07:07 Daga gezelenç / hekaýa | |
Daga gezelenç
Hekaýalar
1. Ol adatdakylary ýaly bu gün hem işine pyýada gitdi. Ýolda adam azdy. Ýok diýerlikdi. Bir özi içini hümledip barýardy. Çagaka, ýatmazdan öňinçä ejesiniň okap beren ertekisi ýadyna düşýärdi. Ertekide ýol bilen barýan bir adamyň öňünden elhenç döwüň pete-pet çykandygy, onuň oňa «Essalowmaleýkim, döw aga!» diýip, edep saklap salam berendigi, döwüň bolsa «Şunça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym» diýip, azar bermän öz ugruna goýberendigi barada gürrüň berilýärdi. Ol «Kiçigöwünlilik, pespällik gowy zad-ow. Hatda döwüň gazabyndan hem aman saklap bilýär» diýip, öz ýanyndan pikir öwrüp gidip barýardy. Wagt säher çaglary bolansoň, howa gowudy. Ýaňyja dogan Günüň entek öte gyzyp ýetişmedik şöhlesi jana ýakymlydy. Birdenem, onuň gözi öňünden pete-pet gelýän döwe düşdi. «Bäh, bolýan zatlara seretsene!» diýip, endamy jümşüldäp gitdi. «Ertekide duşýar diýýärler welin, ynha, döw hakykatdan hem bar». Döw döwrebap geýnüwlidi. Zeberdes daýawlygyndan hem-de maňlaýynda dürterip duran iki sany şahyndan çen tutaýmasaň, oňa döw diýibem boljak däldi. Döw deňine ýetende, ol: —Essalowmaleýkim, döw aga! –diýip, salam berdi. —Waleýkimessalam, sag-aman ördüňmi? –diýip, döw onuň salamyny aldy. Döwüň mylaýym äheňi ony ekezlendirdi. —Sag boluň. Özüňiz gurgunmy? —Hawa. Irden biraz pyýada ýöräp, aýagymyň ýelini alaýyn diýdim. Bu saglyk üçin peýdaly –diýip, döw baş atdy. «Döwlerem saglygynyň aladasyny edýär eken-ow. Janlaryny çüýşä salyp, bir bukuja ýerde gizläp, hezil edinip ýaşaýandyrlar öýderdim». Ol döw bilen pikirdeş gopdy: —Men hem şonuň üçin işe pyýada gatnaýan. —Gowy edýäňiz. Men dynç günleri daga-da gidýän. Dag howasy diýseň üýtgeşik. Ol döwüň özi bilen hoşamat gürleşmegine monça boldy. «Tüweleme, döwler hem döwre görä ýaşap ugrapdyrlar. Aý, hawa-da, durmuş mejbur edýändir.Ýigrimi birinji asyr. Ylym ösdi. Başga älemlere uçup ýörler. Kompýuteriň kömegi bilen ertekiler dünýäsine-de aralaşýarlar. Indi «Men döw» diýip, perileri zyndana gabap goýup, zalymlygyň hasabyna ýaşamaga maý berýän däldirler. Döwrebap, mylaýym bolmasaň, döw bol, adam bol, ýol ýok». Ýene-de nämedir bir zatlar barada söhbet açylsa, kem däldi. Ýöne onuň diline söz gelenokdy. Onýança-da, döw: —Isleseňiz, daga bile gideliň. Jynymyz jyňkyryşjaga meňzeýär. Meniň sizi sulhum aldy –diýdi. Döwüň bu teklibine ol begendi. «Döw bilen dostlaşyp bilse, gyzykly-ha bolar. Belki, bähbitli hem. Ýöne ýere «Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy» diýen däldirler. Diýmek, öňler hem döw bilen dostlaşypdyrlar-ow». Ol döwüň teklibini göwünjeň kabul etdi: —Bolýar, bile gideliň, meniň hem sizi sulhum aldy. —Beýle bolsa, geliň içgin tanşalyň –diýip, döw oňa barmaklary gargygamyş ýaly ýogyn, berdaşly elini uzatdy. —Meniň adym —Döwmyrat. —Meniňki bolsa—Myrat. —Biz atdaş ekenik. Men muňa şat –diýip, döw ýylgyrdy. —Men hem. «Ady biriň jany bir» diýipdirler. Biziň şu dostlugymyz uzagyndan bolaýsa gerek». Ol, asla, häzir ýüpüne odun goýarlyk dostunyň ýokdugy barada oýlandy. Hakyky dost tutunmagy welin isleýärdi. «Belki, Hak Tagala meniň şol islegimi göz öňünde tutup, bu hoşgylaw, zeberdes närsä sataşdyrandyr?». —Siz kim bolup işleýäňiz? –diýip, döw gyzyklandy. —Hirurg. —Gowy kär. —A siziň käriňiz näme? –diýip, ol hem öz gezeginde sorady. —Men täjir. Ertekiler dünýäsinden delje harytlary getirip satýan. «Beýle harytlara hiç bir dükanda gabat gelmändim. Belki, üstünden duşýan däldirin. Tüweleme, dükan köp». Onýança-da, döw: —Degişýän –diýip ýylgyrdy. Olar dynç güni habarlaşmagy dilleşip, jübi tilleriniň belgilerini, öýleriniň salgyny alşyp hoşlaşdylar. 2. Dynç güni irden ony döwüň jaňy oýardy. —Ertirlik çaýymyzy dagda içäýsek niçik görýäňiz? —Ajap bolar... —Onda geýnip taýyn boluberiň. Ýene-de ýarym sagatdan bararyn. Döw diýşi ýaly, ylaýyk ýarym sagatdan maşynly geldi. Onuň ýanynda bir owadan gyz hem bardy. —Meniň uýam —Döwjemal –diýip, döw ony tanyşdyrdy. —Tanyşýanyma örän şat! –diýip, Döwjemal ýylgyrdy. —Men hem. «Bu döw zaluwadyň owadan uýasy-ha bar ekeni. Saçy gür hem ösgün bolansoň, şahlary beýlebir görnenogam. Ýiti synlamasaň, duýlanogam. Duýlaýanda-da ýüzüne gelişýär. Eger ojagaz şahlaryny hem operasiýa edip, kesip aýyrsaň dagy, onda negözel türkmen gyzyň bar-da». —Uýam hudožnik –diýip, Döwmyrat tanyşdyrmasyny dowam etdirdi. —Daga gitjegimizi aýtsam, «Menem äkidäýiň» diýip, özelenip dur. Onsoň, «Bolýar» diýdim. —Gowy edipsiňiz. —Men dag peýzažyny çekäýsem diýýän –diýip, Döwjemal niýetini ýaňzytdy. —Siziň dynç alşyňyza birjik-de päsgelim ýetmez. «Gör, nähili asylly döwgyz. Edebiniň ýokarydygy gep urşundan duýlup dur.» Döwmyrat belentli-pesli tutluşyp ösen agaçlardan ýaňa Gün düşmeýän kölegeli dag jülgesine alyp bardy: —Ynha, geldik. Bu ýer size ýarar –diýip, daş-töweregi höwesli synlady. —Bu gözellige gözüň hezil edinýär. —Ertekiler dünýäsinde mundan gözel ýerler hem bardyr? –diýip, ol ýarym degişme bilen sorady. —Hawa-la, ýöne olar ertekiler dünýäsinde. Bu ýerde bolsa hakyky. Döwüň bu jogaby ony iňkise giderdi. «Ertekiler dünýäsindäki zatlar hakyky däl bolsa, onda onuň özi bärde näme işleýär? Ýa-da ýene-de degişýärmikä? Belki-de, bular robot döwlerdir? Aý, bu zatlara kellämi agyrtmaýyn-la. Robotmy, hakykymy wagt görkezer. Esasan, gowy döw bolsalar bolýar». Jülgäniň ortasyndan akyp geçýän dag çeşmesiniň suwy çüýşe ýaly durudy. Içindäki leňňeçlerdir kiçijik balyklar mesaňa görünýärdi. Düýbündäki daşlar hem. Iki ýakasy bolsa tutluşyp giden böwürslenlikdi. Gözüňi gyjyndyrýan miwelerini çokmaga üýşen guşlar toýda kemput paýlaşýan çagalar ýaly «jagyl-da-juguldy». —Men häzir ot ýakyp, çaý oturtmagyň aladasyny edeýin –diýip, Döwmyrat töwerekden odun gözlemäge ýöneldi. —Men hem kömekleşeýin –diýip, ol onuň yzyna düşenden: —Ýok, ýok, azar edinmäň. Bu gezek men sizi myhmanlamakçy –diýip, garşy çykdy. —Siziň bärik ilkinji gelşiňiz ahyryn. Ol ylalaşyp, böwürslen ýygyp ýören Döwjemalyň ýanyna bardy. —Juda süýji –diýip, Döwjemal oňa mürähet etdi. —Alyň, dadyp görüň! —Ýok-la, men özüm ýygyp iýerin –diýip, ol ýylgyrdy. —Gaýtyp, men size ýygyp bermeli ahyryn. —Men garşy däl –diýip, Döwjemal näzli güldi. «Be-eý, döw gyzlarynyň näzi-de adaty gyzlaryňkydan pes däl ekeni. Birhili ýüregiňi tirpildedip, kalbyňy heýjana salyp barýar». Böwürsleniň san-sajaksyz tikenleri pişigiň dyrnagy kibi ýiti hem awylydy. Ol muňa uly bir ähmiýet bermän, Döwjemalda «gowy ýigit» diýen pikri döretmek aladasy bilen, böwürsleniň hol ýokarky şahalarynda biten iri hem birkemsiz bişenlerinden ýygyp äberýärdi. Döwjemal bolsa: «Hemmeleşip çaý başynda iýeris» diýip, okarajyga jemleýärdi. Okarajyk dolansoň, ol: —Indi bes edäýeliň –diýip duýdurdy. Ol ylalaşyp, bärsine öwrülende: —Hany eliňizi beriň? –diýdi. Onuň böwürslen dilen aýasyny nebsagyryjylyk bilen synlap: —Wah-eý, pers-ala edäýipdir –diýip duýgudaşlyk bildirdi. —Aý, hawa-da, böwürslen ýygsaň, şeýle bolaýmaly-da. —Zeleli ýok –diýip, ol ýylgyrdy. Şonda onuň göreçleri Döwjemalyňky bilen sataşdy. Ol hiç bir gyzda beýle göreçleri görmändi. «Hakyt älemgoşaryňky ýaly al-ýaşyl öwüşginli. Ýa-da meniň göwnümemikä? «Göz bilen sözleşip bolýar» diýýärler. Hany, Döwjemalyň gözleri maňa näme diýýär? «Erbet oglan däl ekeniň». «Hawa, şeýle bolmagym mümkin». «Halaşýanyň barmy?». «Enteg-ä ýok». «Wiý, o nämüçin? Sen gowy ýigit ahyryn! Ýa-da bir ýyllap tirkeşibem, gyzyň golundan tutmaga, söýýändigini aýtmaga bogny ysmaýan ýygramyň?». «Aý ýok-la». «Onda näme?». «Gep baýlykda bolaýmasa. Bu döwrüň gyzlary delje ulagly, puldar ýigitlere çykmagyň arzuwynda. Men bolsa adaty aýlyga ýaşaýan». «Gyzlar akmak. Ýüregi baýlyk bilen däl, söýgi bilen hoş edip bolýar». «Şoňa düşünenoklar-da». «Men düşünýän welin, arman, sen-ä adam, men bolsa döw...». —Çaý taýýar! –diýip, Döwmyrat olary eýýäm iýer-içer ýaly zatlar häzirlengi saçagyň başyna çagyrdy. Çaý içişlikden soň Döwjemal etýudnigini gurnap, surat çekmäge oturdy. Döwmyrat ikisi bolsa töweregi aýlanmaga gitdiler. Olaryň niýeti çeşmäniň gözbaşyna çenli ýöremekdi. Mesawy gürrüň edip, tebigatyň peýwagtyna bitiren bagyny synlap ýöremek gyzyklydy. Kä çuňalyp, käte-de demini dürsemek isleýän ýaly ýaýrap ýalpaklaç akýan çeşmäniň ýakasynda her dürli agaçlar bardy. Ýabany injirdir üzümler, armytdyr almalar hem duşýardy. Her ýer —her ýerräjikde dynç almaga baran adamlar gabat gelýärdi. Şeýdip, ep-esli ýörändirler. Birdenem «Kömek ediň!» diýip, gygyrýan zenan sesi eşidildi. Bu Döwjemalyň sesidi. «Oňa näme bolduka? Ýylan çakaýdymyka? Çaksa-da täsir etmez. Jany ýanynda däldir. Ertekilerde aýdylyşyna görä, döwler janly çüýşesini daşa pylçap döwäýmeseň, heläk bolmaýarlar». Olar aýagaldygyna ylgap yzyna gaýtdylar. Döwjemalyň surat çekip duran ýerine ýetenlerinde, onuň gözi üç sany jahyla düşdi. Olar içgilä meňzeýärdiler. Ýoknasyz hikirdeşip, Döwjemalyň kä ol, kä bu ýerinden tutup, gujaklap, ogşap azar berýärdiler. Bärden ylgap baran döw ikisini görüp, olar ent-ment edip gaçyp başladylar. Döw olary kowalajagam bolmady. —Ýagdaýyň niçik? –diýip, uýasyndan sorady. —Görşüň ýaly-da... diýip, Döwjemal özüne serenjam berip durşuna gynançly dillendi. —Kelpeň ýigitler bärde-de ýetik. «Hiý, şeýle-de bir naýynsaplyk bormy? Utanç ahyryn. Şolara-da adam diýjeksiň». Ol Döwjemala duýgudaşlyk bildirdi. —Indikilerine pent bor ýaly, ýörüň yzlaryndan ýetip mazaly ýenjeliň!–diýip, döwi tijedi. Döw onuň bu teklibini oňlamady: —Beýdip terbiýeläp bolmaz. «Döwdügine seretmezden sowukganly, pähimli. Ertekilerde-hä beýle däl. Ýa-da bular hakykatdan-da robot döwlermikä?». Ol öz bimakul teklibine utandy. —Dogry aýdýaňyz... Hemra ŞIROW. | |
|
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |