00:29 "Çyraçylaşmak" prosesi | |
TÜRKMENISTANLY ÝAŞLARYŇ "ÇYRAÇYLAŞMAK" PROSESI
Jemgyýetçilik tankydy
"Türkmen ýaşlary" diýlende kimler göz öňüňize gelýär? Akylly-başly, edep-terbiýeli nesillermi ýa-da köçelerdäki çyraçylar? "Çyraçy" sözi entek türkmen diliniň sözlügine girizilmedi. Meniň düşünjäme görä, çyraçy – bu ilden üýtgeşik, göze ilginç egin-eşikleri geýinýän, çakdan aşa bezenip, ile göwni ýetmän, özüni gopbamsy alyp barýan ýaş adamlar. Emma meniň bilen käbiriňiziň ylalaşmazlygyňyzam ahmal. Meniň sözlügimde "çyraçy" ýaramaz häsiýetleri aňlatsa-da, başgalar üçin bu elýetmez, nusga alarlyk dereje bolup biler. Halk köpçüligi öňler günbatar ýa rus döwletleriniň ýaşlarynyň özlerini alyp baryşyna, gürleýşine geň galan bolsa, indi öz ýaşlarymyza seredip ýakasyny tutýan az däl. Köpler bolsa henizem "Şäheriň gyzlary edep-tertipsiz, haýasyz we gödek bolýar. Oba gyzlary bolsa tertipli, ekramly gyzlardyr" diýen ýalňyş düşünjäni göterip gezýärler. Şoňa görä-de çyraçylar hem diňe şäherlerden çykýandyr öýdýärler. Men bu makalamda bu düşünjeleriň nädogrulygy bilen birlikde ýaşlaryň geýnişine, il içinde özlerini alyp baryşyna we köçe dilini ulanyşyna ünsüňizi çekesim gelýär. ■ Ýaşlaryň geýnişi Ýaşlaryň köp böleginiň estetika, moda degişli düşünjeleri pese düşene meňzeýär. Olaryň barýan ýerlerine görä ýerliksiz geýnendiklerine az duş gelmeýärsiň. Aşgabatdaky "Berkarar" söwda merkezini mysal alalyň. Daşary ýurtlarda söwda merkezleri özüň, öýüň, maşgalaň üçin söwda edilýän ýer bolsa, biziň ýaşlarymyz üçin bu özüňi daş-töwerege görkezilýän sahna. "Berkarara" ýaşlar toý-dabaralara geýilýän zerli, gaşly, şleýfi uzyn köýneklerini geýip, iň soňkudan bezenip barýarlar. "Olar paýtagtlylar-da" diýersiň, emma welaýatlardaky ýaşlaram şolardan kem galmaýarlar. Mary welaýatyna toýa baramda ýaşlaryň eşiklerini görüp ene-atalaryna ýüzlenesim geldi. Oba gyzlaryna çenli bedenleriniň eýlesi-beýlesi çykyp duran, dar köýneklidiler. Köýnek öňler bedeniň näzik tarlaryny ýapmak üçin geýilmeýärdimi näme? Hany, il içinde oba gyzlary asylly bolmaly daldilermi? Gynansak-da, oba bilen şäher gyzynyň indiden beýläk tapawudy ýok. ■ Ýaşlaryň gürleýşi we özüni alyp baryşy Döwrüň ýaş gyz-gelinleri özleriniň aýal maşgaladyklaryny ýatdan çykaryp, oglanlar bilen deňe-deň gidişip, paýyş sözleri ulanýarlar. Muňa diňe dawaly wakalarda däl, gündelik durmuşda-da kän duş gelýärsiň. Özüne göwni ýetýän gelin-gyzlar erkekler ýaly gürlänlerini kem görmeýärler. Galyberse-de, oba bolsun, şäher bolsun, tapawudy ýok, indiki ýaşlarymyz ne özlerine ne-de ýaşululara hormat goýýarlar. Arada erbet agyry döräp, gijäni zordan geçirip, daňdan adamym bilen keselhana bardym. Lukmanyň gapysynda beýleki gelinler bilen nobata durmaly boldum. Agyryma çydaman, gözümiň ýaşyny saklap bilmeýänime ýaş gelinlere derek bir garryja daýza dözmedi. Öz nobaty gelende meni hem ýany bilen bile äkitdi. Doktora ilki maňa seretdirip, ondan soňra özüni barlatdy. Şol wakadan soň men ýaşlarda adamkärçiligiň we hormatyň peselendigine has hem göz ýetirdim. Muny ýazmak bilen, meniň ýaşlarymyza we geljekki nesilerimize ýüzlenesim gelýär: Eger-de siz öz maşgalaňyzda başgalara garşy rehimsizlik görseňiz ýa-da duýsaňyz ol hereketleri gaýtalajak bolmaň. Kiçi bolsaňyzam ululara öwüt-nesihat beriň. Çünki, akyl ýaşda däl-de başda bolýar. Biz öz neslimizi gowy taraba üýtgetjek bolsak, onda çagalarymyza dogry terbiýe bermelidiris. Çagany kiçiliginden baş edep-kadalara we dogruçyllyk, adamkärçilik, mähirlilik ýaly möhüm häsiýetlere ýugurmaly. Diňe şonda ýaşlar ula, ulularam ýaşlara hormat goýup ýaşar. Leýli ANNAGELDIÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||||||
| ||||||||