdy. Soňky döwür bolsa, jygyldap, zaryn ses edip başlapdy. 8-nji awgust, 2016-njy ýyl. Mary. Kakamyrat Ataýew | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |